Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ýurdumyzda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň sebit maslahaty geçirildi
Jemgyýet
Ýurdumyzda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň sebit maslahaty geçirildi
Çap edildi 04.07.2022
4053

Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Merkezi Aziýada “Bitewi saglyk” konsepsiýasyny ilerletmek boýunça utgaşykly görnüşde ýokary derejeli sebit maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit edarasy bilen bilelikde guran ýöriteleşdirilen forumynyň işine abraýly halkara we sebit guramalarynyň wekilleri, halkara bilermenler hem-de Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Özbegistandan hünärmenler gatnaşdylar.

Merkezi Aziýada adamlaryň saglygyny, haýwanat dünýäsini we daşky gurşawy goramaga gönükdirilen “Bitewi saglyk” konsepsiýasyny ara alyp maslahatlaşmak, bu ugurda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin halkara düzümleriň tagallalaryny birleşdirmek bu maslahatyň esasy maksady boldy. Forumda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu möhüm ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alyp barýan netijeli syýasatyna ýokary baha berildi.

“Il saglygy — ýurt baýlygy” diýen şygardan ugur alnyp, Diýarymyzda saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmak, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşini giňeltmek we hilini ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Köpugurly “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň amala aşyrylmagy netijesinde ýurdumyzda bu ugurda BSGG-niň maslahatlaryna hem-de milli kanunçylyga laýyklykda işlenip taýýarlanylan maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar, dürli keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Maslahatyň çäklerinde “Merkezi Aziýada “Bitewi saglyk” maksatnamasyny durmuşa geçirmek üçin milli ileri tutulýan ugurlara düşünmek”, “Merkezi Aziýada bitewi saglyk ugrunda hyzmatdaşlyk: adamyň, haýwanat dünýäsiniň we daşky gurşawyň özara gatnaşygynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin halkara düzümleriň tagallalaryny birleşdirmek” atly mowzuklaýyn mejlisler geçirildi. Olaryň dowamynda ýöriteleşdirilen edaralaryň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselelerine garaldy.

Adamlaryň, öý we ýabany haýwanlaryň saglygy bilen daşky gurşawyň, şol sanda giň ekoulgamlaryň ýagdaýynyň arasyndaky berk arabaglanyşyk meselesine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda keselleriň öňüni almak we adamlaryň saglygyny goramak maksady bilen, azyk önümleriniň hiline hem-de howpsuzlygyna berk gözegçilik edilýändigi, Diýarymyzyň ähli künjeklerinde ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek üçin giň gerimli işleriň geçirilýändigi bellenildi.

Wekiliýetiň agzalary türkmen kärdeşleri bilen Merkezi Aziýada saglygy we abadançylygy goldamak ugrunda 2022 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasynyň” taslamasy boýunça pikir alyşdylar, bilelikdäki ylalaşyklary durmuşa geçirmegi çaltlandyrmak maksady bilen, ýokary derejedäki duşuşyklary yzygiderli guramak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Forumda jemleýji resminama kabul edilip, onda ýurtlaryň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň çäklerinde bilelikdäki tagallalary üçin esasy ugurlar öz beýanyny tapdy.

Duşuşyga gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa nobatdaky forumyň türkmen paýtagtynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine beren goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, bu sebit maslahatynyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen BSGG-niň saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin möhüm itergi boljakdygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Soňky habarlar
03.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
03.04
A.O.Atabaýewa hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
03.04
B.M.Taňryberdiýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
03.04
A.Ö.Gurbannazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
02.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
02.04
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
02.04
Paýtagtymyzda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi açyldy
02.04
«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň täze sany
02.04
«Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergä gatnaşyjylara
01.04
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
top-arrow