Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň maslahaty guraldy
Syýasat habarlary
Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň maslahaty guraldy
Çap edildi 15.08.2022
1309

Şu gün irden «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki maslahat öz işine başlady.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda guralan foruma 40-a golaý döwletiň hem-de halkara guramalaryň 30-dan gowragynyň wekiliýetleri gatnaşdylar. Bu çäre şeýle hem BMG-niň edaralarynyň ýolbaşçylaryny, abraýly halkara, sebit we sebitara guramalaryň hem-de maliýe düzümleriň ýolbaşçylaryny, hususy ulgamyň, hökümete dahylsyz birleşikleriň, ylmy toparlaryň wekillerini birleşdirdi. Türkmen tarapyndan forumyň işine Hökümet agzalary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Utgaşykly görnüşde geçýän forumyň esasy maksady deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň (DÇBÖBD) durnukly ulag we onuň bilen bagly Durnukly ösüş maksatlary ulgamynda gazanan üstünliklerini seljermekden, şunuň bilen baglylykda, koronawirus ýokanjy pandemiýasynyň we beýleki wehimleriň täsirini kesgitlemekden ybaratdyr. Şeýle hem COVID-19-dan soňky dikeldiş üçin ulagyň esasy orny, howanyň üýtgemeginiň täsirini azaltmak we oňa uýgunlaşmak bilen bagly meselelere garalar.

Forumyň wezipeleri pandemiýa döwründen soň, düzümi maliýeleşdirmek, onuň durnuklylygyny üpjün etmek üçin bilimleri, tejribäni we innowasion çemeleşmeleri — çözgütleri alyşmak, DÇBÖBD-de ulag düzüminiň ösüşini we tehniki taýdan hyzmat edilişini gowulandyrmak üçin maslahatlary hem-de mümkinçilikleri ýüze çykarmak, DÇBÖBD-niň bähbitleri üçin ulag ulgamynda halkara goldawyny giňeltmek hem-de bu ulgamda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak forumyň esasy wezipeleri boldy. Garaşylyşy ýaly, bu maslahatlar Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ulanylar hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň DÇBÖBD boýunça 2024-nji ýylda geçiriljek üçünji maslahatyna hödürleniler.

Mälim bolşy ýaly, bu forumy biziň ýurdumyzda geçirmek başlangyjy Türkmenistan tarapyndan öňe sürüldi hem-de BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2021-nji ýylda kabul edilen Kararnamada berkidildi. Bu teklibiň derwaýysdygy döwrüň talaplary bilen tassyklanyldy, çünki ulag ulgamy dünýä ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri hem-de dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we deňagramlylygyna gönüden-göni täsir edýän ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti bolup durýar.

Parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugruna ygrarly bolmak bilen, Türkmenistan bu ugurda özara gatnaşyklar meselelerinde, şol sanda BMG-niň we beýleki abraýly guramalaryň çäklerinde işjeň orny eýeläp, sebit we transkontinental möçberde köp şahaly utgaşykly döwrebap ulag düzümini kemala getirmek boýunça başlangyçlary öňe sürýär hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde olary durmuşa geçirýär. Bularyň hemmesi ähli ýurtlaryň we halklaryň jana-jan bähbitlerine laýyk gelýär hem-de ählumumy abadançylygyň, rowaçlygyň we ösüşiň maksatlaryna hyzmat edýär. Şu gezekki forum hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Häzirki wagtda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ulag pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga, hereket edýän ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny giňeltmäge we täzelerini döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn milli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu çäreleriň ählisi ýurdumyzyň ulag ulgamynyň halkara kommunikasiýa düzümine işjeň goşulmagyna, Türkmenistanyň çäk taýdan amatly ýerleşmegini nazara almak bilen, ýurdumyzda multimodal gatnawlaryň sebit boýunça utgaşdyrylmagyny üpjün edýän iri logistik merkezleriň döredilmegine ýardam etmäge gönükdirilendir.

Forumyň işiniň öňüsyrasynda Kongresler merkeziniň eýwanynda elektron görnüşindäki sergi guraldy. Onda deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň mümkinçilikleri hem-de ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa toplumynyň gazanan üstünlikleri görkezildi. Sergide ilaty 533 million adama barabar bolan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň 32-si barada gürrüň berilýär. Bu ýurtlaryň çäk taýdan ýerleşişi olaryň beýleki ýurtlar bilen ykdysady gatnaşyklaryna täsirini ýetirýär. Şonuň netijesinde olar ykdysadyýetiň düzümleýin kämilleşdirilmegi üçin zerur bolan maýa goýum we maliýeleşdirmek, tehnologiýalar we hyzmatlar ýaly ugurlarda ählumumy söwdanyň artykmaçlyklaryndan doly derejede peýdalanyp bilmeýärler. Şunuň bilen birlikde, monitorlarda ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk üçin giň ýollary açýan geljegi uly taslamalar barada maglumatlar getirilýär.

Bilelikde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, maslahat öz işine başlady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow forumda sanly ulgam arkaly çykyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz wekilleri mübärekläp, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda geçirilýän deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendikleri üçin hemmelere minnetdarlyk bildirdi.

Bu foruma otuzdan hem köp döwletden ulag edaralarynyň ýolbaşçylary wekilçilik edýärler. Şeýle hem halkara guramalaryň, maliýe institutlarynyň, bilermenler bileleşiginiň onlarçasynyň wekiliýetleri gatnaşýarlar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we munuň bolsa, duşuşygyň ähmiýetini, derwaýyslygyny we öz wagtynda çagyrylandygyny görkezýändigini belledi. Elbetde, gatnaşyjylaryň şeýle wekilçilikli düzümi Türkmenistana bolan hormatyň, ýurdumyzyň ulag ulgamyndaky ählumumy hyzmatdaşlyga goşan goşandynyň ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasydyr.

Dünýä ykdysadyýetinde agdyklyk edýän häzirki zaman ýagdaýlarynyň seljermesi ulag we kommunikasiýalar ulgamynyň ösdürilmeginiň has möhüm we aýgytly ähmiýete eýe bolýandygyny aýdyň görkezýär.

Ulag-üstaşyr gatnawlaryny amatly ýagdaýa getirmek, çig maly we taýýar önümleri daşamagyň häzirki zaman üpjünçilik ulgamyny gurmak, esasan hem, deňiz terminallaryna göni çykalgasy bolmadyk döwletler üçin birleşdiriji şerte öwrülýär.

Häzirki wagtda dünýä önümçiligindäki ýönekeý bolmadyk ýagdaýlarda hut ulag-kommunikasiýalar düzümi ykdysady gatnaşyklara zerur itergi berip biler. Maýa goýum işjeňligini höweslendirip, belli bir derejede tutuş ählumumy geoykdysady ulgama täze many-mazmun bermäge ukyplydyr diýip, döwlet Baştutanymyz wideoýüzlenmesinde belledi.

Şu nukdaýnazardan, täze ulag-üstaşyr merkezleriniň mümkinçilikleri örän uludyr. Olara ägirt giňişlikler, adam mümkinçilikleri çekilýär, düýpli maýa goýumlary goýulýar. Bularyň hemmesi, ulag ulgamyny dünýä ykdysadyýetini ösdürmegiň hereketlendirijileriniň birine öwürmäge mümkinçilik döredýär. Ýurtlar bilen sebitleriň arasyndaky ösüş depginindäki tapawutlyklardan, hemmetaraplaýyn peselmeginden we çökmeginden goraglylygyny kepillendirýär.

“Türkmenistan XXI asyryň ulag gurluşynyň integrasiýa ösüşiniň giňişlikleriň, sebitleriň, senagat, serişde, adam mümkinçilikleriniň baglanyşygydygyna ynanýar. Geljek iň uly halkara we sebit deňiz, derýa, awtomobil we demir ýollaryna hem-de howa merkezlerine çykmak, olaryň amatly utgaşmasy we hersiniň artykmaçlygyndan peýdalanmak bilen birleşdirilen ulag aragatnaşyk ulgamyna degişlidir” diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Bellenilişi ýaly, koronawirus pandemiýasy ähli döwletlere diýen ýaly öz täsirini ýetirdi. Dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ösmegine ýaramaz täsir etdi. Ýöne, ulag düzüminiň nukdaýnazaryndan hut deňze çykalgasy bolmadyk ösýän ýurtlar köp zyýan çekdi. Şeýle şertlerde tagallalary birleşdirmek, çalt we aýdyň netijelere ýetmek üçin tutanýerli gönükdirmek zerurlygy ýüze çykdy.

Bu ýerde iň möhüm ugurlaryň biri BMG-niň çäklerinde umumy iş ýörelgelerini işläp taýýarlamak bolup durýar. Biziň pikirimizçe, ulag meseleleri bütindünýä guramasynyň aýratyn iş ugry hökmünde BMG-niň gün tertibinde hemişelik we berk orny eýelemelidir. Türkmenistanyň bu ugurda işjeň syýasaty ulag meseleleri boýunça gepleşikleri ulgamlaýyn we yzygiderli häsiýetde alyp barmaga gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyz 2016-njy ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirmek başlangyjy bilen çykyş edipdi. Şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ulag ulgamynda durnukly ulag we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri boýunça möhüm Kararnamalar kabul edildi.

“Häzirki döwürde dünýä ulaglar ulgamyny ösdürmek, özi-de iň ýokary derejede ösdürmek boýunça dialogyň başlanandygyny we has oýlanyşykly, bitewi häsiýete eýe bolup başlandygyny ynam bilen tassyklap bolar. Oňa döwletler, kompaniýalar, halkara institutlar we guramalar gatnaşýarlar” diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow kanagatlanma bilen aýtdy.

Bu üstünliklere kanuny ýagdaýda guwanmak bilen, Türkmenistan ählumumy ulag dialogyna özüniň başlangyçlar arkaly gatnaşmagyny peseltmez. Mundan başga-da, biziň ýurdumyz ony güýçlendirmäge we giňeltmäge, täze anyk taslamalar we meýilnamalar bilen baýlaşdyrmaga taýýardyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, BMG-de ulag ulgamynda deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň bähbitlerini goramaga gönükdirilen we BMG-niň degişli düzümleri bilen yzygiderli iş alyp barjak ýörite iş toparyny döretmek baradaky meselä seretmegi teklip etdi.

Şeýle hem türkmen tarapy Baş Assambleýanyň «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ählumumy ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşinde we ony pugtalandyrmakda ornuny ýokarlandyrmak hakyndaky» Rezolýusiýasyny işläp taýýarlamaga girişmäge wagt ýetdi diýip hasap edýär. Nygtalyşy ýaly, şol resminama biziň döwletlerimiziň bähbitlerini öňe sürmäge netijeli itergi bermäge, degişli meseleleriň ähmiýetini açyp görkezmäge we olara düşünmäge ýardam berer, dünýä bileleşiginiň olary çözmäge eýerýändigini görkezmäge ukyply bolar.

Türkmenistan bu resminamany taýýarlamaga girişmäge taýýardyr, ähli netijeli teklipler we başlangyçlar üçin açykdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we şu başlangyçlaryň goldanjakdygyna bil baglanylýandygyny nygtady.

Aşgabat prosesi umumydünýä ulag gün tertibiniň örän möhüm we aýrylmaz bölegidir. Ol ählumumy ulag ulgamynda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň netijeliligini we yzygiderliligini üpjün etmäge niýetlenendir, deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň kanuny bähbitlerini ykrar etmäge, biziň hyzmatdaşlygymyzyň maksatlaryny we wezipelerini anyklaşdyrmaga gönükdirilendir.

Şu maslahatyň dowamynda deňhukukly, özara bähbitli we hakyky hyzmatdaşlyk esasynda ählumumy ulag akymlarynda strategik çelgileri we goşulyşmagyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek zerur bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we şu forumyň kabul eden çözgütleriniň we teklipleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça 2024-nji ýylda geçirilmegi göz öňünde tutulan üçünji maslahatyna taýýarlyk görmegiň esasyny düzjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistan öz hyzmatdaşlary we pikirdeşleri bilen bilelikde öňde goýlan bu maksatlara ýetmek üçin aýgytly hereket eder diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we maslahata gatnaşýanlaryň ählisine bu ugurda üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň wideoýüzlenmesi uly üns bilen diňlenildi we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Soňra foruma gatnaşyjylar Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň iberen hatyny diňlediler. Bu haty BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň az ösen döwletler, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de ösüp barýan kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili hanym Rabab Fatima sanly ulgam arkaly okady.

BMG-niň Baş sekretarynyň gutlag hatynda Türkmenistanyň Hökümetine hem-de foruma gatnaşyjylaryň ählisine möhüm ähmiýetli meselelere, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ulgamyny ösdürmek meselesine ünsi çekmäge ýygnanandyklary üçin hoşallyk bildirildi.

Bellenilişi ýaly, ulag ulgamyndaky arabaglanyşyk ähli ýurtlaryň geljegi, aýratyn hem söwdanyň nyrhyny peseltmek we ählumumy bazarlara elýeterliligi gowulandyrmak babatda DÇBÖBD üçin möhüm ähmiýete eýedir. Şunda ykdysadyýetleriň we adamlaryň ýakynlaşmagyna ýardam bermek, oba we şäher etraplarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak we durnuklylygy ýokarlandyrmak, şeýle hem Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň örän wajypdygyna üns çekildi.

BMG-niň Baş sekretary deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ulag arabaglanyşygyny gowulandyrmagyň ýolunda uly päsgelçilikleriň bardygyny aýdyp, öz hatynda deňsizligi çuňlaşdyrýan we howanyň üýtgemegine durnukly bolmadyk sazlaşyksyz düzümiň, serhetden geçilýän köp sanly nokatlaryň bardygyny, çylşyrymly üstaşyr we serhet çärelerini esasy bökdençlikleriň hatarynda görkezdi. Gatnawlarda bökdençlikler, ýokary ulag çykdajylary COVID-19 pandemiýasy netijesinde ýüze çykan goşmaça kynçylyklaryň hatarynda bellenildi.

Nygtalyşy ýaly, ýük daşamak babatda çykdajylaryň has artmagy söwda we üstaşyr geçirmek bilen bagly kynçylyklary çuňlaşdyrdy. Şondan soňky ykdysady çökgünlik bolsa hökümetleriň uzak möhletli düzümleýin taslamalary maliýeleşdirmek mümkinçiliklerini çäklendirdi.

Antoniu Guterrişiň hatynda ulag ulgamyny ozalky ösüş ýoluna gaýtaryp getirmek üçin bilelikdäki hereketiň möhümdigi bellenilýär.

Wena hereketler maksatnamasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin uly ähmiýete eýedigine aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, bu maksatnamanyň deňziň netijeli we bähbitli elýeterliligine çagyrýandygy aýdyldy.

Şunuň bilen birlikde, geljekde bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmegiň hem-de çözgütleriň ähmiýetini artdyrmagyň, düzümi maliýeleşdirmekde ýetmeýän serişdeleriň öwezini dolmak, şol sanda durnukly ulag ulgamyna maýa goýumlaryny goýmak üçin hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň wajypdygy bellenildi.

Şeýle hem uly bolmadyk jemgyýetleriň ýaşaýjylarynyň çetde galmandyklaryna hem-de maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň, şol sanda howanyň üýtgemegi bilen bagly maliýe serişdeleriniň ulanylandygyna göz ýetirmegiň zerurdygy nygtaldy.

BMG-niň Baş sekretarynyň ýüzlenmesinde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň Birleşen Milletler Guramasynyň doly ygrarlylygyna bil baglap biljekdikleri bellenilýär.

Mundan başga-da, Milletler Bileleşiginiň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň 2024-nji ýylda guraljak üçünji maslahatynyň üstünlikli geçirilmegini üpjün etmäge taýýardygy beýan edildi.

Hatyň ahyrynda çäk bilen bagly meseleleri çözmek üçin innowasiýalardan we tehnologiýalardan doly peýdalanmak maksady bilen bilelikdäki işiň hem-de deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň durnukly ulag ulgamyny ilerletmek we gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin tagallalary birleşdirmegiň ähmiýeti barada aýdyldy.

Soňra BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary we az ösen döwletler, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de ösüp barýan kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili hanym Rabab Fatima söz berildi. Ol foruma sanly ulgam arkaly goşulyp hem-de ýygnananlary mübärekläp, şu günki açylan forumda çykyş etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi.

Bu gezekki duşuşygyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Hökümetine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, BMG-niň ýokary wezipeli wekili Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde ulag ulgamyny durnukly ösdürmekde öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň halkara giňişlikde alyp barýan işi we şu günki ähmiýetli forumy geçirmek başlangyjyny öňe sürendigi üçin hoşallyk bildirildi.

Durnukly ösüşi üpjün etmek babatda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin gün tertibinde ulag ulgamyndaky arabaglanyşyk Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň möhüm şerti bolup durýar. Üstaşyr ulag geçelgeleri deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin çäk taýdan ýerleşişi we daşky söwda baglylygy bolan döwletler bilen deňeşdirilende aýratyn ähmiýetlidir.

Bellenilişi ýaly, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler ygtybarly ulag düzümine we sebitleýin hem-de dünýä söwdasyna işjeň gatnaşmak üçin netijeli üstaşyr gurallarynyň döredilmegine garaşly bolup durýarlar.

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag babatda sebitara we halkara gatnaşyklaryny gowulandyrmak, üstaşyr ugurlary giňeltmek üçin onuň kadalaşdyryş-hukuk binýadyny we düzümleýin gurallaryny kämilleşdirmek, sanly ulgamy işjeňleşdirmek, geçelgeleriň işine goldaw bermek üçin oýlanyşykly syýasaty işläp taýýarlamagyň, şeýle hem mümkin bolan ähli çeşmelerden maliýe serişdelerini çekmegiň hasabyna ekologiýa taýdan arassa we netijeli ulag ýollaryny ösdürmek, ulag düzümindäki päsgelçilikleri aradan aýyrmak çözgüdi kabul etmegiň esasy bäş ugry hökmünde görkezildi. Munuň özi ilkinji dört maksatlara ýetmek üçin aýratyn ähmiýetli hasaplanylýar.

Bellenilişi ýaly, bu bäş ugur ulag ulgamynyň döredilmegine ýardam berýän şertler hökmünde ykrar edildi. Olar deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin täze mümkinçilikleri açar. Onuň esasynda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamy bar. Bu bolsa, hemişe bolşy ýaly, halkara ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegini esasy ugur edinýär.

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary we az ösen döwletler, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de ösüp barýan kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili çykyşynyň ahyrynda bu gezekki forumyň netijeleriniň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ulgamyndaky özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin degişli çözgütleri we hereketleri işläp taýýarlamakda möhüm ähmiýetiniň boljakdygyna ynam bildirdi.

Soňra sanly ulgam arkaly deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň bütindünýä toparynyň başlygy, Botswana Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili, ilçi Kollen Wiksen Kelapile çykyş etdi. Ol Türkmenistanyň Prezidentine we Hökümetine hem-de BMG-ä şu möhüm we derwaýys forumyň geçirilýändigi üçin hoşallyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, deňze çykalgasy bolmadyk döwletler ykdysadyýetiň pese gaçmagy hem-de dünýä bazarlaryndan çetleşmegi ýaly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Çylşyrymly geografik we ýol şertleri bilen baglylykda, harytlary daşamak hem-de ýurduň ilatynyň erkin gatnamagy kynlaşdy.

COVID-19 pandemiýasy döwründe serhetleriň ýapylmagy, harytlaryň we hyzmatlaryň ilerledilmegine çäklendirmeleriň girizilmegi deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ozaldan hem agyr ýagdaýyny has-da çylşyrymlaşdyrdy we halkara söwdasy üçin binýatlaýyn ulgam bolup durýan ulag ulgamyna ýaramaz täsirini ýetirdi.

Howanyň üýtgemegi we onuň bilen bagly adatdan daşary ýagdaýlar portlaryň, howa menzilleriniň, awtomobil we demir ýol düzümleriniň işine uly täsir edýär.

Wena hereketler maksatnamasyny ýerine ýetirmek we 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin üstaşyr gatnawlar, ulag düzümini we söwdany ösdürmek ulgamynda deňze çykalgasy bolmadyk döwletlere maliýe we tehniki kömegini bermegi göz öňünde tutýar.

Şunuň bilen baglylykda, ösüp barýan ýurtlar üstaşyr döwletleriň yzygiderli hyzmatdaşlygyna we goldawyna bil baglamak bilen, bilelikdäki tagallalar arkaly çökgünlikli ýagdaýlara garşy durup biljek ýokary hilli we durnukly ulag düzümini döretmelidirler, ulag düzümindäki täze maýa goýum taslamalaryny goldamalydyrlar, umumy wezipeleri çözmek üçin sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmelidirler, durnukly ulag hökmünde demir ýollaryň artykmaçlyklaryndan peýdalanmalydyrlar.

Soňra BMG-niň Afrika üçin Ykdysady komissiýanyň Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary jenap Pedro Antonio söz berildi. Myhman foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, BMG-niň Afrika üçin Ýerine ýetiriji sekretary doktor Wera Songweniň adyndan Türkmenistanyň Hökümetine myhmansöýerlik we öňde goýlan maksatlara ýetmäge umumy goşant goşmaga gönükdirilen bu möhüm ulag maslahatynyň guralmagy we geçirilmegi üçin hoşallyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynyň gün tertibinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň usuly hökmünde ulag ulgamyndaky aragatnaşyklaryň we halkara söwdanyň ähmiýeti ykrar edilýär. 2063-nji ýyla çenli Afrika gün tertibinde bolşy ýaly, onda hem deňze çykalgasy bolmadyk döwletler üçin gaýragoýulmasyz wezipeleriň çözülmeginiň zerurdygy nygtalýar.

Şunuň bilen baglylykda, jenap Pedro Antonio dünýäniň iri bazarlaryna elýeterliligi üpjün etmegiň, ykdysady taýdan ýakynlaşmagyň, maýa goýum işini höweslendirmegiň, eksport-import söwda amallaryny kämilleşdirmegiň, bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmagyň, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmagyň, COVID-19 pandemiýasyndan soňra dikeldiş meýilnamalaryny amala aşyrmagyň möhüm şerti hökmünde bu ýurtlar üçin ulag-logistika düzüminiň ösdürilmegine aýratyn ünsi çekdi.

Şeýlelikde, ulag-üstaşyr ulgamynyň ösdürilmegi deňze çykalgasy bolmadyk Afrika ýurtlary üçin hemişe ileri tutulýan ugur bolmagynda galýar. Bu meseläniň çözülmegi yklymda şol ulgamdaky möhüm taslamalaryň köpüsini amala aşyrmak üçin işewürligiň esaslaryny pugtalandyrmaga ýardam eder.

Soňra Bütindünýä gümrük guramasynyň Baş sekretary doktor Kunio Mikuriýa söz berildi. Ol forumyň wekilleriniň öňünde sanly ulgam arkaly çykyş etdi.

Bütindünýä gümrük guramasynyň ýolbaşçysy maslahata gatnaşyjylary mübärekläp, bu möhüm duşuşyga gatnaşmaga çakylyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Bütindünýä gümrük gullugy deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler söwda hem-de ulag ulgamyna goldaw bermek boýunça tagallalardan has uly peýda almalydyr diýip hasaplaýar diýip, Kunio Mikuriýa belledi we Kioto Konwensiýasy hökmünde mälim bolan “Gümrük çärelerini aňsatlaşdyrmak we sazlaşdyrmak hakyndaky Halkara Konwensiýa” ýaly halkara standartlaryny ulanmagyň wajypdygyny ýatlatdy.

Biziň işimiziň esasy ýörelgesi “Serhetler bölýär, gümrük birleşdirýär” diýen ýörelgeden ybaratdyr. Şu maksat bilen, Bütindünýä gümrük guramasy gümrük çäreleri üçin standartlary işläp taýýarlaýar, gümrük hyzmatdaşlygyny ilerledýär hem-de gatnaşyjy ýurtlaryň gümrük gulluklaryna öz kuwwatyny artdyrmakda goldaw berýär. Şeýlelikde, biz girdejileriň ýygnalmagyna, söwda işleriniň aňsatlaşdyrylmagyna hem-de serhetleri bikanun söwdadan goramaga ýardam berýäris diýip, BGG-niň Baş sekretary nygtady.

Şeýle hem ol deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleri goldamak maksady bilen, 2019-njy ýylda Merkezi Aziýanyň ýurtlaryna gelip görendigini hem-de Türkmenistanyň şol wagtky Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşmak mümkinçiligine eýe bolandygyny ýatlatdy. Şonda Türkmenistanyň “Açyk gapylar” hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyna ygrarlydygy nygtaldy. Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň ählisi hem serhetde söwdany we ulagy geçirijiligi ýeňilleşdirmek maksady bilen, 2021-nji ýylyň ahyryna çenli degişli resminama goşulmak işini tamamladylar.

Bütindünýä gümrük guramasy kömek hökmünde üstaşyr geçirmek boýunça gollanmany, üstaşyr geçirmek ulgamynda iň gowy tejribeleriň ýygyndysyny we beýlekileri işläp taýýarlady. Munuň özi guramanyň diňe bir üstaşyr geçirmek syýasatynda däl, eýsem, tehnologiýalary, şol sanda ulag düzümi bilen berk baglanyşykly maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak ulgamynda hem ýakyndan goldaw berýändigine şaýatlyk edýär.

Bütindünýä gümrük guramasynyň mümkinçilikleri artdyrmak baradaky goldawy köp babatda gümrük gulluklaryny ösdürmäge, şol sanda gender deňligine we köpdürlülige gönükdirilendir diýip, guramanyň ýolbaşçysy nygtady.

Doktor Kunio Mikuriýa türkmen tarapyna iri forumy ýokary derejede gurandygy hem-de netijeli gepleşikler üçin ajaýyp şertleriň döredilendigi üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, Bütindünýä gümrük guramasynyň öz tarapyndan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlere hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigine, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň bähbidine olaryň ulag kuwwatyny artdyrmaga ýardam etjekdigine ynandyrdy.

Soňra Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Saýed Mohsen Espere söz berildi. Ol Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine we Hökümetine bu möhüm çäräniň ýokary derejede guralandygy üçin hoşallyk bildirdi.

Myhman forumyň ähmiýeti barada aýdyp, sebit we halkara derejede ýakynlaşmakda, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň durnuklylygyny pugtalandyrmakda dürli ýurtlaryň ulag ulgamlaryny birleşdirýän ulag-üstaşyr geçelgeleriň möhüm ornuny belledi. Şunuň bilen baglylykda, ykdysady işiň we durnukly ösüşiň möhüm şertleriniň biri hökmünde bu ulgamda netijeli gatnaşyklary ösdürmek babatda umumy tagallalary utgaşdyrmagyň zerurdygy nygtaldy.

Soňra Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Noziriniň sanly ulgam arkaly ýüzlenmesi diňlenildi. Ol şu foruma gatnaşmaga çakylyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Bu maslahatyň çagyrylmagy tutuş dünýä üçin durnukly aragatnaşygyň we ulagyň üpjün edilmeginiň wajypdygyna hem-de gaýragoýulmasyzdygyna şaýatlyk edýär diýip, iri halkara guramanyň ýolbaşçysy aýtdy hem-de durnukly ulagyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin gün tertibini durmuşa geçirmekde örän möhüm orun eýeleýändigini aýratyn nygtady.

Biz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 2025-nji ýyla çenli garaýyşlaryna hem-de BMG-niň durnukly ösüş maksatnamasyna laýyklykda öňdebaryjy sebitleýin ulag ulgamyny döretmek arkaly özara baglanyşygy pugtalandyrmagyň hasabyna gatnaşyjy döwletleriň ählisiniň, aýratyn hem deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň has ysnyşykly ýakynlaşmagyny üpjün etmek baradaky borçnamalarymyzy tassyklamaga şatdyrys diýip, Husraw Noziri sözüni dowam etdi.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýolbaşçysy sanly ulgam arkaly çykyşynda oňyn maksada ýetmek üçin guramanyň ýörite syýasaty işläp taýýarlamak, hukuk binýadyny döretmek, halkara iş usullaryny we konwensiýalary ornaşdyrmak, düzümi ösdürmek, kuwwaty artdyrmak, tehniki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, degişli halkara hyzmatdaşlar we banklar bilen hyzmatdaşlyk etmek wezipelerini özüne birleşdirýän bitewi çemeleşmeleri kabul edendigini nygtady.

Bellenilişi ýaly, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy üzňe başlangyçlary däl-de, geçelgeli çemeleşmeleri hemişe ileri tutýar, düzümi ösdürmekde bolsa sebitara hem-de halkara arabaglanyşyk esasy ýörelge boldy.

Şunuň bilen baglylykda, Eýran Yslam Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň portlarynyň Merkezi Aziýanyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin strategik ähmiýete eýedigi hem-de şu sebit üçin uly artykmaçlyklary teklip edýändigi bellenildi. Arabaglanyşygy has-da pugtalandyrmak maksady bilen, sebitde üstaşyr geçirmegi mundan beýläk-de ýeňilleşdirmek hem-de işewürligi ýöretmegiň nyrhyny peseltmek üçin agza ýurtlarda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň zolaklaryny döretmek mümkinçiligini öwrenmek üçin “Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň derwezesi” atly taslama badalga berildi.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sekretariaty COVID-19 bilen baglylykda emele gelen çökgünligiň täsirine oňat düşünmek bilen, pandemiýanyň ýaramaz netijelerini peseltmek hem-de howplary azaltmak üçin birnäçe teklipler bilen çykyş etdi.

Sebit hyzmatdaşlygynyň, aýratyn hem, deňze çykalgasy bolmadyk agza döwletler bilen hyzmatdaşlygyň 30 ýyllyk tejribesine eýe bolan ösüş boýunça hökümetara sebit guramasy hökmünde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy Durnukly ösüş maksatlarynda hem-de Wena hereketler maksatnamasynda göz öňünde tutulan umumy gymmatlyklaryň, maksatlaryň we ileri tutulýan ugurlaryň ählisini goldaýar diýip, Husraw Noziri aýtdy we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň söwdany we ulag ulgamyny ösdürmek boýunça islendik sebitleýin we halkara başlangyçlara gatnaşmagyny dowam etdirjekdigine hem-de agza döwletleriniň we dünýäniň arasyndaky gatnaşyklary gowulandyrmaga mundan beýläk-de saldamly goşant goşmak üçin gyzyklanma bildirýän halkara hyzmatdaşlaryna goşuljakdygyna ynandyrdy.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary çykyşynyň ahyrynda şu maslahatyň jemleriniň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin durnukly ulag we aragatnaşyk ulgamynda ählumumy ösüşe oňat düşünmäge hem-de rowaç we iň ýagty geljegi meýilleşdirmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Soňra Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň Baş sekretary jenap Umberto De Pretto söz berildi. Ol foruma gatnaşyjylara sanly ulgam arkaly ýüzlendi. Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň ýolbaşçysy maslahatyň guralmagy we geçirilmegi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Bu maslahatyň gün tertibine ulag aragatnaşyklaryny giňeltmek we durnukly ösüş meseleleri girizildi.

Jenap Umberto De Pretto koronawirus pandemiýasynyň netijeleriniň ulaga we söwda täsirini azaltmagy ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezip, Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň BMG-niň ugurdaş düzümleri bilen deňze çykalgasy bolmadyk döwletlere degişli meseleler boýunça ençeme wagtdan bäri işleýändigini, sebitara ýakynlaşmagyň zerur guraly hökmünde hereketleriň degişli meýilnamasyny doly goldaýandygyny belledi.

Bellenilişi ýaly, pandemiýa hem-de dünýäde bar bolan çökgünlikler bilen şertlendirilen ýagdaýlary göz öňünde tutup, bu döwletler ählumumy bazarlara elýeterlilik bilen bagly täze ykdysady wezipeler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Şunuň bilen baglylykda, halkara we köptaraplaýyn gurallary, şol sanda üstaşyr gatnawlary ösdürmäge, gümrük çärelerini aňsatlaşdyrmaga gönükdirilen sanly gurallary ulanmagyň ähmiýeti artýar.

Multimodal ulag geçelgelerinden işjeň peýdalanmazdan, ygtybarly ugurdaş düzümleri ösdürmezden, degişli kadalary we hyzmatlary kämilleşdirmezden durnukly ösüşi gazanyp bolmajakdygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň Baş sekretary BMG-niň bar bolan gurallaryndan netijeli peýdalanmagyň, üstaşyr çärelerini sanly ulgama geçirmek boýunça umumy tagallalary mundan beýläk-de utgaşdyrmagyň wajypdygyny aýratyn belledi.

Bu baradaky gürrüňiň dowamynda ýük daşamagyň multimodal hem-de ykjam ulgamlarynyň netijeli işlemeginde awtoulaglaryň möhüm orny bellenildi. Pandemiýadan soňky döwürde ykdysady taýdan dikeldiş hut şuňa baglydyr. Halkara awtomobil ulaglary birleşigi öz tarapyndan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň durnukly ulagy we üstaşyr özara gatnaşyklary boýunça başlangyçlary doly goldaýar.

Jenap Umberto De Pretto şu maslahata gatnaşyjylara ýüzlenmek mümkinçiliginiň özi üçin uly hormatdygyny nygtap, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we Türkmenistanyň halkyny ulag-üstaşyr düzümi ösdürmekde gazanylan üstünlikler bilen gutlady hem-de ýurdumyzyň durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ýardam edýän bu ugurdaky oňyn başlangyçlarynyň ähmiýetini nygtady.

Soňra «Ýewropa — Kawkaz — Aziýa» Halkara ulag geçelgesiniň (TRACECA) Hökümetara komissiýasynyň hemişelik sekretariatynyň Baş sekretary Aset Asawbaýew sanly ulgam arkaly çykyş etdi.

Ol şeýle giň gerimli çäräniň guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, çäklendiriş çäreleri ýatyrylandan soň, ulag ulgamynyň dikeldilendigine garamazdan, pandemiýanyň ulagyň dürli görnüşleri arkaly netijeli gatnawlary ýokarlandyrmak üçin halkara derejede hyzmatdaşlygyň zerurdygyny aýdyň görkezendigini nygtady.

Ýakynlaşmak diňe bir düzümleri gurmak, şol sanda demir ýollary we awtomobil ýollaryny gurmak meselelerini däl, eýsem, sanlylaşdyrmak arkaly ösen düzümiň döredilmegini hem öz içine alýar. Şoňa görä-de, TRACECA-nyň döwletleriniň aglabasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler bolup durýandygyny nazara almak bilen, ilkinji nobatda, pandemiýadan soňky döwürde ýurtlaryň durnukly dikeldilmegi üçin düzümleýin desgalaryň kuwwatyna laýyklykda, olaryň ählisiniň doly derejede birleşdirilmegini aýratyn möhüm hasaplaýarys diýip, Aset Asawbaýew belledi.

Halkara derejede bu ugur boýunça ozal görlen çäreleriň netijesinde ýurtlaryň arasyndaky serhetlerden geçmegiň çalt, doly derejede aňsatlaşdyrylan işini üpjün etmek boýunça ýeterlik binýat we işläp taýýarlamalar bar. TRACECA şeýle hem halkara ylalaşyklaryň kadalarynyň we düzgünleriniň ornaşdyrylmagyny üpjün etmegiň üstünde işleýär hem-de bu ugurdaky başlangyçlary öňe sürýär.

Şunuň bilen baglylykda, ýurtlaryň syýasy erk-islegini birleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy, çünki ýokary derejede degişli çözgütler bolmazdan, halkara derejede ösüş gazanyp bolmaz.

Bu babatda Türkmenistanyň TRACECA-nyň hataryna ýakyn wagtda goşulmagyna hem-de ýurduň halkara ulag geçelgesiniň doly hukukly agzasy hökmünde ähli taslamalara we başlangyçlara işjeň goşulmagyna umyt bildirildi.

Men diňe bilelikdäki tagallalar bilen hem-de wajyp meseleler babatda döwletleriň işjeň çekilmegi arkaly Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ösüş gazanyp biljekdigimize ynanýaryn. Munuň özi, ilkinji nobatda, deňze göni çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin örän wajypdyr diýip, TRACECA-nyň hemişelik sekretariatynyň Baş sekretary aýtdy.

Sanly ulgam arkaly çykyşynyň ahyrynda Aset Asawbaýew forumy guraýjylara we oňa gatnaşyjylara netijeli ara alyp maslahatlaşmalar üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi we ýolbaşçylyk edýän düzüminiň geljekde hem netijeli hyzmatdaşlyga taýýardygyny beýan etdi.

Soňra Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýolçularynyň hökümetara geňeşiniň başlygy Buri Karimow çykyş edip, forumyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin hormatly Prezidentimize we Türkmenistanyň Hökümetine çuňňur hoşallygyny beýan etdi.

Bellenilişi ýaly, bu gezekki forum Aşgabat prosesiniň dowamy hökmünde kabul edildi. BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahatynda onuň binýady goýuldy. Onda Türkmenistanyň halkara derejedäki ulag diplomatiýasynyň ösüşine goşandy aýratyn bellenildi.

Myhman GDA-nyň ýurtlarynyň Aziýa we Ýewropa yklymlarynyň möhüm baglanyşdyryjy merkez hökmünde çäk taýdan amatly ýerleşendigini belledi. Halkara ulag geçelgeleri, şol sanda halkara awtomobil ýollary häzirki zaman ulag ulgamynyň esasyny düzýär. Hut şu ýagdaý hem hereketleriň Wena maksatnamasynyň kabul edilmegini we ony durmuşa geçirmek boýunça zerur tagallalary şertlendirdi. Ilkinji nobatda, üstaşyr geçelgeleri ösdürmekde goňşy döwletler bilen ýanaşyk çäkde ulag düzüminiň gowulandyrylmagy we halkara awtomobil ýollarynyň giňeldilmegi zerur bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, GDA ýurtlarynyň ulag ulgamynda toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygy bellenildi. Şunda Türkmenistanda bu strategik taýdan möhüm ulgamda amala aşyrylýan anyk işlere üns berildi.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýolçularynyň hökümetara geňeşiniň başlygy serhetüsti geçelgeleriň, erkin ykdysady zolaklaryň mümkinçilikleriniň doly derejede herekete girizilmeginiň wajypdygyny nygtady. Munuň özi GDA-nyň ýurtlarynyň arasynda söwda gatnaşyklaryny gowulandyrmaga, hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, şeýle hem milli ykdysadyýetleriň ösdürilmegine ýardam berer.

Dünýäde emele gelen ýagdaýlary nazara alyp, “Demirgazyk — Günorta” geçelgesiniň ösdürilmegi, ulag ulgamyndaky mümkinçilikleri artdyrmakda bar bolan bökdençlikleri azaltmak üçin zerur çäreleriň görülmegi teklip edildi.

Şol bir wagtyň özünde hökümetara geňeşiniň bu ugur boýunça soňky ýyllarda öňe sürlen başlangyçlary goldaýandygy bellenildi. Däp bolan we innowasion häsiýetdäki, şol sanda ulag akymlaryny sanlylaşdyrmak bilen baglanyşykly başlangyçlara möhüm orun berilýär. Şeýlelikde, bu ugurda öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin utgaşykly hereketleriň wajypdygy bellenildi.

Geňeşiň geljekki meýilnamalary barada aýdyp, myhman 2023-nji ýylyň maý aýynda Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň we Ermenistanyň çägi boýunça ulag geçelgeleriniň ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna gönükdirilen halkara awtomobil ýörişini guramagy möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi.

Buri Karimow çykyşynyň ahyrynda foruma gatnaşyjylaryň ünsüni dünýä döwletleriniň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň wajypdygyna çekdi. Munuň özi ähli gyzyklanma bildirýän taraplar üçin bähbitli bolar.

Soňra forum plenar mejlisler görnüşinde öz işini dowam etdi.

«COVID-19 pandemiýasyndan soňky döwürde durnukly ykdysady ösüş üçin ulag aragatnaşygyny gowulandyrmak we maliýeleşdirmek üçin başlangyçlar we çözgütler barada tejribe alyşmak» atly ýokary derejedäki birinji mejlis «Awaza» kongresler merkeziniň kiçi zalynda geçirildi.

Ministrler derejesindäki pikir alyşmalaryň çäklerinde pandemiýadan soňky döwürde durnukly ykdysady ösüş üçin ulag gatnawlaryny gowulandyrmak hem-de maliýeleşdirmek boýunça başlangyçlar hem-de teklipler beýan edildi. Şunuň bilen birlikde, ulag özara baglanyşygynyň esasy meselelerine garaldy. Bu özara baglanyşyk koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy sebäpli tutuş dünýäde çäklendirilipdi, ol aýratyn-da, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň söwda hem-de ulag gatnaşyklaryna ýaramaz täsir etdi.

Bellenilişi ýaly, şu gezekki duşuşygyň esasy maksady has ýokary hilli, dessin hem-de ykdysady taýdan bähbitli ulag hyzmatlaryny hödürlemek arkaly yklymara söwda hem-de syýahatlara goldaw bermekde köp ýurtlaryň hem-de guramalaryň tagallalaryny birleşdirmekden ybaratdyr.

Türkmen tarapynyň wekilleri döwletimiziň gazanan üstünlikleri barada aýdyp, Türkmenistanyň ulag boýunça esasy halkara konwensiýalara gatnaşyjy bolmak bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň bu ugurdaky dört Kararnamasyny, hususan-da, “Durnukly multimodal üstaşyr geçelgelerini döretmäge ýardam etmek maksady bilen ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn gatnaşyklary üpjün etmegiň ýolunda”, «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek», “Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygy berkitmek” atly Kararnamalaryny kabul etmek başlangyjy bilen çykyş edendigini bellediler.

Watanymyz ulag babatda özara hyzmatdaşlyga hem-de üstaşyr ýük daşamalaryny we ýolagçy gatnawlaryny höweslendirmäge ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar. Şunuň bilen baglylykda, 2011-nji ýylda Aşgabat ylalaşygy diýlip tanalýan Eýranyň, Omanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Hökümetleriniň arasynda halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek baradaky Ylalaşyga gol çekilendigi bellenildi. Bu taslama, şeýle hem Katar, Gazagystan we Hindistan goşuldylar.

Owganystany Türkiýe hem-de Ýewropa bilen birleşdirýän “Lapis-Lazuli” geçelgesiniň hem geljegi uludyr. 2017-nji ýylda Türkmenistanyň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň hem-de Türkiýäniň arasynda bu geçelge baradaky ylalaşyga gol çekildi. Bu ulag geçelgesi sebitiň ykdysady taýdan goşulyşmagyny ýokarlandyrmaga hem-de Owganystany dünýä söwdasyna çekmek arkaly, onuň halkynyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda ýardam bermäge gönükdirilendir.

Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmekde, Merkezi Aziýanyň, Hazar deňzi sebitiniň ýurtlary bilen goňşy sebitleriň arasynda söwdany ösdürmekde strategik ähmiýete eýe bolan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly hem yklymyň ýurtlarynyň arasynda ýük dolanyşygynyň artdyrylmagy üçin täze mümkinçilikleri açdy.

Şeýle hem häzirki wagtda Hazar deňziniň üsti boýunça ösdürilýän “Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe —Ýewropa” ulag ugrunyň, Ýewropa — Kawkaz — Aziýa ugry boýunça Türkmenistanyň üstünden geçýän TRACECA halkara ulag geçelgesiniň möhümdigi nygtaldy.

Ýurdumyz bu ulag geçelgeleriniň ösdürilmegine goşýan goşandyny artdyrmak bilen, öz düzümlerini döwrebaplaşdyrýar we giňeldýär — täze demir hem-de awtomobil ýollaryny, awtobanlary, köprüleri gurýar, ulag toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirýär. Şeýle hem ýakynda gurluşygyna badalga berlen, Türkmenbaşy şäherinden Gazagystanyň serhedine çenli awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçjek awtomobil köprüsiniň ähmiýeti barada aýdyldy. Bu desganyň ulanylmaga berilmegi halkara awtomobil ýük daşamalarynyň ösdürilmegine goşmaça kuwwatly itergi berer.

Türkmenistan Halkara howa menzilleriniň hem ulgamyny giňeldýär. Olar Aşgabat, Türkmenbaşy, Daşoguz, Mary, Türkmenabat we Kerki şäherlerinde bar. Şu ýyl Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde ýedinji Halkara howa menziliniň gurluşygyna badalga berildi. Bu howa menzili howa gämileriniň ähli görnüşlerini kabul etmek üçin uçuşlary üpjün etmegiň ýerüsti serişdeleri bilen enjamlaşdyrylar hem-de howa ulag düzümleriniň gowulandyrylmagyna ýardam berer.

Ýylda 27 million tonnadan gowrak ýüki işläp bilýän Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz porty Aziýa bilen Ýewropanyň çatrygynda kuwwatly logistika merkezine öwrülýär. Ýurdumyz daşary ýurtlardan gämileri satyn almagyndan başga-da, olary öz zawodynda gurup başlady.

Türkmenistanda utgaşdyrylan halkara logistika ulgamyny döretmek boýunça işler depginli alnyp barylýar, TRACECA we “Demirgazyk — Günorta” halkara geçelgeler baradaky ylalaşyklara goşulmak boýunça çäreler görülýär.

Ulag ulgamyny hem-de logistikany sanlylaşdyrmak ugrunda halkara tejribäni öwrenmäge ýurdumyzyň uly gyzyklanma bildirýändigine aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň degişli Konwensiýasyna Goşmaça teswirnama goşulyşmak boýunça işler eýýäm alnyp barylýar.

Şunuň bilen birlikde, umumy bähbitlere laýyk gelýän bilelikdäki meýilnamalary hem-de taslamalary mundan beýläk-de durmuşa geçirmäge türkmen tarapynyň taýýardygy tassyklanyldy. Şol umumy bähbitleriň merkezinde adam hakdaky alada durýar.

Umumy mejlisiň barşynda çykyş eden Birleşen Arap Emirlikleriniň, Hytaýyň, Pakistanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Malawiniň, Burkino-Fasonyň, Eýranyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Ermenistanyň, Saud Arabystanynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Gruziýanyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Hökümetine hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň toparyna bu çäräni ýokary derejede guramak babatda uly tagallalary edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Bellenilişi ýaly, saglygy goraýyş ulgamyndaky ählumumy çökgünlik ählumumy ulag ulgamyndaky aragatnaşygyň hem-de durnuklylygyň hemmeler üçin ileri tutulýan ugur bolmalydygyny görkezdi. Çykyş edenler deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlarda söwda babatdaky kynçylyklar barada aýdyp, bu meseläniň çözgüdiniň amallaryň täze nusgalaryny, maýa goýumlarynyň artdyrylmagyny, durnukly we bäsdeşlige ukyply ulag hem-de üstaşyr ulgamlaryny döretmek üçin maliýeleşdirmegi we täze tehnologiýalary ulanmagy talap edýändigini nygtadylar.

Ykdysady, ekologiýa we durmuş meseleleri bilen baglylykda, häzirki wagtda has çalt, ekologiýa taýdan amatly we netijeli ulag ulgamlarynyň ösdürilmeginiň zerurlygy ep-esli artýar. Şunuň bilen baglylykda, täze geçelgeleri döretmegiň öňdebaryjy tejribesiniň öwrenilmeginiň hem-de bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrmagyň we olary dolandyrmagyň, halkara söwda ugurlaryna ep-esli maýa goýumlaryny goýmagyň möhümdigi nygtaldy.

Umumy mejlise gatnaşyjylar bu wajyp ulgamda toplanan tejribäni belläp, harytlaryň dünýä bazarlaryna bäsdeşlige ukyply bahalar boýunça çykarylmagyna mümkinçilik berýän logistik düzümi we hyzmatlary ösdürmegiň wajypdygyna ünsi çekdiler.

Şunuň bilen bir hatarda, Merkezi Aziýada logistik ulgamlaryň özara baglanyşygyny giňeltmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Munuň özi ykdysady taýdan ösüşe hem-de ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam eder.

Sanly ulgama geçmek, söwda akymlaryny işjeňleşdirmek üçin “Bitewi penjire” ulgamyny işjeň ornaşdyrmak ulag ulgamyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şeýle hem ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn ulgamlar arkaly ýerüsti we deňiz ulag düzümini ösdürmäge maýa goýumlaryny artdyrmak üçin halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň we tagallalary birleşdirmegiň wajypdygy nygtaldy.

Çykyş edenler Türkmenistanyň BMG-niň ulag meseleleri boýunça ählumumy dialog baradaky pikiriň başyny başlaýjylaryň biri bolmak bilen, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlyga saldamly goşant goşýandygyny bellediler. Şu gün guralan maslahat munuň nobatdaky aýdyň mysalydyr.

Özara baglanyşyklar zerur bolan gymmatlyklary döredýär hem-de oňyn netijeleri berýär. Diňe bilelikdäki tagallalaryň birleşdirilmegi ulag ulgamynda netijeli görkezijileri gazanmaga mümkinçilik berer. Köp sanly düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegi deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlere peýda getirmäge, üstaşyr ýük daşamalaryň nyrhyny peseltmäge we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam etmelidir.

Degişli halkara institutlar arkaly maliýeleşdirmek özara gatnaşyklara goldaw bermegiň möhüm şertleriniň hatarynda görkezildi. Bellenilişi ýaly, munuň özi COVID-19-dan soň ykdysadyýetleri dikeltmegiň çylşyrymly şertlerinde örän wajypdyr. Şunda halkara maliýe serişdeleriniň deňze çykalgasy bolmadyk döwletlerde degişli düzümleri gurmak hem-de öňden barlaryny döwrebaplaşdyrmak üçin ulanylyp bilner.

Çykyşlarda şeýle hem soňky onýyllyklaryň dowamynda sebitde durnukly ulag we üstaşyr geçelgeleri ösdürmek üçin uly tagallalaryň edilendigi bellenildi. “Lapis-Lazuli” üstaşyr ugry, Hazarüsti halkara üstaşyr ugry, Hazar deňzi — Gara deňiz halkara ulag ugry, TRACECA ýaly başlangyçlaryň köpüsi sebitleýin ulag gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirildi.

Foruma gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, dünýädäki çylşyrymly geosyýasy ýagdaýlar bilen baglylykda, maslahatyň meýdançasy ýurtlara ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açmaga, kabul edilen oňyn çözgütler we maslahatlar bolsa durnukly ösüşe we özara gatnaşyklara ýardam eder.

Şunuň bilen baglylykda, sazlaşykly ulag geçelgeleri arkaly serhetüsti gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda bilelikdäki işi dowam etdirmegiň zerurdygy nygtaldy. Bu babatda üstaşyr geçirmegi ýeňilleşdirmek, sanly ulgama geçmek hem-de ulag we söwda üçin kadalaşdyryjy we beýleki bökdençlikleri aradan aýyrmak boýunça bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy. Foruma gatnaşyjylar şeýle çemeleşmäniň Wena hereketler maksatnamasynda hem-de durnukly ösüş ulgamyndaky maksatlarda kesgitlenen wajyp wezipeleri çözmäge ýardam etmäge gönükdirilendigini bellediler.

Günüň ikinji ýarymynda “Berkarar” myhmanhanasynda forumyň işi dowam etdi.

Umumy mejlisleriň öňüsyrasynda foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda gazanylan üstünlikleri we ýetilen belent sepgitleri, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleri görkezýän sergi bilen tanyşdylar.

Geçirilen mejlislerde “Wena hereketler maksatnamasynyň ulag aragatnaşygynyň anyk wezipelerine hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde gazanylan tejribeler we meseleler”, şeýle hem “Pandemiýadan soňky döwürde durnukly ösüşi üpjün etmek üçin ulag aragatnaşygyny maliýeleşdirmek – esasy meseleler we çözgütler” diýen ugurlara garaldy. Türkmenistan tarapyndan ulag ulgamynda sebit we dünýä möçberinde netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, onuň has oňaýly görnüşlerini işläp taýýarlamaga gönükdirilip öňe sürlen netijeli başlangyçlaryň wajypdygy we olara islegiň uludygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda oňyn halkara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, döwletlere we sebitlere uly ykdysady mümkinçiligi üpjün edip bilýän, olaryň strategik bähbitlerini utgaşdyrmaga ukyply kuwwatly birleşdiriji serişde, geosyýasatyň möhüm ýagdaýy bolup durýan ýaýbaňlandyrylan we howpsuz, döwrebap ulag-üstaşyr düzümleriniň kemala getirilmegine ýurdumyzyň goşandyna ýokary baha berildi.

Bellenilişi ýaly, üstaşyr ulag ulgamynda netijeli ugurlaryň döredilmegi deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň toparynyň dünýä ykdysadyýetine ýakynlaşmagy üçin örän wajypdyr. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň bu ugurdaky bar bolan kuwwatyndan netijeli peýdalanylmagynyň möhümdigine üns çekildi.

Pikir alyşmalaryň çäklerinde forumyň wekilleri şu maslahatyň awtomobil, demir ýol, deňiz we howa ýollaryny özüne birleşdirýän ulag ulgamlarynyň sazlaşykly ösmegine, bu ulgamda giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin intermodal logistiki merkezleri döretmäge ýardam etmelidigi barada umumy pikiri aýtdylar.

Şunuň bilen birlikde, şu maslahatyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de olaryň hyzmatdaşlary üçin ygtybarly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hem-de bar bolan meselelere ünsi çekmek babatda oňat mümkinçilik bolup durýandygy nygtaldy.

Şeýle hem forumyň çäklerinde Türkmenistanyň wekilleri bilen birnäçe daşary ýurtlaryň wekiliýetleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Geçirilen duşuşyklarda sebitiň we dünýäniň dünýä ykdysady gatnaşyklarynyň ösmegine kuwwatly itergi berjek täze ulag geçelgelerini döretmek we ozal hereket edýänlerini giňeltmek boýunça geljegi uly taslamalary nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyklara gatnaşyjylar ministrler maslahatynyň ähmiýeti barada aýdyp, forumyň halkara maslahatlaryň geçirilýän merkezi hökmünde Türkmenistanyň derejesini pugtalandyrandygyny bellediler. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan “Açyk gapylar” syýasatynyň üstünlige eýe bolýandygyny aýdyňlyk bilen görkezýär. Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda duşuşygy geçirmek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi taryhy ähmiýetli waka öwrüldi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Demirgazyk — Günorta, Günbatar — Gündogar ugurlarynyň çatrygynda amatly çäkde ýerleşmek bilen, ulag ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine saldamly goşant goşýar.

Biziň ýurdumyz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp, parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny alyp barýar, dünýäniň ýurtlary bilen ähli ugurlar, aýratyn hem, ulag-kommunikasiýa ugry boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeňleşdirýär. Bu bolsa Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýynyň belende galmagyny şertlendirdi.

Duşuşyklarda Türkmenistanyň ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek, bu ugurda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek hem-de olary iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça dünýä ähmiýetli başlangyçlaryna aýratyn üns berildi. Olaryň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilmegi teklipleriň dünýäniň ýurtlary üçin derwaýysdygyna şaýatlyk edýär.

Duşuşyklaryň ahyrynda olara gatnaşyjylar Türkmenistanda bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de döwrebap ulag-logistika düzümini döretmek bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözülýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Wekiliýetleriň agzalary ulag ulgamynda biziň ýurdumyz bilen gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň zerurdygyny nygtadylar.

Ertir halkara maslahat öz işini dowam eder.

Soňky habarlar
18.04
2024-nji ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
18.04
Türkmenistanda Angola Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
18.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
17.04
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň täze tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
17.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyndaky çykyşy
17.04
Halkyň abadançylygy – döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
17.04
Maryda täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy
17.04
Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary bölegi bäş sany halkara güwanama mynasyp boldy
17.04
Türkmenistanyň Prezidenti Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijini kabul etdi
top-arrow