Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
Syýasat habarlary
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
Çap edildi 26.11.2024
531

Hormatly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli geçirilýän «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk ulgamynyň işini kämilleşdirmäge, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ulag diplomatiýasynyň hukuk esaslaryny berkitmekde, döwletimiziň ulag pudagynyň mümkinçiliklerini has-da pugtalandyrmakda, bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmekde we durmuşa geçirmekde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň milli ulag syýasatynyň esasy ugurlaryny özünde jemleýän bu resminamada geljek ýyllarda ulag ulgamynda giň strategik maksatlary we çäreleriň toplumyny amala aşyrmak göz öňünde tutulandyr. Şeýle hem berkarar döwletimiziň üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini netijeli ulanmak arkaly birleşen multimodal üstaşyr ulag ulgamlaryny we geçelgelerini döretmek bu Maksatnamanyň esasy wezipeleriniň biridir.

Hormatly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylar!

Berkarar döwletimiz logistikany ösdürmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga möhüm ähmiýet berýär. Ulag-aragatnaşyk strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistan sebit we yklym ähmiýetli wajyp ulag-logistik merkez hökmünde eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar. 2023-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Milletler Bileleşigine agza ýurtlaryň biragyzdan goldamagynda 26-njy noýabryň «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edilmegi döwletimiziň öňe sürýän dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň güwäsidir. Bulardan başga-da, Türkmenistanyň başlangyjy bilen soňky birnäçe ýylyň dowamynda öňe sürülýän başlangyçlar Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan yzygiderli goldanylyp gelinýär. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ýurdumyzyň başlangyjy esasynda soňky döwürde kabul edilen 6 sany Kararnama muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň gatnaşmagynda we başlangyçlary esasynda dünýä üstaşyr ulag gatnawlary bilen baglanyşykly köp işler amala aşyrylýar. Demirgazyk — Günorta hem-de Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça hereket edýän halkara ulag we üstaşyr geçelgelerini döretmek hakynda Eýranyň, Omanyň, Kataryň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Hökümetleriniň arasynda Ylalaşyk (Aşgabat Ylalaşygy), üstaşyr ulag hyzmatdaşlygy hakynda “Lapis Lazuli” ugry boýunça Ylalaşyk, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýol geçelgesi, Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesiniň (TRACECA) çäklerinde Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegi iň täze ulag tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, multimodal gatnawlary guramak we kämilleşdirmek boýunça düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.

Häzirki döwürde ýurdumyz deňiz portunyň mümkinçiliklerini giňeltmekde, gämi gurluşygyny ilerletmekde, awtobanlary, demir ýol köprülerini, howa menzillerini gurmakda hem-de üstaşyr ulag mümkinçiliklerini artdyrmakda möhüm ähmiýetli birnäçe taslamalary amala aşyrýar. Bu halkara forumyň geçirilmegi durnukly ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge mümkinçilik berip, Türkmenistanyň halkara üstaşyr ulag ulgamlaryndaky ähmiýetini aýdyň görkezer. Türkmenistanyň Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ulag geçelgelerindäki ornuny, multimodal ýük geçirijilik boýunça innowasion mümkinçiliklerini dünýä ýaýmaga giň şert döreder. Häzirki döwürde ulag ulgamyndaky gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak babatda Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlary bu ugurda tagallalary birleşdirmäge ýardam edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň bu ugra gönükdirilen sebit, yklym hem-de ählumumy derejedäki başlangyçlary Merkezi Aziýada we Hazar deňzi sebitinde üstaşyr ulag, logistika ulgamlarynyň döredilmeginde möhüm orny eýeledi.

Türkmenistan bu gün multimodal ulag-aragatnaşyk ulgamyny, şol sanda demir ýollar, awtoulag, deňiz ýollary, portlar ýaly üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek we goldamak üçin döwlet bilen hususy pudagyň hyzmatdaşlygyny has-da jebisleşdirmegiň, bu ugra maýa goýumlary çekmegiň möhümdiginden ugur alyp, bäsdeşlige ukyply milli logistika kompaniýalarynyň döredilmegine aýratyn üns berýär.

Ulag pudagynda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy berkitmek hem şu günüň wajyp wezipesidir. Bu işleriň barşynda ýurdumyz howa ulaglary pudagynda Halkara raýat awiasiýasy guramasy (ICAO), Halkara ulaglar assosiasiýasy (IATAA) we Ýewropanyň uçuşlaryň howpsuzlygy boýunça agentligi (EASA), awtomobil ulaglary pudagynda Halkara awtomobil ulaglary birleşigi (IRU), demir ýol ulaglary pudagynda Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasy (OSJD), deňiz we derýa ulaglary pudagynda Halkara Deňiz Guramasy (IMO) bilen hyzmatdaşlyk edýär. Hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýöriteleşdirilen okuwlary guramak, halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak, üpjünçilik ulgamlaryny netijeli ulanmak, döwrebaplaşdyrmak we halkara hukuk resminamalaryny taýýarlamak boýunça işler giň gerimde alnyp barylýar.

Hormatly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylar!

Içerki ulag pudagyny kämilleşdirmek, halkara ulag-logistika ulgamyna işjeň goşulyşmak, üstaşyr ýük daşamalardaky hereketleri işjeňleşdirmek milli ykdysadyýeti has-da ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň belent münberinden bu meseleleri diňe bir milli ýa-da sebit derejesinde däl, eýsem, dünýä derejesinde hem üns berilmeli meseleler hökmünde öňe sürýär.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hil taýdan täze itergi bermäge gönükdirilen degişli Kararnamalary kabul etdi. Bu möhüm resminamalar Türkmenistanda ulag ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň halkara derejede goldanylýandygynyň aýdyň mysalydyr.

Hormatly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli geçirilýän «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
12.12
Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
12.12
Türkmenistanyň Prezidenti “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
12.12
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.12
Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanyna baýramçylyk dabarasy
12.12
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
11.12
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekilini kabul etdi
11.12
Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary Abdulaziz Hafizowiç KAMILOWA Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
11.12
Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasaryny Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
11.12
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
11.12
Belent ruhy ýörelgeleriň dowamatlylygy — Watanymyzyň rowaçlygynyň binýady
top-arrow