Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty» atly kitaby Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edildi. Bu neşire Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary we mugallymlary bilen şu ýylyň 3-nji sentýabrynda geçiren duşuşygynda sözlän sözi girizildi.
Kitapda Türkmenistanyň elektroenergetika strategiýasyna, bu ulgamda durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň hem-de iri taslamalaryň, olaryň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna ýetirýän oňyn täsiriniň netijelerine seljerme syny berilýär.
Elektrik energiýasy milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynyň ösüşiniň esasyny düzýär. Şunuň bilen baglylykda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy öz çykyşynda energetika pudagynyň mümkinçilikleri, taryhy, kemala gelşi, ösüşi hem-de geljegi barada giňişleýin maglumat berdi. Hormatly Arkadagymyz elektroenergetika pudagynyň ösüş taryhyna aýratyn üns berýär. Pudagy döwrebaplaşdyrmak, döwlet syýasatynyň maksatlary, wezipeleri bilen ýakyn baglanyşyklylykda ykdysadyýetiň bu pudagynyň köpugurly, döwrebap düzümini döretmek boýunça geçirilýän yzygiderli çäreler anyk mysallarda beýan edilýär.
Elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberlerini we onuň eksportyny artdyrmak, energiýa üpjünçiliginiň hilini ýokarlandyrmak, ilatyň ykdysady, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, energiýany ulanmak esasynda senagat önümçiligi kärhanalarynyň gurulmagy ýurdumyzyň energetikany ösdürmek strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Şolaryň hatarynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy” bar. Maksatnamalarda şu ýyl ýerine ýetirilmegi zerur bolan anyk wezipeler kesgitlenildi.
Neşirde bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow energetika pudagynyň ösdürilmegini Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi.
Kitapda köp sanly anyk we statistiki maglumatlar getirilýär. Türkmen ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri hökmünde energetika senagatynyň ösüşine berilýän anyk ylmy seljerme hem-de maglumat-teswirnamalar milli elektroenergetikanyň barha artýan kuwwatyny, onuň döwrebaplaşdyrylmagynyň, işgärler bilen üpjünçiliginiň maksatlaryny aýdyň görkezýär.
Neşirde ýurdumyzyň umumy elektroenergetika düzüminde welaýatlaryň ösüşiniň möhümdigi bellenilýär, pudagyň okgunly ösüşine hem-de düzümleýin özgertmelerine häsiýetnama berilýär.
Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda bütin dünýäde energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň peýdalanylmagyna hem-de “ýaşyl” ykdysadyýetiň ösdürilmegine aýratyn üns berilýändigini nygtaýar. Bu babatda Türkmenistan uly mümkinçiliklere eýedir. Ýurdumyzda bu ugurlaryň ösdürilmegine geljekde-de uly ähmiýet berler. “Altyn asyr” Türkmen kölüniň sebitini özleşdirmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2019 — 2025-nji ýyllarda kuwwatlylygy 10 megawata deň bolan Gün-ýel elektrik stansiýasyny gurmak meýilleşdirilýär. Munuň özi kölüň golaýynda gurulýan döwrebap obany ekologik taýdan arassa elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer.
Täze kitabyň dürli fotosuratlar bilen bezelmegi bu pudakda amala aşyrylýan özgertmeleriň ýokary depginleri, elektrik stansiýalarynda alnyp barylýan işler hem-de olaryň enjamlaşdyrylyşy barada giňişleýin düşünje almaga ýardam berýär. Neşir giň okyjylar köpçüligi — alym-energetikler, syýasatşynaslar, ykdysatçy alymlar, mugallymlar we talyplar üçin niýetlenendir.
Kitap Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary çaphana usulynda neşir edildi.