Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Ajaýyp däpler we medeniýet türkmen halkynyň ruhy kökleridir
Medeniýet
Ajaýyp däpler we medeniýet türkmen halkynyň ruhy kökleridir
Çap edildi 30.03.2022
4356

Milli medeniýet ulgamy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne ägirt uly üstünlikler, toplumlaýyn ösüş üçin berk maddy binýat we uly kuwwat bilen gadam basýar.

Türkmenistanda Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda kitaphana, muzeý we arhiw işi, halk çeperçilik — amaly-haşam döredijiligi, gozgalýan medeni gymmatlyklary äkitmek we getirmek, taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak ýaly meseleleri kadalaşdyrýan kanunlaryň birnäçesi kabul edildi. Mysal üçin, “Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakyndaky” Kanun halkymyzyň medeni-milli özboluşlylygyny saklap galmaga we ösdürmäge, medeniýetiň döreýşi we ösüşi hakyndaky maglumatlaryň çeşmelerini ygtybarly goramaga bolan hukugyny üpjün edýär.

“Medeniýet hakynda” Türkmenistanyň Kanuny hem umumylaşdyryjy hem-de esas düzüji häsiýete eýedir. Bu Kanun medeniýetiň strategik ähmiýetini tassyklaýar, medeni gymmatlyklary döretmek, türkmen halkynyň medeniýetini dikeltmek, aýawly saklamak, ösdürmek hem-de wagyz etmek ulgamlarynda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kadalaşdyrýar.

Döredilen ygtybarly maddy-enjamlaýyn binýat medeniýet ulgamynyň edaralarynyň işini kämilleşdirmäge ýardam edýär. Häzirki wagtda diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ajaýyp teatrlar, kitaphanalar, muzeýler, kinoteatrlar, şeýle hem kinokonsert we sergi zallary, açyk sahna meýdançalary hereket edýär. Olaryň hatarynda “Türkmeniň ak öýi” ýaly täsin binalar bar. Aşgabatda hem-de welaýatlaryň şäherlerinde we hatda iň alysdaky ilatly ýerlerde döwrebap medeniýet öýleri we medeni-dynç alyş merkezleri guruldy.

Merkezi kitaphanalarda öňdebaryjy tehnologiýalara we dünýäniň iň gowy tejribesine esaslanýan bitewi elektron ulgamy döredildi. Medeni hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek we hilini ýokarlandyrmak, ilatyň şol hyzmatlar bilen gurşalyp alynmagyny gowulandyrmak, döredijilik toparlarynyň repertuarlaryny, muzeýleriň we kitaphanalaryň gaznalaryny täzelemek, sanly nou-haulary ulanmak arkaly, medeniýet edaralarynyň işini utgaşdyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Geçen ýyl wirtual muzeý ekspozisiýalarynyň döredilmegi munuň aýdyň mysallarynyň biridir.

Döredijilik bäsleşikleri zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam edýär. Ýaş höwesjeň ýerine ýetirijileriň “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigi, aýdymçylaryň “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşigi, körpe zehinleriň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” atly aýdym-sazly bäsleşigi hem-de “Iň eýjejik gyzjagaz” çagalar döredijilik gözden geçirilişi we beýlekiler ýaş aýdymçylara sungat dünýäsine ýol açýan hakyky mekdep bolup durýar. Ýurdumyzda şeýle hem şekillendiriş sungatynyň wekilleriniň, ýazyjylaryň we şahyrlaryň, žurnalistleriň, režissýorlaryň arasynda bäsleşikler geçirilýär.

Bularyň ählisi ata-babalarymyzyň aýdym-saz däplerini aýawly saklamaga we ösdürmäge, gadymy saz gurallarynyň köp görnüşlerini dikeltmäge, geçirilýän bäsleşikleriň mowzugyny giňeltmäge we döredijilik bäsleşiklerini guramaga, olara ýaşlaryň köp sanlysyny çekmäge, zehinleri ýüze çykarmaga hem-de halypaçylyk däplerini pugtalandyrmaga ýardam edýär.

Şu ýylyň başynda bagşy-sazandalaryň arasynda “Çalsana, bagşy!” atly täze döredijilik bäsleşigini geçirmek barada çözgüt kabul edildi. Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, ýaş aýdymçylaryň we zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän, döredijilik işgärleriniň hünär taýdan ösüşine, ýaş zehinleriň ýüze çykarylmagyna, ýaşlary milli medeniýetiň genji-hazynasyna giňden çekmäge ýardam edýän Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň çäklerinde geçiriler.

Medeniýet hepdeligi hem ýaş zehinleri ýüze çykarmaga gönükdirilendir. Her ýylky forum, däp bolşy ýaly, iýun aýynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýär. Her ýyl Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde opera sahna oýunlarynyň ilkinji görkezilişiniň bolýandygyny bellemelidiris. Opera sungatynyň gaýtadan dikeldilmegi täze döwrüň medeniýet ulgamynyň gazanan möhüm ähmiýetli üstünlikleriniň biridir.

Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň dünýäniň dürli döwletleri bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, zehinleri ýüze çykarmak hem-de sungat ussatlaryny kämilleşdirmek, olary halkara jemgyýetçilik bilen giňden tanyşdyrmak, daşary ýurtly medeniýet işgärleri bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça işler has-da işjeňleşdirilýär.

Bu ugurda ägirt uly oňyn tejribe toplanyldy. Giň gerimli we köpöwüşginli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Soňky ýyllarda Aşgabatda köp sanly halkara çäreler geçirildi. Şol çäreler medeniýetiň we sungatyň araçäkleri hem-de uzak aralyklary ýeňip geçip, dürli halklary olaryň parahatçylyga, hoşniýetlilige we ösüşe bolan ymtylmasy babatda birleşdirýändigi baradaky hakykatyň mizemezligini tassyklady. Olaryň hatarynda Nowruz baýramy mynasybetli folklor baýramçylyklary, ajaýyp türkmen akyldarlary we şahyrlary Muhammet Gaýmaz Türkmeniň, Baýram hanyň, Magtymguly Pyragynyň, Mollanepesiň ömrüne we döredijiligine, “Görogly” şadessanyna, taryhy ýadygärlikleri, Seljuklar eýýamynyň edebiýatyny we medeniýetini öwrenmäge, Gadymy Jeýtuna, türkmen atşynaslyk sungatyna, türkmen alabaýyna, orta asyr medeniýetler ulgamynda Gündogar Türkmenistanyň mirasyna, Beýik Ýüpek ýolunyň ýadygärliklerini öwrenmäge we beýlekilere bagyşlanan ylmy maslahatlar bar.

2012-nji ýylyň oktýabrynda hem-de 2019-njy ýylyň maýynda Aşgabatda GDA döwletleriniň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň VII we XIV forumlary geçirildi. 2012-nji ýylda Mary şäheri, 2016-njy ýylda bolsa Daşoguz şäheri Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýen hormatly wezipäniň hötdesinden abraý bilen geldi. 2015-nji ýylda Mary şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi hem halkara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmakda möhüm ähmiýetli waka boldy.

Döredijilik festiwallary we medeni çäreler dostlugyň hem-de özara düşünişmegiň özboluşly köprülerine öwrüldi. Şolaryň hatarynda soňky ýyllaryň dowamynda paýtagtymyzda üç gezek guralan halkara teatr festiwaly, dünýäniň dürli döwletleriniň Medeniýet günleri bar. Olar medeniýetleriň we halklaryň özara gatnaşygy üçin ajaýyp mümkinçilikleri açýar. Aşgabatda geçirilýän “Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly neşir önümleriniň halkara kitap sergi-ýarmarkasy ynsanperwer ulgamda halkara gatnaşyklar üçin meýdança bolup hyzmat edýär.

Köpöwüşginli medeni wakalaryň hatarynda Wena balyny görkezmek bolar. Ýatdan çykmajak täsir galdyrýan bu çäre Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen medeni gatnaşyklarynyň giňelýändiginiň aýdyň subutnamalarynyň biridir.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň medeni kuwwaty köp ulgamlarda, şol sanda ylymda we bilimde, syýahatçylykda, sebitara hem-de halkara gatnaşyklarda netijeli ulanylýar.

Sungat mowzugynyň Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserlerinde möhüm orun eýeleýändigini bellemek wajypdyr. Şol eserler diňe bir türkmenistanlylar üçin däl, eýsem, olaryň daşary ýurt dillerine terjime edilmegi netijesinde dünýäniň ençeme ýurtlarynda ýaşaýan adamlar üçin hem halkymyzyň baý we köptaraply medeniýetiniň ajaýyp dünýäsine aralaşmaga ýolgörkeziji bolup hyzmat etdi. Şol eserleriň hatarynda “Ynsan kalbynyň öçmejek nury” atly neşir bar. Onda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömri, döredijiligi we filosofik garaýyşlary, onuň halkymyzyň ruhy durmuşynda tutýan orny baradaky parasatly sözler ýerleşdirilipdir. Ajaýyp eserleriň hatarynda deňi-taýy bolmadyk türkmen halyçylyk sungatyna bagyşlanan “Janly rowaýat”, türkmen saz sungatynyň ajaýyp wekilleri barada gürrüň berýän “Ile döwlet geler bolsa...” hem-de «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitaplar, şeýle hem ajaýyp ahalteke bedewlerine we alabaýa bagyşlanan neşirler we beýlekiler bar.

Halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasynda — “Dialog — parahatçylygyň kepili” filosofiýasynda medeniýet ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Ol häzirki şertlerde anyk kesgitlenen syýasy ölçeglere, sagdyn, oňyn pragmatizme, umumy ykrar edilen hem-de hemmelere düşnükli bolan adamzat gymmatlyklaryna esaslanýar.

Medeniýet ulgamyndaky dialog häzirki döwletara gatnaşyklaryň özboluşly sazlaşygydyr. Türkmenistanyň täsirli garaýşynyň, umumy medeniýetlerde möhüm ornunyň, dünýäniň halklarynyň köpöwüşginli maşgalasynda gaýtalanmajak keşbiniň bolmagy köp babatda ruhy köklere wepalylyk, ruhy mirasyň, ata-babalarymyzyň pähim-paýhasy bilen döredilen köpasyrlyk özboluşly däp-dessurlarynyň aýawly saklanylmagy bilen şertlendirilendir.

“Könesi bolmadygyň, täzesi bolmaz” diýen halk pähimi bar. Milli medeni däpleriň müdimiligi we dowamatlylygy, olaryň dünýäniň beýleki halklarynyň medeniýeti bilen sazlaşygy hut taryhy hakyda bilen düşündirilýär.

Döwletimiziň ählumumy oňyn özgertmeleriň başyny başlaýjy hökmünde halkara giňişlikde ykrar edilmegi babatda medeni diplomatiýa we onuň gözbaşy bolan sungatyň dili, hakyky halk diplomatiýasynyň dili aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Häzirki wagtda Türkmenistan bu dilde dünýä bileleşigi bilen erkin gürleşmegi başaryp, hoşniýetli ýurtlaryň ählisi ýaly, ynsanperwer giňişligiň umumylygy, parahatçylykly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkarar etmäge, halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi pugtalandyrmaga, ählumumy ösüşe ýardam edýän dialog ugrunda çykyş edýär.

BMG we beýleki abraýly halkara guramalar hem-de gaznalar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň halkara medeni-ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlyk syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu babatda BMG-niň ulgamynda özboluşly intellektual forum hökmünde ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Ol medeniýet, ylym we bilim ulgamlarynda ählumumy meseleleriň çözgütlerini gözlemäge mümkinçilik berýär.

2011-nji ýylda ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň “Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky” Konwensiýasyna goşulandygyny we şol döwürden bäri onuň işjeň hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny bellemelidiris. Bu babatda geçen ýylyň 15-nji aprelinde «Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNESKO-nyň arasynda 2021 — 2023-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk hakyndaky” Ähtnama gol çekilmegi möhüm ähmiýete eýe boldy.

Hyzmatdaşlygyň çäklerinde Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda bilelikdäki taslamalaryň birnäçesi, şol sanda täsin taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak boýunça taslamalar üstünlikli amala aşyryldy. Uly ähmiýetli we umumadamzat gymmatlygy bolan ýadygärlikler hökmünde Gadymy Merwiň, meşhur Köneürgenç şäheriniň hem-de Parfiýa Patyşalygynyň paýtagty Nusaýyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda türkmen taryhynyň geçen eýýamlarynyň täsin desgalarynyň we tebigatyň ajaýyp künjekleriniň ýene-de birnäçesi, şol sanda Garagum sährasy we iri dag toplumlary bu abraýly sanawa girizmäge taýýarlanyldy.

ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna “Görogly” dessançylyk sungaty (2015-nji ýyl), “Küştdepdi aýdym we tans dessury” (2017-nji ýyl), “Türkmen milli halyçylyk sungaty” (2019-njy ýyl) ýaly, türkmenleriň döredijilik zehininiň beýik gazananlary girizildi.

Şu ýylyň başynda «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly milli hödürnamamyzyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi baradaky güwänamanyň alynmagy ýurdumyzda hakyky baýramçylyga öwrüldi. Munuň özi hemmämize düşnüklidir, çünki dutar parahatçylygyň we dostlugyň, halkymyzyň saz sungatynyň aýdyň nyşanydyr. Onuň bütin dünýä ähmiýetli gymmatlyk hökmünde ykrar edilmegi bolsa, halk saz sungatynyň ornunyň örän uludygyna şaýatlyk edýär.

Ýurdumyzyň degişli düzümleriniň halk däpleriniň hasabyna bu sanawy giňeltmek boýunça alyp barýan işleri dowam edýär, şol sanda ahalteke atçylygy, alabaý tohum itlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de keçe sungaty we demirçilik senedi, türkmen tazysy we aw elguşy, milli keşdeçilik sungaty bilen baglanyşykly işler alnyp barylýar.

Hereketleriň üç ýyllyk meýilnamasynda şeýle hem ÝUNESKO-nyň täsin şäherleriniň ählumumy ulgamyna “Dizaýn-döredijilik ulgamynda” Aşgabady we “Senetçilik hem-de halk döredijiligi” ulgamynda Türkmenabady, geljekde bolsa “Edebiýat ulgamynda” Mary şäherini goşmaga taýýarlyk göz öňünde tutulýar.

Arheologlaryň işi hem medeni mirasy öwrenmek we wagyz etmek boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzyň taryhy-binagärlik ýadygärliklerinde dürli ýyllarda edilen köp sanly açyşlar munuň aýdyň subutnamasydyr.

Şunuň bilen baglylykda, Medeniýet ministrliginiň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi tarapyndan guralan arheologik ekspedisiýalar tarapyndan ýüze çykarylan tapyndylaryň ähmiýeti örän uludyr. Olar türkmen alabaýynyň tohumynyň gadymydygyna, ýurdumyzyň orta asyr şäherlerinde senagatyň ösendigine we beýlekilere şaýatlyk edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýet ulgamynyň wekilleriniň öňünde durýan wezipeleriň çözülmegi ýurdumyzda türkmen jemgyýetiniň ägirt uly ruhy we döredijilik kuwwatyny has-da artdyrmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işlere goşmaça itergi bermäge ýardam eder.

Soňky habarlar
25.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.04
«Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
25.04
“Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahat
25.04
Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň 100 ýyllygy bellenildi
25.04
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
25.04
Türkmenistanyň sungat ussatlary Parižde üstünlikli çykyş etdiler
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretaryny kabul etdi
24.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
24.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
top-arrow