Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
2022-nji ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Teswirlemeler
2022-nji ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Çap edildi 21.09.2022
256

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasatyndan ugur alnyp, geçen aýda geçirilen köp sanly işewürlik duşuşyklary, gepleşikler, syýasy geňeşmeler, halkara forumlar, okuw maslahatlary, sergiler, medeni çäreler hem-de beýleki wakalar Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ählumumy abadançylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine giň döwletara hyzmatdaşlygy ilerletmegi ugur edinýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

1-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Aýlagdaky Arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary Naýef Falah Mubarak Al-Hajraf bilen duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigi, Türkmenistan bilen bu geňeşiň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, ulag we logistika, energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň ähmiýeti, özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmagyň zerurdygy nygtaldy.

Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Aýlagdaky Arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretariatynyň arasynda geňeşmeleriň guraly barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

5-nji awgustda Daşary işler ministrliginde Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen bilen duşuşyk geçirildi. Onda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

6-7-nji awgustda paýtagtymyzda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2022» atly halkara sergi we onuň çäklerinde maslahat geçirildi. Bu forum ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guraldy.

Ýöriteleşdirilen serginiň we maslahatyň baş maksady daşary ýurtly hyzmatdaşlary ýurdumyzyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň, himiýa senagatynyň, ýol gurluşygy düzümleriniň, döwletimiziň haryt öndürijileriniň mümkinçilikleri, iň täze tehnikalary, hyzmatlar ulgamy bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy. Halkara serginiň çäklerinde geçirilen “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly maslahatda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, işewürlik toparlarynyň wekilleri, daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň hem-de kärhanalarynyň hünärmenleri adaty görnüşde, şeýle-de wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly çykyş edip, öz tekliplerini beýan etdiler.

12-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň gününe gabatlanyp, kenarýaka ýurtlaryň gatnaşmagynda geçirilen “Hazar deňzi — dostluk we ylalaşyk deňzi” atly ylmy-amaly maslahata ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, hünärmenleri, alymlar, Hazarýaka döwletleriň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň, iri halkara düzümleriň — BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri gatnaşdylar. Çykyşlarda Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak, bu täsin deňziň biodürlüligini gorap saklamak, onuň hapalanmagynyň öňüni almak, baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, ekologik ölçegleri berjaý etmek ugrunda alyp barýan yzygiderli işleriniň esasy ugurlary hem-de netijeleri beýan edildi.

Bellenilişi ýaly, Hazar deňzi sebitiň halklarynyň abadançylyk derejesiniň, hyzmatdaşlygyň bäştaraplaýyn gurallarynyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna, gepleşikleriň täze görnüşleriniň mümkinçilikleriniň giňeldilmegine, şeýle-de biologik serişdeleri gorap saklamak, gaýtadan dikeltmek, peýdalanmak, söwda gämi gatnawy, syýahatçylygy ösdürmek, Hazaryň düýbüniň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek we peýdalanmak boýunça hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna gönükdirilen köp sanly halkara taslamalaryň möhüm bölegi bolup durýar.

14-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň ulag we logistika toplumynda gazanan üstünliklerini, hödürlenilýän häzirki zaman hyzmatlarynyň giň toplumyny açyp görkezýän birnäçe pudaklaýyn sergiler guraldy. Şeýle-de şol gün daşary ýurtlaryň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary hem-de birnäçe halkara guramalaryň wekilleri bilen geçirilen duşuşyklaryň barşynda sebit we dünýä ykdysady gatnaşyklarynyň ösmegine kuwwatly itergi berjek täze ulag geçelgelerini döretmek, ozal hereket edýänlerini giňeltmek boýunça geljegi uly meýilnamalary nazara almak bilen, däp bolan hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

15-nji awgustda Awazada geçirilen ulag forumynyň çäklerinde Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheil Al Mazrui bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda ulag, logistika ugurlaryny açmak hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Dubaýyň we Abu-Dabiniň portlary bilen hyzmatdaşlygyny ýola goýmak, türkmen portuny dünýä deňiz portlar ulgamyna goşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy, energetika, ulag, dokma senagaty ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Suwy süýjetmek, çölleşmäge garşy göreşmek we daşky gurşawy goramak, edara binasy BAE-niň Masdar şäherinde ýerleşýän Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentlik (IRENA) bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi.

15-16-njy awgustda “Awaza” Kongresler merkezinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki “Aşgabat prosesi: arabaglanyşygy pugtalandyrmak üçin maliýeleşdirmek” atly halkara maslahata 30-dan gowrak döwletiň, halkara guramalaryň, maliýe düzümleriniň onlarçasynyň wekiliýetleri, ýurdumyzyň Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, hususy işewürligiň, hökümete degişli bolmadyk birleşikleriň, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri gatnaşdylar.

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag we onuň bilen baglanyşykly Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ulgamynda gazanan ösüşini seljermek, koronawirus pandemiýasynyň we beýleki wehimleriň ýetiren täsirini kesgitlemek, COVID-19-dan soňky döwürde gaýtadan dikeldiş işinde ulagyň eýeleýän möhüm orny, howanyň üýtgemeginiň täsirini azaltmak hem-de oňa uýgunlaşmak utgaşykly görnüşde geçirilen forumyň esasy maksady boldy. Forumyň netijeleri boýunça deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň Jemleýji Beýannamasy kabul edildi.

16-njy awgustda maslahatyň çäklerinde ulag ministrleriniň “Merkezi Aziýa — Ýakyn Gündogar — Afrika: ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri” atly duşuşygy geçirildi. Onda döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň gurallary, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde ulag arabaglanyşygyny üpjün etmek üçin häzirki zaman ulag düzümlerini kemala getirmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol gün geçirilen Halkara ulag we üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça utgaşdyryjy geňeşiň ikinji mejlisiniň jemleri boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama kabul edildi. Şeýle-de ýurdumyzyň wekilleriniň daşary ýurtlaryň wekiliýetleriniň agzalary bilen duşuşyklary geçirildi, olaryň dowamynda birnäçe resminama — Türkmenistanyň Hökümeti bilen Moldowa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawy hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Ulag ministrliginiň arasynda halkara awtomobil daşamalary ösdürmek babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi bilen Gruziýanyň Deňiz ulaglary agentliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

17-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky «Berkarar» myhmanhanasynda utgaşykly görnüşde Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň taslamasyna badalga bermek dabarasy geçirildi. Multimodal gatnawlary ösdürmekde köpugurly sanly çözgüt bolup durýan Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminama Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesiniň (TRACECA) hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariatynyň Halkara ulag diplomatiýasy merkezi, GDA-nyň agza ýurtlarynyň Ýolçularynyň hökümetara geňeşi, dünýäniň iri maglumat tehnologiýalaryny işläp düzüjileri, şeýle-de Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamany ulanmaga gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen oňyn hyzmatdaşlygyň netijesidir.

Bellenilişi ýaly, halkara ulag geçelgeleriniň sanly konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegi ulagyň dürli görnüşlerini birleşdirýän sebit sanly ulgamyny döretmäge mümkinçilik berer, şeýle-de pandemiýadan soňky döwürde durnukly derejede täzeden dikeltmek üçin serhetden geçmegiň, söwdanyň hem-de üstaşyr geçirmegiň amallaryny has ýönekeýleşdirmegi we sanlylaşdyrmagy üpjün eder.

Taslama gatnaşyjylar 2022 — 2024-nji ýyllarda Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň taslamasyny durmuşa geçirmek babatda anyk çäreleriň meýilnamasyny işläp taýýarlamaga taýýardyklaryny biragyzdan beýan edip, Bilelikdäki Beýannamany kabul etdiler, onda taraplaryň dürli derejelerde, şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ählumumy sanly üstaşyr ulgamy döretmek hakynda teklibi ilerletmek boýunça mundan beýläk-de hyzmatdaşlyga taýýardyklary tassyklanyldy.

22-nji awgustda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň mejlisler zalynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahata bagyşlanyp geçirilen mediaforuma ugurdaş düzümleriň — teleradioýaýlymlaryň, Döwlet habarlar agentliginiň ýolbaşçylary we wekilleri, gazet-žurnallaryň redaktorlary, Türkmenistanda işleýän daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle-de wideoaragatnaşyk arkaly dünýäniň iri habarlar agentlikleriniň žurnalistleri gatnaşdylar.

Mediaforumyň esasy maksady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň eýeleýän ornuna baha bermekden ybarat boldy. Dünýä derejesinde gyzyklanma döreden bu maslahaty beýan edýän makalalar dessin we giňişleýin metbugatda çap edildi, internet serişdelerinde ýerleşdirildi, onuň mejlisleri Birleşen Milletler Guramasynyň web platformasynda dört resmi dilde — iňlis, fransuz, ispan we rus dillerinde göni ýaýlymda görkezildi.

Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň öňünde Türkmenistan, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler, gazanylan üstünlikler we ýetilen sepgitler, iň gowy dünýä tejribesini öwrenmek, habar beriş serişdeleriniň, metbugatyň, elektron metbugat serişdeleriniň täze görnüşleriniň peýda bolmagy bilen baglylykda, olaryň döredijilikli özleşdirilişi hakyndaky habarlary ählumumy giňişlikde dessin, ygtybarly görnüşde has işjeň ilerletmek ýaly möhüm wezipäniň durýandygy bellenildi.

23-nji awgustda Daşary işler ministrliginde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mihael Uwe Birhoff bilen geçirilen ikitaraplaýyn duşuşygyň barşynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Diplomatlar özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesini, şeýle-de iri sebit we halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde halkara başlangyçlary özara goldamagyň ähmiýetini nygtadylar.

25-nji awgustda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri bilen Owganystanyň Hyrat şäherindäki “Loqman Hakim Complex Hospital” köpugurly hususy hassahanasynyň lukmanlarynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Onda saglygy goraýyş ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek we transplantologiýa ugrunda özara tejribe alyşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

26-njy awgustda Aşgabatda Türkmenistanyň we ýurdumyza sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň wekiliýetiniň gatnaşmagynda Daşary işler ministrliginde syýasy geňeşmeler geçirildi. Onda iki ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigine aýratyn üns çekildi. Gepleşikleriň jemleri boýunça degişli resminama gol çekildi.

30-njy awgustda Katar Döwletiniň daşary işler ministri Mohammed bin Abdulrahman Al Tani bilen geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň çäklerinde ýurtlaryň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giň toplumy boýunça pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Prezidentiniň Katar Döwletine resmi saparyny guramagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-katar hökümetara toparynyň işiniň wajypdygyna we onuň üçünji mejlisini ýakyn wagtda geçirmek baradaky meselä üns çekildi.

Şeýlelikde, awgust aýynyň wakalaryna berlen syn döwlet Baştutanymyzyň oňyn daşary syýasat ugruny, möhüm halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli amala aşyrylýan giň gerimli işleriň, şol başlangyçlaryň dünýäniň ähli künjeklerinde giň goldawa eýe bolýandygynyň hem-de Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň köpugurly mümkinçilikleriniň doly derejede peýdalanylmagyna we herekete getirilmegine gönükdirilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.

Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
02.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Biz ösüşleriň ýeňişli ýollaryny geçýäris
02.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
02.10
Türkmenistanyň Prezidenti Lýuksemburgyň Gersogyny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň M.Ö.Öwezow hakynda Permany
02.10
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar