Geçen hepdäniň wakalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine mynasyp goşant goşýandygynyň, durmuşyň ähli ulgamlarynda ýokary netijeleri gazanýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.
27-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere seredildi. Döwlet Baştutanymyz welaýatlarda gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak, bugdaýa ideg etmek, gök-bakja ekinlerini ekmek işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy möwsümine taýýarlyk işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz häkimlere obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnama laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky we binalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek babatda degişli tabşyryklary berdi. Şeýle hem ýazky bag ekmek möwsüminde ekiljek saýaly, pürli, miweli baglaryň, üzüm nahallarynyň ekiljek ýerlerini taýýarlamak bilen bagly degişli görkezmeler berildi.
Geçen hepde-de Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasyndan ýurdumyza hoş habar gelip gowuşdy. Bu guramanyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 60-njy umumy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu şanly waka mynasybetli halkymyza iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly, munuň özi Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarydygynyň, biziň alyp barýan daşary syýasat ugrumyzyň netijelidiginiň nobatdaky aýdyň beýanydyr. Öňüni alyş diplomatiýasynyň ähmiýetiniň hem-de möhümdiginiň tassyklanmagydyr. Şeýle-de parahatçylygy goldamak we dünýä gurluşy babatda Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite syýasy edaralarynyň ornunyň wajypdygynyň ykrar edilmegidir. Döwlet Baştutanymyz Kararnamanyň awtordaşlary bolup çykyş eden ähli döwletlere we onuň taslamasyny goldan ýurtlara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýändigini beýan edip, Türkmenistanyň bütin dünýäde parahatçylygyň, gülläp ösüşiň bähbidine Birleşen Milletler Guramasy bilen geljekde-de bilelikde ysnyşykly iş alyp barjakdygyny belledi.
Şu ähmiýetli waka mynasybetli Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi — sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň, howpsuzlygyň berk binýady” atly maslahat geçirildi. Onda 15 ýyldan gowrak netijeli işiniň dowamynda sebit merkeziniň özüni häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň köpüsini çözmekde Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamyny Merkezi Aziýa ýurtlary bilen baglanyşdyrýan netijeli binýat hökmünde görkezendigi bellenildi.
1-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi.
Işewür döwlet Baştutanymyza alnyp barylýan işler, ýurdumyzda amala aşyrylan birnäçe möhüm taslamalar barada habar berdi. Şeýle-de özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegini maksat edinýändigini beýan etdi. Duşuşykda daşky gurşawy goramak we ekologik howpsuzlyk, ýurdumyzyň derýalarynyň suw serişdelerini gorap saklamak we rejeli peýdalanmak meselelerine aýratyn üns berildi.
2-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammitine gatnaşmak maksady bilen, Azerbaýjan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Ýokary derejeli duşuşyga döwlet we hökümet Baştutanlary, dürli ýurtlaryň hem-de iri halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Halkara Migrasiýa Guramasynyň, Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň we beýlekileriň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar. Gün tertibine sebit we ählumumy ähmiýetli möhüm meseleler, häzirki döwrüň howplaryna, wehimlerine, ilkinji nobatda, COVID-19-a garşy bilelikde göreşmek, oňyn syýasy gatnaşyklary pugtalandyrmak, dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy höweslendirmek boýunça görülmeli çäreler bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy girizildi.
Hormatly Prezidentimiz forumda çykyş edip, koronawirus pandemiýasynyň netijeleriniň häzirki döwürde örän möhüm we düýpli meseleleriň biri bolup durýandygyny belledi. Elbetde, bu diňe lukmançylyk meselesi däldir. Ol gönüden-göni ählumumy ösüşiň syýasy, ykdysady, durmuş-ynsanperwer ugurlaryna täsir edýär. Munuň özi biziň ählimiziň duçar bolan ýönekeý bolmadyk ýagdaýymyzy ýeňip geçmek üçin döwletleriň we halkara institutlaryň özara gatnaşyklarynyň täze, birmeňzeş usullaryny gözlemegiň zerurdygyny görkezdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ugurda ilkinji nobatdaky wezipeleriň arasynda Goşulyşmazlyk Hereketine girýän ýurtlaryň ylmy-lukmançylyk ugry boýunça hyzmatdaşlygynyň ulgamlaşdyrylmalydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Goşulyşmazlyk Hereketiniň ýokanç kesellere garşy göreşmek boýunça ähli agzalary üçin elýeterli bolan Bitewi maglumat we usulyýet bankyny döretmegiň üstünde oýlanmak teklip edildi. Goşulyşmazlyk Hereketiniň lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahatyny çagyrmak meselesini öwrenmegiň, tejribe geçýän lukmanlary, alymlary, bilermenleri, lukmançylyk bileleşiginiň beýleki wekillerini, täze howplara garşy durmaga we onuň bilen bagly ýagdaýlary ýeňip geçmäge gatnaşýan başga düzümleri hem-de edaralary çekmegi ara alyp maslahatlaşmagyň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi. Şunuň bilen birlikde, bu forumyň gyzyklanma bildirýän beýleki döwletlerdir guramalaryň ählisi üçin-de açyk bolmalydygy nygtaldy.
Döwlet Baştutanymyz Goşulyşmazlyk Hereketiniň we BSGG-niň arasynda, ilkinji nobatda, biziň ýurtlarymyzyň lukmançylyk birleşikleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň netijeli usullaryny ýola goýmaga hem-de gurama agza döwletleriň Hökümetlerine şeýle bilelikdäki işiň usullarynyň üstünde bilelikde işlemäge çagyrdy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň şu aşakdaky halkara we sebit gurallaryny, ýagny Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň koronawirusyň genomyny öwrenmek boýunça Ýörite maksatnamasyny; öýken sowuklamasyna garşy göreşmek boýunça köptaraply guraly; Ýokanç keselleri bejermek we olaryň öňüni almak boýunça usulyýet merkezini; Merkezi Aziýa epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa sebit merkezini döretmek barada ozal öňe süren teklipleri tassyklanyldy.
Şeýle hem Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ýardam bermeginde we utgaşdyrmagynda derman serişdelerini we lukmançylyk enjamlaryny bu ugurda ýeterlik bolmadyk döwletlere wagtynda, bökdençsiz eltmek üçin has netijeli we adalatly ulgamy ýola goýmagyň zerurdygyna aýratyn üns çekildi.
Hormatly Prezidentimiz geljekki meýilnamalar barada aýdyp, geljek döwürde halkara ykdysady we söwda gatnaşyklaryny yzygiderli dikeltmegi gazanmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem Baş Assambleýanyň “Ählumumy ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmekde we berkitmekde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ornuny ýokarlandyrmak” atly Kararnamasyny işläp taýýarlamaga Türkmenistanyň taýýardygy bellenildi. Şeýle resminama bu döwletleriň bähbitlerini öňe sürmäge netijeli itergi bermäge ukyply bolar. Goşulyşmazlyk Hereketine girýän döwletleriň köpüsi degişli meseleleriň ähmiýetini we oňa düşünmegi beýan eder, dünýä jemgyýetçiliginiň olaryň çözülmegine meýillerini görkezer.
Pandemiýanyň ýaramaz ykdysady netijelerini azaltmak bilen baglylykda, BMG-niň ugurdaş düzümleri, ilkinji nobatda, Ykdysady we Durmuş geňeşi bilen Goşulyşmazlyk Hereketiniň hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek teklip edildi. Bellenilişi ýaly, ösýän ýurtlaryň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini goramakda, halkara ykdysady gatnaşyklarda adalatlylygy hem-de deňhukuklylygy işjeň gazanmakda Goşulyşmazlyk Hereketiniň ýurtlarynyň tagallalaryny birleşdirmek COVID-den soňky ählumumy ykdysady şertlerde bilelikdäki işimiziň örän möhüm tarapy bolup durýar. Şu meselelerde biziň maksadymyz aýdyň we dogry beýan edilmelidir: ykdysady gatnaşyklaryň dikeldilmegi ösýän ýurtlara zelel ýetirmeli däldir, olaryň hasabyna geçirilmeli däldir.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz islendik adamyň aýrylmaz hukugy, saglygynyň, kadaly ösüşiniň esasy şerti hökmünde doly derejeli iýmitlenmegi kepillendirmekde döwletleriň we sebitleriň azyk serişdelerine elýeterliligini üpjün etmek meselelerine seredilende, goşulyşmaýan ýurtlaryň garaýyşlarynyň bitewüliginiň, berkliginiň zerurdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow COVID-den soňky dikeldiş döwrüniň ähli sanalyp geçilen wezipeleriniň diňe pugta parahatçylyk we deňhukuklylyk şertlerinde mümkindigini belläp, geljekde goşulyşmaýan ýurtlary ählumumy durnuklylygy, howpsuzlygy gazanmak ugrundaky göreşde öz birleşdirilen çemeleşmelerini güýçlendirmäge çagyrdy. Gapma-garşylyklary we dartgynlylygyň güýjemegini ýeňip geçmelidigini, döwletara gatnaşyklarda hormatlamak medeniýetini, ynanyşmagy, öňünden çaklamagy gazanmalydygyny belleýäris, häzirki döwrüň dünýä tertibiniň we howpsuzlyk gurluşynyň syýasy-hukuk binýady hökmünde halkara hukugyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň ornunyň pugtalandyrylmalydygyny nygtaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Baku Kongresler merkezinde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy. Sebit we ählumumy gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda söhbetdeşler häzirki döwrüň möhüm meseleleri, ählumumy parahatçylygy saklamak, goldamak, halkara terrorçylygyň wehimlerine garşy göreşmek, durnukly energetika, ulag ulgamlaryny üpjün etmek, suw howpsuzlygy, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi ýaly meselelerde özara düşünişmegiň bardygyny bellediler. Şunuň bilen birlikde, taraplar häzirki zamanyň şu we beýleki meselelerini sebit derejesinde çözmekde hyzmatdaşlygyň köptaraplaýyn görnüşleriniň döwrebap hem-de netijeli görnüşler bolup durýandygyny tassykladylar.
Goşulyşmazlyk Hereketiniň halkara gatnaşyklardaky orny ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy meseleleriniň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, şu sammitiň hem-de onuň çäklerinde öňe sürlen başlangyçlaryň ähmiýetine üns berildi. Söwda-ykdysady gatnaşyklar, ulag-logistika we energetika ulgamlary, şol sanda bu ugurlarda giň möçberli halkara taslamalary durmuşa geçirmek ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
3-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen iki aýynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi.
2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynyň makroykdysady görkezijilerine görä, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda we sebitlerde durnukly ösüş üpjün edilýär, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanýar. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önüm öndürmegiň möçberi 6 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň iki aýynyň jemleri boýunça bölek satuw haryt dolanyşygy, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,5 göterim artdy. Daşary söwda dolanyşygynyň möçberi eksportyň we importyň artmagynyň hasabyna 3,4 göterim ýokarlandy.
2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 115,7 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,1 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 9,7 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,1 göterim artdy.
Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynyň jemleri boýunça Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde durmuş maksatly desgalaryň we binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, suw arassalaýjy desgalaryň, inženerçilik ulgamlarynyň gurluşyk işleri alnyp baryldy.
Geçen iki aýda alnyp barlan işleriň netijeleriniň Garaşsyz döwletimiziň depginli ösüşini görkezýändigini kanagatlanma bilen aýdyp, döwlet Baştutanymyz gazanylan netijeleri saklap galmak bilen çäklenmän, eýsem, olary artdyrmagyň zerurdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köp çagaly enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny dakmak hakynda Permana gol çekip, hormatly adyň nyşanlarynyň, şeýle hem köp çagaly maşgalalara täze öýleriň açarlarynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmalydygyny belledi.
Geçen hepdede türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Mustafa Şentop 6-njy fewralda Türkiýäniň günorta-günbatar sebitinde bolup geçen güýçli ýertitreme bilen baglylykda berlen goldaw üçin hoşallygyny beýan edip, agyr günlerde duýgudaşlyk bildirmegiň, doganlyk goluny uzatmagyň türk halkynyň ruhuny ýokary götermekde örän möhümdigini nygtady.
Söhbetdeşler iki ýurduň arasynda barha ösdürilýän dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, syýasy ulgamda strategik hyzmatdaşlygyň durnukly häsiýetini aýratyn nygtadylar. Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň ýolbaşçysy parlament diplomatiýasynyň möhüm ornuna ünsi çekdi we pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy ýakyn wagtda geçirilmegi meýilleşdirilen parlamentara çärelere gatnaşmaga çagyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri iki döwletiň arasynda işjeň ösdürilýän hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklar barada aýtmak bilen, ykdysadyýetiň energetika, ulag we kommunikasiýalar, maýa goýumlar, söwda, oba hojalygy, dokma senagaty, gaýtadan işleýän we nebithimiýa senagaty ýaly pudaklarynda, beýleki ugurlarda anyk taslamalary durmuşa geçirmegi teklip etdi.
4-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça iş saparyny amala aşyryp, paýtagtymyzyň günorta böleginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler, bu ýerde görkezilen birnäçe şekil taslamalary bilen tanyşdy, şeýle-de “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukato bilen duşuşdy.
Gahryman Arkadagymyz medeni-seýilgäh toplumynyň gurluşygynda milli binagärlik ýörelgelerinden ugur alynmalydygyny, bezeg işlerinde bolsa halkymyzyň özboluşlylygyny aňladýan reňkleriň ulanylmalydygyny belledi.
Soňra “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedi awtomobil ýolunyň gurluşygy barada maglumat berdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşygy alnyp barylýan birnäçe desgalarda işleriň depginini güýçlendirmegiň möhümdigine, suw üpjünçiliginiň meselelerine, ýokary woltly elektrik bekediniň taslamasynyň işlenip taýýarlanylmagyna degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Gwatemala Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Haýro Dawid Estrada Barriosdan ynanç hatyny kabul etdi.
Geljegi uly dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Gwatemalanyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda iri halkara guramalaryň, abraýly düzümleriň, parlamentara gatnaşyklaryň ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygy tassyklanyldy.
Türkmenistanda Mejlisiň deputatlygyna, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärleri bellige almak tamamlandy. Tutuş ýurdumyz boýunça dalaşgärleriň 14 müň 872-si hödürlendi we bellige alyndy. Olardan milli parlamentiň deputatlygyna 258 dalaşgär bar. Dalaşgärler Demokratik partiýadan, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan, Agrar partiýadan, raýatlar toparlaryndan hödürlenildi.
Şeýlelikde, geçen hepde ähmiýetli wakalara baý bolup, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligi bilen syýasy dialogyny çuňlaşdyrmak, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbidine ykdysady, ynsanperwer ugurly gatnaşyklary giňeltmek boýunça giň möçberli başlangyçlarynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.