Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 22.09.2022
1196

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Dostlukly ýurduň Baştutany hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, rowaçlyk hem-de köptaraply döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlik arzuw etdi. Bellenilişi ýaly, Russiýa Federasiýasy Türkmenistanyň Prezidentiniň iki ýurduň arasyndaky däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen tagallalaryna ýokary baha berýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gutlaglar hem-de hoşniýetli arzuwlar, şeýle-de Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine berilýän hemişelik üns üçin minnetdarlyk bildirip, iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň häzirki günde ugurlaryň giň gerimi boýunça üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýakynda Samarkantda geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň çäklerinde Russiýanyň Prezidenti bilen bolan duşuşygyň netijeli häsiýetini nygtady. Bu duşuşyk hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga hem-de özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlary barada pikir alyşmaga mümkinçilik berdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde Russiýa Federasiýasy bilen netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berýändigi nygtaldy. Şunda ýokary döwlet we Hökümet derejelerindäki ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen barha ösdürilýän hyzmatdaşlygyň netijelidigi bellenildi.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň iri subýektleriniň we sebitleriniň — Tatarystan Respublikasynyň, Astrahan, Swerdlow oblastlarynyň, Sankt-Peterburg şäheriniň we beýleki sebitleriň arasynda ýola goýlan göni gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu sebitler bilen dürli pudaklarda ýakyndan gatnaşyk saklanýar.

Döwlet Baştutanlary köpugurly türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň aýratyn orun eýeleýändigini bellediler. Onuň işjeňleşdirilmegine bilelikdäki hökümetara toparyň netijeli işi hem ýardam berýär. Taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassyklap, onuň iki dostlukly ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow hem-de Wladimir Putin birek-birege, şeýle-de Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
02.05
Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert ýaýbaňlandyryldy
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
01.05
Türkmen saz sungatynyň ussadyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow