Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Aşgabatda halkara maslahat geçirilýär
Jemgyýet
Aşgabatda halkara maslahat geçirilýär
Çap edildi 20.03.2023
2513

Şu gün paýtagtymyzdaky “Arçabil” myhmanhanasynda “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahat öz işine başlady. Forumyň işine halkara guramalaryň wekilleri, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň şu ugur boýunça ýöriteleşen kompaniýalarynyň, şol sanda Özbegistanyň, Hytaýyň, Horwatiýanyň, Bolgariýanyň, Eýranyň, Günorta Koreýanyň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanda syýahatçylyk ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň, syýahatçylygyň geriminiň giňeldilmeginiň, onuň ekologiýa, tebigy, sport we atçylyk ýaly täze görnüşleriniň girizilmeginiň, dynç alyş üçin amatly şertleriň döredilmeginiň milli syýahatçylyk ulgamynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we onuň ählumumy ulgama goşulyşmagyna gönükdirilendigini bellemeli.
Myhmanhananyň eýwanynda ýurdumyzyň amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.
Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Gutlagda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň dostluk we doganlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary dünýä bileleşigine agza döwletler bilen yzygiderli ösdürýändigi bellenilýär. “Biz hemişelik Bitaraplyk derejämizden gelip çykýan wezipelere laýyklykda, syýahatçylyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýäris. Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasy, Syýahatçylyk şäherleriniň bütindünýä federasiýasy, daşary ýurtlaryň syýahatçylyk kärhanalary bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň syýahatçylyk ulgamynyň halkara derejede kämilleşdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr” diýlip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda nygtalýar.
Forumyň baş maksady halkymyzyň taryhy-medeni we tebigy ýadygärliklerini, ruhy hem-de maddy mirasyny, däp-dessurlaryny wagyz etmekden, dünýäniň syýahatçylyk düzümleri bilen bar bolan gatnaşyklary pugtalandyrmakdan we hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr.
Ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamyny kadalaşdyrmak meseleler babatda hukuk namalarynyň kabul edilmegi, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi, ak mermerli paýtagtymyzda we welaýatlarda kaşaň myhmanhanalar toplumlarynyň gurulmagy Türkmenistanyň halkara syýahatçylyk bazaryndaky eýeleýän ornuny berkitmegiň möhüm şertini emele getirýär. “Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” üstünlikli amala aşyrmakda, baý taryhy-medeni mirasymyzy giňden wagyz etmekde, ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini açyp görkezmekde köp işler durmuşa geçirilýär.
Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde syýahatçylyk pudagyny ösdürmek boýunça giň möçberli işler amala aşyrylýar. Bu bolsa milli syýahatçylygyň ugurlarynyň giňeldilmegine, hyzmatyň hiliniň ýokarlandyrylmagyna, ýurdumyzyň sebitleriniň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşine hem-de Türkmenistanyň dünýäniň syýahatçylyk giňişliginde özüne çekiji ýurtlaryň biri hökmünde ornunyň berkidilmegine mümkinçilik berer. Dünýäniň ösen ýurtlarynda syýahatçylygyň mümkinçiliklerini wagyz etmek, daşary ýurtly jahankeşdeleri çekmek maksady bilen, Türkmenistan Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen halkara sergä, Germaniýanyň Berlin şäherinde geçirilen “ITB” syýahatçylyk ýarmarkasyna, Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilen “Ferien-Messe Wien” atly halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy.
Häzirki döwürde daşary ýurtly işewürlere Hazar sebitinde özara bähbitli şertlerde syýahatçylygyň ýokary derejeli mümkinçiliklerini döretmek boýunça teklipler hödürlenilýär. Goňşy ýurtlar bilen bilelikde, Hazar deňzi boýunça kruiz gezelençlerini guramak babatda teklipleri taýýarlamakda işler dowam etdirilýär. Türkmenistan dünýäniň gyzyklanma bildirýän ýurtlary we iri halkara guramalar, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli gatnaşyklary işjeň ösdürýär. BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijesinde Türkmenistanda bar bolan birnäçe özboluşly ýadygärlikler ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Şolaryň hatarynda Gadymy Merw, Köneürgenç, Parfiýanyň Nusaý galalary ýaly taryhy ýadygärlikler bar.
Forumyň dowamynda ýurdumyzyň sagaldyş syýahatçylygy boýunça amatly şertlere eýedigi bellenildi. Şunda Merkezi Aziýada we Ýewropada böwrek keselini bejermek üçin amatlylyk babatda ýeke-täk künjek hasaplanýan “Baýramaly” şypahanasy mysal hökmünde görkezildi. Bellenilişi ýaly, dünýäde syýahatçylygy söýýänleriň hatarynda ýurdumyzyň taryhy ýerlerine, tebigy aýratynlyklary bolan künjeklerine we geçmiş bilen häzirki döwrüň sazlaşýan ýerlerine bolan gyzyklanmalar barha artýar. Şeýle hem Beýik Ýüpek ýolunyň geçýän ugry barha meşhurlyk gazanýar. Türkmenistan bolsa şol gadymy ýoluň ýüregi hasaplanýar. Türkmenistany Gazagystan we Eýran Yslam Respublikasy bilen baglanyşdyrýan halkara demir ýoluň gurulmagy netijesinde bu ugur boýunça syýahatçylygyň täze mümkinçilikleri emele geldi. Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen demir ýol boýunça Ýewropanyň, Günorta Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň ýurtlaryna syýahatçylyk gezelençlerini guramak meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.
Daşary ýurtlaryň wekilleri bejeriş ähmiýetli şypahanalary, döwrebap sport desgalary, taryhy-medeni we tebigy ýadygärlikleri bolan Türkmenistanyň Ýewropanyň ösen syýahatçylyk ýurtlary bilen bäsleşip biljekdigini nygtadylar. Bu ugurda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ägirt uly geljeginiň bardygyny belläp, çykyş edenler döwletimiziň halkara syýahatçylyk giňişligine işjeň aralaşmagy üçin ähli zerur mümkinçilikleriniň bardygyny aýtdylar. Şeýle-de Köýtendagyň gowaklary, millionlarça ýyla barabar ýaşy bolan dinozawrlaryň aýak yzlary alymlar we arheologlar tarapyndan ylmy esasda çuňňur öwrenilip, olar dünýä syýahatçylarynyň ünsüni özüne çekýär.
Maslahata gatnaşyjylar “Bir syýahatçylyk — bir sebit” atly syýahatçylyk namalarynyň işlenip taýýarlanylmagynyň we olaryň jahankeşdelere ýetirilmeginiň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky ähli ýadygärlikleri öz içine alýan syýahatçylyk ugurlary boýunça gezelençleri guramakda zerur mümkinçilikleri döretjekdiklerini nygtadylar. Türkmenistana gelýän ähli syýahatçylar üçin ýurduň paýtagty bilen tanyşdyrmak onuň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ýerde ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar. Köp sanly binagärlik ajaýyplyklary, şol sanda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen binalar bar. Häzirki döwürde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň ähli syýahatçylyk gollanmalaryna girizilendigini we onuň dünýäniň kaşaň myhmanhanalary, awtobanlary, seýilgähleri, beýleki ajaýyplyklary bolan syýahatçylyk agentlikleriniň gollanmalarynda ýerleşdirilendigini bellemeli. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň düzümi yzygiderli kämilleşdirilýär. Ol syýahatçylyk ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen erkin ykdysady zolak hökmünde ykrar edildi.
Umuman, “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahat döwletimiziň bu ugurda gazananlaryny açyp görkezmäge, pudagyň ösüşine täzeçil çemeleşmeleri ornaşdyrmaga gönükdirilendir. Onda öňdebaryjy kompaniýalaryň tejribelerine, ýurdumyzyň daşary ýurtlar bilen bu ugurdaky gatnaşyklarynyň has ähmiýetli görkezijilerine möhüm üns berildi.
Forumyň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleriniň we syýahatçylyk boýunça iş alyp barýan hususy kärhanalarynyň wekilleriniň halkara guramalaryň we daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň hünärmenleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Şeýle-de gatnaşyklaryň täze ugurlary kesgitlenip, degişli resminamalara gol çekildi we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Foruma gatnaşyjylar üçin taýýarlanan maksatnamanyň çäklerinde olar ýurdumyzyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde boldular we taryhy-medeni, tebigy ýadygärliklere aýlanyp gördüler.
Forum ertir öz işini dowam eder.

Soňky habarlar
25.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 42 million 586 müň dollaryna barabar boldy
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
top-arrow