Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Syýasat habarlary
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Çap edildi 26.09.2022
476

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň ähli raýatlaryna Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglarymy beýan edýärin.

Taryhdaky bu aýratyn pursat bize bir maşgala hökmünde bilelikde işlemegiň zerurdygyny ýatladýar. Her bir ýurt öz milli serhetleriniň çäginden has alyslara çykýan meseleleriň — dünýämizi gurşap alan COVID-19 pandemiýasyndan başlap, barha artýan garyplyk, deňsizlik we adalatsyzlyk, adatdan daşary howa ýagdaýlary, gapma-garşylyklar bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegine öz goşandyny goşmalydyr.

Şu aýratyn günde Türkmenistanyň ähli raýatlarynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek işini çaltlandyrjakdyklaryna hem-de ähli adamlar üçin has gowy, has adalatly, parahat durmuşy gurjakdyklaryna Birleşen Milletler Guramasynyň bil baglap biljekdigine ynanýaryn.

Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Antoniu GUTERRIŞ,

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary.


* * *


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Milli baýramyňyz — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Siziň ýurduňyz ykdysady we durmuş ösüşiniň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Türkmenistan oňyn Bitaraplyk syýasatyna eýermek bilen, Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde howpsuzlygyň hem-de durnuklylygyň üpjün edilmegine saldamly goşant goşýar.

Döwletlerimiziň arasyndaky dostluk, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykaryldy we bilelikdäki tagallalar netijesinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürjekdigimize pugta ynanýaryn. Munuň özi, gürrüňsiz, Russiýanyň we Türkmenistanyň halklarynyň esasy bähbitlerine laýyk gelýär.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk we üstünlik, ýurduňyzyň ähli raýatlaryna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Wladimir PUTIN,

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti.


* * *


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan, şeýle-de hut öz adymdan Size we türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Türkmenistan Garaşsyzlyga eýe bolan gününden bäri durmuş durnuklylygyny saklamak bilen, ykdysadyýeti ösdürmegiň, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmagyň we halkara abraýyny pugtalandyrmagyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistanyň täze sepgitlere ýetjekdigine pugta ynanýaryn.

Hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly üns berýärin we Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllyk tejribesine esaslanyp hem-de iki ýurduň, olaryň halklarynyň bähbidine geçmişiň däplerini dowam etdirip, geljegiň hatyrasyna Siziň bilen bilelikde strategik hyzmatdaşlygy ösüşiň täze sepgitlerine ilerletmäge taýýardyryn.

Dostlukly Türkmenistana abadançylyk we berkararlyk, türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk, rowaçlyk arzuw edýärin.

Si SZINPIN,

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.


* * *


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllary içinde syýasy, ykdysady we durmuş ulgamlarynda uly üstünlikleri gazandy, işjeň daşary syýasaty amala aşyrmak bilen, dünýä jemgyýetçiliginde mynasyp orun eýeledi.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň we strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de syýasy gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine, özara bähbitli gyrgyz-türkmen hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlar boýunça ösdürilmegine ýardam berjekdigine pugta ynanýaryn.

Şu mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk we döwlet işiňizde üstünlik, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Sadyr ŽAPAROW,

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.


* * *


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi we dostlukly Türkmenistanyň halkyny Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Häzirki Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynda köp ulgamlarda ýokary netijeleri gazanyp, depginli ösýän döwlete öwrüldi. Umumy taryhyň we giňişligiň çäklerinde belarus halky hemişe Siziň üstünlikleriňize tüýs ýürekden guwandy.

Bilelikdäki tagallalarymyzyň ýola goýlan gatnaşyklary pugtalandyryp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarjakdygyna ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, döwlet işiňizde egsilmez güýç-gaýrat we täze üstünlikleri, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana bolsa mundan beýläk-de parahatçylyk, rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Aleksandr LUKAŞENKO,

Belarus Respublikasynyň Prezidenti.


* * *


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlaýaryn.

Hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklary pugtalandyrmak häzirki şertlerde Ukraina üçin örän wajypdyr. Ukraina bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýärin.

Pursatdan peýdalanyp, Ukrainanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryňyz üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Wladimir ZELENSKIÝ,

Ukrainanyň Prezidenti.


* * *


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Polşa Respublikasynyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Size hem-de ýurduňyzyň halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk syýasatyny durmuşa geçirip, sebit durnuklylygyny üpjün etmekde möhüm orny eýeleýär. Türkmen döwletiniň bu özboluşly hukuk derejesiniň dünýä bileleşiginiň öňünde durýan wezipeleri bilelikde çözmäge ýardam berjekdigine umyt edýäris.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we üstünlik, Türkmenistanyň halkyna bolsa hoşniýetlilik, abadançylyk, rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Anjeý DUDA,

Polşa Respublikasynyň Prezidenti.


* * *


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Sizi we ýurduňyzyň halkyny mähirli gutlaýaryn.

Dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine, ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ilerledilmegine umyt edýäris. Biziň ýurtlarymyz diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny belläp geçdiler.

Size tüýs ýürekden berk jan saglyk we üstünlik, Türkmenistana bolsa mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Ýun Sok ÝOL,

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti.


* * *


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Mongoliýanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi hem-de dostlukly türkmen halkyny milli baýram — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Mongoliýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky däp bolan gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn görnüşde, halkara hem-de sebit derejesinde mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn.

Size we Siziň maşgalaňyza berk jan saglyk, bagtyýarlyk, dostlukly Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Uhnaagiýn HURELSUH,

Mongoliýanyň Prezidenti.


* * *


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Singapuryň halkynyň adyndan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýram edilmegi mynasybetli mähirli gutlaglarymy kabul ediň!

Siziň ýurduňyza we halkyňyza parahatçylyk, bagtyýarlyk, ösüş arzuw edýärin.

Halima ÝAKOB,

Singapur Respublikasynyň Prezidenti.


* * *


Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň 

Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Size Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de berk jan saglyk, abadançylyk, dostlukly türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn.

Alžir bilen Türkmenistany baglanyşdyrýan doganlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ýokary baha berýärin. Biziň ähli ulgamlarda hyzmatdaşlygy hem-de özara gyzyklanma bildirilýän halkara meseleler boýunça gatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hemişe taýýardygymyzy tassyklaýaryn.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Abdelmajid TEBBUN,

Alžir Halk Demokratik 

Respublikasynyň Prezidenti.


* * *


Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň 

Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi hem-de ýurduňyzyň doganlyk halkyny Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni bilen gutlamaga we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn.

Siziň köptaraply işiňiz, ýurduňyzyň durnukly ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilen yzygiderli özgertmeleriňiz, sebit we dünýä derejesinde öňe sürýän başlangyçlaryňyz Türkmenistanyň halkara abraýynyň has-da belende göterilmegine ýardam berýär. Ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk, strategik hyzmatdaşlyk ruhundaky gatnaşyklar, iň ýokary derejedäki netijeli we yzygiderli dialog bizi örän buýsandyrýar.

Siziň şu ýylyň iýun aýynda Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparyňyzyň hemmetaraplaýyn we uzak möhletleýin gatnaşyklarymyzy has ýokary derejä çykarandygyny aýratyn nygtamak isleýärin.

Ýakynda Samarkant şäherinde guralan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagyňyz hem-de geçiren netijeli gepleşiklerimiz biziň depginli ösdürilýän hyzmatdaşlygymyza täze itergi berer.

Biziň oktýabr aýynda boljak ýokary derejedäki duşuşygymyz, ozal gazanylan we netijeli durmuşa geçirilýän möhüm ylalaşyklarymyz hem, gürrüňsiz, doganlyk halklarymyzyň umumy bähbitlerine, iki ýurduň ösdürilmegine hyzmat eder.

Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, egsilmez güýç-gaýrat, jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlik, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa rowaçlyk, bagtyýarlyk, abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Şawkat MIRZIÝOÝEW,

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
07.12
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň başlygyny kabul etdi
07.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Aly gyzy Gafarowany Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglamak hakynda
07.12
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hat
07.12
Türkmenistanda Sierra-Leone Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
07.12
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisindäki duşuşykda Azerbaýjanyň parlamenti bilen hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
07.12
Türkmenistan — Azerbaýjan: parlamentara gatnaşyklar pugtalandyrylýar