Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Watanymyzyň ösüşiniň we abadançylygynyň bähbidine
Hepdäniň wakalary
Watanymyzyň ösüşiniň we abadançylygynyň bähbidine
Çap edildi 25.12.2022
3194

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan öňdebaryjy tehnologiýalara we innowasiýalara esaslanyp, depginli ösýän ýurt hökmünde dünýädäki abraýyny barha artdyrýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda giň gerimli taslamalar we netijeli başlangyçlar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy şol taslamalaryň esasy maksadydyr.

19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saudy kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Saudyň mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna rowaçlyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ministriň Türkmenistana şu gezekki saparynyň uzak möhletleýin türkmen-saud gatnaşyklaryny ösdürmegiň ýolunda nobatdaky ädim boljakdygyna ynam bildirip, iki dostlukly döwletiň daşary syýasat edaralarynyň geňeşmelerinde üstünlikleri arzuw etdi hem-de Aşgabatda Saud Arabystany Patyşalygynyň ilçihanasynyň täze binalar toplumynyň açylmagy bilen gutlady.

Döwlet Baştutanymyz we myhman ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar iki ýurduň hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlydygyny tassyklap, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň oňyn depginini we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly eksport-import mümkinçilikleriniň bardygyny bellediler. Ýangyç-energetika toplumy, söwda, maýa goýumlar, ulag-aragatnaşyk, himiýa we dokma senagaty, oba hojalygy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Ylym we medeniýet ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigine aýratyn üns çekildi.

Şol gün hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bellenilişi ýaly, şu günler daýhanlarymyz tarapyndan ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri, hususan-da, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Şeýle hem geljek ýylda gowaçanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň düýbüni tutmak maksady bilen, ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işleri geçirilýär.

Şunuň bilen bir hatarda, häzirki wagtda Balkan we Mary welaýatlarynda ösdürilip ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işi dowam edýär, ýurdumyzyň suw howdanlaryna suw toplamak işleri bellenen meýilnama laýyklykda alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň oba hojalyk pudagyndaky wezipelere ünsi çekdi hem-de bugdaýa ideg etmek, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary taýýarlamak, oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlamak, welaýatlarda suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini nygtady.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatlarda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny talabalaýyk geçirmek boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy. Mundan başga-da, welaýat häkimlerine ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, elektrik energiýasy, suw, tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça degişli işleri geçirmek tabşyryldy. Täze ýyl baýramy günlerinde welaýatlaryň bazarlaryny we dükanlaryny azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek meselesine-de jogapkärçilikli çemeleşmek zerurdyr.

21-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurluşygy bilen bagly ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişiniň barşy baradaky meseleler girizildi, aýry-aýry ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi. Şeýle-de bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça öňde duran wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlis başlamazdan ozal, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň çäklerinde alnyp barylýan işler, medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň çyzgylary, şekil taslamalary bilen tanyşdy. Bu ýerde görkezilen şekil taslamalarynyň hatarynda merkeziň baş meýdançasynda oturdyljak Baýdak sütüniniň hem-de onuň ýanaşyk ýerleriniň şekil taslamalary bar. Şeýle hem Ahal welaýatynyň häkimliginiň edara binasynyň jaýy, merkeziň çägindäki inženerçilik ulgamlary we olaryň eýeleýän umumy meýdany baradaky şekil taslamalary, desgalaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary görkezildi. Merkeziň gurluşygynda ýerine ýetirilýän işleriň gerimi, onuň desgalarynda ornaşdyrylýan döwrebap enjamlaryň ähmiýeti, şäher düzüminiň ähli ugurlarynda ulanyljak sanly ulgam şertleriniň häzirki zaman derejesi, umuman, “akylly” şäher konsepsiýasynyň ýerine ýetirilmegine gönükdirilen giň möçberli işler barada maglumat berýän wideoşekiller hem görkezildi.

Welaýatyň ýaşaýjylarynyň we ýurdumyzyň raýatlarynyň isleg-arzuwlaryny, jemgyýetçilik birleşikleriniň tekliplerini göz öňünde tutup, “Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, “Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine şäher derejesini bermek we oňa at dakmak hakynda” Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň ýolbaşçysy Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini “Ahal welaýatynyň Arkadag şäheri” diýip atlandyrmak çözgüdine gelnendigi baradaky hoş habary aýtdy.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň kabul eden karary esasynda çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny dakmak, merkezi seýilgähdäki belent sungat binasyna döwrümiziň görnükli syýasatçysy, türkmen halkynyň beýik Ogly Gurbanguly Berdimuhamedowyň — Gahryman Arkadagymyzyň adyny dakmak we mundan beýläk ony “Arkadag Binasy” diýip atlandyrmak, Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebine Aba Annaýewiň, Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine Berdimuhamet Annaýewiň, lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine Saçly Dursunowanyň, Ahal atçylyk sirkine türkmen halkynyň milli gahrymany Göroglynyň, welaýat kitaphanasyna Döwletmämmet Azadynyň, drama teatryna Aman Gulmämmedowyň, ýörite sungat mekdebine Sahy Jepbarowyň, çagalar sungat mekdebine Şükür bagşynyň adyny dakmak bellenildi.

Arkadag şäherinde durmuş we ykdysady ulgamlarda gazanylan üstünlikleri köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde şöhlelendirmek, onuň desgalarynyň gurluşygyna gönükdirilýän döwlet serişdeleriniň özleşdirilmegi, Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň gurluşygy tamamlanan desgalarynyň we binalarynyň kabul edilişini guramak, täze merkezde öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we ylmy işi guramak, sanly ulgamy dolandyrmak boýunça hünärmenleri taýýarlamak mejlisde garalan beýleki meseleleriň hatarynda boldy. Şeýle hem Ahal welaýatynyň Arkadag şäherinde ekologik taýdan arassa elektroulaglary ulanmak we olary ýurdumyza getirmek baradaky tabşyrygyň ýerine ýetirilişi barada habar berildi. Şunuň bilen birlikde, ähli amatlyklary bolan döwrebap awtotoplumy hem-de elektrik tok beriji beketleri gurmak göz öňünde tutulýar.

Degişli ýolbaşçylara Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň ikinji tapgyryny öz wagtynda, ýokary hilli amala aşyrmak üçin degişli işleri geçirmek tabşyryldy. Şunda işçileriň netijeli zähmet çekmegi üçin ähli şertleri döretmegiň wajypdygyna aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze şäherde Söwda müdiriýetini, Saglygy goraýyş we bilim ugurlary boýunça müdiriýetleri açmagy, mekdepleri we çagalar baglaryny ýokary derejeli mugallymlar we terbiýeçiler bilen üpjün etmegi, ähli bilim edaralarynda sanly ulgamy ornaşdyrmagy, sanly ulgam boýunça hünärmenleri taýýarlaýan merkezi açmagy tabşyrdy.

Arkadag şäheriniň açylyşynda dabaraly harby ýörişi geçirmek, köçeleriň, meýdançalaryň we binalaryň sanawy, olaryň bezeg işleriniň taslamalary, şäheri, onuň ýanaşyk ýerlerini bagy-bossanlyga büremek, täze merkeziň Baş meýdançasynda baýramçylyk konsertini guramak bilen baglanyşykly aýry-aýry tabşyryklar berildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurluşygy tamamlanan desgalarydyr binalary seljermek hem-de kabul etmek boýunça pudagara topary döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakynda Buýruga gol çekdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda aýdym-saz sungatyny ösdürmäge goşant goşandyklary üçin hem-de döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren uly hyzmatlaryny göz öňünde tutup, Ahal welaýat Medeniýet müdirliginiň «Ahal öwüşginleri» etnografik-folklor tans toparynyň artisti Kuwwat Çaryguliýewe hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň ýaşaýjysy, aýdymçy Döwletgeldi Amanlykowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi.

23-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Milli kanunçylygy kämilleşdirmek, erkin ykdysady zolaklary döretmek we ösdürmek boýunça Döwlet maksatnamasynyň taslamasyny taýýarlamak, “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümçilik desgalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň welaýatlaryndaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de suw serişdeleriniň rejeli peýdalanmagy mejlisde garalan meseleleriň hatarynda boldy.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan garamagyndaky kärhanalary zerur bolan çig mal bilen üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler, energetika syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak, şol sanda türkmen elektrik energiýasynyň eksport möçberini we ugurlaryny artdyrmak, daşary söwda işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler, “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetirilýän işler barada habar berildi. 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda meýilleşdirilen çäreleri guramak, türkmen halkynyň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemäge taýýarlyk görmek mejlisde garalan beýleki meseleleriň hatarynda boldy.

Mejlisde hormatly Prezidentimiz Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýuridik şahslaryň ýer böleklerinden peýdalanmak hukugyny, olaryň peýdalanýan ýer böleklerini peýdalanmaga bermek üçin, agzalan şahslaryň ylalaşygy esasynda bes etmek, şeýle hem ýer böleklerini döwlet edara-kärhanalaryna peýdalanmaga bermek bellenildi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Türkmen elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermek baradaky meýilnamalary ýerine ýetirmek, Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda elektrik energetikasy pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasyna Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlaryna laýyklykda, Türkmenistandan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek barada Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” kompaniýasy bilen baglaşan şertnamalarynyň möhletini uzaltmak hem-de iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini we bahalaryny kesgitlemek barada goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berildi.

24-nji dekabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze, döwrebap edara ediş merkeziniň — Arkadag şäheriniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy hem-de şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy we degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde bina edilmegi meýilleşdirilen desgalaryň taslamalary bilen tanşyp, täze merkeziň ikinji tapgyrynyň gurluşygyny başlamaga ak pata berdi. Hormatly Arkadagymyz hemmeleri ýetip gelýän Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, ýurdumyzyň ähli halkyna berk jan saglygyny, uzak ömür, maşgala bagtyýarlygyny, ýurt abadançylygyny, il-ýurt bähbitli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi hem-de Täze ýyl baýramyna bagyşlap döreden täze goşgusyny okady.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ulgamlaryny mundan beýläk-de ösdürmäge, halkymyzyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalaryň we taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.

Soňky habarlar
26.12
Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy — umumadamzat gymmatlygy
25.12
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy
25.12
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.12
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
25.12
Mary welaýatynda täze suw arassalaýjy desga açyldy
25.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
24.12
Ösüşiň täze sepgitlerini nazarlap
24.12
Ýurdumyzda döwrebap gidrotehniki desgalar ulanmaga berildi
23.12
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
23.12
Sanly bank ulgamy halkyň hyzmatynda
top-arrow