Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Çelýabinsk oblastynyň gubernatoryny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Çelýabinsk oblastynyň gubernatoryny kabul etdi
Çap edildi 26.09.2022
1152

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Çelýabinsk oblastynyň gubernatory Alekseý Teksleri kabul etdi.

Dostlukly ýurduň iri sebitiniň ýolbaşçysy türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik hem-de mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy umumymilli baýram — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy bilen mähirli gutlady we türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi. A.Teksler Türkmenistana gelip görýändigine örän şatdygyny aýtdy. Ýurdumyzy Çelýabinsk oblasty bilen öňden gelýän dostlukly we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Şol gatnaşyklar ykdysady taslamalar babatda hem-de ynsanperwer ulgamda okgunly ösdürilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow myhmana gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýa bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleri, şol sanda Çelýabinsk oblasty bilen hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.

Häzirki wagtda Türkmenistanda ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, aýratyn-da, senagatyň gaýtadan işleýän pudaklaryny ösdürmek boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz iki ýurduň gyzyklanma bildirýän edaralarynyň ýurdumyzda metallurgiýa, maşyngurluşyk zawodlarynyň taslamalaryny işläp düzmek we gurmak ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine garamagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, özara haryt dolanyşygynda önümleriň görnüşlerini giňeltmek ulgamynda taraplaryň maksatlary umumydyr. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň nebit we gaz senagatynyň, dokma pudagynyň önümlerini, türkmen halylaryny, oba hojalyk harytlaryny ibermäge taýýardygy nygtaldy.

Myhman amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen Türkmenistanda Russiýanyň meşhur kompaniýalarynyň üstünlikli işleýändigini kanagatlanma bilen nygtady. Şol kompaniýalar bilen bilelikde dürli ulgamlarda möhüm taslamalaryň ençemesi durmuşa geçirildi hem-de ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar.

Däp bolan ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Medeniýet, sport, ylym-bilim ulgamlarynda, şeýle-de durmuş ugurly taslamalaryň çäklerinde giň mümkinçilikleriň bardygyna aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, Çelýabinsk döwlet filarmoniýasynyň “Ural” tans toparynyň türkmen paýtagtynda üstünlikli geçirilen konsertiniň medeni ulgamda netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýandygy bellenildi.

Sözüniň ahyrynda Russiýa Federasiýasynyň Çelýabinsk oblastynyň gubernatory hormatly Prezidentimize myhmansöýerlik we mähirli kabul edendigi üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi.

Soňky habarlar
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
02.05
Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert ýaýbaňlandyryldy
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
01.05
Türkmen saz sungatynyň ussadyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow