Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanda Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň taslamasyna badalga berildi
Ykdysadyýet
Türkmenistanda Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň taslamasyna badalga berildi
Çap edildi 17.08.2022
2041

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Berkarar» myhmanhanasynda Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň taslamasyna badalga bermek dabarasy geçirildi.

Multimodal gatnawlary ösdürmekde köpugurly sanly çözgüt bolup durýan Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminama (Global Transit Document) Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesiniň (TRACECA) hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariatynyň Halkara ulag diplomatiýasy merkezi, GDA-nyň agza ýurtlarynyň Ýolçularynyň hökümetara geňeşi, dünýäniň iri maglumat tehnologiýalaryny işläp düzüjileri, şeýle-de Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamany ulanmaga gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen oňyn hyzmatdaşlygynyň netijesidir.

Halkara üstaşyr ýük daşamalaryny has ýeňilleşdirmäge gönükdirilen ýeke-täk multimodal resminamany işläp taýýarlamak maksady bilen, ozal iş topary döredilipdi. Onuň düzümine TRACECA agza ýurtlaryň döwlet we gümrük edaralarynyň, synçylaryň — TRACECA maksatnamasyny ulanyjy hökmünde Türkmenistanyň hem-de onuň hyzmatdaşy bolan BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň wekilleri girdiler.

2020-nji ýyldan bäri Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň konsepsiýasynyň üstünde gaýtadan işlemek we onuň jemleýji görnüşini taýýarlamak boýunça depginli işler alnyp baryldy. 2022-nji ýyldan bolsa synag ýük daşamalaryny taýýarlamagyň üstünde bilelikde işlemäge başlanyldy.

Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesiniň (TRACECA) hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariatynyň Baş sekretary A.Asawbaýew taslama badalga bermegiň dabarasyna gatnaşyjylaryň öňünde göni sanly ulgam arkaly çykyş edip, bu günki wakanyň ähmiýetini aýratyn nygtady hem-de Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamany ornaşdyrmagyň Aşgabat prosesiniň çäklerinde ýükleri ibermegiň dünýä derejesindäki halkasyny sanlylaşdyrmaga wajyp goşant boljakdygyny belledi. Başgaça aýdylanda, halkara ulag geçelgesiniň sanly maksatnamasyny durmuşa geçirmek ulaglaryň dürli görnüşlerini birleşdirýän sebitleýin sanly ulgamy döretmäge mümkinçilik berer. Munuň özi TRACECA agza ýurtlaryň köpüsiniň, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýa döwletleriniň deňze çykalgasynyň ýokdugy göz öňünde tutulanda aýratyn wajypdyr.

Bellenilişi ýaly, TRACECA halkara şertnamalaryň kadalaryna we düzgünlerine uýgunlaşmagy üpjün etmegiň üstünde işjeň iş alyp barýar. Şeýle-de pandemiýadan soňky döwürde durnukly derejede täzeden dikeltmek üçin serhetden geçmegiň, söwdanyň hem-de üstaşyr geçmegiň amallaryny has ýönekeýleşdirmäge, sanlylaşdyrmaga gönükdirilen öz başlangyçlaryny öňe sürýär.

Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň taslamasyna badalga bermek dabarasyna Halkara ulag diplomatiýasy merkeziniň Ýerine ýetiriji sekretary I.Runow, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Ýolçularynyň hökümetara geňeşiniň başlygy B.Karimow hem-de sebitiň ýurtlarynyň — Gazagystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleri gatnaşdylar.

Çykyşlarda XXI asyryň üçünji onýyllygynyň sepgidinde dünýä ykdysadyýetiniň ykdysady we ösüş ýagdaýlarynyň dürli sebitleriňdir yklymlaryň döwletlerini baglanyşdyrýan multimodal geçelgeleriň ugrunda ulag işlerini dolandyrmagy amatly ýagdaýa getirmek maksady bilen, bir nusga getirilen Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamany işläp taýýarlamaga we ornaşdyrmaga aýratyn zerurlygyň dörändigi nygtaldy.

Bu wajyp resminama şu ýerde — hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň goldamagynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda golaýda geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň netijeleri boýunça badalga berilýändigi tötänleýin däldir. Ministrler maslahaty BMG-niň howandarlygynda «Aşgabat prosesi: arabaglanyşygy pugtalandyrmak üçin maliýeleşdirmek» diýen mowzuk boýunça Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan guraldy.

Dabara gatnaşyjylar bu iri halkara forumyň guralandygy hem-de ählumumy gyzyklanmalar ugrunda özara bähbitli oňyn hyzmatdaşlygy ýola goýmaga başlangyçlar bilen çykyş edýändigi üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirip, döwrüň ählumumy wehimlerini ýeňip geçmek üçin dünýä derejesinde ulag ulgamyny pugtalandyrmagyň zerurdygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda görülýän bilelikdäki möhüm çäreleriň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini we 2014 — 2024-nji ýyllarda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Wena maksatnamasyny durmuşa geçirmäge uly goşant boljakdygyna biragyzdan ynam bildirildi.

Mälim bolşy ýaly, “Açyk gapylar” syýasatyny alyp barýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine üstaşyr ulag mümkinçiliklerini giňden amala aşyrmak nukdaýnazaryndan garaýar. Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň amatly çatrygynda ýerleşen ýurdumyz sebitiň hem-de yklymyň döwletleriniň arasynda ulag-logistik hyzmatlaryň ösdürilmegine jogapkärçilikli çemeleşýär, milli ulag düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýar, halkara üstaşyr ulag kuwwatyny yzygiderli artdyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara ulag geçelgeleriniň ygtybarlylygy üçin amatly şertleri döretmek boýunça geçirilýän giň gerimli işler Türkmenistany yklymlaýyn ugurlar boýunça geçelgeleriň möhüm halkasyna öwürýär. Biziň ýurdumyz halkara ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak bilen, ýükleri daşamak üçin döredilýän geçelgeleriň bökdençsiz ulanylmagyna uly ähmiýet berýär.

Türkmenistan kuwwatly döredijilik mümkinçiligini umumy bähbitler ugrunda amala aşyrmaga ymtylyp, abraýly halkara guramalardyr düzümler bilen işjeň özara gatnaşyk edýär hem-de döwrüň wajyp meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşýar. Munuň şeýledigine 2021-nji ýylyň 29-njy iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde kabul edilen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnama aýdyň şaýatlyk edýär.

Bu Kararnamanyň awtordaşy bolup 48 döwlet çykyş etdi. Onuň möhüm wezipeleri häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetinde, hususan-da, ulag ulgamynda ýüze çykýan töwekgelçilikleri peseltmek boýunça halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny güýçlendirmekden, bu ugurda degişli hukuk binýadyny döretmekden ybaratdyr.

Häzir uzak aralyklara halkara gatnawlaryň ählisi diýen ýaly multimodaldyr, ýagny ýük islendik serhetüsti ulag-logistik halkada ulaglaryň ençeme görnüşiniň ulanylmagy arkaly ýetirilýär. Şunuň bilen baglylykda, köplenç, ýükleriň saklanylmagy, şol sanda gümrük amallary bilen baglanyşykly bökdençlikler ýüze çykýar. Iň täze tehnologiýalar esasynda Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň ulanylmagy arkaly dünýäniň ulag ulgamyna sanly mümkinçiligiň ornaşdyrylmagy gümrük kepilligi we ätiýaçlandyrmasy tertibini ýaýratmaga mümkinçilik berer. Şeýle-de munuň özi başlangyç nokatdan bellenen nokada çenli ýoluň tutuş dowamynda harytlaryň hem-de ulag serişdeleriniň barşyny gözden geçirmegi üpjün eder.

Hut maglumat tehnologiýalarynyň we halkara ulag ulgamynyň sanlylaşdyrylmagynyň ýakynda geçirilip, dünýäde giň seslenme döreden halkara maslahatda ara alnyp maslahatlaşylan möhüm meseleleriň biri bolandygy ýöne ýerden däldir. Ýükleri daşamagyň ählumumy toruny guramaga täzeçe çemeleşme häzirki zaman sanly tehnologiýalarynyň we blokçeýn platformasynyň ulanylmagyny, ýükleriň konteýnerleşdirilmegini hem-de BMG-niň, Bütindünýä Gümrük Guramasynyň, Bütindünýä Söwda Guramasynyň ölçegleriniňdir maslahatlarynyň berk berjaý edilmegini göz öňünde tutýar.

Blokçeýn platformasy halkara derejede ýükleriň daşalyşynda resminama dolanyşygyny awtomatik usula geçirýär we ep-esli tizleşdirýär. Şunda ulgamyň köpçülikleýin böleginde maglumatlar hemmeler üçin açykdyr, ýöne rugsatsyz goşulyşmalardan doly goraglydyr.

Şeýlelikde, Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň ornaşdyrylmagy multimodal daşamalary amala aşyrmak, halkara söwdany we işewürligi alyp barmak üçin şertleri gowulandyrmak bilen birlikde, milli býujetlere salgytlaryň gelmeginiň artmagyny üpjün edip, gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi üçin durmuş-ykdysady we täjirçilik artykmaçlyklarynyň döremegine ýardam berer. Taslama gatnaşyjylar ulag ulgamynyň sanlylaşdyrylmagynyň sebitiň ýurtlaryna uly ykdysady we syýasy bähbidi üpjün edip bilýän, olaryň strategik bähbitlerini birleşdirýän kuwwatly özara ýakynlaşdyryjy serişde bolup durýandygyny nygtap, bir aýyň dowamynda 2022 — 2024-nji ýyllarda Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň taslamasyny durmuşa geçirmek babatda anyk çäreleriň meýilnamasyny işläp taýýarlamaga taýýardyklaryny biragyzdan beýan etdiler.

Taraplaryň pikirine görä, Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň hem-de gümrük üstaşyr ulgamynyň sanly torunyň ulanylmagy, umuman, elektron söwdany we sanly ulag ulgamyny ösdürmek, üstaşyr geçirmeler amala aşyrylanda, gümrük howpsuzlygyny we harytlar ýetirilmedik halatynda, üstaşyr ýurtlaryň gümrük edaralaryna mümkin bolup biljek çykdajylaryň öweziniň öz wagtynda dolunmagyny üpjün etmek üçin giň mümkinçilikleri açyp, sebitiň üstaşyr geçirijilik ulgamynda hem-de ýükleri daşamagyň ählumumy halkasynda uly özgertmeleri amala aşyryp biler.

Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň taslamasyna resmi badalga bermek dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Bilelikdäki Beýannamany kabul etdiler. Onda taraplaryň dürli derejelerde hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy sanly ulgamy döretmek baradaky teklipleri öňe ilerletmek babatda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy tassyklanyldy.

Soňky habarlar
26.11
Aşgabatda ITTC-2024 halkara maslahaty we sergi geçirilýär
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iş maslahatyndaky çykyşy
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy
top-arrow