Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen iki aýynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi, degişli ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi, döwlet durmuşynyň beýleki käbir möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berdi. Ol 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we sebitleriň durnukly ösüşi hem-de ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy üpjün edilýär. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň artmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu görkeziji 6,2 göterime barabar boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6 göterim artdy.
Şu ýylyň iki aýynyň jemleri boýunça bölek satuw haryt dolanyşygy, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,5 göterim artdy. Özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanyp alnyp barylýan daşary ykdysady syýasatyň netijesinde daşary söwda dolanyşygynyň möçberi eksportyň we importyň artmagynyň hasabyna, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 3,4 göterim ýokarlandy.
2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 115,7 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,1 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 9,7 göterim ýokarlandy. Döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,1 göterim artdy. Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynyň jemleri boýunça Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde durmuş maksatly desgalaryň we binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, suw arassalaýjy desgalaryň, inženerçilik ulgamlarynyň gurluşyk işleri alnyp baryldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere we beýleki degişli ýolbaşçylara dünýädäki ýagdaýlary gözegçilikde saklap, alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmegi tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, müdirlikleriň önümçilik meýilnamalarynyň ýerine ýetirilişini yzygiderli seljermek hem-de bu işi berk gözegçilikde saklamak barada degişli görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Begliýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Nebiti we gaz kondensatyny çykarmak, benzin, suwuklandyrylan gazy öndürmek, “mawy ýangyjy” eksport etmek ulgamynda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdyldy.
“Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit bilen üpjün etmegiň meýilnamasynyň 101,2 göterim ýerine ýetirilendigi habar berildi. Wise-premýer dizel ýangyjyny öndürmek boýunça meýilnamanyň 100,8 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasynyň 105 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasynyň bolsa 110,7 göterim ýerine ýetirilendigini aýtdy. Hasabat döwründe tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 105,3 göterim ýerine ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, uglewodorod serişdeleriniň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegiň, kärhanalaryň taslama kuwwatynda işledilmegini üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz amatly bahalardan import enjamlaryny, ätiýaçlyk şaýlaryny, himikatlary we sarp ediş serişdelerini bökdençsiz getirmek üçin olary öndürijiler bilen göni hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.
Täze nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak maksady bilen, dünýä belli daşary ýurt kompaniýalaryny hem-de daşyndan maýa goýumlary çekmek boýunça zerur çäreleri görmek, pudaga häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumynyň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri barada hasabat berdi. Ýanwar-fewral aýlarynda gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 111,4 göterim amal edildi. Hasabat döwründe Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 109,8 göterime deň boldy.
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça ýanwar-fewral aýlarynda öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 120,1 göterim boldy. Şu ýylyň iki aýynyň netijeleri boýunça Energetika ministrligi önüm öndürmegiň, işleri ýerine ýetirmegiň we hyzmatlaryň meýilnamasyny 114,4 göterim berjaý etdi. Elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini 106,3 göterime, ony eksport etmegiň ösüş depgini 101,6 göterime barabar boldy. Ýylyň başyndan bäri “Türkmenhimiýa” döwlet konserni önüm öndürmegiň we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilnamasyny 102 göterim berjaý etdi. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 112,9 göterim amal edildi. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 118,8 göterim üpjün edildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu ýyl kabul edilen maýa goýum Maksatnamasynda dürli desgalary gurup ulanmaga bermek boýunça örän köp çäreleriň göz öňünde tutulandygyny we bu işleri çaltlandyrmagyň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz gaýragoýulmasyz wezipeleriň birnäçesini kesgitläp, gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalarynyň bökdençsiz işledilmegini gazanmagyň, himiýa kärhanalarynyň kuwwatyny doly ulanmagyň möhümdigini nygtady. Täze elektrik stansiýalaryny gurmak arkaly energetika pudagynyň kuwwatyny, elektrik energiýasynyň eksport edilýän möçberini artdyrmak wajypdyr. Sebitara we içerki awtomobil ýollaryny gurmak hem-de olaryň bar bolanlarynyň durkuny täzelemek işlerini güýçlendirmek möhümdir.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň şu ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasyna laýyklykda, binalaryň we desgalaryň gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän söwda we dokma toplumlarynyň, telekeçilik ulgamynyň şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 106,6 göterime, önüm öndürmegiň ösüş depgini bolsa 105,6 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 108,3 göterime, nah matalaryňky 114,1 göterime, tikin we trikotaž önümleriniň önümçiligi 101,2 göterime, gön önümleriniň önümçiligi bolsa 119,2 göterime deň boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynda önüm öndürmegiň meýilnamasy 105,8 göterim berjaý edildi.
Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça ýanwar-fewral aýlarynda birža söwdalarynyň 49-sy geçirilip, 5 müň 50 şertnama hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasy boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 130 göterime deň boldy, 1 sergi we 5 maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň iki aýynda oba hojalyk we azyk harytlarynyň önümçiliginiň ösüş depgini 139,5 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini bolsa 105,3 göterime barabar boldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bazarlarynda we söwda nokatlarynda azyk önümleri hem-de halkyň sarp edýän harytlary bilen üpjünçiligi durnukly ýagdaýda saklamagyň, şu möwsümde gök önümleriň, beýleki azyk harytlarynyň nyrhlarynyň esassyz ýokarlandyrylmagyna ýol berilmezliginiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere azyk harytlary bilen yzygiderli üpjünçiligi gazanmak üçin zerur çäreleri görmek tabşyryldy.
Dokma senagatynyň uly mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, pudaga häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Ýurdumyzda beýleki döwletlere iberilýän önümleriň mukdaryny hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleri çaltlandyrmak wajypdyr. Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmek üçin çäreleri görmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow gözegçilik edýän ulgamlarynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň iki aýynda bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdirildi. Okuw kitaplary we gollanmalar neşir edildi, sanly ulgamy ösdürmek boýunça çäreler görüldi. Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary halkara ders we internet bäsleşiklerinde altyn, kümüş, bürünç medallary gazandylar. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy döredildi, Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliklerine Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebini hem-de Saçly Dursunowa adyndaky Ahal welaýat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebini bellenen tertipde döretmek tabşyryldy.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde professor-mugallymlaryň, sanly ulgam arkaly dünýäniň 23 ýurdundan wekilleriň gatnaşmagynda “Durnukly ösüş maksatlary: ýaşlar syýasaty we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeni-ylmy çäreler geçirilýär hem-de şahyryň goşgular ýygyndysy türkmen we daşary ýurt dillerinde neşire taýýarlanylýar. Gol çekilen ylalaşyklara laýyklykda, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO kafedralary dabaraly ýagdaýda açyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow raýatlaryň saglygyny goramaga, ýiti ýokanç we ýokanç däl, dowamly hem-de möwsümleýin keselleriň öňüni almaga aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, şunuň bilen baglylykda, meýilleşdirmek boýunça çäreleri yzygiderli geçirip durmaly. Lukmançylyk gurallarynyň we derman serişdeleriniň elýeterliligini üpjün etmek möhümdir.
Okuwçylary, talyplary we beýleki ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgesine çekmek hem-de olaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak üçin dürli sport, bilim we döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirmek tabşyryldy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 122 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 105,2 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 106,3 göterime barabar boldy. Ýanwar-fewral aýlarynda “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 103,7, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 128,5, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 289,6, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 108,4, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça 111 göterime deň boldy.
Hasabat döwründe “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasynda “Türkmenistanda pudagara elektron maglumat alşygy ulgamynyň ornaşdyrylmagyna ýardam bermek hakynda” Taslama resminamasyna gol çekildi. Şeýle hem ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ulag-aragatnaşyk toplumyna degişli önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň dowam edýändigi barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýolagçy we ýük gatnawlaryny ösdürip, üstaşyr hem-de halkara ýükleriň daşalýan möçberini artdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Pudaga sanly ulgamy giňden ornaşdyrmagy dowam etmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Döwlet Baştutanymyz «Balkan» gämigurluşyk we abatlaýyş zawodynyň işi barada aýdyp, häzirki zaman gämileriniň gurluşygyny ýola goýmak üçin netijeli işleri alyp barmagyň zerurdygyny nygtady we agentligiň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýanwar-fewral aýlarynda dürli maslahatlar, döredijilik duşuşyklary, mediaforumlar, sergiler, wagyz-nesihat we aýdym-sazly medeni çäreler geçirildi. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dürli çäreler guraldy, döredijilik bäsleşikleri yglan edildi.
Ýurdumyzyň birnäçe muzeýlerinde “wirtual muzeý” taslamasy işe girizildi. Türkmen hünärmenleri daşary ýurtlaryň birnäçesinde iş saparlarynda boldular. Hormatly Prezidentimiziň Bahreýn Patyşalygyna amala aşyran resmi saparynyň dowamynda Manama şäherinde Miras bilen baglanyşykly senetçilik we däp-dessurlar babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama hem-de 2023 — 2027-nji ýyllar aralygynda Medeniýet babatda hyzmatdaşlygy ýerine ýetirmegiň Maksatnamasyna gol çekildi.
Şeýle hem wise-premýer Aşgabatda geçirilen, sungatyň dürli ugurlarynda türkmen we daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň tejribe alyşmagyna, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna ýardam edýän halkara çäreleriň birnäçesi barada durup geçdi. Ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleri hem-de amala aşyrylýan özgertmeler baradaky maglumatlar metbugat sahypalarynda, teleradioýaýlymlarda, internet saýtlarynda giňden beýan edildi. Döwlet maksatnamalaryndan we sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça degişli işler alnyp baryldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, taýýarlanylýan teleradio gepleşikleriniň hilini ýokarlandyrmak, milli taryhy-medeni mirasymyzyň desgalaryny gorap saklamak üçin zerur işleri yzygiderli geçirip durmagyň wajypdygyny nygtady we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýaz we tomus möwsümleriniň başlanmagy bilen, medeniýet edaralary, teatrlar, Döwlet sirki tarapyndan medeni-köpçülik çärelerini, konsertleri, teatrlaşdyrylan sahnalary yzygiderli guramagyň, çagalar üçin goýulýan sahna eserleriniň hem-de çykyşlaryň sanyny artdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Teleradio gepleşikleri arkaly bu eserleri giňden wagyz etmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, oba hojalygy pudagynda özgertmeleriň geçirilişi we ýurdumyzyň sebitlerinde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe oba hojalyk toplumynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüş depgini 103,8 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 105,2 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 101 göterime barabar boldy. Maýa goýumlary özleşdirmegiň meýilnamasy 138,1 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe bugdaý ununy öndürmegiň ösüş depgini 106,3 göterime, süýt we süýt önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 113,8 göterime deň boldy. Şeýle hem oba hojalyk ekinlerini haşal otlardan we zyýankeşlerden goramak üçin amala aşyrylýan işler barada aýdyldy.
Ýurdumyzyň ekin meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, suw serişdelerini netijeli hem-de rejeli ulanmak maksady bilen, degişli gidrotehniki işler ýerine ýetirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýer kadastryny döretmek we ýurdumyzda suw üpjünçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi we bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň iki aýynda Daşary işler ministrligi tarapyndan alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmek, ikitaraplaýyn görnüşde, abraýly sebit we halkara guramalaryň hem-de düzümleriň çäklerinde köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça işler yzygiderli geçirildi.
Netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýokary derejedäki saparlara hem-de gepleşiklere aýratyn ähmiýet berilýär. Ýylyň başyndan bäri hormatly Prezidentimiz Hytaý Halk Respublikasyna, Bahreýn Patyşalygyna we Azerbaýjan Respublikasyna döwlet, resmi we iş saparlaryny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz birnäçe ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri hem geçirdi.
Şu ýyl meýilleşdirilen halkara çärelere taýýarlyk görmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Şeýle hem fewral aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine sapary amala aşyrandygy bellenildi.
Parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýanwar aýynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky parlament wekiliýetiniň Aşgabatda saparda bolandygy bellenildi.
Hasabat döwründe sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 89-sy geçirildi. Ýylyň başyndan bäri Türkmenistanda daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen bilelikde resmi gepleşikleriň hem-de duşuşyklaryň 175-si guraldy. Ýanwar-fewral aýlarynda ýurdumyzyň daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň üsti 71 sany resminama bilen ýetirildi. Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ikitaraplaýyn duşuşyklar we geňeşmeler yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek babatda bilelikdäki hökümetara toparlaryň mejlislerini, işewürlik maslahatlaryny guramak boýunça işler amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, golaýda bolup geçen möhüm ähmiýetli waka — BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny” atly Kararnamany biragyzdan kabul edendigine ünsi çekdi. Munuň özi Bitarap döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň netijelidigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu şanly waka bilen mähriban halkymyzy we mejlise gatnaşyjylary, şeýle hem sebit merkeziniň ähli dostlukly işgärlerini ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.
Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa milli parlamentiň şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetiren işleriniň jemleri barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady we medeni taýdan mundan beýläk-de ösdürmäge, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň möçberli maksatnamalar we taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek boýunça degişli işler alnyp baryldy, Türkmenistanyň Konstitusion kanunlarynyň 3-si we Mejlisiň kararlarynyň 6-sy kabul edildi. Häzirki wagtda hereket edýän kanunçylyk namalaryna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar.
Halkara we parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde Mejlis BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary we beýleki halkara guramalar bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk edýär. Ýylyň başyndan bäri Mejlisiň deputatlary halkara çäreleriň, okuw maslahatlarynyň 14-sine gatnaşdylar, dünýä döwletleriniň parlament wekilleri hem-de ýurdumyzdaky daşary ýurt wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri bilen bagly duşuşyklaryň 13-si geçirildi.
Mejlisde Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygynyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen parlament wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Onda iki ýurduň halklarynyň bähbidine parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Geçen döwürde daşary ýurtlara gulluk iş saparlarynyň 6-sy guraldy.
Merkezi saýlaw topary bilen bilelikde Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge taýýarlyk görülýär. Dalaşgärleri hödürlemek açyklyk we aýanlyk esasynda geçirilip, olar bellenilen möhletlerde bellige alyndy. Saýlawlary demokratik esaslarda geçirmek maksady bilen, dalaşgärler üçin deň şertler we mümkinçilikler döredildi. Saýlaw toparlary, dalaşgärler, synçylar, habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin gollanmalar taýýarlanyldy we okuw maslahatlary geçirildi.
Mejlisiň deputatlary täze kanunçylyk namalarynyň, döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynyň many-mazmunyny hem-de ähmiýetini düşündirmek boýunça wagyz-nesihat işlerini alyp barýarlar.
Soňra Mejlisiň Başlygy hormatly Prezidentimiziň garamagyna ýurdumyz boýunça döwrebap öýleri sowgat bermäge hödürlenilýän sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen zenanlar, şeýle-de “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolýan eneler baradaky maglumatlary hödürledi.
Bellenilişi ýaly, täze öýleriň açarlaryny gowşurmak dabarasyny Aşgabat şäherinde 7-nji martda, welaýatlarda bolsa 8-nji martda, köp çagaly eneleriň 285-sine Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adynyň nyşanlaryny gowşurmak çäresini 7-nji martda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirmek meýilleşdirilýär. Şol gün olaryň ählisi Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçiriljek baýramçylyk konsertine çagyrylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekip, hormatly adyň nyşanlaryny, şeýle hem köp çagaly maşgalalara täze öýleriň açarlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmagyň zerurdygyny belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, geçen iki aýda alnyp barlan işleriň netijeleriniň Garaşsyz döwletimiziň depginli ösüşini görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi. Jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim derejede saklanyp galýar.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz gazanylan netijeleri saklap galmak bilen çäklenmän, eýsem, olary artdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Şoňa görä-de, ýurdumyzy 2023-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny, beýleki kabul edilen maksatnamalary we meýilnamalary durmuşa geçirmegiň üstünde netijeli işlemek, amala aşyrylýan ähli taslamalaryň, toplumlaýyn özgertmeleriň yzygiderli durmuşa geçirilişini üns merkezinde saklamak möhümdir.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow geljek çarşenbe güni ajaýyp baýramyň — Halkara zenanlar güni bolan 8-nji mart baýramynyň dabaraly ýagdaýda bellenilip geçiljekdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz eziz enelerimizi, mähriban gelin-gyzlarymyzy bu baýram bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, bagtyýarlyk, maşgala abadançylygyny arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.