Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
GDA ýurtlarynyň parlamentara hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi
Syýasy habarlar
GDA ýurtlarynyň parlamentara hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi
Çap edildi 20.11.2026
7

Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda GDA ýurtlarynyň parlamentarileriniň duşuşygy dowam etdi. “Awaza” toplumynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 61-nji plenar mejlisi geçirildi.

Mejlis başlanmazdan ozal, oňa gatnaşýan wekiliýet ýolbaşçylary hem-de GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilelikde resmi ýadygärlik surata düşdüler. Soňra «Awaza» toplumynyň uly mejlisler zalynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 61-nji plenar mejlisi öz işine başlady.

Mejlisiň başynda oňa gatnaşyjylar “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň ýurtlaryň hyzmatdaşlygy ösdürmäge ymtylyşynyň we halklaryň dostlugynyň mekany bolup durýandygyny nobatdaky gezek subut edendigini aýdyp, şeýle wakalaryň Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde bolup geçmeginiň aýratyn mana eýedigini nygtadylar. Bellenilişi ýaly, 19-njy noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri Arkalaşygyň ýurtlarynyň parlament ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Şol gün GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisi geçirilip, onda Türkmenistanyň Mejlisine GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň ýanynda synçy derejesi berildi, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy esasynda “Birleşen Milletler Guramasynyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly Kararnamanyň kabul edilendigi barada habar berildi. Bu wakalaryň Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde, Arkalaşygyň döredilmeginiň 35 ýyllygynyň öňüsyrasynda bolup geçmegi taryhy ähmiýete eýedir.

Mejlise gatnaşyjylar Awazada işlemäge döredilen mümkinçilikler hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Çykyşlarda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde köp sanly çäreleriň geçirilendigi barada nygtalyp, olaryň her biriniň özboluşly mazmuny we häsiýeti bilen tapawutlanandygy aýdyldy. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň parlament wekiliýetleriniň ýolbaşçylary çykyşlarynda Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak, hususan-da, parlamentara gatnaşyklary ösdürmek boýunça öz ýurtlarynda ýerine ýetirilýän işler, toplanan tejribeler barada gürrüň berdiler. Olar “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän mejlisleriň çäklerinde kabul edilen taryhy çözgütleriň GDA gatnaşyjy döwletleriň halklarynyň abadançylygyny üpjün etmäge, sebitde parahatçylygy we durnukly ösüşi gazanmaga goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdiler hem-de Türkmenistanyň Mejlisine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynda synçy derejesiniň berilmegi bilen türkmen kärdeşlerini gutladylar.

Parlament wekiliýetleriniň ýolbaşçylary pursatdan peýdalanyp, Parlamentara Assambleýanyň nobatdaky mejlislerini ýokary derejede geçirmäge, şeýle hem parlamentara gatnaşyklary ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.

Gün tertibindäki meseleler ylalaşylandan soňra, şol meseleler boýunça çykyşlara orun berildi.

Bellenilişi ýaly, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň 61-nji plenar mejlisiniň gün tertibine girizilen meseleler döwrüň möhüm wezipelerini öz içine alýar. Howpsuzlygy üpjün etmek, emeli aň, sanly tehnologiýalar ulgamyny hukuk taýdan düzgünleşdirmek, durmuş syýasatyny kämilleşdirmek, ýaş nesliň hünär taýdan taýýarlygyny goldamak boýunça taýýarlanylan nusgalyk kanunlar ýurtlarymyzyň bähbitlerine doly laýyk gelýär. GDA-nyň Parlamentara Assambleýasy tarapyndan işlenip taýýarlanylan nusgalyk kanunçylyk binýady Arkalaşygyň döwletleriniň hukuk ulgamlaryny ýakynlaşdyrmakda, umumy ykdysady we ynsanperwer giňişligi ösdürmekde möhüm gural bolup hyzmat edýär. Şeýle hem çykyşlarda nobatdaky mejlisiň Türkmenistanyň parlamentiniň taryhynda täze sahypany açandygy bellenildi. Çünki şu günden başlap Türkmenistanyň Mejlisi Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň mejlislerine synçy derejesinde ilkinji gezek gatnaşýar.

Ýurdumyzyň Mejlisine Parlamentara Assambleýada synçy derejesini bermek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi döwletimiziň ählumumy daşary syýasy ugruna, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, GDA-nyň çäklerindäki diplomatik gatnaşyklaryna doly laýyk gelýär. 1992-nji ýylda döredilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň synçy derejesine eýe bolmagy ýurdumyzyň GDA-nyň giňişligindäki parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmäge, milli kanun çykaryjylyk işinde halkara we sebit tejribesini öwrenmäge, parlamentara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga, halkara we sebit meseleleri boýunça parlamentleriň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmaga, parlament diplomatiýasynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga goşmaça şertleri döreder. Bu dereje öňde goýlan täze wezipeler bilen birlikde, Arkalaşygyň çäginde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy we parlamentara gepleşikleri hil taýdan täze, has işjeň hem-de netijeli derejä çykarmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp, dünýä döwletleri, şol sanda GDA agza ýurtlar bilen dürli ugurlarda döredijilikli hyzmatdaşlygy ösdürýär. GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmaklarynda we olaryň yzygiderli goldawlary bilen geçirilýän maslahatlardyr duşuşyklaryň jemleri boýunça kabul edilýän kararlardyr çözgütler syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy berkitmäge itergi berýär. Şundan ugur alyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň mundan beýläk-de GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň alyp barýan işine yzygiderli gatnaşmagynyň, parlamentara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ösdürmek boýunça bilelikdäki çäreleri guramagynyň maksadalaýyk boljakdygy barada pikirler beýan edildi.

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi halkara hukugyň ýörelgelerini we ählumumy kadalary berkitmekde parlamentleriň ornuny has-da ýokarlandyrýar. Bu taryhy Kararnama halkara şertnamalaryň we konwensiýalaryň kadalaryny milli kanunçylyga has netijeli ornaşdyrmaga, hökümetara ylalaşyklaryň berjaý edilmegine parlament gözegçiligini güýçlendirmäge hem ýardam berer.

Mejlisde 2026-njy ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan alnyp barlan işlere-de üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda parlament diplomatiýasy arkaly halkara we sebit hyzmatdaşlygyny hem-de oňyn başlangyçlary goldamak bilen baglanyşykly giň gerimli işleriň amala aşyrylandygy nygtaldy. Aýratyn-da, ýylyň dowamynda GDA gatnaşyjy döwletleriň parlament wekiliýetleri bilen ýokary derejede duşuşyklar geçirilip, parlamentara dostluk toparlarynyň işi işjeňleşdirildi. Parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmäge, ulag-logistika gatnaşyklaryny giňeltmäge, saglygy goraýşa, demografiýa, Durnukly ösüş maksatlaryna bagyşlanan halkara parlament maslahatlary guraldy. Milli maksatnamalary amala aşyrmak, milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak üçin hukuk binýadyny döretmek maksady bilen, türkmen parlamenti sanly ykdysadyýet, ekologiýa, ýaşlar syýasaty, durmuş taýdan goraglylyk ýaly ulgamlarda halkara tejribäni, nusgalyk kanunlary yzygiderli we düýpli öwrendi.

Mejlisiň ahyrynda onuň işiniň netijeleri jemlenip, ýokary derejede döredilen mümkinçilikler hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýene-de bir gezek hoşallyk beýan edildi hem-de Hazaryň kenarynda geçirilen bu mejlisler Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň nobatdaky üstünligi bolup taryha girer.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 61-nji plenar mejlisiniň esasy işi tamamlanandan soňra, bu ýerde Parlamentara Assambleýanyň Geňeşiniň çözgüdi bilen käbir parlamentarileri sylaglamak dabarasy geçirildi. Olara Assambleýanyň “Arkalaşyk” ordeni hem-de “Parlament hyzmatdaşlygyny pugtalandyrandygy üçin” diýen medallary, Parlamentara Assambleýanyň Geňeşiniň Hormat hatlary gowşuryldy.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde, GDA-nyň döredilmeginiň 35 ýyllyk şanly senesiniň öňüsyrasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy esasynda “Birleşen Milletler Guramasynyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem-de Türkmenistanyň Mejlisine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynda synçy derejesiniň berilmegi ýaly ajaýyp wakalar bilen utgaşan nobatdaky çäreler taryhy ähmiýete eýe boldy. Munuň özi Türkmenistanyň GDA ýurtlary bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de döredijilikli ösdürmäge ymtylmasy esasynda şertlendirilen oýlanyşykly ädimdir.

***

Şu gün «Berkarar» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň we degişli komitetleriň ýolbaşçylarynyň ýurdumyza sapar bilen gelen GDA gatnaşyjy döwletleriň parlament wekiliýetleriniň ýolbaşçylary we agzalary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklara gatnaşyjylar Awazada geçirilen çäreleriň maksadynyň GDA-nyň çäklerinde parlament ugry boýunça sebitleýin dialogy pugtalandyrmakdan, geljekki nesilleriň abadançylygynyň bähbidine howpsuzlygy, pugta parahatçylygy üpjün etmek üçin toplumlaýyn çemeleşmeleri öňe sürmekden hem-de ilerletmekden ybaratdygyny nygtadylar. GDA agza ýurtlaryň parlament wekiliýetleriniň ýolbaşçylarynyň türkmen kärdeşleri bilen geçiren duşuşyklary ýurtlaryň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da giňeltmegi maksat edinýändiklerini tassyklady.

Soňra bu ýerde Türkmenistanyň Mejlisiniň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşi bilen parlamentara dostluk toparynyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Türkmenistanyň Mejlisi bilen hyzmatdaşlyk boýunça toparynyň 2027-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna gol çekildi.

Soňky habarlar
20.11
Çagalaryň şatlygy — dünýäniň abatlygy
20.11
GDA ýurtlarynyň parlamentara hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi
19.11
Milli miras — geçmişiň tejribesini, häzirki döwrüň gazananlaryny we geljege tarap ynamly ädimleri baglanyşdyrýan köpri
19.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň duşuşygy
19.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy
19.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy
19.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA gatnaşyjy döwletleriň parlament ýolbaşçylarynyň öňündäki ÇYKYŞY
19.11
Awaza — dostlugyň we hyzmatdaşlygyň mekany
18.11
Ekologiýa we howa durnuklylygyny üpjün etmek — ählumumy abadançylygyň kepili
18.11
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi
top-arrow