Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Merkezi saýlaw toparynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň netijeleri boýunça mejlisi
Jemgyýet
Merkezi saýlaw toparynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň netijeleri boýunça mejlisi
Çap edildi 14.03.2022
4683

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça geçirilen saýlaw möwsüminiň netijeleri jemlenildi.

Habar berlişi ýaly, bir aý mundan ozal badalga alan hem-de geçen şenbe güni — 12-nji martda üstünlikli tamamlanan bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre açyklyk we aýdyňlyk, giň bäsdeşlik esasynda geçip, türkmen jemgyýetinde demokratik ýörelgeleriň dabaralanýandygyny, ilatyň raýatlyk düşünjeliliginiň ýokary derejededigini aýdyň görkezdi.

Merkezi saýlaw toparynyň başlygy mejlisi açyp, ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynyň — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň senenamasyna ajaýyp sahypa bolup giren bu uly ähmiýetli waka bilen oňa gatnaşanlary gutlady. Halkymyz mizemez agzybirligini we jebisligini, ata-babalarymyzyň mukaddes wesýetlerine wepalylygyny ýene-de bir gezek görkezip, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek, ata Watanymyzda demokratik ýörelgeleri berkarar etmek ugrunda möhüm ädim ätdi.

Bellenilişi ýaly, saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň hemme tapgyrlary öz wagtynda hem-de hereket edýän kanunçylygyň talaplaryna we umumy kabul edilen halkara kadalara laýyklykda guraldy.

Ses bermek işleri ýurdumyzyň çäklerindäki saýlaw uçastoklarynyň 2577-sinde geçirildi. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky raýatlarynyň ses bermegi hem guramaçylykly geçdi. Ilçihanalaryň we konsullyk edaralarynyň ýanynda döredilen 41 saýlaw uçastogynda Watanymyzyň çäklerinden daşynda bolan ildeşlerimiziň müňlerçesi has mynasyp dalaşgäre ses berdiler.

Merkezi saýlaw toparynyň internet saýtynda ses bermegiň barşyna onlaýn arkaly tanyşmaga şert döredildi.

Saýlaw möwsüminiň häsiýetli aýratynlygy saýlawçylaryň ýokary işjeňlik görkezendigindedir. Munuň özi ilatyň ýokary raýat jogapkärçiligine hem-de ata Watanymyzda amala aşyrylýan demokratik özgertmelere mundan beýläk-de gönüden-göni gatnaşmaga bolan islegine şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary hem-de onuň bilen baglanyşykly çäreler halkara jemgyýetçilikde we dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly gyzyklanma döretdi. Şol günler Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Türki Döwletleriň Guramasyndan, şeýle hem birnäçe daşary ýurtlardan synçylaryň toparlary we žurnalistler ýurdumyzda bolup, saýlaw möwsüminiň barşy bilen ýerinde tanyşdylar, saýlawlaryň açyklygyna hem-de aýanlygyna göz ýetirdiler.

Milli synçylar hem saýlaw işleriniň hemme tapgyrlaryna doly gözegçiligi amala aşyrdylar. Şolaryň arasynda syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we dalaşgärleriň wekilleri bolup, saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçendigini tassykladylar.

Milli kanunçylyga laýyklykda, saýlawlaryň gutarnykly netijeleri ýakyn wagtda yglan ediler.

Mejlisiň ahyrynda merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy saýlawlaryň geçirilmegine guramaçylykly hem-de jogapkärçilikli çemeleşip, döwletimiziň demokratik esaslarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyndaky saýlaw çärelerine gatnaşanlaryň ählisine, şol sanda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny habarlar, maglumatlar bilen ýokary derejede dogruçyl beýan eden köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi.

Soňky habarlar
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
09.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
09.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
09.09
«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Ýoluň ak bolsun, «ak altynly» kerwen!
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
08.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
top-arrow