Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Halkymyzyň bähbidine döredijiligiň we hyzmatdaşlygyň ýoly bilen
Hepdäniň wakalary
Halkymyzyň bähbidine döredijiligiň we hyzmatdaşlygyň ýoly bilen
Çap edildi 21.02.2023
1786

Geçen hepde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady, ruhy taýdan ösüşiniň dürli ugurlaryna degişli halkara we içerki syýasy ähmiýetli wakalara baý bolup, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň üstünliklere beslenýändiginiň subutnamasyna öwrüldi.

13-nji fewralda döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere seredildi. Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk işleriniň, hususan-da, gowaça ekiljek ýerleri sürmek we tekizlemek, ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak, bugdaýa ideg etmegiň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak, pagtaçy daýhanlary ýokary hasyl berýän gowaça tohumy bilen üpjün etmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda gurulmagy göz öňünde tutulan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky, binalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi babatda degişli tabşyryklar berildi. Welaýatlaryň häkimlerine ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini, ilatly ýerleriň elektrik energiýasy, suw, tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilmegini gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

15-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Milleri kabul etdi. Duşuşygyň barşynda bilelikdäki tagallalaryň netijesinde döwletara hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygy bellenildi. Şunda ýangyç-energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Bu ugurda uly mümkinçilikler bar we baý tejribe toplandy. Tebigy baýlyklaryň ägirt uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyzyň ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmegi maksat edinýändigi nygtaldy. Şunda nebitgaz pudagynyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak, gazyp alýan we gaýtadan işleýän pudaklaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, energiýa serişdeleriniň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmak, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak ileri tutulýan ugurlardyr.

17-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri girizildi. Hususan-da, döwletimiziň hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, şu ýylyň mart aýynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny demokratik ýörelgeler esasynda, umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyklykda geçirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri barada habar berildi. Şeýle hem Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler bilen bilelikde döwletiň garamagyndan aýyrmak we hususylaşdyrmak üçin kärhanalardyr desgalar boýunça geçirilen seljermeler barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz bu ugurda göz öňünde tutulan işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň geljekde önümçilik we hyzmatlar ulgamlarynda hususy pudagyň ägirt uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga ýardam berjekdigini, umuman, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge we onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga hyzmat etjekdigini belledi. Ýangyç-energetika toplumynyň düzümleriniň işini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilýän möçberini artdyrmak, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, milli aragatnaşyk ulgamyna halkara tejribeden ugur almak bilen, döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek mejlisde garalan meseleleriň hatarynda boldy.

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hem aýdyldy. Ajaýyp bahar baýramynyň çäklerinde “Ýylyň zenany” atly bäsleşigiň jemi jemleniler, “Talyp gözeli — 2023” atly gözellik bäsleşigi, köp çagaly maşgalalaryň arasynda “Sagdyn maşgala — sagdyn nesil” atly estafeta bäsleşigi, köp çagany dünýä inderen zenanlara “Ene mähri” diýen hormatly ady dakmak dabarasy, sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti, “Arkadag Serdarly bagtyýar zenanlar” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçiriler.

Döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň wekiliýetiniň 13-nji fewralda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşmagynyň netijeleri barada hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, foruma gatnaşyjylar Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça alnyp barylýan anyk işler bilen tanyşdyryldy. Türkmen tarapynyň çykyşlarynda BMG-niň howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyndan gelip çykýan borçnamalaryň ýerine ýetirilişi we bu babatda ýurdumyz tarapyndan durmuşa geçirilýän işler giňişleýin beýan edildi.

“Türkmenistanyň wodorod energetikasy babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin “Ýol kartasynyň” ýerine ýetirilişi, döwlet Baştutanymyzyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge degişli başlangyçlary beýan edildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň multimodal üstaşyr ulag we logistika düzümini döretmek boýunça iri milli hem-de sebit taslamalaryny amala aşyrmak baradaky başlangyçlara üns çekildi. Şeýle hem tebigy betbagtçylyklaryň howpuny peseltmek boýunça dünýä bileleşiginiň tagallalarynyň birleşdirilmeginiň zerurdygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Ýaponiýanyň Sendaý şäherinde geçirilen BMG-niň Bütindünýä maslahatynda kabul edilen çözgütleriň hem-de 2015 — 2030-njy ýyllar üçin degişli Çarçuwaly maksatnamanyň düzgünleriniň ýerine ýetirilmeginiň wajypdygy bellenildi. Sammitiň çäklerinde BSG-niň Baş direktory bilen duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistana goşulyşýan döwlet, ýagny “işjeň synçy” derejesiniň berilmegi bu guramanyň çäklerinde işi işjeňleşdirmäge hem-de geljekde onuň doly hukukly agzasy bolmaga mümkinçilik berýär.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek hem-de ýurdumyzyň häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyny üpjün etmek üçin birnäçe teklipler, şol sanda BSG bilen ulgamlaýyn hyzmatdaşlyk üçin Iş meýilnamasyny işläp taýýarlamak, bu gurama doly hukukly agza hökmünde goşulmak boýunça görülýän çäreleri işjeňleşdirmek babatda birnäçe teklipler taýýarlanyldy. Şeýle hem degişli düzüm birligini açmak, BSG boýunça Türkmenistanyň ýörite wekilini bellemek meselelerini öwrenmek, öňümizdäki aýda ýurdumyzyň wekiliýetini hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Ženewa (Şweýsariýa Konfederasiýasy) şäherine gulluk iş saparyna ibermek teklip edilýär. Ženewada bu guramanyň ştab-kwartirasy ýerleşýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň abraýly halkara guramalar bilen köpugurly gatnaşyklary pugtalandyrmaga hemişe uly üns berýändigini nygtady. Şunda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu babatda ýurdumyz jogapkärli we toplumlaýyn çemeleşmäni görkezýär. Söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyga hem uly ähmiýet berilýär. Bu babatda Bütindünýä Söwda Guramasy bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda döwlet Baştutanymyz Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebini hem-de Saçly Dursunowa adyndaky Ahal welaýat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebini bellenen tertiplerde döretmek hakynda Kararlara gol çekdi.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçugy kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz hem-de RF-niň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar hem-de ozal gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine üns çekdiler. Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde yzygiderli ösdürilýän türkmen-rus syýasy dialogynyň netijeli häsiýeti bellenildi. Parlamentara hyzmatdaşlyk hem işjeň ösdürilýär.

Söwda-ykdysady ulgam türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolup çykyş edýär. Russiýa köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biridir. Nebitgaz, ulag, senagat ulgamlarynda we beýleki pudaklarda-da gatnaşyklar üstünlikli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň bar bolan kuwwatyny doly derejede durmuşa geçirmegiň, ony diwersifikasiýalaşdyrmagyň, özara söwdanyň we maýa goýumlaryň möçberini yzygiderli artdyrmak üçin täze ugurlara çykmagyň, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň zerurdygy nygtaldy. Türkmenistan öz tarapyndan russiýaly hyzmatdaşlaryň anyk tekliplerine seretmäge taýýardyr. Ynsanperwer ulgam hem döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz we möhüm bölegidir. Şunda bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş, sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça däp bolan gatnaşyklar aýratyn orny eýeleýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçuk bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

19-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde myhmany döwlet Baştutanymyz garşylady.

Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, BAE-de Türkmenistan bilen döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine, şol sanda deňhukuklylyga, özara bähbitlilige esaslanýan uzak möhletleýin söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň çäk taýdan amatly ýerleşmeginiň hem-de ýurdumyzda amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilmeginiň daşary ýurtly işewürler, şol sanda Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde aýratyn ähmiýetlidigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, durmuş desgalarynyň gurluşygy we beýleki pudaklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk giňeldilýär. Bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu taslamalar ykdysady hyzmatdaşlyga täze itergi berip, maýa goýumlary çekmek, bilelikdäki önümçilikleri döretmek, döwrebap ulag düzümini kemala getirmek, bank-maliýe ulgamynda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hyzmatdaşlygy, şol sanda medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin bar bolan kuwwaty doly derejede ulanmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan BAE-niň işewür toparlarynyň wekilleriniň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady.

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Çehiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Waslaw Ýilegden, Awstraliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Greým Lesli Mihandan, Kuba Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Karlos Enrike Waldes de la Konsepsýondan, Şwesiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tomas Danestadan, Niderlandlar Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Andre Karstensden, Mongoliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Doržiýn Baýarhuudan ynanç hatlaryny kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň adyndan milli parlamentiň ýolbaşçysy daşary ýurtly diplomatlaryň her birini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşyklaryň barşynda deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisi geçirildi. Sergi ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň ýardam bermeginde guraldy. Gözden geçirilişe eýran kompaniýalarynyň we firmalarynyň 70-e golaýynyň wekilleri gatnaşdylar. Şolaryň hatarynda dürli ugurlarda netijeli gatnaşyk etmegiň köpýyllyk tejribesine eýe bolan Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşlary, şeýle-de sergä ilkinji gezek gatnaşýan kompaniýalar bar. Bu sergi olara ýurdumyzda öz önümlerini görkezmäge, türkmen kärdeşleri bilen bilelikde iş alyp barmak üçin mümkinçilikleri öwrenmäge başlangyç meýdança boldy.

Köptaraply serginiň esasyny önümçilik tehnologiýasynda gurluşyk, nebitgaz, elektroenergetika, ýol-ulag pudaklary, awtomobil gurluşygy, himiýa senagaty, suw we oba hojalygy, lukmançylyk, dokma önümleri, azyk harytlary pudaklarynda iň täze ylmy-tehniki gazanylanlary ulanýan EYR-nyň senagat kärhanalarynyň diwarlyklary düzdi. Sergide iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak üçin şertleriň döredilmegine uly goşandyny goşýan “Saderat Iran” bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasy hem diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdy.

Magtymguly Pyragy muzeýinde 2022-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby diýlip yglan edilen Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyna ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragyny gowşurmak dabarasy boldy.

Paýtagtymyzda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Medeni miras: geçmişden geljege” hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda “Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi” atly ÝUNESKO kafedralaryny döretmek hakynda Ylalaşyklara gol çekmek dabarasy boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda sebitiň täze merkeziniň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda her biri 720 orunlyk umumybilim berýän mekdepleriň 5-si, 320 orunlyk çagalar baglarynyň 9-sy, saglyk öýi, ýangyna garşy göreş gullugynyň, Arkadag şäheriniň häkimliginiň edara binalary, muzeý, “Saglyk” seýilgähi, söwda we hyzmat ediş toplumy, her biri 30 öýli, 5 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 36-sy, her biri 40 öýli, 5 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 36-sy, her biri 42 öýli, 7 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 24-si, her biri 54 öýli, 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 14-si, Arkadag şäheriniň demir ýol menzili, şäheriň awtotoplumy we bellige alyş bölümi, Ahal welaýatynyň awtomenzili bina ediler.

Hormatly Arkadagymyz Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň gurluşygynyň häzirki zamanyň ösen tejribesine laýyklykda alnyp barylmagyna we onda täzeçil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, ekologik meselelere möhüm üns berilmelidigini aýtdy. Bu ýerde bina ediljek dürli maksatly desgalar şu günüň talaplaryna laýyk gelmelidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynda bu meseleler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.

18-nji fewralda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahat geçirildi. Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň ählumumy parahatçylyk döredijilikli başlangyjy ilerletmek boýunça teklibiniň — Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasyna laýyklykda, 2023-nji ýyly “Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýlip yglan edilmeginiň ähli halklaryň parahatçylykly ýaşamak ýörelgelerini berkarar etmekde ýurtlaryň tagallalarynyň birleşdirilmegine, özara gatnaşyklarda parahatçylyk, ynanyşmak medeniýetiniň kemala gelmegine gönükdirilendigi nygtaldy.

Şol gün hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň hünär baýramçylygy mynasybetli ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli, oňyn daşary syýasatynyň durmuşa geçirilmegine, daşary ýurtlar bilen dürli ulgamlarda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, iri halkara guramalar bilen netijeli gepleşikleriň giňeldilmegine goşan şahsy goşantlary hem-de Watanymyzyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin bu gullugyň işgärlerine “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşanyny hem-de degişli şahadatnamalary gowşurmak dabarasy boldy.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistany yzygiderli we hemmetaraplaýyn ösdürmäge, dünýäniň gyzyklanma bildirýän döwletleri bilen halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

Soňky habarlar
23.11
“Galkynyş” gaz käniniň ulanyş guýusynda tebigy täze gazyň akymy alnyp başlandy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow