Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Ata Watanymyz arzyly arzuwlaryň hasyl bolýan we abadançylygyň ýurdudyr
Hepdäniň wakalary
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Ata Watanymyz arzyly arzuwlaryň hasyl bolýan we abadançylygyň ýurdudyr
Çap edildi 07.03.2022
1736

1-nji martda Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň agzalary we Mejlisiň deputatlary bilen duşuşygy geçen hepdäniň esasy wakalarynyň biri boldy. Döwlet Baştutanymyzyň maksatnamalaýyn çykyşynda ýerine ýetirilen işlere baha berildi. Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda parlamentarileriň öňünde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Milli Liderimiz adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, ykdysadyýet, durmuş syýasaty, ylym, bilim, medeniýet, ýaşlar syýasaty we sanly ulgam, daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak, obasenagat toplumy, Türkmenistanyň daşary syýasat ugry, ýerli wekilçilikli häkimiýet hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary babatda kanunçylyk goldawyny bermek üçin zerur bolan anyk çäreleri belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli Harby doktrinasyna we bu ugurda alnyp barylýan döwrebap özgertmelere laýyklykda, harby ulgamda milli kanunçylygy kämilleşdirmek meselelerine degip geçdi. Hususan-da, Türkmenistanyň “Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda”, “Goranmak hakynda”, “Türkmenistanyň Döwlet serhedi hakynda” Kanunlaryna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň zerurlygy nygtaldy.

Döwlet Baştutanymyz çagalaryň hukuklarynyň goralmagynyň döwletimiziň durmuş syýasatynyň hem-de milli kanunçylygyň möhüm ugry bolmagynda galýandygyny aýtdy. Ýeri gelende bellesek, ösüp gelýän nesli, howandarlyga mätäç çagalary durmuş taýdan goldamak, olaryň saglygyny dikeltmäge ýardam bermek, bagtyýar durmuşy üçin oňyn şertleri döretmek hem-de olarda belent adamkärçilik häsiýetlerini kemala getirmek maksady bilen, Haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Gaznanyň işi eneler we çagalar babatda hereket edýän milli kanunçylyga, beýleki hukuk namalaryna laýyklykda alnyp barylýar.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde 150 orunlyk çagalar bagyny, 100 orunlyk ýatylýan binany we çagalar sagaldyş merkezini öz içine alýan Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi gaznanyň howandarlygynda işlär.

Gazna döredilen gününden başlap, howandarlyga mätäç çagalara jemgyýetiň hem-de döwletiň durmuşyna doly derejede we adalatly gatnaşmaga hukugy üpjün edip gelýär. Munuň özi olara lukmançylyk kömegini bermegi we saglygyny dikeltmegi hem-de derman serişdeleri bilen üpjün etmäge gönükdirilen maddy kömegi hem öz içine alýar. Umumybilim berýän we ýöriteleşdirilen mekdeplerde okatmagy, ýörite sport hem-de beýleki zerur serişdeler bilen üpjün etmegi göz öňünde tutýar.

Şular ýaly ýeňil bolmadyk soraglary, şol sanda ogullyga ýa-da gyzlyga almak bilen bagly meseleleri çözmek üçin gaznanyň ýanynda Ýaşulular Geňeşi işleýär. Şunda ýaşulular Türkmenistanyň kanunlaryny we milli däp-dessurlarymyzy goldanar. Biz geljekde hem hemaýata mätäç çagalary goldamak boýunça Haýyr-sahawat gaznasynyň işini giňelderis we kämilleşdireris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we degişli Karara gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz täze eýýamyň talaplaryndan ugur alyp, kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça 2022 — 2027-nji ýyllar üçin Konsepsiýany işläp taýýarlamagyň we kabul etmegiň maksadalaýyk boljakdygyny hem nygtady.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalary ähli tagallalaryny döwletiň, jemgyýetiň we her bir adamyň sazlaşykly ösüşiniň we bähbitleriniň deň derejede üpjün edilmegini göz öňünde tutýan kanunlary işläp taýýarlamaga gönükdirmelidir. Bu kanunlar ýurdumyzyň hukuk ulgamyny pugtalandyrmaga we kämilleşdirmäge, halkara guramalar we dünýäniň döwletleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilmelidir.

Ata Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, jemgyýetimizi yzygiderli demokratiýalaşdyrmak, ilatyň gündelik zerurlyklaryny we isleglerini kanagatlandyrmak hakynda maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek geljekki döwrüň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar.

Sebitleri ösdürmek, maýa goýumlaryny çekmek, öňdebaryjy tehnikalary we tehnologiýalary ornaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän kärhanalary giňeltmek, hyzmatlar ulgamyny ösdürmek we goşmaça iş orunlaryny döretmek hem möhüm wezipelerdir. Ilat üçin elýeterli ýaşaýyş jaýlaryny gurmak bolsa örän wajyp meseledir.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň işiniň esasy ugurlary boýunça 2022-nji ýylda bilelikde ýerine ýetirilmeli işleriň we geçirilmeli çäreleriň meýilnamasy hakynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Kararyna gol çekdi.

“Biz ýokary buýsanç, geljege berk ynam, ajaýyp maksatlar bilen mundan beýläk-de has belent sepgitlere ýeteris. Sebäbi biziň ýurdumyz arzyly arzuwlaryň hasyl bolýan we abadançylygyň ülkesidir!” diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen hepdäniň başynda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda paýtagtymyzy we sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine garaldy. Göni wideoaragatnaşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Ahal, Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň birnäçe daýhan birleşikleriniň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan işler, şeýle-de Mary welaýatynda owlak-guzy möwsüminiň barşy bilen tanyşdyryldy.

Sebitlerde meýdanlary gowaça ekişine taýýarlamak, oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary abatlamak, ekerançylary bu gymmatly tehniki ekiniň tohumlary bilen üpjün etmek, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini alyp barmak, ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinlerini ekmek işleri dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba zähmetkeşleriniň ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmaga goşýan uly goşandyny belläp, öňde goýlan wezipeleri çözmekde täze üstünlikleri arzuw edip, “Armaň!” diýdi. Gadymdan gelýän milli däbimize görä, “Bar boluň!” hem-de “Özüňiz hem armaň!” diýip jogap berildi we döwlet Baştutanymyz hem “Bar boluň!” diýdi.

Şeýle-de sanly ulgam paýtagtymyzyň Arçabil şaýolunyň ugrundaky “Abadançylyk” binasynyň ýanynda arassaçylyk-abadanlaşdyryş işleriniň geçirilişine syn etmäge mümkinçilik berdi. Bu ýerde kömekçi hojalykda ösdürilýän möwsümleýin gülleriň ekişi alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyny jemläp, biziň esasy maksadymyzyň azyk bolçulygyny üpjün etmekden, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakdan, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşini kepillendirmekden ybaratdygyny bellemek bilen, bu ugurda kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň doly ýerine ýetirilmegini gazanmagyň hökmany şert bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şoňa görä-de, her bir ýolbaşçynyň özüne ynanylan wezipäni ýerine ýetirmäge örän jogapkärçilikli, yhlasly we ak ýürekden çemeleşmegi möhüm talapdyr.

2-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda 2022-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijeleri jemlenildi.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan jemgyýetçilik-syýasy möwsüme — Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň maddalary esasynda eks-prezident barada hukuk kadalaryna degişli tabşyryklar berildi. Şeýle hem milli Liderimiz “Türkmenistanyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda” Karara gol çekdi.

3-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Germany kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda 30 ýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şu döwür içinde Türkmenistan BMG-niň işjeň agzalarynyň birine, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek işinde ygtybarly hem-de strategik hyzmatdaşyna öwrüldi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda şu ýylyň 12-nji martynda nobatdan daşary Prezident saýlawlarynyň geçiriljekdigine ünsi çekdi.

Häzirki wagtda şol saýlawlaryň dünýäde kabul edilen kadalar esasynda örän erkin, aýdyň hem-de demokratik ýagdaýda geçirilmegi üçin ähli zerur tagallalaryň edilýändigi nygtaldy. Nobatdan daşary saýlawlara milli synçylar bilen bir hatarda, daşary ýurt döwletlerinden we halkara guramalaryň birnäçesinden, şol sanda GDA-dan, ŞHG-den, ÝHHG-den hem-de Türki Döwletleriň Guramasyndan synçylar gatnaşarlar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz BMG-niň ugurdaş bilermenlerini saýlaw bilen bagly işlere dogry baha bermek maksady bilen, Türkmenistanda Prezident saýlawlaryny geçirmekde ýardam etmäge çagyrdy.

4-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen iki aýynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, degişli ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi hem-de döwlet durmuşyna degişli beýleki birnäçe möhüm meselelere garaldy.

Bellenilişi ýaly, 2022-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda makroykdysady görkezijiler boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önüm öndürilişi 10,7 göterim ýokarlandy. Bölek haryt dolanyşygynyň mukdary, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,6, daşary söwda dolanyşygy boýunça 30,7 göterim artdy. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 106,1 göterim, çykdajy bölegi bolsa 96,9 göterim berjaý edildi.

Iri we orta kärhanalar boýunça ortaça aýlyk iş haky, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim artdy. Aýlyk iş haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary hem-de talyp haklary doly möçberde maliýeleşdirildi. Rejelenen görnüşli Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 101 sany durmuş maksatly desgalaryň, suw arassalaýjy desgalaryň 35-siniň, 326 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de düzümleýin ulgamlaryň gurluşygy alnyp baryldy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde jemi içerki önümi öndürmek boýunça görkezijiler ýylyň başyndaky ýaly, ýagny 6,2 göterim möçberde saklanýar. Geçen iki aýda oba hojalygynda ösüş depgini 3,2 göterim, söwda ulgamynda 8,8, ulag we aragatnaşyk pudagynda bolsa 4 göterim boldy. Häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 37 milliard amerikan dollaryna golaý bolan, aglabasy bolsa durmuş maksatly dürli desgalaryň gurluşygy giň gerim bilen alnyp barylýar. Şolaryň köp böleginiň gurluşygy ýurdumyzyň gurluşyk-gurnama guramalary tarapyndan alnyp barylýar.

Şunuň bilen birlikde, häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýagdaýy göz öňünde tutup, gazanylan ösüş depginini saklap galmak wajypdyr. Munuň üçin ykdysady we durmuş özgertmeleri, şeýle hem bilim, saglygy goraýyş, sanly ulgama geçmek, ekologiýa babatda başlanan özgertmeleri mundan beýläk-de depginli dowam etdirmek zerurdyr.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna ünsi çekip, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalaryndaky we konsullyklaryndaky saýlaw uçastoklarynda ses bermegi ýokary guramaçylyk derejesinde üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz öz wezipelerini talabalaýyk ýerine ýetirmekleri, saýlawlaryň barşyna doly gözegçilik etmekleri üçin daşary ýurtly synçylara ähli zerur guramaçylyk-tehniki we hukuk şertlerini döretmekde hemmetaraplaýyn ýardam bermegiň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň gatnaşmagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çäreleriň sanawyny düzmegi hem tabşyrdy.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň ähli gelin-gyzlaryny ýetip gelýän Halkara zenanlar güni bilen gutlap, köp çagaly enelere “Ene mähri” diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi hem-de sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen enelere täze gurlan döwrebap öýleri sowgat bermek barada karara gelendigini habar berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda 2022-nji ýylyň 20-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek hakynda Karara, 2022-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasynda göz öňünde tutulan dürli desgalary ulanmaga bermek boýunça çäreleri amala aşyrmaga gönükdirilen Buýruga gol çekdi.

2-nji martda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna agzalyga kabul edilmegine 30 ýyl doldy. Bu şanly waka gabatlanyp, birnäçe çäreler geçirildi. Olar Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň netijeliligini nobatdaky gezek açyp görkezdi.

Daşary işler ministrliginde utgaşykly görnüşde geçirilen “Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylygy we ösüşi kepillendirmekde dialogyň orny” atly dabaraly duşuşyga ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky dialogyň wajypdygyny bellediler. Geçirilen çäreleriň çäklerinde ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy hem boldy.

Ýurdumyzyň durmuşyndaky esasy jemgyýetçilik-syýasy çärä — 12-nji martda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu bolsa jemgyýetimizi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmakda, her bir raýatyň öz ýurdunyň geljegi üçin jogapkärçiligine düşünmeginde aýratyn ähmiýete eýedir.

Iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň 9-sy wagyz işlerini geçirmek üçin özlerine berlen deň hukuklardan we mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýygnaklarda, duşuşyklarda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýärler. Saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalarynyň esasy ugurlaryny beýan edýärler hem-de saýlawçylaryň köp sanly sowallaryna jogap berýärler.

Käbir sebäplere görä, saýlawlar güni öz saýlaw uçastogyna gelip bilmeýän hem-de dalaşgärleriň iň mynasybyna ses berip bilmeýän raýatlar üçin Saýlaw kodeksine laýyklykda, 2-nji martda möhletinden öň ses bermek çäresi başlandy.

Türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça GDA ýurtlaryndan çagyrylan halkara synçylaryň we milli synçylaryň saýlawlara gatnaşmagy olaryň açyklyk we aýdyňlyk ýagdaýynda geçirilýändigini subut edýär. Olaryň hemmesine paýtagtymyzdaky we ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndaky saýlaw uçastoklaryna saýlawlaryň geçirilýän gününde we onuň öň ýanynda baryp görmek mümkinçiligi döredildi.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň ýardam bermeginde saýlawlara taýýarlyk görmegiň we geçirmegiň hem-de saýlaw çärelerini guramagyň meseleleri boýunça okuw maslahaty geçirildi. Ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň, döwlet edaralarynyň, şeýle hem syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen çäräniň çäklerinde saýlawlary guramak boýunça halkara tejribe bilen tanyşdyrylyş boldy.

Geçen hepdede Aşgabatda Aziýa ösüş bankynyň guramagynda Merkezi Aziýa sebit ykdysady hyzmatdaşlygynyň “Energetikada zenanlaryň orny: 2030-njy ýyla çenli gender deňligini gazanmak — özgertmeler döwri” maksatnamasynyň birinji sammiti geçirildi. Forumda energetikada we ekologiýany gorap saklamakda zenanlaryň orny bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, geljekki wezipeler kesgitlenildi.

Aşgabatda BSGG, ÝUNISEF bilen bilelikde köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin degişli maglumatlary netijeli alyşmak boýunça brifing geçirildi. Çykyşlarda Türkmenistanyň koronawirus ýokanjyna garşy dessin hereket etmek bilen, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almaga, sagdyn durmuş ýörelgelerini ilerletmäge aýratyn üns berýändigi, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň tarapynda çykyş edýändigi, munuň bolsa häzirki şertlerde aýratyn wajypdygy nygtaldy.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary ýurdumyzda jemgyýetimizi demokratiýalaşdyrmak, halk hojalygy toplumyny senagatlaşdyrmagy çaltlandyrmak, adamlaryň durmuşy üçin iň oňaýly şertleri döretmek boýunça alnyp barylýan özgertmeleri bütin aýdyňlygy bilen görkezdi. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň strategik wezipeleridir.

Soňky habarlar
22.12
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
21.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
21.12
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işler geçirmäge ygtyýar berildi
21.12
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy
top-arrow