Şu gün hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, “Çoganly” ýaşaýyş toplumyndaky Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky kottejler toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasy geçirildi. Munuň özi häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän täze şäher düzümini döretmek işiniň dowam etdirilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.
Halkymyzy ýokary hil derejesine laýyk gelýän amatly ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Мüňlerçe maşgalalar ýokary amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlaryna we kottejler toplumyna göçüp geldiler. Köp sanly jaý toýlarynyň toýlanylmagy ýokary döredijilik we ynsanperwerlik ýörelgelerini özünde jemleýän häzirki zamanyň aýdyň nyşanlarynyň biri bolup durýar.
Durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny ýokary depginde dowam etdirýän Türkmenistan halkymyzyň ýaşaýyş şertleriniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen milli strategiýany üstünlikli amala aşyrýar. Ähli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary döwrüň bu möhüm wezipeleriniň çözülmegine işjeň gatnaşyp, ýörite sargytlar esasynda ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny bina edýärler. Içeri işler ministrliginiň işgärleri we olaryň maşgalalary üçin niýetlenen kottejler toplumynyň nobatdaky tapgyryny ulanmaga bermek mynasybetli guralan dabaralar munuň aýdyň beýanydyr. Ýaşaýyş jaýlarynyň yzygiderli gurulmagy döwletimiziň harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň gulluk we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak hakynda edýän aladasynyň nobatdaky subutnamasydyr.
...Desgalar toplumynyň çäginde baýramçylyga mahsus ýagdaý emele geldi. Toplumyň merkezi girelgesine barýan ýoluň ugrunda ajaýyp ahalteke bedewlerine atlanan ýigitler hatara düzüldiler. Ondan uzak bolmadyk ýerde kerwen hatarlary görünýär. Munuň özi dabara gatnaşyjylara Beýik Ýüpek ýoly döwrüniň ýagdaýy hem-de taryhyň aýratynlyklary barada maglumat almaga mümkinçilik berýär. Häzirki döwürde bu ýoluň ählumumy ösüşiň bähbidine täzeden dikeldilýändigini bellemeli. Şeýle hem bu künjekde gadymy galalaryň, kerwensaraýlaryň, joşgunly Gündogar bazarlarynyň keşbi janlandyryldy. Täjirler öz harytlaryny hödürläp, alyjylaryň ünsüni özüne çekmek maksady bilen, dürli tymsallary getirýärler. Şol bir wagtyň özünde hoş owazly sazlaryň sesi eşidilýär, şatlykly gülküler asmana göterilýär.
Bu ýerde guralan dabara ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mähriban Watanymyzy, häzirki döwürde amala aşyrylýan beýik işleri wasp edýän aýdym-sazlaryň sesi belentden ýaňlanýar. Medeniýet we sungat işgärleri, döredijilik toparlary gyzykly aýdym-sazly çykyşlary arkaly hemmeleri bu ýerde guralan dabara bilen gutladylar.
Hatara düzülen ak öýleriň ýanynda gazanlar atarylyp, olarda türkmen aşhanasynyň milli tagamlary taýýarlanylýar. Halk heňleriniň bu görnüşler bilen utgaşmagy dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýýar. Her bir öýüň ýanynda gurnalan sekilerde zenanlar milli tagamlary we süýji nygmatlary taýýarlaýarlar. Zehinli gelin-gyzlar el hünärini görkezip, milli tahýalary tikmek, keşde çekmek, haly dokamak, keçe güllemek ýaly işler bilen meşgul bolýarlar. Bu görnüşler türkmen halkynyň gadymy ýörelgeleriniň döwrebap derejede dowam etdirilýändigini görkezýär.
Gelin toýunyň dabaralary bu ýerde guralan baýramçylygyň joşgunyny has-da artdyrdy. Şeýle toý-dabaralar milli dessurlar we asylly ýörelgeler bilen utgaşdyrylýar. Munuň özi milletiň ruhy-medeni köklerine, gadymy maşgala gymmatlyklaryna ygrarly bolan halkymyzyň durmuş ulgamynyň esasy bölegi bolup durýar. Dilden-dile geçip, häzirki döwre ýeten halk aýdymlarynyň owazy we estrada çykyşlary sahnalaşdyrylan däp-dessurlar bilen utgaşyp, ýatda galyjy pursatlary döredýär. Ähli ýerlerde mähriban Watanymyzyň ösüşi, abadançylygy, halkymyzyň bagtyýarlygy baradaky arzuwlar eşidilýär we türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk, uzak ömür dileg edilýär.
Şeýle hem bu ýerde çagalar milli oýunlary ýerine ýetirýärler. Olaryň gyzykly aşyk oýunlary, “tanap çekdi” bäsleşikleri täsirli pursatlara baý boldy. Milli göreş türkmen toýlarynyň esasy böleginiň biri bolup durýar. Bu ýerde guralan bäsleşikde ýeňiji bolan pälwana baýrak gowşurylýar. “Ýaglyga towusmak” oýnuna gatnaşýan ýaşlar öz çeýeligini görkezdiler. Bir söz bilen aýdylanda, bu ýerde ýaýbaňlandyrylan ähli çykyşlar halkymyzyň milli dessurlary bilen utgaşyp, şatlykly pursatlara baý boldy. Ýeri gelende, bu ýerde guralan aýdym-sazly çykyşlara, sport bäsleşiklerine hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň hem gatnaşandyklaryny bellemek gerek.
Toplumyň çäginde ýörite taýýarlanan sahnada ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň, Goranmak ministrliginiň aýdym-saz toparlarynyň, teatr artistleriniň we döwlet tans toparlarynyň bilelikdäki çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Soňra dabara gatnaşyjylar ýaşaýyş jaý toplumynyň dolandyryş binasynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň mähriban atasy, içeri işler edaralarynyň hormatly weterany, durmuş we zähmet ýoly ýaş nesilleri watansöýüjilik, ata Watanymyza, halkymyza birkemsiz gulluk etmek ruhunda terbiýelemekde nusgalyk görelde bolan Mälikguly Berdimuhamedowyň heýkeline tagzym etdiler. Olar binanyň içine girdiler. Onda Mälikguly Berdimuhamedowyň muzeýi ýerleşýär. Dabara gatnaşyjylar muzeýiň gymmatlyklary, arhiw materiallary, dürli resminamalaryň we şahsyýetnamalaryň, şol sanda döwlet sylaglarynyň, harby derejeleriň nusgalary, fotosuratlar bilen tanyşdylar.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri asyrlar aşyp gelýän şöhratly harby ýörelgeleri mynasyp dowam etdirmek bilen, ýokary goranyş ukybyna eýe bolan kuwwatly goşuna öwrüldi.
Bu ýerde harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän kömekçi hojalyklarynda ösdürilip ýetişdirilýän gök we miwe önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Mälim bolşy ýaly, bar bolan serişdeleri we mümkinçilikleri doly özleşdirmegiň hasabyna azyk bolçulygyny üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Dürli düzümlerde, pudaklarda ýokary netijeli kömekçi hojalyklaryň döredilmegi hut şu meseleleriň üstünlikli çözülmegini şertlendirýär. Kömekçi hojalyklaryň kuwwatlyklary harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümlerini degişli önümler bilen doly üpjün etmäge, artykmajyny bolsa ýurdumyzyň bazarlaryna ugratmaga mümkinçilik berýär.
Soňra dabaralar kottej jaýlary toplumynyň merkezi girelgesiniň ýanynda dowam etdi. Bu ýerde şanly waka gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda hormatly ýaşulular toplumyň toý bagyny kesdiler. Şeýlelikde, Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky kottejler toplumynyň nobatdaky tapgyry açyldy. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň döredijilikli syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.
Jaýlaryň gurluşygyny IIM-niň buýurmasy esasynda ministrlige degişli gurluşyk düzümleri ýerine ýetirdiler. Döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw berilmegi netijesinde, sebitleri toplumlaýyn senagatlaşdyrmak, deňeçer ösdürmek, döwrebap ulag düzümini kemala getirmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň möçberini we eksport ugurlaryny artdyrmak, ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Dürli maksatly iri desgalary taslamalaşdyrmakda we gurmakda dünýäniň gurluşyk ugrunyň ösen tejribelerini netijeli özleşdirýän döwlet we hususy kärhanalary daşary ýurt kompaniýalary bilen mynasyp bäsleşip, gurluşyk pudagynda işjeňlik görkezýärler.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, döwletimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň maddy üpjünçiligini, ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak, şahsy düzümiň we olaryň maşgala agzalarynyň mynasyp gulluk, ýaşaýyş şertlerini üpjün etmek hakynda yzygiderli alada edýär. Şunuň bilen baglylykda, bu düzümlerde amala aşyrylýan özgertmeleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyna gönükdirilen işler ýerine ýetirilýär. Soňky ýyllarda IIM-niň serkerdeleriniň, harby gullukçylarynyň we işgärleriniň maşgalalary täze ýaşaýyş jaýlaryna göçüp bardylar.
Dabara gatnaşyjylar täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasynyň geçirilmeginiň Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýändiginiň beýanydygyny nygtap, hemmeleri şanly waka bilen gutladylar.
Häzirki döwürde ýurdumyzda halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň üpjün edilmegi ugrunda zerur şertler döredilýär. Türkmenistanlylaryň amatly ýaşaýşy, öndürijilikli zähmeti we medeniýetli dynç alşy üçin ýokary derejeli mümkinçilikler üpjün edilýär, durmuş maksatly binalaryň gurluşygyna möhüm üns berilýär. Bu bolsa Watanymyzyň ykdysady taýdan kuwwatlanýandygynyň, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanýandygynyň beýanydyr.
Dabara gatnaşyjylar ýurdumyzyň gülläp ösmegi, abadan we bagtyýar ýaşaýşyň üpjün edilmegi, döredijilikli zähmet çekmek, amatly dynç almak ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan özgertmeleriň toplumlaýyn maksatnamasyna laýyklykda, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde şäherleri, obalary özgertmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Häzirki zaman senagat, durmuş we medeni maksatly desgalar yzygiderli gurulýar.
Bu ýerde guralan dabaranyň dowamynda has tapawutlanan gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Munuň özi ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan işlere mynasyp goşant goşýan adamlaryň döwlet derejesinde sarpalanýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Soňra el çarpyşmalaryň astynda täze jaýlara göçüp gelmek bagty miýesser edenlere amatly öýleriň açarlaryny gowşurmak dabarasy boldy. Olar ýurdumyzyň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagyna yzygiderli üns berýändikleri üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler we berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat, halkymyzyň, Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler. IIM-niň düzümleýin bölümleriniň işgärleri öz mukaddes borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirip, halkymyza, Watanymyza mundan beýläk-de wepaly gulluk etjekdiklerine ynandyrdylar.
Çykyş edenler bagtyýar maşgalalary täze jaýlara göçüp gelmekleri bilen gutlap, şanly wakanyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Döwlet adam üçindir!”, “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen şygarlary baş ýörelge edinýän we durmuş ulgamyny nazarlaýan döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň beýanydygyny nygtadylar.
Dabara gatnaşyjylar täze jaýlaryň birine baryp gördüler we onuň abadanlaşdyrylyşy, öýlerde döredilen şertler bilen tanyşdylar, şeýle-de öý eýelerini gutladylar. Täze jaýa göçüp gelen maşgala agzalary halkymyzyň häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän derejede enjamlaşdyrylan we amatly şertler döredilen döwrebap jaýlar bilen üpjün edilmegi ugrunda edýän aladasy üçin Arkadagly Serdarymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Täze jaýlaryň amatlylyk derejesi, otaglaryň ýerleşdirilişi ýokary ekologik ölçeglere laýyk gelýär we onuň gurluşygyna bildirilýän talaplar doly berjaý edilýär. Ýaşaýyş jaýlary özbaşdak ýyladyş we sowadyş ulgamy bilen üpjün edildi. Otaglary häzirki zaman durmuş üpjünçilik ulgamlary we zerur serişdeler bilen enjamlaşdyryldy, IP telewideniýe, internet we telefon ulgamyna birikdirildi. Öýleriň otaglarynyň ýerleşdirilişi öňdebaryjy talaplara laýyk gelýär we olaryň giň eýwany, uly myhman otagy, özbaşdak durmuş üpjünçiligi bolan ýatylýan otaglar degişli derejede enjamlaşdyryldy. Aşhanalarda durmuş tehnikasy, ykjam mebeller oturdyldy. Jaýlaryň hojalyk desgalary hem bar.
Kottej jaýlary toplumynda türkmen halkynyň milli däp-dessurlary esasynda baýramçylyk çärelerini geçirmek, myhman kabul etmek, toý tutmak, baýramçylyklary bellemek üçin zerur şertler bar. Şunuň ýaly jaýlar gurlanda, halkymyzyň ýaşaýyş we durmuş ulgamyna degişli dessurlaryň aýratynlyklary, ýaşaýjylaryň sargytlary göz öňünde tutulýar. Olaryň gurluşygynda ýerli çig mallar esasynda taýýarlanan durnukly gurluşyk serişdeleri ulanyldy.
Şeýle hem jaýyň mellek ýeri bolup, onda ekerançylyk we bagbançylyk bilen meşgullanmak üçin mümkinçilikler bar. Bu ýerde çagalaryň wagtlaryny şadyýan geçirmeklerine niýetlenen ýerleriň göz öňünde tutulandygyny hem bellemeli.
Öýleriň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyryldy, gök zolaklar döredildi. Ýollaryň gyralarynda, öýleriň ýanynda bag nahallary oturdyldy. Munuň özi ekologik abadançylygyň, adamlaryň boş wagtlaryny netijeli geçirmekleri üçin şertleriň döredilmeginde aýratyn ähmiýetlidir.
Täze jaýlara göçüp gelen maşgalalara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Dabara gatnaşyjylar olara uzak we bagtyýar durmuş arzuw etdiler.
Dünýäniň iň owadan we amatly şertlerini özünde jemleýän şäherleriniň birine öwrülen ak mermerli Aşgabat ýyl-ýyldan öz çäklerini giňeldýär we onda täze ýaşaýyş jaý toplumlary, durmuş maksatly beýleki desgalar yzygiderli gurulýar. Şeýlelikde, Watanymyzyň nurana geljegi üçin ygtybarly binýat döredilýär. Ýurdumyzyň her bir güni netijeli işleriň täze üstünliklerine beslenýär. Gurluşyk meýdançalarynyň gerimi Diýarymyzyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini görkezýär.
Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky kottejler toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasy ýurdumyzyň ägirt uly üstünlikleri gazanýandygyny, döwletimiziň, jemgyýetimiziň durmuşynyň dürli ugurlarynda ýetilen sepgitleri görkezýär. Munuň özi halkymyza häzirki zamanyň eşretlerinden netijeli peýdalanmaga giň mümkinçilikleri açýar.
Bu özgertmeleriň gerimi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, döwletimiziň kuwwatyny alamatlandyrýar. Bu bolsa halkymyzyň abadançylygyny esasy ugur edinýän ýurdumyzyň ösüşiň täze derejesine çykandygynyň nobatdaky beýanydyr.