Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
TDHÇMB-nyň söwda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million 654 müň dollaryndan gowrak boldy
Ykdysadyýet
TDHÇMB-nyň söwda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million 654 müň dollaryndan gowrak boldy
Çap edildi 25.04.2022
1298

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 53-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Russiýanyň we Türkiýäniň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni satyn aldylar. “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ECO-93 kysymly awtobenzin Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gruziýanyňwe beýleki ýurtlaryň telekeçileriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri tüýjümek önümleriň dürli görnüşlerini, buýan köküni, nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million 654 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 37 million 509 müň manatdan gowrak Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen motor ýagyny, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni we ýokary dykyzlykdaky polietileni, el halylaryny satyn aldylar.

Soňky habarlar
20.05
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow möhüm gurluşyk desgalaryndaky alnyp barylýan işleriň barşy hem-de täze taslamalar bilen tanyşdy
20.05
Türkmenistanda dostlukly döwletiň Baştutany hatyralandy
20.05
Türkmenistanyň Prezidenti Niderlandlaryň Patyşasyny gutlady
20.05
Türkmenistanyň Prezidenti Bolgariýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
19.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
19.05
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar