Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 12.12.2022
4076

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Sardor Umurzakowy kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi hem-de hormatly Prezidentimizi şanly sene — Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady. Şeýle hem ol özbek Lideriniň hormatly Prezidentimize iberen Gutlagyny gowşurdy we özüniň ýakynda Türkmenistana bolan saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygy barada aýdanlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Özbegistan biziň ýurdumyz bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkidilmegine möhüm ähmiýet berýär. Onuň esasynda iki doganlyk halkyň taryhy-medeni we ruhy umumylygy bar.

Döwlet Baştutanymyz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen iki gezek berkidilen Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 27 ýyllygynyň baýram edilýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow özbek Liderine hoşniýetli arzuwlaryny aýdyp, ýurdumyzyň doganlyk Özbegistan bilen däp bolan we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklara ygrarlydygyny nygtady.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz we myhman soňky ýyllarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykandygyny bellediler. Munuň özi özara düşünişmek we açyklyk esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklara mahsus ýörelgedir. Bu bolsa dostlukly hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň sebitleýin, şeýle-de ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri, ilkinji nobatda bolsa, parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýaly ugurlar boýunça garaýyşlarynyň umumydygy hem ýakyndygy aýdyldy. Bu bolsa netijeli gatnaşyklaryň we halkara giňişlikde tagallalary utgaşdyrmagyň möhüm şerti bolup durýar.

Şol bir wagtyň özünde soňky ýyllarda parlamentara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilendigi bellenildi. Bu bolsa döwletara gatnaşyklaryň täze many-mazmun bilen baýlaşmagyny şertlendirýär. Özara bähbitli hyzmatdaşlyk we kanun çykaryjy edaralaryň arasynda tejribe alyşmak türkmen-özbek gatnaşyklarynyň hukuk binýadynyň berkidilmegine ýardam berýär.

Söwda-ykdysady ulgam ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda haryt dolanyşygynyň oňyn ösüşini saklamagyň we ýokary derejede guralan saparlaryň, gepleşikleriň çäklerinde gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň zerurdygy bellenildi.

Hyzmatdaşlygyň geljekde täze ugurlarynyň wajypdygy barada hem aýdyldy. Biziň ýurtlarymyz özara söwdanyň, maýa goýumlaryň möçberlerini artdyrmak, senagat, ulag, energetika, oba hojalygy ýaly ugurlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedirler.

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hasaplanylýar. Bu ugurda netijeli gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny bellemek ýakymly.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Sardor Umurzakow dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk däpleri esasynda berkidilen döwletara hyzmatdaşlygyň ählumumy abadançylygyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow