Baş sahypa
\
Resmi
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Resmi
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Çap edildi 22.12.2021
4927

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmekde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda, önjeýli jemgyýetçilik işlerinde uly üstünlikleri gazanandyklary üçin, ösüp gelýän ýaş nesli Watana bolan söýgi we wepalylyk, mertlik, halallyk, ýokary ruhubelentlik sypatlarynda terbiýelemäge goşan uly şahsy goşantlaryny hem-de Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini nazara alyp, şeýle hem Bitarap döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryny «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamaly:

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebiniň mugallymy Hojamuhammet Muhammedowy,

«Altyn nesil» hojalyk jemgyýetiniň alyp baryjy inženeri Kakajan Täşliýewi,

«Ýigit» hojalyk jemgyýetiniň esaslandyryjysy Eziz Agamuradowiç Dowranowy,

«Ak-gaýa» hojalyk jemgyýetiniň direktorynyň orunbasary Şamurat Hojamowiç Apowowy,

Balkan welaýatyndan telekeçi Myratdurdy Sapardurdyýewiç Näzliýewi,

«Uly ynam» daýhan hojalygynyň esaslandyryjysy Merdan Baýramdurdyýewiç Atdaýewi,

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Lebap welaýaty boýunça bölüminiň müdiri Şöwket Ýagmyrowiç Kerimberdiýewi,

Lebap welaýatyndan telekeçi Alym Gurbandurdyýewiç Joraýewi,

«Erkin gurluşyk» hususy kärhanasynyň esaslandyryjysy Toýly Erkinowiç Çaryýewi,

Mary welaýatyndan telekeçi Guwançmyrat Tirkişowiç Orazowy.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.


Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow