Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Çap edildi 04.10.2022
2816

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Türkmenistanyň milli baýramy mynasybetli fransuz halkynyň adyndan we hut öz adymdan tüýs ýürekden gutlaglarymy, türkmen halkyna bolsa bagt hem-de rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda Fransiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna umyt edýärin. Şunuň bilen baglylykda, golaýda Türkmenistanyň Parižde täze ilçisiniň bellenilmegini mübärekleýärin. Onuň gatnaşyklarymyzyň ösdürilmeginiň bähbidine işlejekdigine ynanýaryn.

Fransiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluga tüýs ýürekden ygrarly bolup, ykdysady, oba hojalygy, ekologiýa, ylym we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygymyzy ösdürmek babatda bilelikde işläp biljekdigimize ynanýaryn. Biziň kompaniýalarymyz özleriniň nou-haularyny Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň hyzmatynda goýmaga taýýardyr.

Jenap Prezident, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Siziň bilen görüşmek meniň üçin uly hormat bolar.

Tüýs ýürekden gutlaglar bilen,

Emmanuel MAKRON,
Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Slowakiýa Respublikasynyň raýatlarynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi we ýurduňyzyň raýatlaryny milli baýram — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlaýaryn.

Biz howanyň üýtgemeginiň netijeleri we onuň bilen bagly durmuş-ykdysady meseleler bilen ýygy-ýygydan ýüzbe-ýüz bolýarys. Bilimi goldamak, daşky gurşawy goramaga işjeň çemeleşme hem esasy wezipe bolup durýar.

Slowakiýa bilen Türkmenistany öňden gelýän dostluk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyna şatdyryn. Şol gatnaşyklaryň ýurtlarymyzyň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Hormatly jenap Prezident, Size we Türkmenistanyň raýatlaryna berk jan saglyk, parahatçylyk, ýurduňyza durnuklylyk, durmuş-ykdysady taýdan üstünlikli ösüş arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Zuzana ÇAPUTOWA,
Slowakiýa Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Jenap Prezident!

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli Indoneziýa Respublikasynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, Indoneziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ygrarlydygymy tassyklaýaryn. Munuň özi halklarymyzyň gülläp ösmegini we abadançylygyny üpjün etmek üçin berk esas bolup hyzmat eder.

Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Joko WIDODO,
Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Şri-Lanka Respublikasynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňize we türkmen halkyna mähirli gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň hem-de ysnyşykly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine pugtalandyryljakdygyna tüýs ýürekden umyt edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Ranil WIKRAMASINGHE,
Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy, Türkmenistana we onuň halkyna rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Latwiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň dostlukly we netijeli häsiýete eýedigini bellemäge, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýurtlarymyzyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de giňeldiljekdigine ynam bildirmäge şatdyryn.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Egils LEWITS,
Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
22.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary başlandy
22.06
Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berildi
22.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 62 million 520 müň dollaryndan gowrak boldy
22.06
Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara
21.06
Türkmenistanyň Prezidenti O.Kononenkony doglan güni bilen gutlady
20.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.06
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
20.06
Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça “Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek” atly 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy tassyklanyldy
20.06
Türkmenistan — Özbegistan: hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ilerledip
20.06
1 million tonnadan gowrak ak bugdaý Watan harmanynda
top-arrow