Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ulgamlaryny mundan beýläk-de ösdürmäge, täze taryhy eýýamda halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi.
3-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Döwlet Baştutanymyz gowaça ekişiniň depginini güýçlendirmegiň we ony agrotehniki möhletlerde tamamlamagyň oba hojalyk möwsüminiň möhüm şerti bolup durýandygyna ünsi çekip, bugdaýa ideg etmek işleriniň depginini güýçlendirmek barada aýtdy hem-de galla oragynda işlediljek kuwwatly kombaýnlary, degişli tehnikalary, galla kabul ediş bölümlerini möwsüme taýýarlamak barada tabşyryklary berdi. Ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda görkezildi. Ýüpek gurçuklaryna talabalaýyk ideg etmek işleri hemişe gözegçilikde saklanylmalydyr.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Oba milli maksatnamasyna, şeýle-de ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşyklary bilen baglanyşykly birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Maslahatyň dowamynda welaýatlaryň häkimleri ilatymyzyň Ahal welaýatynyň Änew şäherinde, Balkan welaýatynyň Hazar şäherinde, Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynda, Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynda, Mary welaýatynyň Oguz han etrabynyň Şatlyk şäherinde metjitleri hem-de sadaka jaýlaryny gurmak baradaky tekliplerini beýan etdiler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow metjit we sadaka bermek üçin niýetlenen jaýlary gurmagyň asylly işdigini belläp, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
3-nji maýda döwlet Baştutanymyz bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda döwlet Baştutanlary birek-biregi Oraza baýramy bilen gutladylar.
Taraplar iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyndan bäri geçen 30 ýylyň dowamynda türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ähli ugurlar boýunça, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hem-de beýleki ulgamlarda işjeň ösdürilendigini aýratyn nygtadylar. Şunda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Seýed Ebrahim Raisi halkara durmuş, sebitdäki ýagdaýlar, aýratyn-da, parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, durnukly ösüşi üpjün etmek babatda garaýyşlaryň meňzeşdigini ýa-da gabat gelýändigini tassykladylar.
Döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň möhüm gurallarynyň biri hökmünde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparyň netijeli işine uly ähmiýet berilýändigini nygtadylar. Taraplar şeýle-de ylym, bilim, medeniýet, sungat, sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Şol gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda döwlet Baştutanlary birek-birege Oraza baýramy mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler hem-de özara hormat goýmak, ynanyşmak, uzak möhletleýinlik we ysnyşykly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda guralýan köpugurly gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar.
Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyndan bäri geçen 30 ýylyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy bellenildi. Ýurtlarymyz köpugurly görnüşde, abraýly halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda BMG-niň, YHG-nyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde netijeli gatnaşyklary alyp barýarlar.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, bu ugurda Türkiýe Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi. Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparyny we Işewürlik geňeşini netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň hem-de täze, bilelikdäki giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmegiň guraly hökmünde ulanmagyň zerurdygy nygtaldy.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleriniň dowamynda türkmen-türk parlamentara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Parlamentara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we pugtalandyrmak, iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek, özara geňeşmeler arkaly tejribe alyşmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygy aýratyn bellenildi.
4-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili hanym Teri Hakalany kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler netijeli gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler hem-de ony syýasy, ykdysady, ynsanperwer hem-de ekologiýa ugurlary boýunça yzygiderli ösdürmäge gyzyklanmalar beýan edildi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda Ýewropa Bileleşigi bilen özara gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berilýändigini ýene-de bir ýola nygtap, taraplaryň onuň mundan beýläk-de berkidilmegine we ösdürilmegine gyzyklanmalaryna kanagatlanma bildirdi.
Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Askar Tažibaýewi kabul etdi. Duşuşykda döwlet Baştutanymyz hem-de doly ygtyýarly wekil özara hormat goýmak we birek-biregi goldamak ýörelgeleri esasynda guralýan döwletara gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň ýurdumyza döwlet sapary mahalynda we iki ýurduň Liderleriniň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Taraplar ýurtlarymyzyň özara ynanyşmak arkaly hyzmatdaşlyk ýoluna berk eýerýändiklerini kanagatlanma bilen belläp, däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de täze, bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine hemmetaraplaýyn taýýardyklaryny beýan etdiler.
5-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy hem-de olaryň işiniň ýakyn geljek üçin ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy hem-de asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, olaryň işini has-da kämilleşdirmek garalan meseleleriň hatarynda boldy.
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde prokuratura edaralary tarapyndan korrupsiýa hem-de parahorluk bilen bagly ýol berlen jenaýat işleri boýunça geçirilen derňewleriň netijeleri barada hasabat berildi. Ýeňillikli bahalardan satylýan uny we ösümlik ýagyny gymmat bahadan satyp, baýamak islän adamlar jenaýat jogapkärçiligine çekildi hem-de kazyýetiň hökümi bilen azatlykdan mahrum edildi.
Jemgyýetimizde bular ýaly jenaýatkär adamlara hiç haçan orun bolmaz, halkyň, döwletiň emlägini ogurlamaga, haramlyk bilen gazanç etmäge hiç kimiň haky ýokdur diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady we jenaýatkärleriň haram ýol bilen gazanan emläkleriniň, pullarynyň döwletiň haýryna geçiriljekdigini hem-de durmuş ugurly desgalaryň gurluşygyna ulanyljakdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz jenaýat edýänlere garşy göreşiň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigine ünsi çekip, milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamagy tabşyrdy.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýolbaşçylyk edýän edaralaryny ösdürmek boýunça 2022 — 2028-nji ýyllar üçin 7 ýyllyk meýilnamalaryň taslamalarynyň gysga wagtyň içinde işlenip taýýarlanylmagyny üpjün etmegi we olary bellenen tertipde tassyklamak üçin hödürlemegi tabşyrdy.
6-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň birnäçesine garaldy.
Şu ýylyň ýanwar — aprel aýlary aralygynda ýurdumyzyň makroykdysady görkezijileri ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda we sebitlerde durnukly ösüşiň üpjün edilýändigine, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär. Dört aýyň jemleri boýunça bölek satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim artdy, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 42,5 göterim ýokarlandy. Ýanwar — aprel aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegini ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 104,7, çykdajy böleginiň meýilnamasy bolsa 98 göterime deň boldy. Býujetiň serişdeleriniň 79,7 göterimi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirildi.
Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 10,4 göterim köpeldi. Hasabat döwründe zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda tölenildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 6,2 milliard manada deň boldy. Şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda rejelenen görnüşdäki Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyz boýunça durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, suw we lagym arassalaýjy ulgamlaryň, inženerçilik desgalarynyň gurluşyklary alnyp baryldy.
Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň Ministrler Kabinetiniň geçen mejlisinde tomus möwsüminiň ýetip gelýändigi bilen baglylykda, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramagyň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatlaryna görä, dünýäde pandemiýa bilen bagly ýagdaýlar peselip başlady we köp döwletlerde öňüni alyş çäreler tapgyrlaýyn gowşadyldy. Şunuň bilen baglylykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň hünärmenleri Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň mejlisini hepdede bir gezek geçirmegi we şu ýylyň 1-nji iýunyndan başlap ulaglaryň ähli görnüşlerinden hem-de ýapyk binalardan başga ýerlerde agyz-burun örtüklerini aýyrmagy teklip etdiler.
Şeýle-de dünýäde СOVID-19 ýokanjyna garşy öňüni alyş sanjymlarynyň gurşawynyň ýokarydygyny göz öňünde tutup, Birleşen Arap Emirliklerine we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Frankfurt şäherine howa gatnawyny hepdede bir gezek, pandemiýadan ozalky alnyp barlyşy ýaly ýola goýmak teklip edildi. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyş möwsümi şu ýylyň 15-nji maýyndan başlanar.
Döwlet Baştutanymyz teklipleri makullap, 25-nji maýdan başlap ýurdumyzyň içinde howa gatnawlaryny açmagyň, ähli welaýat merkezlerinden Türkmenbaşy şäherine howa gatnawlaryny guramagyň zerurdygyny aýtdy we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Şunuň bilen baglylykda, geçen hepde-de “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýanlaryň wagtyny gyzykly we netijeli geçirmekleri üçin has amatly şertleri döretmek, olaryň howpsuzlygyny ýokary derejede üpjün etmek hem-de dynç alýanlara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karara gol çekendigini bellemek gerek. Resminama laýyklykda, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramak boýunça dolandyryş merkezi döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Şeýle hem resminama bilen, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramak boýunça dolandyryş merkezi hakynda Düzgünnamany işläp taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak, Balkan welaýatynyň häkimligi hem-de degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde 2022-nji ýylyň 15-nji maýy — 1-nji sentýabry aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda adamlaryň dynç alşyny guramagy üpjün etmek tabşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň geçen dört aýynda alnyp barlan işleriň netijeleriniň Garaşsyz döwletimiziň bellenen maksatnamalara laýyklykda ösmegini dowam edýändigini görkezýändigini belledi. Ýurdumyzda şu döwürde jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim derejede saklandy. Ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde köp sanly senagat we durmuş maksatly desgalar guruldy hem-de gurulmagy dowam edýär. Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde importy çalyşýan harytlary özümizde öndürmegiň, eksporta iberilýän önümleriň möçberini artdyrmagyň döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sanly ulgama geçmek we ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek boýunça işler amala aşyrylýar.
Ylym-bilim ulgamlaryny özgertmek hem dowam edýär. Önümçilikler döwrebap ýagdaýa getirilip, bazar ykdysadyýeti kemala gelýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygy alnyp barylýar. Beýleki halkara taslamalar hem taýýarlanylýar. Biz hususy işewürligi ösdürmegi, telekeçilerimizi ýurdumyzyň ykdysadyýetinde özgertmeleri amala aşyrmaga giňden çekmegi goldamak syýasatyny alyp barýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.
Döwlet Baştutanymyz uly baýramyň — Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş gününiň ýetip gelýändigine ünsi çekip, 9-njy maýda jemgyýetçilik guramalary tarapyndan «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýuljakdygyny we uruşdan gaýdyp gelmedik watandaşlarymyzyň hatyralanjakdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna hem-de uruşda wepat bolan esgeriň ýanýoldaşyna sowgatlary gowşurmak hakynda Permana gol çekdi.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili hanym Teri Hakala bilen duşuşyklary boldy. Olarda hereket edýän hyzmatdaşlyk gurallarynyň, hususan-da, “Ýewropa Bileleşigi — Türkmenistan” bilelikdäki komitetiniň çäklerinde parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge özara gyzyklanma bildirildi.
Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň sanly ulgam arkaly geçirilen on sekizinji maslahatynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnamalara laýyklykda işlenip taýýarlanylan kanunlaryň taslamalarynyň birnäçesine garaldy we kabul edildi.
Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine, Raýat iş ýörediş kodeksine, Jenaýat iş ýörediş kodeksine, “Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda”, “Gümrük gullugy hakynda”, “Ösümlikleriň karantini hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan bu kadalaşdyryjy hukuk namalary biragyzdan kabul edildi we degişli kararlar bilen berkidildi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşmak maksady bilen, Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan kottejler toplumyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy hem-de gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi we bellenilen möhletde tamamlanmagy bilen bir hatarda, bu künjegiň ekologik ýagdaýyny nazara alyp, binalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak babatda birnäçe maslahatlary berdi.
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň telekeçileri bilen söhbetdeşliginde olaryň täze toplumy “Rowaç” diýip atlandyrmak baradaky tekliplerini makullady we bu adyň döwrüň ruhuna kybap gelýändigini belledi.
Soňra milli Liderimiz Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkimi bilen bilelikde amatly howa gurşawy bolan kenar ýakasynda alnyp barylýan işler bilen tanşyp, tomusky dynç alyş möwsümi üçin döredilýän şertler bilen gyzyklandy. Mundan başga-da, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny esaslandyryjy hajy Arkadagymyz Türkmenbaşy şäheriniň köpugurly hassahanasynyň çagalar bölümine baryp gördi.
Çagalaryň saglyk ýagdaýyny barlamak we keselleri anyklamak hem-de degişli bejergi işlerini kesgitlemek üçin niýetlenen enjamlar dünýäde iň öňdebaryjy enjamlar hasaplanýar. Gahryman Arkadagymyz bejergi alýan çagalaryň saglyk ýagdaýy, bu ýerde ýola goýlan lukmançylyk hyzmatlary bilen gyzyklandy we çagalara Haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan zerur ýardam beriljekdigini aýtdy.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Bäherden etrabyndaky “Arçman” şypahanasynda hem bolup, halkymyzyň saglygyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işler we bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdy.
Dynç alýanlar hem-de şypahananyň işgärleri bilen söhbetdeşlikde köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk eden Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow “Arçman” şypahanasynyň bejerijilik ukyby ýokary derejä eýe bolan mineral suwunyň adam bedenine täsiri barada anyk maglumatlaryň üsti bilen giňişleýin gürrüň berdi. Hormatly Arkadagymyz adamlaryň şypahananyň çägini giňeltmek baradaky haýyşlaryny nazarda tutup, şypahananyň we onuň mineral suwunyň mümkinçilikleriniň ylmy taýdan düýpli öwrenilip, gelnen netijä laýyklykda, bu ýerde 200 ýa-da 400 orunlyk binany gurmak boýunça teklibiň taýýarlanyljakdygyny we onuň döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa ýetiriljekdigini belledi.
Mahlasy, geçen hepdäniň wakalary “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ruhuna kybap gelýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.