Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Türkmenistanyň geljek ýedi ýyl üçin ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlary kesgitlenildi
Hepdäniň wakalary
Türkmenistanyň geljek ýedi ýyl üçin ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlary kesgitlenildi
Çap edildi 10.07.2022
1936

Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ata Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşmaga gönükdirilen durmuş ugurly syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda, Oba milli maksatnamasynda hem-de Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasynda ýurdumyzyň geljek ýedi ýyl üçin ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlary kesgitlenildi. 8-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde garalan bu resminamalarda halkymyzyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen ägirt uly başlangyçlar, giň gerimli taslamalar öz beýanyny tapdy.

Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň rowaçlygyny, ata Watanymyzyň abadançylygyny döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitläp, ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagyny hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegini, öňdebaryjy tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň we iň gowy dünýä tejribesiniň giňden ornaşdyrylmagyny esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 4-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu günler galla hasylyny iň soňky dänesine çenli ýygnamak boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalar edilýär, agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda gowaça ideg işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzyň bazarlarynda azyk bolçulygyny üpjün etmek maksady bilen, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny almak boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär.

Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär. Balkan we Mary welaýatlarynda gant şugundyrynyň ekişi güýçli depginde alnyp barylýar. Bulardan başga-da, ekerançylyk ýerleriniň ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, uzak ýaýlalardaky, düzlüklerdäki ekinleri medeni zolaga geçirmek boýunça çäreler amala aşyrylýar. Şu ýylda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyk işleriniň depgininiň güýçlendirilmegine aýratyn üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda gowaça agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmekde alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi hem-de ekerançylygyň medeniýetini gowulandyrmak, işleriň netijeliligini gazanmak, ýer kadastryny taýýarlamak, tohumlaryň ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, ýokary hasyl berýän görnüşlerini saýlamak, täzeçil tehnologiýalary ulanmak arkaly suwdan rejeli peýdalanmak boýunça teklipleri ýakyn wagtda taýýarlamagy tabşyrdy. Galla oragyny ýokary derejede, gysga möhletde tamamlamak, kärendeçiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek meselelerine aýratyn üns çekildi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň gatnaşmagynda Mary welaýatynyň Serhetabat etrabyndaky “Çemenabat” maldarçylyk hojalygynda 100 müň tonna bugdaý saklamaga niýetlenen elewatory hem-de oňa zerur bolan haltalary öndürýän önümçiligi gurmak baradaky teklibi içgin öwrenmegi tabşyrdy. Türkmen-owgan serhedinde däne terminalynyň gurulmagy Gazagystanyň bugdaýyny we ununy Owganystana, onuň üsti bilen beýleki ýurtlara ibermek boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilik berer. Munuň özi sebitiň ýurtlarynyň arasynda gatnaşyklaryň ösdürilmegine, şol sanda Owganystanyň ykdysadyýetiniň dikeldilmegine ýardam eder.

5-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de ýakyn geljek üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi. Mejlisiň gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, olaryň işini has-da kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Mejlisde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralaryny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamalaryny tassyklady. Bu resminamalar ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny nazara almak bilen, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň kadalaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Bu Maksatnamalarda döwletimiziň goranyş ukybyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, howpsuzlygy we çäk taýdan bitewüligi üpjün etmek, kanunçylygy hem-de hukuk düzgünini berkitmek, milli kanunçylyga halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny ornaşdyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini innowasion tehnologiýalar, sanly ulgam arkaly şu günüň talaplaryna laýyklykda guramak boýunça strategik wezipeler göz öňünde tutuldy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň düzümleriniň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek hem-de wezipeden boşatmak hakynda Karara gol çekdi hem-de 2022-nji ýylda Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamalaryny tassyklady.

Ozal bellenilişi ýaly, 8-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi, Prezident maksatnamalarynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de şu ýylyň ikinji ýarymy üçin wezipeler kesgitlenildi.

Mejlisiň dowamynda Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň 100,5 göterim, çykdajy böleginiň bolsa 98,7 göterim ýerine ýetirilendigi bellenildi. Ýerli býujetleriň girdeji bölegi 100,4 göterim, çykdajy bölegi bolsa 98,7 göterim berjaý edildi. Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi jemi içerki önümiň 14 göterimine barabar boldy. Hasabat döwrüniň jemleri boýunça özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 43,7 göterimi önümçilik desgalaryň gurluşygyna, 56,3 göterimi bolsa durmuş we medeni maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi. 2022-nji ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna görä, Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 3 sany hassahananyň, 125,6 kilometr inženerçilik ulgamlarynyň we desgalaryň, 246,5 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy tamamlandy. Häzir medeni-durmuş, önümçilik we düzümleýin maksatly desgalarda işler dowam etdirilýär.

Geçen ýylyň görkezijileri bilen deňeşdirilende, ýylyň birinji ýarymynda tebigy gazyň we nebitiň çykarylyşy, elektrik energiýasynyň hem-de beýleki önümleriň öndürilişi ýokarlandy. Ulag-aragatnaşyk ulgamynda durnukly ösüş üpjün edildi. Aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberi 7,7 göterim artdy.

Oba hojalyk toplumynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, gök-bakja önümleriniň, miweleriň, etiň, süýdüň, ýumurtganyň öndürilişi köpeldi. Ykdysadyýetiň döwlete dahylly bolmadyk böleginde oňyn netijeler gazanyldy. “Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik, bagtyýarlyk, röwşen geljek” şygary astynda şu ýylyň dekabr aýynda geçiriljek ilat we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyna taýýarlyk görülýär.

Mejlisde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan “Türkmenistanda zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny 10 göterim ýokarlandyrmak hakynda” Permana gol çekdi hem-de ýurdumyzda iň pes aýlyk zähmet hakyna täzeden seretmegiň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” hem-de “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny” tassyklady. Mejlisde ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagy we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi, innowasion işläp taýýarlamalary, öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de iň gowy dünýä tejribesini ornaşdyrmagy göz öňünde tutýan işleriň esasy ugurlary kesgitlenildi.

Döwlet Baştutanymyz içeri syýasatyň esasy ugurlary barada aýdyp, ýurdumyzda ygtybarly salgyt-býujet we pul-karz syýasatynyň goldanylýandygyny, hususy hem-de döwlet üpjünçilik ulgamlaryna goýulýan maýa goýumlaryň möçberiniň barha artdyrylýandygyny belledi. Dünýä ykdysadyýetinde emele gelen kynçylyklara garamazdan, jemi içerki önümiň ösüşi ýokary derejede — 6 göterim möçberde saklanýar. Senagat hem-de durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy giň gerimde dowam edýär. Häzir umumy bahasy 38 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan 2 müň 900-e golaý iri desganyň gurluşygy alnyp barylýar.

Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, hasabat döwründe ýurdumyzda 1 milliard 300 million manatdan hem köp düýpli maýa goýumlar özleşdirildi. Geçen ýarym ýylda 30 sany iri desga, meýdany 322 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary, şol sanda umumy bahasy 900 million manada golaý, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanmaga berildi. Senagat desgalary, ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdepler we beýleki binalar göz öňünde tutulan möçberde işe girizildi.

Energiýa serişdelerimizi dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek boýunça syýasatymyz hem bellenen meýilnamalara laýyklykda dowam edýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy hem-de beýleki sebit taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmegiň, eksport edilýän harytlaryň möçberlerini artdyrmagyň, elektron senagaty döretmegiň döwlet maksatnamalary hem netijeli amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetde döwletiň gatnaşyk paýyny azaltmak we hususy pudagy giňeltmek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtady.

Mejlisde hormatly Prezidentimiz 9-10-11-nji iýulda ýurdumyzda mukaddes Gurban baýramyny bellemek hem-de 10-njy iýuldaky dynç gününi 12-nji iýula — sişenbe gününe geçirmek hakynda Permana gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen, “Bitarap Türkmenistanyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasy” tassyklanyldy. Bu resminama ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini durmuşa geçirmäge, daşary ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, halkara gatnaşyklaryň durnukly ösüşine hemmetaraplaýyn goldaw bermäge gönükdirilendir.

Täze resminama sebit we ählumumy derejede syýasy, geoykdysady ýagdaýlaryň öwrenilmegine esaslanýan degişli ugurlary öz içine alýar. Bu Konsepsiýa biziň ýurdumyza dünýä ykdysadyýetiniň häzirki emele gelen ýagdaýyny nazara almak bilen, esasy maliýe, ykdysady we söwda edaralarynyň işine has işjeň gatnaşmaga mümkinçilik berer. Onda Türkmenistanyň energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamlaryndaky iri taslamalarynyň ähmiýeti, bu ugurlarda öňde durýan wezipeler beýan edilýär.

Resminamada sanly diplomatiýanyň ösdürilmegine, maglumat howpsuzlygynyň we kiberhowpsuzlygyň üpjün edilmegine, lukmançylyk diplomatiýasyny hem-de biologik howpsuzlygyň ählumumy ulgamynyň möhüm meselelerine degişli çäreleriň işjeňleşdirilmegine, medeni-ynsanperwer ulgamda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Sebit boýunça goňşy ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy we ysnyşykly gatnaşyklary pugtalandyrmak hem ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenildi.

Döwlet Baştutanymyz her bir ministrligiň we pudaklaýyn dolandyryş edarasynyň önümçilik tabşyryklaryny hem-de öňlerinde durýan wezipelerini kesgitläp, 2023-nji ýylyň maýa goýum maksatnamasyny düýpli seljermegi we ony taýýarlamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz indiki ýylyň býujeti barada aýdyp, bu işi tamamlamagyň hem-de 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny Milli Geňeşiň garamagyna ibermegiň zerurdygyny belledi. Baş maliýe meýilnamasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň we döwlet kömek pullarynyň hem-de beýleki birnäçe durmuş tölegleriniň möçberlerini ýokarlandyrmagy göz öňünde tutmagyň, her etrapda we şäherde mätäçlik çekýän adamlara ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin serişdeleri hökman bellemegiň wajypdygyna üns çekildi.

Hormatly Prezidentimiziň Buýrugy bilen, 2022-2023-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul etmegiň meýilnamasy, hem-de 2022-nji ýylda bu okuw mekdeplerine kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümine 1-nji awgustdan 1-nji sentýabr aralygynda zähmet rugsadyny berýändigini aýtdy. Şu döwürde ýolbaşçylar ýurdumyzyň şypahanalarynda dynç alyp bilerler.

Mejlisiň dowamynda wezipä bellemek hem-de wezipeden boşatmak meselelerine garaldy, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalar kabul edildi.

Geçen hepdede paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Merkezi Aziýada “Bitewi saglyk” konsepsiýasyny ilerletmek boýunça utgaşykly görnüşde sebit maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit edarasy bilen bilelikde guran ýöriteleşdirilen forumynyň işine abraýly halkara hem-de sebit guramalarynyň wekilleri, halkara bilermenler, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Özbegistandan hünärmenler gatnaşdylar.

Adamlaryň, öý we ýabany haýwanlaryň saglygy bilen daşky gurşawyň, şol sanda ekoulgamlaryň ýagdaýynyň arasyndaky berk arabaglanyşyk meselesine aýratyn üns berildi. Merkezi Aziýada saglygy we abadançylygy goldamak ugrunda 2022 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasynyň” taslamasy boýunça pikir alşyldy, bilelikdäki ylalaşyklary durmuşa geçirmegi çaltlandyrmak maksady bilen, ýokary derejedäki duşuşyklary yzygiderli guramak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Forumda jemleýji resminama kabul edilip, onda ýurtlaryň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň çäklerindäki bilelikdäki tagallalary üçin esasy ugurlar öz beýanyny tapdy.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde türkmen we fransuz hünärmenleriniň sanly ulgam arkaly duşuşygy boldy. Ol Fransiýanyň Luwr muzeýinde Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklarynyň sergisini guramak meselesine bagyşlandy.

Parižiň Luwrunda guraljak sergide Türkmen-fransuz arheologiýa toparynyň 20 ýyldan gowrak wagt bäri Ulugdepe ýadygärliginde geçiren gazuw-agtaryş işlerinde ýüze çykarylan gymmatlyklar goýlar. Muzeýiň ýolbaşçylary tarapyndan eýýäm zerur resminamalaryň toplumy taýýarlanyldy. Duşuşykda türkmen tarapynyň taýýarlan bu taslamasynyň konsepsiýasyna we ony amala aşyrmagyň tapgyrlaryna garaldy, serginiň ady, onda goýuljak gymmatlyklar boýunça pikir alşyldy. Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan syýasaty esasynda Türkmenistan durnukly, parahatçylyk söýüji hem-de depginli ösýän döwlet hökmünde öz ornuny pugtalandyrýar, halkymyzyň baý medeni mirasy bolsa ýurdumyzy dünýä tanadýar.

9-njy iýulda tutuş ýurdumyzda parahatçylygy, agzybirligi we ruhy päkligi alamatlandyrýan Gurban baýramy bellenilip başlandy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mukaddes Gurban baýramy mynasybetli halkymyza iberen Gutlagynda Gündogar hem-de Günbatar halklarynyň medeniýetleriniň, adamzat ösüşine aýgytly täsir eden pelsepewi mekdepleriň döremegine, dini kada-kanunlaryň, dogruçyllyk we päklik, bitewülik hem-de ynsanperwerlik ýörelgeleriniň kämilleşmegine ägirt uly goşant goşan halkymyzyň maddy we ruhy gymmatlyklarynyň biziň egsilmez genji-hazynamyzdygy aýratyn nygtalýar.

“Asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip, biziň döwrümize gelip ýeten bu miras halklary doganlaşdyrýar, parahatçylygy we ynsanperwerligi dabaralandyrýar. Şonuň üçin hem pederlerimiziň ýörelgelerini nusga edinip, mähriban halkymyzyň maksada okgunly, döredijilikli we işjeň zähmetine, ykdysadyýetimiziň kuwwatly mümkinçiliklerine daýanyp, ýurdumyzy ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp barýarys” diýlip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bellenilýär.

Mahlasy, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz Watanymyzyň sazlaşykly ösdürilmegini, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň üpjün edilmegini baş maksat edinýän döwlet syýasatynyň esasynda hemmetaraplaýyn çemeleşmäniň bardygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezdi.

Soňky habarlar
23.11
“Galkynyş” gaz käniniň ulanyş guýusynda tebigy täze gazyň akymy alnyp başlandy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow