Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hyzmatdaşlyk — Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ýörelgeleri
Teswirlemeler
Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hyzmatdaşlyk — Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ýörelgeleri
Çap edildi 06.10.2022
2816

Mälim bolşy ýaly, sentýabr aýynda Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasy açyldy. BMG bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek Watanymyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Milletler Bileleşigi bilen yzygiderli alnyp barylýan köpýyllyk dialogyň strategik häsiýete eýe bolmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Bu iri halkara düzüm bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýän Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu gezekki sessiýasynyň wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanandygyny bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyz Milletler Bileleşigi bilen däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça yzygiderli işleri amala aşyryp, wajyp ählumumy meseleleriň çözgütlerini gözlemäge we işläp taýýarlamaga jogapkärçilikli çemeleşýändigini görkezýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň umumy maslahatynda türkmen tarapynyň beýan eden anyk başlangyçlary hem muny tassyklaýar.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan üçin bu täze syýasy möwsüm möhüm senä — ýurduň Birleşen Milletler Guramasyna agzalygynyň 30 ýyllygyna gabat gelýär. Hyzmatdaşlygyň döredilen berk binýadyna daýanyp hem-de BMG bilen strategik hyzmatdaşlyga, köpugurly ygtyýarlyga eýe bolan bu ýeke-täk düzüme ygrarlylygyny tassyklamak bilen, ýurdumyz onuň dünýädäki ornuny pugtalandyrmak, döwletara gatnaşyklaryň syýasy we dünýägaraýyşly binýady hökmünde ykrar edilen halkara hukuk kadalaryny, Milletler Bileleşiginiň Tertipnamasyny berkitmek boýunça tagallalaryny dowam etdirer.

Häzirki şertlerde, bar bolan çylşyrymly ýagdaýlardan ugur alnyp, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnuklylygyň üpjün edilmegi hem-de saklanylmagy aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Munuň özi täze netijeli dialog we gepleşik meýdançalaryny döretmek zerurlygyny şertlendirýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň garamagyna “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly Kararnamanyň taslamasyny teklip etmegi göz öňünde tutýar. Ýurdumyz bu ugurdaky tagallalaryny dowam etdirip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça ozal kabul eden Kararnamasynyň düzgünine esaslanmak bilen, halkara jemgyýetçilige 2025-nji ýyly “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmegi teklip edýär.

Şunuň bilen birlikde, howpsuzlyk ulgamyndaky ählumumy ýagdaýlaryň sebit hyzmatdaşlygynyň gurallarynyň düýpli pugtalandyrylmagyny talap edýändigi bellenildi. Şu ýylyň 28-nji iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda Merkezi Aziýa parahatçylygyň, ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň zolagy diýlip yglan edildi. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýeri bolan Türkmenistan bu merkeziň işine hemmetaraplaýyn goldaw bermek ugrunda çykyş edýär. Şu ýylyň dekabrynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmeginiň 15 ýyllygynyň bellenilýändigini nazara almak bilen, ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň garamagyna bu merkeziň orny baradaky nobatdaky Kararnamanyň taslamasyny teklip etmegi hem-de onda soňky ýyllaryň ähmiýetli wakalaryny beýan etmegi, onuň esasynda ýola goýlan sebit hyzmatdaşlygynyň gurallaryny berkitmegi maksat edinýär.

Bulardan başga-da, möhüm ählumumy meselelerden ugur alnyp, Türkmenistanda azyk howpsuzlygy boýunça halkara forumy geçirmek teklip edilýär. Munuň özi bu ulgamdaky çylşyrymly wezipeleri bilelikde çözmekde dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalarynyň zerurlygy bilen şertlendirilendir. Şeýle-de türkmen tarapynyň çykyşynda häzirki wagtda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmeginiň köp babatda ulag we energetika ýaly möhüm ulgamlarda halkara hyzmatdaşlygyň derejesine baglydygyna üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, şu gezekki sessiýanyň dowamynda Türkmenistan 2016-njy we 2021-nji ýyllarda geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahatlaryň, soňky ýyllarda geçirilen beýleki ýokary derejedäki ulag boýunça forumlaryň, şol sanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki maslahatyň netijelerini umumylaşdyrmagy hem-de BMG-niň ulag ulgamyny ösdürmek boýunça Ýörite sebitara maksatnamasynyň konsepsiýasynyň taslamasyny işläp düzmek boýunça teklipleri taýýarlamagy göz öňünde tutýar.

Nobatdaky 77-nji sessiýada ýurdumyz energetika howpsuzlygy boýunça giňişleýin dialogyň dowam etdirilmegine bil baglaýar. Şunda BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalarynyň düzgünlerine esaslanyp, Milletler Bileleşiginiň energiýa serişdeleriniň durnukly we ygtybarly üstaşyr geçirilmegini düzgünleşdirmek boýunça döwrebap halkara hukuk gurallaryny işläp taýýarlamak üçin Türkmenistanyň açyk düzümli Halkara bilermenler toparyny döretmek baradaky ozal teklip eden başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça işleri dowam etdirmek maksadalaýyk hasaplanýar.

Şeýle-de sebitimiziň ösüşi üçin möhüm, käbir ýagdaýlarda bolsa esasy şertleriň biri bolan howanyň üýtgemegi, suw we ekologik meselelere aýratyn üns çekildi. Şunda Türkmenistanyň Aşgabatda Merkezi Aziýa üçin howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek babatda taýýarlyk işlerini alyp barýandygy bellenildi. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyz Pariž ylalaşygy boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarly bolmak bilen, bu resminamada bellenen maksatlary durmuşa geçirmek, şol sanda parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak, Ählumumy metan borçnamasy boýunça başlangyçlary ilerletmek üçin tagallalaryny işjeňleşdirmegi maksat edinýär.

Türkmenistan Aral meselesiniň BMG-niň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlenilmegini gazanmagy tutanýerli dowam etdirer. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz 2023-nji ýylyň maý aýynda BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň BMG-niň Aral deňzi üçin Ýörite maksatnamasyny döretmek baradaky Kararnamasynyň taslamasy boýunça gepleşikleri täzeden dowam etdirmegi maksat edinýär.

Şunuň bilen birlikde, pandemiýanyň ýetiren täsirlerinden ugur alnyp, Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiliginiň koronawirus ýokanjynyň täze görnüşi bilen göreşmek hem-de lukmançylyk diplomatiýasynyň gurallaryny ýola goýmak boýunça bilelikdäki işini goldamagyny dowam etdirjekdigi bellenildi. Ýurdumyz saglygy goraýyş ulgamyndaky umumy wehimlere garşy durmakda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy meýdançasynyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasydygyny nygtamak bilen, BSGG-niň işläp taýýarlan “Bitewi saglyk” ählumumy konsepsiýasyny goldaýar hem-de Merkezi Aziýada saglygy we abadançylygy goldamagyň 2022 — 2025-nji ýyllar döwri üçin “Ýol kartasynyň” çäklerinde bu konsepsiýany öňe sürer.

Şeýlelikde, Bitarap Türkmenistan hyzmatdaşlar bilen bilelikde adamzadyň sezewar bolan wehimlerini ýeňip geçmegiň täze ýollaryny gözlemäge taýýardyr we Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlyga daýanyp, bu maksatlara ýetmek üçin ähli tagallalary eder.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Watanymyz saýlap alan döredijilikli daşary syýasy ugry bilen öňe gitmegini dowam edýär. Bu syýasatyň nobatdaky döwür üçin esasy ugurlary 2022 — 2028-nji ýyllar üçin degişli Konsepsiýada bellenilendir. Türkmenistan BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, şeýle-de beýleki köp sanly iri halkara we sebit guramalary bilen hem netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Garaşsyz, Bitarap döwletimiz täze taryhy eýýama gadam basmak bilen, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda hoşmeýilli erk, deňhukuklylyk we birek-biregiň bähbidine hormat goýmak ýörelgelerine daýanýan köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklarynyň çäginiň giňdigini we onuň yzygiderli berkidilýändigini aýtmak gerek. Şunda 2022-nji ýylda ýurdumyz bilen ençeme döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigi aýratyn guwandyryjydyr.

Netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde ýokary derejedäki saparlara we duşuşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Şu ýylyň aprel aýynda Hindistan Respublikasynyň şol wagtky Prezidentiniň Türkmenistana amala aşyran döwlet sapary umumy taryhy köklere hem-de hakyky dostluga daýanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açyp, hyzmatdaşlygyň bar bolan kuwwatyny durmuşa geçirmegiň ýolunda ädilen möhüm ädim boldy.

Iýun aýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna resmi saparynyň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Moskwa şäherinde geçirilen ýokary derejedäki gepleşikler däp bolan dostlukly türkmen-rus dialogyny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ýolunda ädilen nobatdaky ädim boldy. Ýurdumyz bilen Russiýa Federasiýasynyň iri subýektleriniň we sebitleriniň arasyndaky ýola goýlan ýakyn gatnaşyklar bu dialogyň aýrylmaz bölegidir. Şeýle-de iýun aýynda hormatly Prezidentimiziň Eýran Yslam Respublikasyna resmi sapary boldy. Saparyň dowamynda taraplaryň döwletara hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga taýýardygy tassyklanyldy. Munuň özi ählumumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýär.

Merkezi Aziýanyň ýurtlary bilen däp bolan doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugrudyr. Bu ýurtlaryň halklary bilen türkmen halkyny asyrlaryň dowamynda ýola goýlan taryhy-medeni we ruhy gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Ýokary, Hökümet we edaralaryň derejelerindäki yzygiderli özara saparlardyr duşuşyklar uzak möhletleýin geljegi nazara almak bilen, döwletara hyzmatdaşlygyň depginli ösdürilmegine ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň iýul aýynda Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary munuň aýdyň subutnamasydyr. Daşkentde geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň netijesinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi hem-de anyk ylalaşyklar gazanyldy.

Türkmenistanyň sebit we sebitara hyzmatdaşlyk düzümleriniň, şol sanda “Merkezi Aziýa — Hytaý”, “Merkezi Aziýa — Hindistan”, “Merkezi Aziýa — Russiýa”, “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” ýaly meýdançalaryň çäklerindäki netijeli özara gatnaşyklary ýurdumyzyň Merkezi Aziýanyň döwletleri bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigini görkezýär. Soňky ýyllarda bu hyzmatdaşlyga täze itergi berildi. Sentýabr aýynda ýurdumyzyň wekiliýeti Saud Arabystany Patyşalygynyň paýtagty Er-Riýad şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň we Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň arasyndaky strategik dialogyň ministrler derejesindäki birinji duşuşygyna gatnaşdy.

Şular barada aýtmak bilen, parlamentleriň ugry boýunça gatnaşyklara aýratyn orun berilýändigini bellemek gerek. Şunda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy uly ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy, Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy, Täjigistan Respublikasynyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň Başlygy, Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Başlygy, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mažlisiniň Senatynyň Başlygy bilen duşuşyklarynyň dowamynda kanun çykaryjy edaralaryň ugry boýunça göni gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ähmiýeti nygtaldy.

Parlamentara forumyň netijeleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň resminamalarynyň sanawynda çap edilendigi bellärliklidir. Mundan başga-da, maý aýynda paýtagtymyzda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogynyň Jemleýji jarnamasy hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň şol sessiýasynyň resminamasy hökmünde ykrar edildi.

Merkezi Aziýanyň diňe yklymda däl, eýsem, dünýä derejesindäki işlerde-de eýeleýän ähmiýetli ornundan ugur alyp, ýurdumyz sebitleýin hyzmatdaşlyk meselelerine ulgamlaýyn çemeleşmek nukdaýnazaryndan çykyş edýär. Şu babatda sebitiň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklary möhüm ähmiýete eýedir. Şu ýylyň iýul aýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde şeýle görnüşde geçirilen dördünji konsultatiw duşuşyga gatnaşdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz sammitiň çäklerinde Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşyk geçirdi. Iki ýurduň Hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda guralan gepleşikleriň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi, geljekki mümkinçilikler babatda türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow konsultatiw duşuşykda çykyş edip, Türkmenistanyň sebit we sebitara derejede ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny ýene-de bir gezek tassyklady. Döwlet Baştutanymyz ählumumy syýasatda we ykdysadyýetde dörän çökgünlik ýagdaýlaryna baglylykda, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen özara gatnaşyklarda ynanyşmak, hormat goýmak, şeýle-de medeni gatnaşyklar baradaky meselä aýratyn ünsi çekip, şunda Merkezi Aziýa döwletleriniň nusgalyk görelde görkezmelidigini hem-de bu pikirleriň halkara giňişlikde işjeň ilerledilmelidigini nygtady.

Hazar sebitinde hyzmatdaşlyk etmek hem Türkmenistanyň daşary syýasat ýörelgeleriniň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Ýurdumyz Hazarda dostlukly gatnaşyklara hemişe ygrarly bolmak bilen, kenarýaka döwletleriň hem-de olaryň halklarynyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna anyk goşant goşýar. Hazar meseleleri boýunça çäreleriň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrülen Türkmenistan şu ýyl altynjy Hazar sammitini kabul etdi. 29-njy iýunda Aşgabatda ýokary derejede geçirilen bäştaraplaýyn duşuşykda eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hazar bilen baglanyşykly meseleleriň ähli ugurlaryna degip geçdi, şeýle-de geljege niýetlenen hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary boýunça birnäçe teklipleri öňe sürdi. Sammitiň netijeleri boýunça degişli Beýanat kabul edilip, onda kenarýaka ýurtlaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge, gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge, umumyhazar ösüşi baradaky ileri tutulýan wezipeleri çözmek boýunça tagallalary birleşdirmäge taýýardyklary tassyklanyldy.

Şeýle-de sammitiň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow daşary ýurtly kärdeşleri — Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň Baştutanlary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen dürli görnüşlerde özara gatnaşyklaryny yzygiderli giňeldip, Türkmenistan daşary syýasat strategiýasynda köptaraplaýyn diplomatiýanyň: syýasy, ykdysady, energetika, ulag, suw, ylmy, lukmançylyk, medeni, ekologiýa, sport we beýleki diplomatiýalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine uly ähmiýet berýär.

Ulag diplomatiýasy barada aýdylanda, bu ugurda şu ýylyň awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesinde utgaşykly görnüşde geçirilen halkara maslahat anyk ädime öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow maslahatda wideoýüzlenme bilen çykyş edip, Türkmenistanyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň bähbitlerini üpjün etmäge gönükdirilen täze başlangyçlaryny beýan etdi. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda kabul edilen çözgütleriň hem-de teklipleriň netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna hyzmat etjekdigine we 2024-nji ýyla meýilleşdirilen BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk görmegiň esasyny düzjekdigine ynam bildirildi.

Hazar deňziniň türkmen kenarynda geçirilen maslahatyň ähmiýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň iberen hatynda-da nygtaldy. Maslahatyň netijeleri kabul edilen Jemleýji Beýannamada berkidildi. Onda BMG-niň durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatynyň dowamynda başy başlanan Aşgabat prosesini dowam etdirmegiň möhümdigine aýratyn üns çekildi.

Şeýle-de häzirki ýagdaýlar bilen baglylykda, suw serişdeleriniň gözbaşlaryny gaýtadan dikeltmek we gorap saklamak, olaryň oýlanyşykly, rejeli ulanylmagy bilen baglanyşykly meseleler boýunça ulgamlaýyn gatnaşyklar üçin mümkinçilikleri açýan suw diplomatiýasy aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Hut şeýle çemeleşme Durnukly ösüş maksatlarynda kesgitlenen bu möhüm ulgamda öňde durýan wezipeleri çözmek boýunça netijeli guraly işläp taýýarlamak ugrunda dünýä jemgyýetçiliginiň utgaşykly işlemegi üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär.

Türkmenistanyň bu wajyp ýörelgelere yzygiderli ygrarlydygy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dördünji Aziýa — Ýuwaş umman Suw sammitinde eden çykyşynda tassyklanyldy. Mälim bolşy ýaly, Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň çagyrmagy boýunça şu ýylyň aprelinde döwlet Baştutanymyz bu wekilçilikli foruma sanly ulgam arkaly gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ýurdumyz suw meselelerinde dünýä jemgyýetçiligi, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen 2012-nji ýylda BMG-niň “Rio+20” maslahatynda, 2015-nji ýylda Koreýa Respublikasynyň Tegu şäherinde geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda, 2018-nji ýylda Duşenbe şäherinde geçirilen ýokary derejeli halkara maslahatda, beýleki möhüm forumlarda kabul edilen maksatnamalaýyn resminamalar esasynda ýakyndan we yzygiderli hyzmatdaşlyk edýär. Şolarda türkmen tarapynyň beýan eden başlangyçlary örän anyk häsiýete eýedir, olar adamlaryň hakyky isleglerine, sebiti ösdürmegiň hem-de özara hereketleriň maksatlaryna laýyk gelýär. Hormatly Prezidentimiz çykyşynda Türkmenistanyň bu ugurda edýän tagallalaryna, durmuşa geçirýän iri möçberli taslamalaryna hem ünsi çekdi.

Sentýabr aýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Samarkant şäherinde geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy hem abraýly halkara meýdançalarda ýurdumyzyň oňyn döwletara gatnaşyklar meselelerinde işjeň orun eýeleýändigine şaýatlyk etdi. Döwlet Baştutanymyzyň sammitde eden çykyşynda belleýşi ýaly, ýurdumyz ŞHG bilen syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda gatnaşyklary has-da ösdürmegi, bu geljegi uly hyzmatdaşlygy baýlaşdyrmagy we diwersifikasiýalaşdyrmagy, oňa uzak möhletleýin, strategik häsiýet bermegi maksat edinýär.

Sammitiň öň ýanynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň birnäçe duşuşyklary — Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti hem-de ŞHG-niň Baş sekretary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirendigini bellemek gerek. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda taraplaryň netijeli gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmaga taýýardyklary tassyklanyldy, munuň üçin ägirt uly köptaraplaýyn mümkinçilikler bar.

Şeýlelikde, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen deňhukukly, doly möçberli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen döredijilikli daşary syýasat ýörelgesine ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar. Ählumumy abadançylygyň maksatlaryna kybap gelýän bu öňdengörüjilikli strategiýa dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe boldy. Munuň şeýledigine ata Watanymyzyň halkara derejedäki belent abraýy aýdyň şaýatlyk edýär.

Soňky habarlar
25.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.04
«Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
25.04
“Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahat
25.04
Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň 100 ýyllygy bellenildi
25.04
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
25.04
Türkmenistanyň sungat ussatlary Parižde üstünlikli çykyş etdiler
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretaryny kabul etdi
24.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
24.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
top-arrow