Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Milli bahar baýramy mynasybetli ählihalk dabaralary
Jemgyýet
Milli bahar baýramy mynasybetli ählihalk dabaralary
Çap edildi 21.03.2023
2478

Şu gün Türkmenistan Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ruhubelentlik bilen garşylady. Bu baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar, däp bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda” ýaýbaňlandyryldy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Nowruz baýramy diňe bir baharyň garşylanmagyny hem-de janlanýan tebigatyň dabaralanmagynyň nyşanyny alamatlandyrman, eýsem, parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we dostlugyň, adamlaryň arasyndaky özara düşünişmegiň hem jarçysydyr.

Mähriban halkymyzyň ruhy mirasynyň aýrylmaz bölegi hasaplanýan bu bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzda geçirilýän, milli öwüşgine beslenen dabaralar Türkmenistanyň abadançylygyny, durnukly ösüşini, ýurdumyzyň parahatçylyga, rowaçlyga ymtylmasyny alamatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk mynasybetli halkymyza iberen Gutlagynda: “Gündogar halklarynyň durmuşynda täzelenişiň, ynsanperwerligiň, agzybirligiň we jebisligiň baýramyna öwrülen Nowruz baýramy dünýä ýüzünde giňden meşhurdyr. Nowruz baýramy bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän däp-dessurlar dünýä halklarynyň arasynda parahatçylyga, dost-doganlyga esaslanýan hoşniýetli gatnaşyklaryň binýadyny berkidýär” diýip nygtady.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde bolşy ýaly, bu ýerde hem geçirilýän bag ekmek dabarasynyň netijesinde tanalmaz derejede özgeren “Nowruz ýaýlasy” myhmanlary ajaýyp görnüşde garşylaýar. Baýramçylygyň öňüsyrasynda tutuş Türkmenistan boýunça ýazky bag ekmek dabarasynyň geçirilendigini ýatlatmalydyrys. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz bagy-bossanlygyň mekanyna öwrülýär. Olar täzelenişiň we ösüşiň aýdyň nyşanlarydyr.

Bu ýerde baýramçylyk mynasybetli köp sanly ak öýleri, sekileri, öý haýwanlary saklanylýan agyllary, atarylan gazanlary öz içine alýan uly türkmen obasy döredildi. Şeýle hem halky şatlandyrýan belent sesli jarçylary we artistleri bilen Gündogar bazarynyň keşbi sazlaşykly utgaşdy.

Baýramçylygyň geçirilýän ýerinde owadan bezelen hiňňildikler gurnaldy. Hiňňildiklerde uçmak ruhy taýdan päklenmek hasap edilýär. Bu adat täze ýyla täze gujur, nurana niýetler bilen girmäge mümkinçilik berýär. Köpöwüşginli lybaslar, ähli ýerlerde ýaňlanýan aýdym-sazlar, tebigatyň janlanmagynyň hem-de durmuşyň täzelenmeginiň hormatyna guralýan, gadymdan gelýän bu dabaralaryň çuň many-mazmuna eýedigini alamatlandyrýar.

Giň ýaýla şatlykly baýramçylyk üçin ägirt uly sahna öwrüldi. Baýramçylyk dabaralaryna Hökümet agzalary, Mejlisiň, dürli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri çagyryldy. Watanymyzyň ähli künjeklerinden bu ýere türkmenistanlylaryň köp sanlysy geldi.

Daşary ýurtly myhmanlaryň arasynda düýn paýtagtymyzda açylan «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahata gatnaşyjylar bar. Olar üçin mähriban halkymyzyň özboluşly däpleri, döredijiligi we türkmen tagamlarynyň aýratynlyklary bilen tanyşmak, köpöwüşginli türkmen toýuna syn etmek üçin ajaýyp mümkinçilikler döredildi. Ýakyn günlerde geçiriljek Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, şäher we etrap halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna syn etmäge ýurdumyza gelen halkara synçylar hem baýramçylygyň myhmanlary boldular.

Toý lybasyndaky gyzlar myhmanlara duz-çörek, toý pişmelerini hödürleýärler we hemmeleri baýramçylyga çagyrýarlar.

Myhmanlaryň öňünde “Nowruz geldi bu bagtyýar Diýara” atly sahnalaşdyrylan çykyşlar ýaýbaňlandyrylýar. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň artistleri alymlaryň — astronomlaryň, matematikleriň, filosoflaryň özboluşly maslahatyny görkezdiler. Alymlar dünýäniň gurluşy barada pikir ýöredýärler hem-de täze açyşlardyr bilimler babatda tejribe alyşýarlar. Sahna görnüşi esasynda gadymy türkmen topragynyň arheologik tapyndylarynyň taryhy görkezilýär. Bu ýerde döredilen täsin obada türkmenleriň däp bolan ýaşaýyş-durmuşy, köpöwüşginli däp-dessurlary janlandyryldy. Paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň döredijilik toparlary özleriniň çuň manyly çykyşlarynda bu däpleri aýdyňlyk bilen beýan etmegi başardylar. Myhmanlary ilkinji bolup çagalar garşyladylar. Olar Nowruza bagyşlanan goşgularyny labyzly okadylar.

Etnografik sahnajyklarda Nowruzy baýram etmegiň däpleri, maldarçylyk we ekerançylyk, dürli baýramçylyk tagamlaryny taýýarlamak, milli oýunlar, senetçilik bilen baglanyşykly däp-dessurlar beýan edildi.

Türkmenleriň el iş sungaty halk senetçiliginiň möhüm ähmiýetli bölegi bolup durýar. Baýramçylyga gatnaşyjylar toý haladyny taýýarlamak däbine bagyşlanan ajaýyp sahna tomaşa edýärler. Bu sahnada zenanlar we gyzlar gelne kömek berýärler. Myhmanlar çeper elli keşdeçileriň işine, zenan lybaslarynyň nagyşlarynyň döredilişine haýran galmak bilen tomaşa edýärler. Aýratyn-da, gelinleriň atynýan kürtesi hemmelerde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Türkmen toýunyň şowhunly dabaralary hem uly gyzyklanma döretdi. Myhmanlar bu toý sahnasyna uly höwes bilen tomaşa etdiler.

Türkmen halysynyň dokalyşy myhmanlara döredijilik usulynda hödürlenildi. Mälim bolşy ýaly, türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu ýerde dokma we amaly-haşam sungatynyň önümleriniň sergisi hem ýaýbaňlandyryldy. Serginiň bir bölümi ýüpege bagyşlandy. Onuň çäklerinde keteni matasynyň dokalýan pursatlary görkezildi.

Ajaýyp zergärçilik önümleriniň sergisi hem halkymyzyň zehini we zähmetsöýerligi, senetçiligiň nesillerden-nesillere geçirilip gelinýän däpleri barada gürrüň berdi. Çadyrlarda muzeý gymmatlyklary — milli saz gurallar, lybaslar, zähmet gurallary, türkmen zergärleriniň ajaýyp önümleri ýerleşdirilipdir. Bu ýerde eziz Diýarymyzyň dürli künjekleriniň tebigaty we haýwanat dünýäsi barada gürrüň berýän şekiller ýerleşdirilipdir. Aýry-aýry çeper kompozisiýalarda halypa-şägirtlik däpleri beýan edilýär. Özboluşly sahnada Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artistleri beýik türkmen şahyrynyň keşbini janlandyrdylar we onuň durmuşynyň bir pursady barada gürrüň berdiler. Bu döredijilik çykyşy gadymy däp-dessurlaryň häzirki döwürde täze öwüşginde dikeldilýändigine, mirasymyzyň bolsa häzirki nesillerimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýändigine ýene-de bir gezek göz ýetirmäge mümkinçilik berdi.

Ýurdumyzyň ähli sebitlerinden gelen bagşylar toparynyň ýerine ýetiren, gadymyýetden gözbaş alýan sazlary bu sahnanyň özboluşly bezegine öwrüldi.

“Nowruz ýaýlasynda” otlap ýören düýeler hem-de türkmenleriň wepaly dostlary bolan alabaýlar myhmanlaryň aýratyn ünsüni özüne çekýär. Mälim bolşy ýaly, alabaýlary ösdürip ýetişdirmek türkmenleriň däp bolan medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Obanyň sergi böleginde ekerançylygyň baý milli däplerini, ene topragymyzda ýetişdirilýän önümleri görkezýän oba hojalyk sergisi aýratyn orun eýeleýär. Baglary we ekin meýdanlaryny suwarmagyň usullaryny görkezýän meýdan düşelgesi hem myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi. Hususan-da, gadymy döwürlerde ulanylan jykyr bilen suwarmagyň usullary görkezildi. Öňki döwürlerde ekerançylyk meýdanlary, baglar, üzümçilikler we bakjalar şeýle usulda suwarylypdyr.

Türkmen halky toý-dabaralarda at çapyşyklaryna möhüm ähmiýet berýär. Birnäçe halkara bäsleşikleriň ýeňijisi, abraýly baýraklaryň eýesi bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary dabara gatnaşyjylar üçin özboluşly baýramçylyk sowgadyna öwrüldi. Çalasyn türkmen ýigitleri sarç bedewlere atlanyp, çylşyrymly çykyşlary we ussatlyklary bilen ýatdan çykmajak pursatlary görkezdiler. Atly ýigitleriň çalasyn hereketleri ahalteke bedewleriniň ýyndamlygy, gözelligi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirdi. Şol pursatlarda ýaşlar dürli milli oýunlarda bäsleşdiler. Janköýerler pälwanlaryň göreşine, ýaş ýigitleriň tanap çekmek boýunça bäsleşigine uly höwes bilen tomaşa etdiler.

“Nowruz ýaýlasynyň” meýdançasynda milli tagamlaryň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Ol saçaklaryň dürli naz-nygmatlardan dolulygy, şol ýerde iň gowy aşpezler tarapyndan taýýarlanan milli tagamlaryň köpdürlüligi bilen haýran galdyrýar. Aşpezçilik sungatynyň ussatlary myhmanlara dürli tagamlary hödür etdiler. Şeýle hem bu ýerde däp bolan semeniniň taýýarlanyş usulyny görmek bolýar. Oba durmuşyndan sahnajyklar bolsa gadymy döwürlere özboluşly syýahata atarýar. Bu ýerde tamdyr ýasamagyň usullary hem görkezilýär. Zenanlaryň biri täze tamdyrda çörek bişirip, myhmanlara gyzgyn çörekleri hödürleýär.

Bu ýerde dürli çörek önümleri görkezilýär. Ýörite meýdançalarda sahawatly türkmen topragynyň önümleri bolan ter gök önümler we miweler, beýleki azyk harytlary görkezilýär.

Çeperçilik sergisi bolsa tebigatyň gözelligine, onuň bilen sazlaşykda ýaşaýan adamlara bagyşlanýar. Serginiň bu böleginde türkmen halkynyň döredijilik däplerini mynasyp dowam etdirýän ýaşlaryň ajaýyp işleri görkezilýär.

Ýurdumyzyň sungat ussatlary baýramçylyga gatnaşyjylara özleriniň döredijilik sowgatlaryny taýýarladylar. Bu ýerde guralan konsertde halk aýdymlary hem-de häzirki döwrüň awtorlarynyň bahara, Nowruza, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döredijilik kuwwatyna bagyşlanan aýdym-saz eserleri ýaňlandy. Joşgunly çykyşlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň asylly başlangyçlarynyň rowaçlanýandygyny aýdyňlyk bilen görkezdi.

Türkmenistan nurana Nowruz baýramyny şatlyk we şowhun bilen garşylady. Şu bahar günlerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde geçirilýän dabaralar gadymy türkmen topragyny ruhy gymmatlyklaryň nury we ýylysy, asyrlaryň paýhasy bilen şöhlelendirip, ony aýdymdyr sazlar, gadymy dessurlaryň gözelligi bilen baýlaşdyryp, ajaýyp duýgulary peşgeş berýär.

Soňky habarlar
25.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 42 million 586 müň dollaryna barabar boldy
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
top-arrow