Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Ynsanperwer ýörelgeleri dowam etdirip
Syýasy habarlar
Ynsanperwer ýörelgeleri dowam etdirip
Çap edildi 14.03.2026
97

Mübärek Oraza aýynyň dowam edýän günlerinde Eýran Yslam Respublikasynyň halkyna we çagalaryna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ynsanperwerlik ýüki ugradyldy. Munuň özi ýurdumyzda türkmen halkynyň taryhyň dowamynda döreden ýagşy dessurlarynyň, asylly ýörelgeleriniň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dowam etdirilýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsidir.

Hormatly Prezidentimiziň degişli Buýrugyna laýyklykda, goňşy eýran halkyna, ilkinji nobatda, bu ýurduň çagalaryna derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler, beýleki önümler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň nyşany hökmünde iberildi. Bu çäre Gahryman Arkadagymyzyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça öňe süren başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýandygyny tassyklaýar.

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik, rehimdarlyk ýaly ýagşy dessurlary kömege mätäçlere howandarlyk goluny uzatmak arkaly dowamata atarylýar. Eýranly çagalara haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ynsanperwerlik ýüküniň ugradylmagy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň mukaddes Oraza aýynda sogaply işleriň amal edilýändigini aýdyň görkezdi.

Hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biri bolan ynsanperwerlik ýüküni ugratmak çäresine gatnaşyjylar ýakyn goňşulara kyn pursatlarda hemaýat bermegiň, doganlyk goluny uzatmagyň türkmen halkynyň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan ynsanperwer ýörelgesidigini nygtadylar. Şeýle sogaply işlerde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna möhüm orun degişlidir.

Çärä gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň kabul eden çözgüdine laýyklykda, goňşy ýurduň çagalaryna ruhy taýdan goldaw bermek maksady bilen, olara doganlyk goluny uzatmagyň türkmen halkyna mahsus däpleriň biridigini belläp, bu ynsanperwerlik ýüküniň ugradylmagynyň ýurdumyzyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny äşgär edýändigine ünsi çekdiler. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, ýurdumyzda ynsanperwer ýörelgeler barha rowaçlanýar. Bu işleriň mübärek Oraza aýynyň aýratyn sogaply Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda geçirilmeginde çuňňur many bardyr. Munuň özi kömege mätäçlere goldaw bermek ýaly ýagşy dessurdan aýdyň nyşandyr.

Soňky ýyllarda Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde dünýäniň dürli ýurtlarynyň ejir çeken çagalaryna ynsanperwerlik kömegini ugratmak asylly däbe öwrüldi. Ol Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara goldaw bermek ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda döredilen Ýaşulular geňeşiniň agzalary şular barada aýdyp, goňşy ýurduň çagalaryna niýetlenen ynsanperwerlik kömeginiň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdiler. Şeýle hem olar goňşy ýurda iberilýän üsti ýükli kerweniň ýolunyň ak bolmagyny, ýüküň sag-aman baryp gowuşmagyny Beýik Biribardan dileg etdiler.

***

Goňşy ýurduň çagalaryna niýetlenen ynsanperwerlik kömegi ugradylandan soňra, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda döredilen Ýaşulular geňeşiniň agzalary ýurdumyzyň din wekilleri bilen bilelikde Arkadag şäheriniň çäginde bina edilýän 30 müň orunlyk metjidiň gurluşygy we onuň içki bezeg işlerinde ulanylýan serişdeler bilen tanyşdylar.

Asylly işleri, rehim-şepagatlylygy esasy ugur edinýän Oraza aýynyň her bir gününde sogaply işleri nazarlaýan ýagşy dessurlar amal edilýär. Metjitler musulman dünýäsinde ylym we bilim merkezleri bolup, jemgyýetiň ruhy durmuşynyň jemlenýän ýeri hasaplanýar. Hajy Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, metjit şöhratly ata-babalarymyzyň miras goýan ynsanperwer kadalaryna hem-de belent ahlak çelgilerine laýyklykda bina edilýär. Arkadag şäherinde-de halkymyzyň köpasyrlyk däp-dessurlarynyň dowamata atarylmagynda, sogap işleriň amal edilmeginde möhüm orny eýelejek täze metjidiň gurluşygy batly depginde alnyp barylýar.

Şu gün ýurdumyzda Eýran Yslam Respublikasynyň halkyna ynsanperwerlik ýüküniň ugradylmagy we köp sanly ýaşulularyň, eneleriň, ýaşlaryň gatnaşmagynda agzaçar sadakasynyň berilmegi keramatly Gadyr gijesiniň öňüsyrasyndaky sogap işleriň üstüni ýetirdi.

Merkezi Aziýa sebitinde iň uly metjitleriň biri boljak Arkadag şäheriniň 30 müň orunlyk metjidiniň binalar toplumynyň daşky görnüşine, içki bezeg aýratynlyklaryna örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýär. Şunuň bilen baglylykda, metjidiň “akylly” şäheriň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirmegine, onuň milli binagärlik ýörelgelerine laýyk derejedäki gözelliginiň üpjün edilmegine zerur üns berilýär. Metjidiň gurluşygynda milli ýörelgeler bilen häzirki zaman binagärliginiň öňdebaryjy tejribesi utgaşdyrylýar. Bu bolsa kaşaň binanyň özboluşlylygyny şertlendirer.

Asyrlaryň dowamynda kemala gelen ynsanperwer ýörelgeler türkmen halky üçin belent maksatlara tarap ynamly öňe gitmekde mizemez erk-islegiň, güýç-kuwwatyň çeşmesi bolup hyzmat edýär. Milli däp-dessurlaryň aýratyn gymmatlygy olaryň nesilleriň we döwürleriň dowamatlylygyny üpjün edýändigi, ýaşlary ululara hormat goýmak, ruhubelentlik ýörelgelerinde terbiýelemekdäki ähmiýeti bilen baglanyşyklydyr. Bu ýörelgeler türkmenleriň dünýägaraýşynyň, ahlak ýörelgeleriniň esasyny düzýär.

...Arkadag şäherindäki metjidiň gurluşygynyň dowam edýän ýerinde Türkmenistanyň müftüsi Oraza aýynda berilýän sadakalaryň, edilýän doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg edip, aýat okady. Onda ýurdumyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň berkarar bolmagy ugrunda yzygiderli tagalla edýän hajy Arkadagymyzyň we Arkadagly hajy Serdarymyzyň tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagy baradaky dilegler beýanyny tapdy.

Soňra ýaşulular we din wekilleri Arkadag şäheriniň çäginde bina edilýän metjidiň ýanynda ýerleşýän sadaka jaýyna baryp gördüler. Bu ýerde şanly seneler, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýän baýramçylyklar, mukaddes Oraza aýy mynasybetli giň gerimli çäreleri, ählihalk sadakalaryny geçirmek üçin zerur şertler döredilýär. Munuň özi jemgyýetiň ruhy durmuşynda wajyp ähmiýeti bolan binalaryň gurluşygyna hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýändiginiň güwäsidir.

Bu ýere ýygnananlar jemgyýetiň ruhy sagdynlygyny pugtalandyrmak, adamlaryň ahlak kämilligini üpjün etmek ugrunda döwlet derejesinde edilýän aladalar üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirip, sogaply işleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny, ýurdumyzyň abadan, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny dileg etdiler.

Soňky habarlar
15.03
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
14.03
Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz agzaçar sadakasyny berdiler
14.03
Ynsanperwer ýörelgeleri dowam etdirip
13.03
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.03
Türkmenistanyñ Prezidenti “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
13.03
“Türkmennebit” döwlet konsernine maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işler geçirmäge ygtyýar berildi
13.03
Türkmenistanda 2026-njy ýylyň 21-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenildi
13.03
Eýran Yslam Respublikasynyň halkyna ynsanperwer ýüküni ibermek bellenildi
12.03
Türkmenistanyň himiýa senagaty: ösüşiň we eksportyň täze ugurlary
11.03
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň belent ruhy bilen
top-arrow