Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanyň ajaýyp seneleri dünýä metbugatynyň sahypalarynda
Jemgyýet
Türkmenistanyň ajaýyp seneleri dünýä metbugatynyň sahypalarynda
Çap edildi 22.12.2022
954

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ata Watanymyz Türkmenistan dünýäniň köp sanly habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde durýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy, şeýle-de Halkara Bitaraplyk güni we ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 27 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda we daşary ýurtlarda dürli çärelerdir dabaralar geçirildi, Diýarymyzyň gazanýan üstünliklerini beýan edýän neşirler çap edildi.

Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde neşir edilýän “The Diplomatiс Insight” žurnalynyň hem-de Hindistanda çap edilýän “EnGlobal” işewürlik žurnalynyň Türkmenistana bagyşlanan iňlis dilindäki ýörite sanlary munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu žurnallaryň sahypalarynda ata Watanymyzyň gazanýan üstünlikleri baradaky maglumatlar Aziýa sebitiniň we beýleki ýurtlaryň okyjylar köpçüligine ýetirilýär. Uly mümkinçiliklere eýe bolan ýurt hökmünde Türkmenistana tutuş dünýäde gyzyklanma artýar. Şol mümkinçilikler diňe bir tebigy çig mal serişdeleri bilen däl, eýsem, medeniýet, bilim, ylym, saglygy goraýyş, syýahatçylyk ulgamlaryndaky ägirt uly kuwwaty bilen şertlendirilendir. Bu ulgamlar bolsa ykdysadyýet biliminde, maýa goýum gatnaşyklarynda, intellektual alyşmalarda möhüm orun eýeleýär. Meşhur daşary ýurt neşirleriniň ýörite sanlarynyň çap edilmegi munuň nobatdaky subutnamasydyr.

Dostlukly ýurtlaryň žurnallarynyň sahypalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda syýasy-diplomatik, ykdysady, durmuş we hukuk ulgamlarynda, ylymda, medeniýetde gazanylan uly üstünlikler beýan edildi. Olarda Türkmenistanyň dünýä ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmeginiň geljegi, sebitiň döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak baradaky makalalar çap edildi. Bu neşirlerde şu ýylyň 29-njy iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklygynda geçirilen altynjy Hazar sammiti hakynda giňişleýin maglumatlar getirildi. Şol sammite gatnaşmak üçin Hazarýaka ýurtlaryň döwlet Baştutanlary — Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Aşgabada geldiler.

Hazar deňzi sebitinde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy saklamak, bu sebiti ösdürmek üçin ygtybarly syýasy, hukuk kepilliklerini üpjün etmek ýaly möhüm wezipä bagyşlanan makalalar okyjylar köpçüligine hödürlenilýär. Ýurdumyzyň energetika, ulag, suw diplomatiýasy boýunça halkara başlangyçlaryna hem-de Durnukly ösüş maksatlaryny netijeli durmuşa geçirmäge gönükdirilen ädimlerine aýratyn üns çekilýär. Bulardan başga-da, žurnallarda döwletimiziň Garaşsyzlygynyň taryhy, türkmen Bitaraplygynyň özboluşlylygy barada gürrüň berilýär. Ýurdumyzyň daşary syýasy ugry beýleki ýurtlaryň özygtyýarlylygyna we çäk taýdan bitewüligine hormat goýmaga, olaryň içerki işlerine goşulyşmazlyga, döwletara gatnaşyklarda güýç ulanmazlyga, halkara işlerde BMG-niň çözgütleriniň ileri tutulmagyna, ähli ýurtlar bilen hoşniýetli goňşuçylygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Şunuň bilen bir hatarda, köpugurly hyzmatdaşlygyň çäklerinde parlamentara gatnaşyklaryň ähmiýeti barada möhüm maglumatlar getirilýär. Şol hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň üstüni ýetirmelidir, olaryň kanun çykaryjylyk binýadyny pugtalandyrmalydyr we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmalydyr. Neşirleriň sahypalarynda gozgalan beýleki möhüm mowzuklaryň hatarynda milli ykdysady nusganyň aýratynlyklary, nebitgaz, energetika, ulag, senagat, söwda, oba hojalygy, saglygy goraýyş we syýahatçylyk ulgamlarynyň ösüşi bilen bagly meseleler bar.

Žurnallar ýurdumyzyň we paýtagtymyzyň durmuşy, medeniýeti, aýdym-saz sungaty, türkmen tagamlary, milli mirasy, taryhy ýadygärlikleri barada giň düşünje almaga mümkinçilik berýän köpöwüşginli suratlar bilen bezelipdir. Munuň özi okyjylara Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hasaplanýan Türkmenistanda amala aşyrylýan özgertmeleriň giň gerimine has aýdyň göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Soňky habarlar
31.01
Watanymyz beýik özgertmeleriň ugry bilen ynamly öňe barýar
31.01
Türkmenistanyň Prezidenti Belgiýanyň Patyşasyny gutlady
31.01
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
31.01
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
31.01
M.Bäşimowa Daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi
30.01
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
30.01
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygyny kabul etdi
30.01
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
30.01
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
30.01
Türkmen-rus parlamentara hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy
top-arrow