11-nji fewralda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda taryhy ähmiýetli waka boldy. Onda ýurdumyzyň geljegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça taýýarlanylyp, forumda kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» belent maksatlara ýetmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň täze tapgyrynyň başlanandygyny alamatlandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda Garaşsyzlyk ýyllarynda batly depginler bilen ösýän ykdysadyýetde döwrebap döwleti gurmak, adalatly raýat jemgyýetini berkarar etmek, halkymyzyň durmuşy üçin oňaýly şertleri döretmek boýunça ýurdumyzda amala aşyrylan giň gerimli işlere ýokary baha berip, parahatçylyk söýüjilige hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi.
Milli Liderimiz täze taryhy maksatnamanyň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekip, döwletliligi mundan beýläk-de işjeň ösdürmegi we pugtalandyrmagy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň ygtyýarlyklaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmegi şol ugurlaryň ilkinji nobatdakylarynyň hatarynda kesgitledi. Munuň özi raýatlaryň döwlet, jemgyýetçilik institutlaryna bolan ýokary ynamyny has-da berkitmäge mümkinçilik berer.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň esasy şerti hökmünde adam maýasynyň ornunyň geljekde ýokarlanmagy üçin mümkin bolan ähli çäreleri durmuşa geçirmelidigini belläp, onuň hilini kesgitleýän pudaklaryň netijeli işlemeginiň möhüm mesele bolmalydygyny nygtady. Biz ösüşiň täze nusgasyny döredýäris. Bu bolsa türkmenistanlylaryň durmuşynyň ýokary ölçeglerini üpjün eder diýip, milli Liderimiz belledi. Döwletimiziň ýokary hilli ýaşaýyş jaýlarynyň halkymyza elýeterli bolmagy üçin ähli tagallalary etjekdigi aýratyn nygtaldy.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň daşary syýasaty barada aýdyp, onuň Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Konstitusion kanuna we Türkmenistanyň daşary syýasatynyň Konsepsiýasyna, şeýle hem beýleki kanunçylyk namalaryna esaslanýandygyny belledi. Munuň özi bütin adamzat dünýäsini gatnaşyklary kämilleşdirmäge çagyrýan nusgalyk syýasatdyr. Bitaraplyk biziň syýasy doktrinamyzdyr diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi hem-de deňhukuklylyk we özara hormat goýmak esasynda ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz bilen oňyn halkara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigini belledi.
Geljekde ýurdumyzda innowasion häsiýete esaslanýan milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa arkaly ösdürmäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdiriler. Biz öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrarys, täze ykdysady gatnaşyklary emele getireris. Bu bolsa ykdysady strategiýanyň täze kadalaryna geçmegi, döwletimiziň makroykdysady syýasatyny döwrebap ýagdaýa getirmegi üpjün eder.
Ýokary we ekologik taýdan arassa tehnologiýalara esaslanýan gaýtadan işleýän önümçilik pudaklaryny ösdürmäge-de hemmetaraplaýyn ýardam berler. Munuň özi ýurdumyzyň dünýä ykdysadyýetinde barha artýan ornuny üpjün etjek eksport mümkinçiliginiň möçberini has-da artdyrmaga şert döreder.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geljegiň meýilnamalary barada aýdyp, býujet we salgyt syýasatynyň kämilleşdirilmeginiň dowam etdiriljekdigine ünsi çekdi. Telekeçiligi hemmetaraplaýyn goldamak bilen birlikde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak maksady bilen, innowasion ýagdaý üçin ähli amatly şertler dörediler.
Türkmenistan energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermekde özüniň öňdeligini saklamagy dowam eder. Şu maksat bilen, nebitgaz pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek işi yzygiderli alnyp barlar. Bu bolsa nebiti we gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen häzirki zaman toplumlarynyň gurluşygyny göz öňünde tutýar. Täze känleri, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ýataklary we «Galkynyş» känini senagat taýdan özleşdirmegi çaltlandyrmagy aňladýar.
Ekologiýa diplomatiýasyny mundan beýläk-de wagyz etmek, bu ugurda halkara guramalar bilen işjeň we netijeli hyzmatdaşlygy alyp barmak möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Şunda Gaaga konwensiýasyna laýyklykda alnyp barylýan işler hem biziň üçin möhümligine galar. Şeýle hem milli Liderimiz Türkmenistanyň geljekde-de suwy aýawly peýdalanmak, daşky gurşawy goramak we sagdynlaşdyrmak, howanyň üýtgemegine we ählumumy maýlama uýgunlaşmak soraglary boýunça döwletara gatnaşyklary ösdürjekdigini belledi. Çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, çäkleri bagy-bossanlyga öwürmek boýunça-da zerur işler geçiriler.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geljek üçin öňde durýan wezipeler barada durup geçmek bilen, Türkmenistanyň energetika, ulag, agrar pudagy, tebigy serişdeleri gaýtadan işlemek ýaly adaty ugurlarda ählumumy bäsdeşlikde artykmaçlygynyň berkidiljekdigini we giňeldiljekdigini belledi. Älem giňişligini özleşdirmek babatda başlanan işler, şeýle-de dünýäniň sanly giňişligine işjeň gatnaşygymyz dowam etdiriler, halkara bazarlarda önümlerimiziň bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrylar, innowasion barlaglar ornaşdyrylyp, täze tehnologiýalar dörediler.
Geljekde bilim, ylym we saglygy goraýyş ulgamlarynda özgertmeler gyşarnyksyz dowam etdiriler. Munuň özi innowasiýalaryň ornuny düýpli artdyrýan tehnologik özgertmeleriň täze akymyna öwrüler.
Döwlet Baştutanymyz bellenen maksatlary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ýokary tehnologiýaly pudaklar toplumyny döretmek we ylmy köp talap edýän önümleriň dünýä bazarlarynda tutýan ornuny giňeltmek, öňdebaryjy ylmy-barlag işleri, ýokary tehnologiýalar we bilim hyzmatlary esasynda Türkmenistanyň dünýädäki öňdebaryjy innowasion ornuny gazanmak, senagat ykdysadyýetine häsiýetli bolan köpçülikleýin bilim ulgamyndan hemmeler üçin innowasion durmuş ykdysadyýetine niýetlenen ykdysadyýeti döretmek babatda zerur bolan üznüksiz hususylaşdyrylan bilim ulgamyna geçmek, düýpli düzüm we tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmak esasynda ýokary hilli bilim we saglygy goraýyş hyzmatlaryna elýeterliligi üpjün etmek zerurdyr diýip belledi.
Geljekde biziň esasy wezipämiz milli medeniýetimiziň bahasyna ýetip bolmajak mirasyny toplamak, abat saklamak, öwrenmek we wagyz etmek bolmagynda galýar diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu ugurda esasy umyt ýaşlarymyza baglanylýar. Sebäbi ýaş nesiller biziň ähli umyt-arzuwlarymyzy geljekde amala aşyrmaly. Biziň häzirki döwürde amala aşyrýan işlerimiz ýaşlarymyz üçin edilýär. Olaryň köpüsi Garaşsyz Watanymyz bilen ýaşytdaş. Ýakyn wagtda olar eziz Diýarymyzyň kämil raýatlary bolarlar, biziň bellän wezipelerimizi işjeň durmuşa geçirmäge gatnaşarlar. Şeýle hem Garaşsyz döwletimiziň geljekki ösüş ýoluny olar kesgitlemelidirler.
Şeýlelikde, men Türkmenistanyň Prezidentiniň ýokary we örän jogapkärli wezipesinde indi 15 ýyl bäri işläp gelýärin. Şol bir wagtda hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipelerini ýerine ýetirýärin diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Bilşiňiz ýaly, men iki ýyl mundan ozal, pygamber ýaşyny arka atdym diýip, döwlet Baştutanymyz özi babatda ýönekeý bolmadyk netijä gelendigini beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy ösdürmegiň täze tapgyrynda döwlet dolandyryşynda häzirki zamanyň ruhy şertleri, ýokary talaplary esasynda kemala gelen ýaş ýolbaşçylara ýol bermegi makullaýandygyny belläp, özüniň toplan uly durmuş hem-de syýasy tejribesini bolsa mundan beýläk Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde bu ugra gönükdirmegi maksat edinýändigini habar berdi.
Milli Liderimiz döwlet Baştutanynyň jogapkärli wezipesinde işlemek bilen, ýurdumyzy ösdürmekde el-ele berip gazanan uly üstünliklerimiz üçin ähli watandaşlarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýaryn diýip, mundan beýläk-de mähriban Watanymyz, merdana halkymyz, nesilleriň abadan durmuşy, beýik ykbaly üçin yhlasyny gaýgyrmajakdygyna watandaşlarymyzy ynandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistany dünýäniň iň bir gülläp ösýän ýurtlarynyň birine öwürmek maksady bilen, Watanymyzy ösdürmegiň geljek döwrüni «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýip atlandyrmagy teklip etdi.
Ýurdumyz üçin örän ähmiýetli çözgütleri kabul edýän Halk Maslahatynyň mejlisiniň arakesme wagtynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewiň başlyklygynda maslahat geçirildi. Oňa Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň wekilleri, döwlet düzümleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Onda milli Liderimiziň taryhy çykyşynda öňe sürlen başlangyçlara hem-de 2022 — 2052-nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna we onda kesgitlenilen wezipeleri ýerine ýetirmegiň möhüm ugurlaryna aýratyn üns berildi.
Döwlet Baştutanymyz Halk Maslahatynyň mejlisiniň jemleri boýunça şowhunly el çarpyşmalar astynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi.
Halk Maslahatynyň mejlisinde çykyş eden hormatly ýaşulular milli Liderimiziň ýaş ýolbaşçylara özleriniň hemme ukyp-başarnyklaryny we mümkinçiliklerini görkezip biljek jogapkärli wezipeleri ynanmak başlangyjyny goldap, munuň türkmen halkynyň asylly däplerine laýyk gelýändigini hem-de döwlet durmuşyndaky düýpli özgertmeleriň täze tapgyrynyň başlandygyna şaýatlyk edýändigini bellediler. Nygtalyşy ýaly, bu wajyp başlangyç täze maksatnamanyň amala aşyrylmagyny çaltlandyrmak üçin hem uly ähmiýete eýe bolar.
Ählihalk Liderimiz, täze garaýyşly syýasatçy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet işlerindäki baý tejribesiniň ýaşlar üçin uly ähmiýete eýe boljakdygyna aýratyn üns çekildi. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda Diýarymyzy ähli ulgamlarda gülledip ösdürmäge hem-de raýatlarymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeler Watanymyza, halkymyza söýginiň belent nusgasydyr.
Forumyň dowamynda milli Liderimiziň ýaşlary döwlet dolandyryş işine gatnaşdyrmak baradaky teklip goldanyldy. Şunuň bilen baglylykda, Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygyna Türkmenistanyň Konstitusiýasy we kanunçylygy esasynda degişli işleri geçirmek tabşyryldy.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisiniň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi geçirildi. Mejlisde Hökümetiň geçen ýylda alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi hem-de ýurdumyzy şu ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, geçen ýyl üçin makroykdysady görkezijiler jemi içerki önümiň ösüşiniň durnukly häsiýete eýe bolandygyna şaýatlyk edýär. Bu babatdaky görkeziji, 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 6,2 göterim ýokarlandy. Senagat toplumynda bu görkeziji 9,2 göterim, gurluşyk pudagynda 0,3 göterim, ulag we aragatnaşyk ulgamynda 4,3 göterim, söwdada 8,8 göterim, oba hojalygynda 3,8 göterim, hyzmatlar ulgamynda 5,8 göterim boldy.
Hasabatlara laýyklykda, 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 7,7 göterim köpeldi, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy. Geçen ýyl bilen deňeşdirilende, bölek söwdanyň möçberi 16,6 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 20,5 göterim artdy.
Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim ýokarlandy, zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde gurluşyk we durkuny täzelemek işleri göz öňünde tutulan jemi 276 desganyň 42-sinde gurluşyk işleri tamamlandy, 167-sinde bolsa gurluşyk-gurnama işleri alnyp barylýar.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen geçen hem-de Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli üstünliklere beslenen ýylda ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda gurluşygy tamamlanylmagy hem-de ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan binalaryňdyr desgalaryň gurluşyklarynyň öz wagtynda, ýokary hilli tamamlanmagy bilen baglanyşykly meseleler berk gözegçilikde saklanyldy hem-de ýurdumyz boýunça 2021-nji ýylda iri önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň 73-si ulanmaga berildi.
Mejlisde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasyny hem-de 2022-nji ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny tassyklady.
Hökümetiň geçen ýylyň jemlerine bagyşlanan mejlisinde welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda durmuş, ykdysady we medeni görkezijiler boýunça 2021-nji ýyl üçin ýurdumyzyň iň gowy etrabyny kesgitlemek boýunça bäsleşigiň jemi jemlenildi. Şunlukda, Lebap welaýatynyň Dänew etraby bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, etrabyň häkimligi 1 million amerikan dollary bilen sylaglanyldy.
Geçen hepdäniň wakalaryna dolanyp gelsek, 7-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda milli Liderimiz öz adyndan we maşgalasy Ogulgeregiň adyndan türk Liderine hem-de onuň maşgalasy Emine hanyma tiz wagtda sagalmaklaryny arzuw edip, olaryň özlerine mahsus bolan gujur-gaýraty we ruhy durnuklylygy bilen koronawirus ýokanjyny ýakyn wagtda ýeňip geçjekdiklerine we sagaljakdyklaryna berk ynam bildirdi hem-de zerur bolan halatynda türkmen tarapynyň hemmetaraplaýyn goldaw we ýardam bermäge taýýardygyny beýan etdi.
8-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy mundan beýläk-de ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak meseleleri boýunça sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Nebitgaz toplumynda işleriň ýagdaýy, maliýe-ykdysady ulgamy mundan beýläk-de ösdürmek, ylmyň dürli pudaklarynda ýaş alymlary taýýarlamak, dokma pudagynyň önümçilik düzümlerini giňeltmek, obasenagat toplumynda özgertmeleriň barşy ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda boldy.
Milli Liderimiz önümçiligiň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň we sanly ulgama geçirilmeginiň Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň kuwwatyny artdyrmagyň wajyp strategiýasy bolup durýandygyny belledi. Çünki ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly barýan ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň sazlaşykly ösüşinde ýangyç-energetika toplumyna möhüm orun degişlidir.
Hormatly Prezidentimiz ylmy çemeleşmäniň, sowatly hojalyk we strategik meýilnamalaryň ykdysady syýasatymyzyň tapawutly aýratynlygy bolup hyzmat edýändigine ünsi çekip, bu syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, ata Watanymyzyň öz pudaklaryny ösdürmek üçin uly möçberde maliýe serişdelerini maýa goýup bilýän, gülläp ösýän, ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülýändigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda öňüni alyş arassaçylyk çärelerini geçirmegi we bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy dowam etmegiň maksadalaýykdygyny belläp, halkymyzyň saglygynyň döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndaky bellenen wezipeleriň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti, şonuň ýaly-da, saglygy goraýyş ulgamyna degişli zerur hasaplanylýan desgalary, hususan-da, Halkara pediatriýa merkezini we paýtagtymyzda ýene-de bir Stomatologiýa merkezini gurmagyň maksadalaýykdygy barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň wajypdygyny belledi. Oba hojalyk pudagyny ösdürmekde ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleriň netijeli peýdalanylmagyna, obasenagat toplumyna öňdebaryjy sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir.
Mejlisde döwlet Baştutanymyz birnäçe resminamalara gol çekdi. Şolaryň hatarynda «Türkmennebit» döwlet konsernine karz serişdelerini bölüp bermek we Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň binasynyň gurluşygy hakynda Kararlar hem-de 2022-nji ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura, doktorantura kabul ediljek aspirantlaryň, doktorantlaryň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň, şeýle hem kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sanyny tassyklamak hakynda Buýruk bar.
9-njy fewralda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine, howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek, bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, olaryň işlerini kämilleşdirmek meselelerine garaldy.
10-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda dürli täze desgalaryň birnäçesiniň taslamalary, şeýle hem käbir gurluşyk desgalarynda alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy.
Bellenilişi ýaly, Aşgabadyň merkezindäki käbir binalar döwrebaplaşdyrylar. Hususan-da, ozalky Hökümet münberi işewür duşuşyklaryň geçirilýän merkezine öwrüler. Şol ýerde işewürler bilen gepleşikleri geçirmek mümkinçiligi, tanyşdyryş dabaralaryny geçirmek hem-de dürli taslamalary görkezmek, umuman, işewürlik merkezini guramak üçin hemme zerur şertler dörediler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň hojalyk müdiriýetiniň binalary we desgalary bilen tanyşdyryldy. Şolaryň hatarynda Döwlet serhet gullugynyň üç sany 2 gatly 18 öýli ýaşaýyş jaýy, hojalyk müdiriýetiniň 150 orunlyk esgerler ýatakhanasy, 150 orunlyk esgerler naharhanasy bar.
Döwlet Baştutanymyza Magtymguly şaýolunyň ugrunda gurluşygy alnyp barylýan Söwda we işewürlik merkeziniň baş meýilnamasy we umumy görnüşi, Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugrunda gurluşygy alnyp barylýan 8 sany edara ediş we söwda maksatly binalaryň umumy görnüşi, A.Nyýazow şaýolunyň we Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugrunda gurluşygy alnyp barylýan Söwda we dynç alyş merkeziniň baş meýilnamasy we umumy görnüşi taslamalaryň üsti bilen görkezildi.
Şeýle hem milli Liderimiz Aşgabat şäheriniň Magtymguly şaýolunyň we Kemine köçesiniň ugrunda ýaşaýyş jaýlarynyň bölekleýin döwrebap täzelenilmeginiň teklip edilýän baş meýilnamasy, 320 orunlyk çagalar bagynyň görnüşleri we ýerleşiş çyzgylary beýan edilen taslamalary, Taslama köçesinden Jülge ýoluna çenli aralygyň, Köpetdag şaýolunyň döwrebap täzelenilmeginiň teklip edilýän çyzgysy, duralgalaryň, ýol hereket belgileriniň, yşyk sütünleriniň görnüşleri bilen tanyşdy.
Magtymguly şaýolunyň ugrunda gurulmagy meýilleşdirilýän «Daşkent» dynç alyş seýilgähiniň, onuň çäginde ýerleşjek desgalaryň bezegine aýratyn üns berildi. Bezegler goňşy Özbegistanyň doganlyk halkynyň milli aýratynlyklary göz öňünde tutulyp işlenip taýýarlanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslamalar bilen içgin tanşyp, desgalar gurlanda we olarda timarlaýyş işleri geçirilende ýokary hilli serişdeleriň ulanylmalydygyny, şol serişdeleriň ýurdumyzyň ekologiýa we howa şertlerini, halkymyzyň durmuşyndaky milli bezeg aýratynlyklaryny nazara almak bilen, berkligi we amatlylygy göz öňünde tutulyp seçilip alynmalydygyny, binalaryň we desgalaryň keşbinde, içki bezeginde milli binagärligiň ajaýyp däpleri bilen sazlaşyklylykda dünýäde binagärlik we bezeg ulgamyndaky gazanylan üstünlikleriň öz beýanyny tapmalydygyny belledi.
12-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz ýurdunyň Hökümet wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýary kabul etdi. Milli Liderimiz hem-de myhman söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygyň geljegi, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, iki ýurduň işewür toparlarynyň özara gatnaşyklary hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Şol gün myhman bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow hem duşuşyk geçirdi. Duşuşykda ýangyç-energetika ulgamynda, senagatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge, Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň döwlet we hususy böleklerini işjeň çekmek arkaly halkara we sebit awtoulag, demir ýol we gämi ýük daşamalarynyň gerimini giňeltmäge aýratyn üns berildi.
Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçirilen mejlisinde kabul edilen taryhy çözgütlere bagyşlanan brifing geçirildi. Oňa ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik edaralaryň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisinde beren tabşyrygyna laýyklykda, 13-nji fewralda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Ýurdumyzyň Konstitusiýasyna we kanunçylygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler onuň gün tertibiniň esasy ugry boldy.
Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisiniň öňüsyrasynda, ýagny 12-nji fewralda Milli Geňeşiň Mejlisi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna hem-de Saýlaw kodeksiniň 86-njy maddasyna laýyklykda, 2022-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny geçirmek hakynda karary kabul etdi.
Saýlaw kodeksine laýyklykda, Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar 2022-nji ýylyň 14-nji fewralyndan özünde birnäçe tapgyrlary — dalaşgärleri hödürlemegi, olary hasaba almagy, saýlawçylar bilen duşuşyklary we beýlekileri jemleýän saýlaw möwsüminiň başlaýandygyny yglan etdi.
Geçen hepdede Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň koreý dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sungçul Şin çärede çykyş edip, bu wakanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň ýokary derejesini ýene-de bir gezek tassyklaýandygyny hem-de özara bähbitli häsiýete eýe bolan döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşjakdygyny belledi.
Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda alnyp barylýan, ösüşiň täze belent sepgitlerine gönükdirilen döwlet syýasatynyň öňdengörüjiliklidigine we netijeliligine aýdyň şaýatlyk etdi. Milli Liderimiziň ynamly alyp barýan ýoly parahatçylygyň, abadançylygyň we döretmegiň ýoludyr.