Baş sahypa
\
Resmi
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hakynda Permany
Resmi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hakynda Permany
Çap edildi 21.01.2023
6054

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hakynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer syýasaty üstünlikli durmuşa geçirip, demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň berk binýadyny tutmakda, uzak ýyllaryň dowamynda döwlet we jemgyýetçilik işinde işlemek bilen, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany hemmetaraplaýyn ösdürmekde, onuň halkara abraýyny, jemgyýetimiziň bitewüligini, halkyň agzybirligini we jebisligini berkitmekde asyrlara barabar hyzmatlary bitirendigini, türkmen halkynyň beýik sylagyna, belent sarpasyna, uly hormatyna mynasyp bolan, döwrümiziň görnükli döwlet işgäri we syýasatçysy hökmünde ykrar edilendigini, döwleti parasatly dolandyrmakda ýokary guramaçylyk ukyplaryny, başarjaňlygyň, tutanýerliligiň, ýolbaşçylyk etmegiň belent nusgasyny görkezendigini we baý tejribesini göz öňünde tutup, «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň 3-nji maddasynyň birinji bölegine laýyklykda, karar edýärin:

Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, halkyň Arkadagy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 

2023-nji ýylyň 21-nji ýanwary.

Soňky habarlar
26.11
Ulag ulgamynda zähmetiň halkara kadalary
26.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
26.11
«Sanly çözgüt — 2026» innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
25.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
25.11
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň 11-nji mejlisi
25.11
Ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk ilerledilýär
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Omanyň Soltanyny gutlady
24.11
Türkmenistan möhüm ulag-logistika we aragatnaşyk köprüsi hökmünde ornuny berkidýär
24.11
Halkara hukuk ýylyna hem-de BMG bilen GDA-nyň hyzmatdaşlygyna bagyşlanan brifing
24.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2026» atly halkara maslahata we sergä hem-de «Türkmentel — 2026» atly XIX halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara
top-arrow