Ýurdumyzyň ýaş nesli barada hemmetaraplaýyn alada, olaryň bagtly durmuşda ýaşamagy we sazlaşykly ösmegi, beden hem-de ruhy taýdan sagdyn nesliň kemala gelmegi üçin zerur şertleri döretmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.
Şunda durmuş goldawyna mätäç çagalara aýratyn üns berilýär. Ynsanperwerlik, ýagşylyk, birek-biregi goldamak ýaly asylly ýörelgeler asyrlarboýy türkmen halkynyň häsiýetleriniň özenini düzýär. Bu ýörelgeler çaganyň kanuny bähbitlerini üpjün etmegiň we goramagyň hukuk kepillikleri hem-de mätäç çagalaryň jemgyýete uýgunlaşmagyna, olary özbaşdak durmuşa taýýarlamaga gönükdirilen ykdysady çäreler bilen utgaşyklylykda amala aşyrylýar.
Mälim bolşy ýaly, şol maksat bilen, milli Liderimiziň başlangyjy boýunça hem-de degişli Kararyna laýyklykda, şu ýylyň martynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakylan şol gazna degişli ugurda netijeli işleri alyp barýar. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň etraplaryndaky we şäherlerindäki hassahanalaryň çagalar bölümleri üçin döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze “Tiz kömek” awtoulaglarynyň berilmegi munuň aýdyň mysalydyr.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur almak bilen, paýtagtymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde, Mary we Lebap welaýatlarynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezlerinde howandarlyga mätäç çagalara operasiýa bejergileri geçirildi. Häzir olaryň ýagdaýy kanagatlanarly bolup, lukmanlar degişli gözegçiligi amala aşyrýarlar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde we mekdep-internatlarda terbiýelenilýän çagalaryň operasiýa bejergisi, lukmançylyk maksatly degişli serişdeler üçin tölegleri Haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna tölemek barada Çözgüde gol çekdi.
Şeýlelikde, ata-babalarymyzyň çagalary aýratyn üns we alada bilen gurşap almak bilen bagly ajaýyp däpleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mynasyp dowam etdirilýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda döwrebap çagalar baglary, umumybilim berýän orta mekdepler guruldy we gurulmagy dowam edýär. Bu ugurda ösüp gelýän nesliň saglygyny goramak we berkitmek boýunça işler amala aşyrylýar.
Paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň ähli sebitlerinde saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň gurulmagy we ulanmaga berilmegi çagalaryň döwrebap bilim almagy üçin şertleriň döredilmegine ýardam etdi.
Ýaş türkmenistanlylar hem-de saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri ata Watanymyzyň geljegi bolan çagalaryň saglygy we abadançylygy barada edýän atalyk aladasy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini beýan edýärler.