Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
TDHÇMB-nyň söw­da­la­ryn­da ge­le­şik­le­riň 40-sy ha­sa­ba alyn­dy
Ykdysadyýet
TDHÇMB-nyň söw­da­la­ryn­da ge­le­şik­le­riň 40-sy ha­sa­ba alyn­dy
Çap edildi 11.07.2022
1258

Ge­çen hep­de­de Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­synyň söw­da­la­ryn­da ge­le­şik­le­riň 40-sy ha­sa­ba alyn­dy.

Da­şa­ry ýurt pu­lu­na Tür­ki­ýä­niň we Ow­ga­nys­ta­nyň te­le­ke­çi­le­ri Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­da ön­dü­ri­len, gid­ro usul­da aras­sa­la­nan di­zel ýan­gy­jy­ny sa­tyn al­dy­lar. “Türk­men­gaz” döw­let kon­ser­ni­niň kär­ha­na­syn­da ön­dü­ri­len su­wuklan­dy­ry­lan gaz Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň, Tür­ki­ýä­niň, Ow­ga­nys­tanyň te­le­ke­çi­le­ri­niň söw­da­la­ry­nyň esa­sy­ny düz­di. Mun­dan baş­ga-da, Ow­ga­nys­ta­nyň işe­wür­le­ri Seý­di­niň ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wodyn­da ön­dü­ri­len su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zy sa­tyn al­dy­lar.

Da­şa­ry ýurt pu­lu­na Azer­baý­ja­nyň, Gyr­gy­zys­ta­nyň te­le­ke­çi­le­ri­ne tekiz bo­ýa­lan we žak­kard tüý­jü­mek önüm­ler ýer­le­nil­di. Ge­le­şik­le­riň je­mi ba­ha­sy ABŞ-nyň 15 mil­lion 535 müň 500 dol­la­ry­na ba­ra­bar bol­dy.

Ma­nat se­riş­de­le­ri­ne Tür­ki­ýä­niň işe­wür­ler to­par­la­ry­nyň we­kil­le­ri bahasy 390 müň ma­nada deň bolan nah ýüp­lü­gi sa­tyn al­dy­lar.

Içer­ki ba­zar üçin ýur­du­my­zyň işe­wür­le­ri “Türk­men­gaz” döw­let kon­ser­ni­niň kär­ha­na­la­ryn­da ön­dü­ri­len, je­mi ba­ha­sy 80 mil­lion mana­da go­laý bo­lan ow­ra­dy­lan teh­ni­ki kü­kür­di, el ha­ly­la­ry­ny sa­tyn aldy­lar.

Soňky habarlar
18.08
Medeniýet täze taryhy döwürde Türkmenistanyň ösüşiniň ruhy binýadydyr
17.08
Türkmenistanda Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň taslamasyna badalga berildi
17.08
Ulag ulgamyna degişli halkara forumyň netijeleri boýunça brifing
17.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
17.08
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.08
Türkmenistanyň başlangyçlary ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açýar