Şu gün Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini nazarlaýan özgertmeler maksatnamasyny, ilkinji nobatda, «Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» amala aşyrmagyň çäklerinde bina edilen täze dermanhana açyldy.
Hut şu uzak möhletleýin strategik maksatnama ösüşiň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyrylan täze tapgyrynda ýurdumyzyň durmuş ugurly syýasatyny kesgitleýär. “Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk. Biziň esasy maksadymyz mähriban Watanymyzyň asudalygyny we howpsuzlygyny, durmuş-ykdysady taýdan ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy, bütin dünýäde parahatçylygy hem-de özara ynanyşmagy berkitmegi üpjün etmekden ybaratdyr” diýip, hormatly Prezidentimiz belleýär.
Döwlet Baştutanymyz adam baradaky aladany, her bir maşgalany döwrebap ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmegi özüniň esasy aladasy hökmünde kesgitläp, halka beren sözüni yzygiderli ýerine ýetirýär. Şu ýylyň 24-nji martynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň demirgazygyndaky Çoganly ýaşaýyş toplumynda Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň ikinji tapgyrynyň dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilmegi munuň aýdyň mysalydyr.
Ilaty derman serişdeleri bilen üpjün etjek bu desganyň Türkmenistanda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk gününiň öňüsyrasynda açylmagy aýratyn bellärliklidir.
Halkyň saglygyny goramak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuş ulgamyny nazarlaýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyz wezipä girişmegi mynasybetli geçirilen dabaradaky çykyşynda: “Ýurdumyzda adamyň saglygy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolup durýar. Şoňa görä-de, ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we ýok etmek, saglygy goraýşy we derman senagatyny dünýä derejesinde ösdürmek boýunça köp işler amala aşyrylýar. Saglygy goraýyş ulgamynda özgertmeler dowam etdiriler. Täze-täze hassahanalar, bejeriş-sagaldyş edaralary gurlup, döwrebap lukmançylyk enjamlary we derman serişdeleri bilen üpjün ediler” diýip, aýratyn nygtady.
Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyz raýatlaryň saglygynyň ýurduň baş baýlygydygyndan, ýokary zähmet kuwwatynyň zerur şertidiginden, halkyň medeni derejesiniň görkezijisidiginden hem-de döwleti dolandyrmagyň netijeliliginiň has aýdyň ölçegidiginden ugur alyp, milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, halkymyzyň rowaçlygy baradaky aladany esasy ugur edinýän durmuş syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, Türkmenistan dünýäde sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilýär.
Bu gün Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda ählumumy meýilleri ugur edinýän we halkyň saglygynyň berkidilmegine ýardam berýän döwrebap düzüm kemala gelýär. Tutuş ýurdumyzda iň täze we ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilen, halkymyza, şol sanda oba ilatyna häzirki zaman lukmançylyk hyzmatlarynyň dürli görnüşlerini hödürleýän saglyk edaralary guruldy hem-de olaryň gurluşygy dowam edýär.
Diýarymyzda raýatlaryň durmuş goraglylygyny ýokarlandyrmagyň möhüm şerti bolan derman senagaty pudagynyň mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň yzygiderli ösdürilmegi netijesinde öndürilýän dermanlyk serişdeleriň mukdary artýar we hili ýokarlanýar. Bu gün ýurdumyzda bereketli türkmen topragynda ösýän hem-de bejerijilik ukyby bolan ösümliklerden taýýarlanylýan dermanlyk serişdeleriň we beýleki melhemleriň köp görnüşleri öndürilýär.
Lebap welaýatyndaky Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli “Buýan” toplumynda buýan kökünden öndürilýän dürli serişdeleriň mukdary ýokarlanýar. Bu ýerde 2024-nji ýylda glisirrizin turşusyny öndürmek boýunça täze kärhanany açmak meýilleşdirilýär. Täze kärhanada buýan köki gaýtadan işlenilip, ondan ýylda 390 tonna glisirrizin turşusy öndüriler.
Tejen şäherinde täze açylan dermanhanada ýurdumyzda öndürilýän, şeýle-de Ýewropanyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň köp görnüşli derman serişdeleri, dürli lukmançylyk önümleri, keselleri anyklaýyş enjamlary hödürlenilýär. Mundan başga-da, dermanhanada weterinar bölüm bar.
Umumy meýdany 500 inedördül metre barabar bolan hem-de degişli talaplara laýyk gelýän täze dermanhana ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Tebigat Çeşmesi” hususy kärhanasyna degişlidir. Ýeri gelende aýtsak, bu kärhana ýurdumyzyň dürli künjeklerinde şeýle desgalary dolandyrmagyň uly tejribesini toplady.
Şeýle hem onda müşderiler üçin niýetlenen giň we oňaýly söwda zaly, dermanlyk serişdeleriň, lukmançylyk enjamlarynyň bölümleri, weterinar bölüm, ammar jaýy göz öňünde tutuldy.
Arakesmesiz we dynç günsüz işleýän dermanhananyň işgärler düzüminde farmasewtler, maslahatçy-lukmanlar we weterinarlar bar. Munuň özi müşderilere peýdaly maslahatlary almaga hem mümkinçilik berýär.
Häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen dermanhana sanly ulgama birikdirildi. Bu ýerde dermanlyk serişdeleriň söwdasy nagt we nagt däl görnüşde amala aşyrylýar. Degişli maslahatlary almak isleýänler üçin sorag-jogap gullugy hereket edýär. Şeýle hem bu ýerde satyn alnan dermanlary eltip bermek hyzmatyny ýola goýmak meýilleşdirilýär.
Täze dermanhananyň açylyş dabarasyna gatnaşanlar halkymyzyň saglygyny we abadançylygyny esasy ugur edinýän durmuş syýasatyny amala aşyrýandygy üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.