Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda dabaraly konsert geçirildi. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow konserte hormatly tomaşaçy hökmünde gatnaşdy.
Hormatly Prezidentimiz dabaranyň geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, beýleki resmi adamlar garşyladylar.
Dabaraly konserte gatnaşyjylar hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi we onuň Başlygy wezipesine hormatly Arkadagymyzyň bellenilmegi hem-de Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmen halkynyň Milli Lideri» diýlip, kanuny esasda ykrar edilmegi bilen tüýs ýürekden gutladylar. Munuň özi ýurdumyzyň durmuşynda taryhy ähmiýetli wakadyr. Tutuş halkymyzyň erk-islegi esasynda kabul edilen bu çözgüdiň Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryna bildirilýän hormatyň aýdyň nyşanydygyny belläp, çykyş edenler ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirilmeginiň uly ähmiýete eýedigini nygtadylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, öňe sürülýän teklipleriň giňden goldaw tapmagynyň hormatly Arkadagymyzyň asylly işleriniň üstünliklere beslenýändiginiň subutnamasydygyny belledi. Ýurdumyz üçin möhüm ähmiýetli çözgütler halk bilen ara alnyp maslahatlaşylandan soňra kabul edilýär. Munuň özi häkimiýet bilen halkyň, döwlet bilen jemgyýetiň arasyndaky baglanyşygyň yzygiderli pugtalanýandygynyň nobatdaky beýanydyr.
Soňra bu ýerde ýurdumyzyň durmuşyndaky taryhy ähmiýetli waka mynasybetli guralan dabaralar baýramçylyk konserti bilen dowam etdirildi. Sungat ussatlary joşgunly çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny wasp etdiler.
“Öňe barýas Arkadagly Serdar bilen!” atly şygara beslenen konsertde ýaňlanan aýdymlar joşgunly tanslar bilen utgaşdy. Ýurdumyzyň durmuşyndaky uly ähmiýetli wakalary şunuň ýaly dabaralar bilen bellemek asylly däbe öwrüldi. Ýaňlanan aýdym-sazlar joşgunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Munuň özi sungat ussatlarynyň çykyşlaryna berilýän ýokary bahanyň nyşanyna öwrüldi.
Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine döredilen “Ýaşasyn parahat durmuş!” atly aýdym häzirki döwürde Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleriň başyny başlan hormatly Arkadagymyzyň amala aşyran işleriniň senasy bolup ýaňlandy. Belli estrada aýdymçylarynyň, folklor we tans toparlarynyň joşgunly çykyşlary ajaýyp baýramçylyk ýagdaýyny döretdi, döwürleriň we nesilleriň üznüksiz ruhy baglanyşygyny alamatlandyryp, tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň milli medeniýeti ösüşiň täze derejesine çykdy. Türkmen halkynyň ruhy mirasy, onuň edebiýaty we sungaty dünýä medeniýetiniň hazynasynda mynasyp orun alyp, döwrüň ruhuna laýyklykda baýlaşdyrylýar. Konsertde milli medeniýetiň dürli ugurlaryny beýan edýän köpöwüşginli çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Onuň maksatnamasyna milli saz sungatynyň ajaýyp nusgalary, nusgawy we häzirki zaman eserler, aýdymdyr tanslar girizildi. Halkymyzyň özboluşly däp-dessurlaryny açyp görkezýän folklor çykyşlary nesilleriň dowamatlylygyny alamatlandyrdy.
Konsertde çykyş edenler öz ussatlyklaryny görkezdiler hem-de tomaşaçylaryň söýgüsine mynasyp boldular. Döwrebap tehnologiýalaryň ulanylmagy bolsa dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.
Belent ruha beslenen, joşgunly owazly “Dowam bolsun!” atly aýdym bu ýerde guralan konsertiň jemini jemledi we täze ýeňişlere, halkymyzyň abadançylygynyň, ähli arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy bolan Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine beýik üstünliklere çagyryş bolup ýaňlandy.