Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Syýasy habarlar
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Çap edildi 06.04.2022
3279

Mähriban halkym!

Eziz watandaşlar!

Sizi adamzadyň belent ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýan halkara baýram — Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda bu ajaýyp halkara baýramçylygyň şanyna geçiriljek dabaralaryň mähriban Watanymyza, sagdyn we bagtyýar durmuşymyza, berkarar döwletimizde gazanylýan beýik üstünliklere bolan buýsanjymyzy has-da ýokarlandyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Bütindünýä saglyk güni dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini alamatlandyrýan şanly sene hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun tutýar. Şonuň üçin hem bütindünýä bileleşik bilen birlikde eziz Diýarymyzda ýaz paslynyň jana şypaly günlerinde bu halkara baýram ýokary ruhubelentlikde, giňden bellenilýär. Bütindünýä saglyk gününiň şanyna köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriniň geçirilmegi sagdynlygyň, ruhubelentligiň ýurdy hökmünde Türkmenistanyň abraýyny dünýä ýaýýar.

Eziz halkym!

Berkarar döwletimiziň durmuş-ykdysady kuwwaty, medeni ösüşi halkymyzyň bagtyýarlygy we abadançylygy, jemgyýetimiziň sagdynlygy, nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Şu belent maksatdan ugur alyp, «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgämize laýyklykda, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet, syýahatçylyk ulgamlarynda giň möçberli özgertmeleri amala aşyrýarys.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Bu ugurda milli maksatnamalarymyzy, toplumlaýyn özgertmelerimizi üstünlikli durmuşa geçirýäris. Aýratyn hem beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ýaly, halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri uly ähmiýet berip gelýän ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýäris.

Gysga döwrüň içinde eziz Diýarymyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport hem-de atçylyk-sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri, Olimpiýa şäherçesi gurlup, döwrebap sport düzümleri döredildi. Şonuň bilen birlikde halkymyzyň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň bähbidine paýtagtymyz Aşgabatda, welaýat merkezlerinde innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan saglygy goraýyş merkezleri, ýöriteleşdirilen hassahanalar, şypahanalar gurlup, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy saglygy goraýyş ulgamyny döretmekde hem uly ösüşleri gazandyk.

Halkara Olimpiýa komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyz halkara olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine hem mynasyp goşant goşýar. Türkmenistan sport mümkinçiliklerini parahatçylygyň we dostlugyň bähbitlerine gönükdirip, ilkinji nobatda, dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, «Amul — Hazar 2018» atly halkara awtoralli, şeýle hem Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty parahatçylyk, döredijilik, ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan döwletimiziň ägirt uly sport mümkinçilikleriniň bardygyny bütin dünýä subut etdi.

Hormatly Arkadagymyzyň esaslandyran bitewi, dowamly, strategik döwlet syýasaty esasynda, Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakyndaky taryhy Kararnamasynyň, şeýle hem «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 15-nji martynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi tutuş halkymyzy, ilkinji nobatda bolsa ýaş neslimizi çäksiz begendirdi, buýsandyrdy. Elbetde, munuň özi Garaşsyz döwletimiziň ählumumy ösüşiň, abadançylygyň we rowaçlygyň bähbitlerine amala aşyrýan parahatçylyk söýüjilik, bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň oňyn netijesidir.

Mähriban halkym!

Eziz watandaşlar!

Sizi Bütindünýä saglyk güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Goý, bu ajaýyp halkara baýram sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzy şan-şöhrata beslesin, merdana halkymyzyň bagtyýar durmuşyna gaýtalanmajak öwüşgin çaýsyn!

Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 

Serdar Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
top-arrow