Baş sahypa
\
Resmi
\
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
Resmi
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
Çap edildi 18.02.2022
3185

“Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda”, “Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda” we “Ätiýaçlandyryş hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, harby gullukçylary, harby ýygnanyşyklara çagyrylan raýatlary we içeri işler edaralarynyň işgärlerini hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmagyň we olara ätiýaçlandyryş pul möçberini tölemegiň Tertibi tassyklanyldy.

***

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2022-nji ýylda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň, şol sanda:

ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat şäheriniň häkimligine we beýleki edaralara 1,5 million düýp nahalyň;

welaýatlaryň häkimliklerine 1,5 million düýp nahalyň ekilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri miweli bag we üzüm nahallarynyň aýratyn kesgitlenen ýer böleklerinde görnüşleri boýunça ekilmegini hem-de ekilen saýaly, pürli, miweli bag we üzüm nahallarynyň damjalaýyn usulda suwarylmagyny üpjün etmäge borçly edildi.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryny, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliklerini ýeterlik mukdarda üzüm we 3 ýyllyk bag nahallary bilen üpjün etmek, şeýle hem olaryň ekilişine, ideg edilişine gözegçilik etmek tabşyryldy.

***

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ýerden ýokary hasyl öndürmek ugrunda alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de oba hojalyk ekinlerini kesellerden we zyýankeşlerden goramak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine 2022-nji ýylyň hasyly üçin ekilen bugdaýyň iki ülüşli haşal otlaryna, zyýankeşlerine, şalynyň haşal otlaryna hem-de 2022-nji ýylyň pagta hasyly üçin ekiljek gowaçanyň tohumyny kesellere garşy dermanlamakda, şeýle hem çekirtge zyýankeşine garşy ulanyljak himiki serişdeleri satyn almak barada daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

***

Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine Türkmenistanyň döwlet ätiýaçlyk gorundan degişli möçberdäki nah pagta süýümini, ýüpek pagta süýümini hem-de ministrlige degişli nah pagta süýümini, ýüpek pagta süýümini we pagta übtügini, gysga süýümi senagat taýdan gaýtadan işlemek üçin Dokma senagaty ministrligine degişli bahalardan ýerlemäge ygtyýar berildi.

***

“Kosmos işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýuridik we fiziki şahslara kosmos apparatlarynyň transponderlerini bermegi tertipleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýuridik we fiziki şahslara kosmos apparatlarynyň transponderlerini bermegiň Tertibi tassyklanyldy.

***

Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatyny mundan beýläk-de netijeli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen gatnaşyklaryny ösdürmek hem-de pugtalandyrmak, Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde kabul edilen iri möçberli, uzak möhletli taslamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmak, Türkmenistanyň döwlet bähbitlerini, daşary ýurtlarda Türkmenistanyň raýatlarynyň hem-de ýuridik şahslarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Daşary işler ministrligine “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” esasy ugurlaryny göz öňünde tutup, 2022-nji ýylyň 1-nji iýunyna çenli:

Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Konsepsiýasynyň taslamasy barada teklipleri taýýarlamak;

Adalat ministrligi bilen bilelikde Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça teklipleri taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek;

Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikde Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň düzümini döwrebap ösdürmek boýunça teklipleri taýýarlamak tabşyryldy.

Karara laýyklykda, Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Konsepsiýasyny işläp taýýarlamak boýunça hökümet iş topary döredildi. Şeýle hem resminama bilen Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Konsepsiýasyny işläp taýýarlamak boýunça hökümet iş toparynyň düzümi hem-de bu iş topary hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň çäginden demir ýol ulaglary bilen üstaşyr daşalýan ýükleriň mukdaryny artdyrmak, ýurdumyzyň demir ýol geçelgeleriniň halkara gatnawlarda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendemirýollary” agentligine konteýnerleri Türkmenistanyň çäginde demir ýol ulaglary bilen daşamagyň degişli bahalaryny 2022-nji ýylyň 1-nji martyndan 31-nji maýyna çenli ulanmaga ygtyýar berildi.

Soňky habarlar
23.12
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 320 müň dollaryna deň boldy
22.12
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
21.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
21.12
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işler geçirmäge ygtyýar berildi
21.12
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
top-arrow