Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Halkara dizaýnerleriň Aşgabat dialogy
Jemgyýet
Halkara dizaýnerleriň Aşgabat dialogy
Çap edildi 20.10.2022
2984

Şu gün Söwda-senagat edarasynda Aşgabady “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek bilen bagly işleriň çäklerinde utgaşykly görnüşde halkara dizaýnerleriň Aşgabat dialogy geçirildi.

Paýtagtymyzyň häkimligi tarapyndan ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariaty bilen bilelikde guralan forum degişli guramalaryň ýolbaşçylaryny hem-de hünärmenlerini bir ýere jemledi. Oňa sanly ulgam arkaly Kanadadan, Türkiýeden, Hytaýdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Azerbaýjandan ugurdaş düzümleriň we ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri goşuldylar. Munuň özi halkara medeni gatnaşyklary ösdürmekde ak mermerli paýtagtymyzyň eýeleýän möhüm ornunyň ykrar edilýändiginiň, Aşgabadyň dünýäniň iň owadan şäherleriniň hatarynda ornuny pugta berkidýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Duşuşykda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şähergurluşyk syýasatyna ýokary baha berildi. Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýanyň merjeni bolan Aşgabadyň barha täzelenýän keşbinde ýurduň durmuş-ykdysady taýdan abadançylyk derejesiniň depgini, köptaraplaýyn mümkinçilikleri, halkymyzyň baý taryhy hem-de medeni däpleri aýdyň beýanyny tapýar. Ak mermerli paýtagtymyzda ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde täze binagärlik toplumlary we döwrebap ýaşaýyş jaýlary yzygiderli gurulýar.

Ýurdumyzyň baş şäheri ýyl-ýyldan çäklerini giňeldip, gaýtalanmajak keşbi bilen haýran galdyrýar. Aşgabat şol derejesi üçin köp sanly halkara güwänamalara mynasyp boldy. Bu ýerde bina edilen desgalaryň birnäçesiniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi olaryň ýokary hil derejesiniň ykraryna öwrüldi.

Çykyş edenler Aşgabady “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmegiň wajypdygy barada aýdyp, şäher gurluşygynda tebigy binagärlik keşbiniň eýeleýän ornuny güýçlendirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek üçin meýdança öwrüljekdigini nygtadylar. Mälim bolşy ýaly, bagy-bossanlyga büremek bilen bagly çäreleriň geçirilýändigi göz öňünde tutulyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň “Şäherlerdäki baglar” başlangyjyna ýardam berlendigi we bu ugurdaky goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänama gowşuryldy.

Bu babatda hünärmenler tarapyndan yzygiderli işler alnyp barylýar. Munuň mysaly hökmünde ýakynda geçirilen “Dizaýn — 2022” atly Aşgabat forumyny hem-de “Araçäksiz dizaýn” atly halkara sergini görkezip bolar. Forumada onlaýn usulda çykyş edenler 2004-nji ýylda döredilen bu toruň sungat we ussatlyk, halk döredijiligi, dizaýn, kinematografiýa, iýmit önümleri, edebiýat, media we aýdym-saz ýaly ugurlaryň ýedisinde öz agzalarynyň döredijilik mümkinçiligini kesgitleýändigini bellediler.

Oňa gatnaşýan şäherleriň işi hyzmatdaşlyk etmäge, döredijilige we medeni işlere ýardam bermek maksady bilen, gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir. Daşary ýurtly dizaýnerler şular barada aýtmak bilen, häzirki duşuşygyň tejribe alyşmak, medeni durmuşda, şeýle-de ykdysady we durmuş taýdan ösüş meýilnamalaryny işläp taýýarlamaga gatnaşmagyň derejesini ýokarlandyrmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat etjekdigini nygtadylar.

Bellenilişi ýaly, ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň tory şäherleri durnukly ösdürmegiň, durmuş taýdan goşulyşmagyň hem-de medeniýetiň dünýädäki täsirini giňeltmeginiň hereketlendirijisi hökmünde döredijilige maýa goýmaga taýýar bolan şäherleriň arasynda halkara derejede hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilendir.

Soňky habarlar
03.08
Uzak möhletleýin halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak — Türkmenistanyň oňyn başlangyçlarynyň maksady
03.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 755 müň dollaryndan gowrak boldy
01.08
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentini gutlady
31.07
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY
31.07
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy
31.07
Döwletiň we jemgyýetiň demokratik esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda
30.07
Durnukly ykdysady ösüş — halkyň abadan durmuşynyň kepili
top-arrow