Baş sahypa
\
Medeniýet
\
“Miras” žurnaly: türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasynyň täze ylmy gözlegleri barada
Medeniýet
“Miras” žurnaly: türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasynyň täze ylmy gözlegleri barada
Çap edildi 19.08.2022
2609

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan her çärýekde neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Onuň sahypalarynda türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny öwrenmäge, Diýarymyzda geçirilýän ylmy gözlegleriň netijelerine we täze arheologik tapyndylara bagyşlanan makalalar toplumy öz beýanyny tapýar.

Žurnalyň şu sany hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän ýylyň ikinji çärýeginiň şanly seneleri we wakalary mynasybetli Gutlaglary bilen açylýar. Şol şanly seneleriň hatarynda Türkmen bedewiniň milli baýramy, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň we Döwlet baýdagynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy, Türkmen halysynyň baýramy, Ylymlar güni, Mary welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeligi, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bar.

“Açyşlar we täze işläp taýýarlamalar” atly umumy sözbaşy bilen Türkiýe Respublikasynyň Balykesir uniwersitetiniň professory Halil Ibrahim Şahiniň “Görogly” eposyna bagyşlanan makalasy okyjylara hödürlenilýär. Makalanyň awtory ylmy gözlegleriň taryhy, şu gahrymançylykly epos bilen bagly çap edilen makalalar barada maglumat berýär. Şunda nesilden-nesle geçirilip gelinýän eposlaryň we dessanlaryň aýawly saklanylmagyna uly goşant goşan türkmen bagşylarynyň möhüm orny nygtalýar. Olaryň ýerine ýetirijilik sungaty netijesinde ady rowaýata öwrülen bu epos biziň günlerimize gelip ýetdi hem-de häzirki wagtda-da halkymyzyň arasynda uly meşhurlyga eýedir.

Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolanyndan soň, ozalky makalalar Göroglynyň şahsyýetini we tutuş eseri öwrenmek üçin çeşme bolup hyzmat etdi. Mundan başga-da, “Görogly” eposynyň neşir edilen senesi we alymlaryň ylmy gözlegleri, şol sanda eseriň gelip çykyşy, mazmuny, eposyň düzümi, dili, onuň baş gahrymanynyň, beýleki gahrymanlarynyň häsiýetli aýratynlyklary, eseriň dürli görnüşleriniň deňeşdirme seljermesi barada maglumatlar hödürlenilýär. Häzir “Görogly” eposy barada ozal neşir edilen ylmy işler, bu ugurda toplanan maglumatlar esasy çeşme bolup hyzmat edýär.

Žurnalda Bäherden etrabyndaky Gökdepe galasyna bagyşlanan makala ýerleşdirildi. Makalada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milletiň täsin taryhy-medeni mirasyny düýpli öwrenmegiň we giňden wagyz etmegiň Watanymyzyň ylym babatdaky syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendigi bellenilýär. Türkmenistanyň arheologik ýadygärliklerinde ylmy gözlegleriň geçirilmegine uly ähmiýet berilýär. Gadymy döwürlerde ýurdumyzyň çäginden Beýik Ýüpek ýolunyň kerwen ýollary geçipdir.

Şol ýadygärlikleriň biri-de Bäherden etrabyndaky Gökdepe galasydyr. Makalada bu ýadygärlikde geçirilýän arheologik gazuw-agtaryş işleriniň hem-de ylmy gözlegleriň netijeleri beýan edilýär. Bu ýerde ýüze çykarylan tapyndylaryň esasynda galanyň IX — XIV asyrlara degişlidigi kesgitlenildi. Toplanan maglumatlar galanyň tebigaty, düzümi we maddy medeniýeti barada netije çykarmaga mümkinçilik berýär. Bu galanyň Beýik Ýüpek ýolunyň Nusaý — Gürgenç şahasynyň ugrunda ýerleşen orta asyr düşelgeleriniň biri bolandygyny çaklamak bolar.

Hünärmenler we okyjylar üçin Merwiň zikgeçiligine bagyşlanan makala hem uly gyzyklanma döreder. Merwde zikgeçilik Parfiýa şalygy döwründe ýola goýlupdyr. Miladydan öňki II asyrda Parfiýa döwletine birikdirilenden soň, Margianada, onuň merkezi Merw şäherinde giň gerimli gurluşyk işleri alnyp barylýar. Döwletiň ähli uly şäherlerinde bolşy ýaly, Merwde hem zikgehana gurlupdyr we numizmatik maglumatlara görä, ol patyşa Artaban I döwründe (miladydan öňki 127 — 124-nji ýyllarda) işläp başlapdyr.

Dürli hökümdarlar döwründe bu ýerde altyn, kümüş, bürünç we mis teňňeleri zikgelenipdir. Aýry-aýry döwürlerde billondan we elektradan zikgelenen teňňeler hem dolanyşykda bolupdyr. Bu ýerde pul birlikleriniň atlary, teňňeleriň daşky görnüşiniň, ýüz we arka taraplarynda ýerleşdirilen şekilleriň, nyşanlaryňdyr ýazgylaryň jikme-jik beýany getirilýär. Merwiň zikgeçilik köşgi ýurdumyzyň çäginde ýerleşen desgalaryň iň irileriniň we iň gadymkylarynyň biridir. Ol biziň eýýamymyzdan öňki II asyryň ikinji ýarymyndan başlap, biziň eýýamymyzyň XVII asyrynyň ahyryna çenli netijeli işläpdir.

“Medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary” atly umumy sözbaşynyň astynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen hem-de Horasanyň möhüm ähmiýetli ilatly ýerleriniň biri bolan Abiwerd şäheriniň çäginde geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň barşynda ýüze çykarylan tapyndylar barada gürrüň berýän makala ýerleşdirildi. Ýerli ilat tarapyndan “Peştag” diýlip atlandyrylan bu taryhy-medeni ýadygärlik Ahal welaýatynyň Kaka şäherinden 7 kilometr demirgazyk-günbatarda ýerleşýär. Umumy meýdany 200 gektara golaýlaýan ýadygärligiň çäginde orta asyr Abiwerd şäheriniň galyndylary — Peştagdepe, şäheriň içki galasy, töwereginde bolsa giçki şäher harabalyklary saklanyp galypdyr.

Ýörite guralan ylmy ekspedisiýa tarapyndan geçirilen ylmy gözlegleriň netijesinde bu ýerde şäherde dürli hünärmençilik ussahanalarynyň ýerleşendigini çaklamaga esas döreden tapyndylaryň arasynda keramiki gaplar we olaryň bölejikleri ýüze çykaryldy. Awtor olaryň häsiýetli aýratynlygyny belleýär, önümleriň taýýarlanylyşynyň tehnologiýasy barada gürrüň berýär hem-de Abiwerdiň sferakonus şekilli keramiki gaplarynyň we beýlekileriň özüniň daşky görnüşi hem-de bezegi babatda daşary ýurtlarda ýüze çykarylan şeýle tapyndylardan tapawutlanýandygy hakynda netijä gelýär. Ýerli senetkärler olary jandarlaryň — balyklaryň görnüşinde taýýarlamaga synanyşypdyrlar. Gaplaryň köpüsiniň daşy, esasan, geometrik we ösümlikler görnüşindäki nagyşlar, käbirleri bolsa guşlaryň şekilleri bilen bezelipdir.

Abiwerdiň hünärmentçilik meýdançasyndan sferakonus görnüşli kiçijik küýzejikler bişirilýän ýörite küräniň hem üsti açyldy. Bu ýerde ýüze çykarylan gadymy tapyndylar, takmynan, orta asyrlara degişlidir. Muny şu gatlagyň gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylan keramiki küýzejikleriň esasynda çaklamak bolýar. Sferakonus gaplarynyň gelip çykyşy barada aýdylanda bolsa, arheologlaryň belleýşi ýaly, olar irki orta asyrlarda we şondan hem irki döwürde peýda bolupdyr. Ýöne olaryň näme maksat bilen ulanylandygy babatda häzire çenli ylmy gözlegler dowam edýär. Ýazuw çeşmelerinde bular barada anyk maglumatlar duş gelmeýär. Hususan-da, olaryň agyz suwy, dürli içgileri, hoşboý ysly serişdeleri, derman serişdelerini saklamak üçin gap hökmünde ulanylandygy baradaky çaklamalar öňe sürülýär.

Soňky döwürde alymlar tarapyndan sferakonuslaryň simap saklamak we daşamak üçin niýetlenendigi baradaky pikir hem goldanylýar. Orta asyrlarda simap lukmançylykda, aýna taýýarlamakda, metallara altyn we kümüş çaýmakda hem-de beýleki ugurlarda ulanylypdyr. Abiwerdde tapylan sferakonus şekilli keramiki gaplar olaryň ýüze çykarylan ýerinde taýýarlanylandygyna şaýatlyk edýär. Munuň özi simabyň hem şol ýerde öndürilendigini çaklamaga esas berýär.

Žurnalyň nobatdaky sany däp bolan habarlaryň syny bilen jemlenýär. Onda ýurdumyzyň şu ýylyň aprel — iýun aýlaryndaky jemgyýetçilik, ylmy we medeni durmuşynyň wakalaryna syn berilýär. Bu wakalarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli strategiýasynyň, durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edilýär.

Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän “Miras” žurnalynda çap edilen makalalar köpöwüşginli suratlar bilen bezeldi. Munuň özi okyjylar köpçüligine hödürlenilýän makalalaryň many-mazmunyna aýdyň göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Soňky habarlar
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretaryny kabul etdi
24.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
24.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
24.04
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi
23.04
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilýän halkara göçme foruma gatnaşyjylara
23.04
Türkmenistan netijeli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär
23.04
Aşgabat-Pariž: ynsanperwer hyzmatdaşlyk – ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugry
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
22.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 35 million 703 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow