Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
Çap edildi 25.11.2024
2148

Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Siziň başlangyçlaryňyz bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan belent sepgitlere ýetýär, taryhy ösüşlere eýe bolýar. Milli ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda uly özgertmeler amala aşyrylýar, döwletimiz ýagty geljege, has beýik ösüşlere tarap ynamly barýar. Häzirki wagtda geçmiş taryhymyz ebedileşdirilip, milli ýolumyz döwrebap derejede dowam etdirilýär.

Öz oý-pikirlerimi jemläp, ençeme maglumatlary seljerip, halkymyzyň bütin taryhyň dowamynda döreden hem-de häzirki nesillere miras galdyran milli gymmatlyklaryna, şan-şöhratly ýoluna, taryhda uly yz galdyran şahsyýetlerimize bagyşlap, «Hakyda göwheri» atly täze kitabymy ýazyp tamamladym.

Hormatly Prezidentimiz!

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda neşir edilen «Hakyda göwheri» atly bu kitabymyň ilkinji nusgasyny sowgat hökmünde kabul etmegiňizi Sizden haýyş edýärin.

«Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýip belleýşiňiz ýaly, halkymyz ýurdumyzyň at-abraýyny belende göterýär. Häzirki wagtda tutuş dünýäde türkmen halkynyň taryhyna uly gyzyklanma bildirilýär, ýurdumyzyň döwletli döwranyna, ösüşli gadamlaryna ýokary baha berilýär.

Biziň taryhy ýadygärliklerimiz, maddy we ruhy gymmatlyklarymyz umumadamzat medeni genji-hazynasyndan uly orun alýar, halkara ykrarnama eýe bolýar. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», şeýle hem bu ýylda Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi hem her bir türkmenistanly üçin uly bagtdyr. Bu üstünliklerimizi beýan etmek bolsa meniň üçin uly mertebedir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Pursatdan peýdalanyp, «Hakyda göwheri» atly täze kitabymy ýollamak bilen, Size berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan döwletli işleriňizde diňe rowaçlyklary arzuw edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
26.08
Hormatly Prezidentimiz Stomatologiýa merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
26.08
Ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty
26.08
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.08
Gahryman Arkadagymyz bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
25.08
Ýokary hilli hünär bilimi — Watanymyzyň gülläp ösüşiniň binýady
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
24.08
Parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap
top-arrow