Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Watanymyzyň sebitlerinde täze binagärlik açylyşlary
Jemgyýet
Watanymyzyň sebitlerinde täze binagärlik açylyşlary
Çap edildi 31.08.2022
2884

Şu gün Balkan welaýatynyň Serdar şäherinde döwlet derejesindäki özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurlan täze dermanhananyň açylyş dabarasy boldy.

Dabara gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde köpugurly döwrebap hassahanalar hem-de bejeriş-anyklaýyş merkezleri, sagaldyş-dynç alyş toplumlary gurlup ulanmaga berildi we gurulmagy dowam etdirilýär. Olarda adamlaryň saglygyny dikeltmek ugrunda innowasion tehnologiýalar, dünýä ylmynyň iň soňky gazananlary ulanylýar.

Watanymyzda häzirki zaman lukmançylygyny ösdürmek strategiýasy adamlaryň saglygyny goramaga gönükdirilen öňüni alyş çärelerini geçirmäge, şol sanda jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge, raýatlary, aýratyn-da, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmäge hem-de ýokary hilli lukmançylyk kömegini bermäge gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň lukmançylyk edaralarynyň hem-de ilatyň derman serişdeleri, lukmançylyk maksatly önümler bilen bökdençsiz üpjün edilmegine aýratyn üns berýär. Bu wezipäniň çözülmegine türkmen işewürleri — Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem saldamly goşant goşýarlar. “Tebigat çeşmesi” hususy kärhanasyna degişli bu täze desga munuň aýdyň mysalydyr.

Umumy meýdany 500 inedördül metre deň bolan bu dermanhana şeýle ugurly desgalara bildirilýän ähli talaplara laýyk gelýär. Onda Türkmenistanda we Ýewropa ýurtlarynda öndürilen ýokary hilli derman serişdeleri elýeterli bahadan hödürlenilýär. Gije-gündiz işleýän dermanhananyň işgärler düzümi ýokary derejeli hünärmenlerdir. Munuň özi müşderilere diňe bir zerur derman serişdelerini satyn almaga däl, eýsem, ýokary derejeli maslahatlary hem almaga mümkinçilik berýär. Şeýle-de bu ýerde sorag-jogap gullugynyň işi guralypdyr.

Saglygy goraýyş ulgamyndaky amala aşyrylýan özgertmeleriň milli derman senagatynyň ösdürilmegine güýçli itergi berýändigini bellemek gerek. Häzirki döwürde onuň öndürýän önümleriniň hatarynda dünýä ölçeglerine kybap gelýän ýokary hilli derman serişdeleriniň ýüzlerçe görnüşi bar. Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümliklerden derman serişdelerini öndürýän kärhanalar hem açyldy.

Döredijilik toparlary baýramçylyk konsertini taýýarlap, onuň maksatnamasyna aýdymçylardyr tansçylaryň, folklor toparlarynyň şowhunly çykyşlary girizildi.

Täze dermanhananyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa halkymyzyň saglygyny we abadançylygyny maksat edinýän syýasaty üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
03.08
Uzak möhletleýin halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak — Türkmenistanyň oňyn başlangyçlarynyň maksady
03.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 755 müň dollaryndan gowrak boldy
01.08
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentini gutlady
31.07
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY
31.07
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy
31.07
Döwletiň we jemgyýetiň demokratik esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda
30.07
Durnukly ykdysady ösüş — halkyň abadan durmuşynyň kepili
top-arrow