Baş sahypa
\
Türkmen tebigatyň gözelligi
\
Sekizýap – Köpetdagyň merjeni
Türkmen tebigatyň gözelligi
Sekizýap – Köpetdagyň merjeni
Çap edildi 31.12.2022
8191

Köpetdagyň goýnunda ençeme ajaýyp ýerler bar. Dag gerişleri, kert kenarly çeşme-çaýlarynyň we geň galdyrýan dereleriň hem-de belent daglaryň arasyndaky tekiz belentlikleriň gapma-garşylygy haýrana goýýar.

Bu sebitdäki daglar galyň gatlakly deňiz çökündilerinden emele gelipdir, olaryň gatlaklarynda köplenç daşa dönen uly çaňňalaklary – ammonitleri – gadymy deňizde ýaşan mollýuskalaryň galyndylaryny, özboluşly togalak mineral daşlary we del ösümlikleriň saklanyp galan yzlaryny görmek bolýar.

Ýöne tebigat söýüjileri özüne çekýän pursat diňe bir geçmişdäki durmuşyň daşa dönen yzlary däl. Bu ýerde hakyky tebigy ýadygärlikler – düýbünden düzlüklere tarap akýan Altyýap, Sekizýap ýaly dag çeşmeli gözel jülgeler bar.

Köpetdagyň ähli çeşme-çaýlary uzynlygy onlarça kilometre barabar bolan belent daglaryň göwsünden çogup çykýan bulaklardan gözbaş alyp gaýdýar. Sekizýap çaýy-da Germap jülgesindäki hut şunuň ýaly çeşmelerden gözbaş alýar.

Germap, hakykatdan hem Köpetdag jülgeleriniň we geçitleriniň arasynda ýerleşen ajaýyp ýer. Bu ýerde kiçijik aýlagy emele getirýän bulaklar sekiz ýerden çogup çykýar. Çeşme-çaýyň birneme giň we çuň ýerleri bar. Suw bar ýerinde ýaşaýyş bar. Hatda şu güýz günlerinde jülge gök öwüsýär. Ýaz paslynda, miweli agaçlar gülläp, töwerek gülälekdir çigildeme örtülende, bu ýeriniň gözelligi islendik suratkeşiň ylhamyny joşdurar.

Tereň dag çeşmesi dereden çykyp, kert gaýalary onlarça metre galýan jülgä tarap ýol ýasaýar. Jülge bolsa kä ýerde daralyp, ýabany haýwanlaryň şekillerine meňzeýän geň gaýaly hakyky derýa hanasyna öwrülýär.

Daş-töwereginde hoz agaçlary, zirk çogdamy, böwürslen we ýemşen gyrymsy agaçlary, turşumtyk-süýji nar, armyt, behi, alça, alma ýaly ösümlikler ösýär.

Köpetdagyň eteginde ösümlikleriň takmynan 1700 görnüşi ösýär, bu Merkezi Aziýada iň uly ösümlik toplumydyr. Bu ýerde geografik taýdan gelip çykyşy biri-birinden juda üzňe bolan ösümlikler «goňşulykda ýaşaýarlar». Köpetdagyň tebigy goraghanalarynda gezelenç edýän syýahatçy bu ýerde haşal otlaryň daragt — arça-kerkaw tokaýlaryndan ep-esli derejede agdyklyk edýändigine hökman üns berer.

Haşal otlar düzlükleriň we jülgeleriň goýnunda giň tebigy jeňňelligi emele getirýärler. Dag dereleriniň we çuň jülgeleriň çyglylygyny söýýän daragtlar, gyrymsy agaçlar indi gadymdan galan ýadygärlige öwrülipdir.

Soňky habarlar
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
top-arrow