Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň 30 ýyllygy mynasybetli maslahat
Jemgyýet
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň 30 ýyllygy mynasybetli maslahat
Çap edildi 16.12.2021
2519

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýurdumyzyň Demokratik partiýasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň bu iri syýasy guramasynyň döredilmeginiň şanly senesi mynasybetli, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzalaryna iberen Gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler.

Milli Liderimiziň Gutlagynda nygtalyşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň taryhy ösüşiniň 30 ýyllyk şöhratly ýoly halkymyzyň iň oňat, ynsanperwer hem-de hoşmeýilli milli häsiýetleriniň, döwleti we jemgyýeti dolandyrmakdaky ukyp-başarnygynyň ýüze çykan döwri boldy. Bu babatda Demokratik partiýa halkymyzyň güýjüni jemgyýetiň öňünde duran belent maksatlaryň daşynda jebisleşdirmekde uly guramaçylyk işlerini ýola goýmaga işjeň gatnaşýar.

Şeýle hem milli Liderimiziň Gutlagynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşlerde bolşy ýaly, syýasy-jemgyýetçilik, demokratik-hukuk özgertmelerini amala aşyrmakda-da uly ähmiýete eýe bolan taryhy ädimleri ädendigi bellenildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hukuk derejesi özgerdildi, iki palataly Parlament ulgamyna geçmek baradaky başlangyçlar amala aşyryldy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň birinji saýlawlaryny syýasy we guramaçylyk taýdan üpjün etmekde Türkmenistanyň Demokratik partiýasy möhüm orun eýeledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Demokratik partiýanyň agzalarynyň ençemesiniň saýlawçylaryň ynamyna mynasyp bolup, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlanylmagy halkyň arasynda partiýanyň täsiriniň artýandygyny aňladýar.

Maslahata gatnaşyjylar çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň Gutlag hatynyň olary has-da netijeli işlemäge ruhlandyrandygyny bellediler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan raýatlarymyzyň abadan durmuşyny, hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün edýän döwlete öwrüldi. Adamlaryň abadan hem bagtyýar durmuşy üçin amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasat döwletiň ileri tutýan ugry bolup durýar.

Çykyş edenler milli Liderimiziň ýurdumyzyň köpugurly kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga gönükdirilen ýadawsyz we tutanýerli işi netijesinde eziz Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýynyň yzygiderli artýandygyny nygtadylar.

Döwlet Baştutanymyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylan, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmäge, döwletara derejesinde hem-de iri, abraýly guramalaryň we sebit düzümleriniň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmäge gönükdirilen köp sanly oňyn başlangyçlary döwletimiziň amala aşyrýan syýasy ugrunyň giň halkara ykrarnamasyna eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuş-ykdysady özgertmeler syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde eziz Watanymyzyň ösüş we rowaçlyk ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny bellediler. “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda bu syýasatyň esasy ýörelgeleri jemlenendir.

Çykyşlarda türkmen döwletiniň we mähriban halkymyzyň taryhynyň 30 ýylynyň dowamynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylandygyna aýratyn üns berildi. Şol özgertmeler bolsa döwletimiziň kuwwatyny, ýurdumyzyň, türkmen halkynyň we parasatly milli Liderimiziň halkara abraýyny has-da belende galdyrdy. Döwlet Baştutanymyz belent münberlerden dünýäniň ähli halklaryny parahatçylyga, ynanyşmaga we hyzmatdaşlyga çagyrýar.

Demokratik partiýanyň agzalary amala aşyrylýan wagyz-nesihat işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, partiýanyň hatarlaryna giň gözýetimli ýaşlary çekmek, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşyna degişli çärelere taýýarlyk görmek we geçirmek boýunça anyk çäreleri görýärler. Bularyň ählisi ýaş nesliň watançylyk we ruhy-ahlak terbiýesine, türkmenistanlylary ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmelere işjeň gatnaşmaga çekmäge ýardam edýär.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, milli Liderimize Demokratik partiýanyň Türkmenistanyň demokratik sütünlerini mundan beýläk-de pugtalandyrmak, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ulgamlaryny gurşap alan giň gerimli özgertmeleriň ýolunda täze üstünlikleri gazanmak baradaky möhüm ähmiýetli maksatlaryny durmuşa geçirmäge uly üns berýändigi we ähli şertleri döredýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin mundan beýläk-de ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

Forumyň çäklerinde Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň eýwanynda mowzuklaýyn sergi ýaýbaňlandyryldy. Onda döredijilik ussatlarynyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän şu ýylda bellenilýän eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna we hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygyna bagyşlanan işleri görkezildi.

Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işjeňlerini Hormat hatlary bilen sylaglamak dabarasy boldy.

Soňky habarlar
05.05
Gahryman Arkadagymyz Fransiýa Respublikasyna resmi sapary başlandy
05.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 1 million 652 müň dollaryndan gowrak boldy
04.05
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş maksady
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
03.05
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
02.05
Hormatly Prezidentimiz Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy
02.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyndaky çykyşy
02.05
Türkmenistanyň Prezidentiniň Balkan welaýatyna iş sapary tamamlandy
02.05
Ýurdumyzda Liwiýa Döwletiniň Medeniýet günleri geçirilýär
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisi
top-arrow