Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Çap edildi 26.11.2021
1932

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Wise-premýer 27-28-nji noýabrda Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza boljak döwlet saparyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 1992-nji ýylyň fewralynda ýola goýlandygy bellenildi. Deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan türkmen-türk hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýär. Häzirki wagta çenli ikitaraplaýyn resminamalaryň 168-sine gol çekildi.

Abraýly halkara guramalaryň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki düzümleriň çäklerinde netijeli gatnaşyklar alnyp barylýar, şunda Türkmenistan we Türkiýe biri-birini özara goldaýarlar. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk depginli ösdürilýär, şonda Bilelikdäki hökümetara toparyň işine ähmiýetli orun berilýär. Bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda ynsanperwer gatnaşyklar işjeňleşdirilýär.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň döwlet saparyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde degişli Maksatnamanyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen-türk gatnaşyklarynyň ýokary derejesini, okgunly ösüşini kanagatlanma bilen belläp, iki ýurduň halklaryny birleşdirýän dostluk we doganlyk gatnaşyklaryň olaryň mäkäm binýady bolup durýandygyny nygtady.

Aşgabatda ýokary derejede geçiriljek gepleşikler däbe öwrülen hyzmatdaşlygy berkitmegiň, onuň mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagynyň, köpýyllyk gatnaşyklary täze sepgitlere çykarmagyň ýolunda nobatdaky ädim bolar. Milli Liderimiz bu barada aýdyp, Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza boljak döwlet saparyna taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV sammitine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu sammiti ýurdumyz 2021-nji ýylda YHG-da başlyklyk edýän döwlet hökmünde kabul eder. Bu wezipäni üstünlikli we netijeli ýerine ýetirmegiň çäklerinde hem-de işlenip taýýarlanylan degişli meýilnama laýyklykda, şu ýyl dürli çäreler guraldy.

28-nji noýabrda Aşgabatda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV sammiti ýurdumyzyň YHG-da başlyklyk edýän döwründe esasy çäreleriň birine öwrüler. Häzir onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmek maksady bilen, YHG-a agza ýurtlaryň wekilleri hem-de guramanyň Sekretariaty bilen bilelikde degişli işler geçirildi.

Milli Liderimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, sammitiň Maksatnamasy taýýarlanyldy, onuň öň ýanynda türkmen paýtagtynda birnäçe çäreleri geçirmek meýilleşdirildi. Şolaryň hatarynda ýokary wezipeli resmi wekilleriň duşuşygy hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň işewürler maslahaty bar. Mundan başga-da, 27-nji noýabrda YHG-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň abraýly halkara düzümleriň biri bolup durýan YHG bilen netijeli gatnaşyklara uly ähmiýet berýändigini belledi. Bu gurama agza döwletleriň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda çykyş etmek bilen, Bitarap Watanymyz sebit derejesinde, şeýle-de dünýä giňişliginde YHG-nyň ornuny pugtalandyrmak boýunça tagalla edýär.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, Aşgabatda geçiriljek sammitiň we onuň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklary hem-de umumy abadançylygyň bähbidine kybap gelýän köpugurly hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge goşant goşjakdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna bu möhüm halkara çärä hemmetaraplaýyn taýýarlygyň, ähli guramaçylyk meselelerini toplumlaýyn çözmegiň üpjün edilmelidigini tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada aýdyp, hormatly Prezidentimiziň garamagyna «Türkmengaz» döwlet konserniniň dürli görnüşli himiki serişdeleri satyn almagy hakynda» Kararyň taslamasyny hödürledi. Bu serişdeleri “Marygazçykaryş” müdirliginiň “Galkynyş” gaz känine degişli bolan gaz geçirijilerini we gazy ilkinji arassalaýjy desgalarynda poslamadan goramak hem-de suw aýlanyşygy ulgamynda suwlary arassalamak işlerini geçirmekde ulanmak meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz pudagynyň milli ykdysadyýetiň esasy ulgamlarynyň biridigini belledi. Ýangyç-energetika toplumynyň ägirt uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, energiýa serişdeleriniň öndürilýän hem-de daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak, daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän önümleri eksport etmek bu ulgamda amala aşyrylýan maksatnamalaryň ileri tutulýan wezipeleridir.

Şonuň bilen birlikde milli Liderimiz tebigy gazy gaýtadan işlemäge we täze önümleri öndürmäge uly ähmiýet berilýändigini nygtap, pudagyň önümçilik kärhanalaryny zerur serişdeler bilen yzygiderli üpjün etmegiň, öňdebaryjy tehnologiýalary we ylmy işläp taýýarlamalary işjeň ornaşdyrmagyň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz «Türkmengaz» döwlet konserniniň dürli görnüşli himiki serişdeleri satyn almagy hakynda» Karary makullap we oňa gol çekip, resminamany sanly ulgam arkaly iberdi hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň ministrliklerine, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, häkimliklerine, olaryň garamagyndaky edara-kärhanalara gurluşyk we önümçilik maksatlary üçin ýer böleklerini peýdalanmaga bermek boýunça Buýrugyň taslamasy barada hasabat berdi.

Ýurdumyzda kabul edilen döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 18-nji martynda çykaran Karary bilen tassyklanan ýer böleklerini eýeçilige, peýdalanmaga, kärendä bermek boýunça namalary resmileşdirmegiň, hasaba almagyň we bermegiň Tertibine laýyklykda, ýurdumyzyň döwlet edara-kärhanalaryna ýer böleklerini peýdalanmaga bermek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.

Teklip edilýän ýer böleklerinde döwrebap önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalary, ýaşaýyş jaýlaryny gurmak, oba hojalyk ekinlerini, miweli we saýaly baglary ösdürip ýetişdirmek meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda oba hojalygynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, dürli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyny belledi. Şu ugurda obada täze ykdysady gatnaşyklary kemala getirmek, ýer-suw serişdelerini rejeli ulanmak, öňdebaryjy oba hojalyk tehnologiýalaryndan peýdalanmak, pudaklaýyn ylmy ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz hödürlenen Buýruga gol çekip, ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi we anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow 2022-nji ýylda degişli şertnamalary baglaşmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiziň baştutanlygynda öňdengörüjilikli energetika strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde bu ulgamda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigi bellenildi. Goňşy ýurtlara iberilýän türkmen elektrik energiýasynyň möçberi her ýyl artdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda goňşy döwletler bilen netijeli gatnaşyklary dowam etdirmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi. Geçirilen degişli işleriň netijeleri boýunça geljek ýylda elektrik energiýasyny goňşy döwletlere ibermäge degişli teklipler taýýarlanyldy we hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürlenildi.

Şunuň bilen birlikde wise-premýer Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň 5-nji mejlisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistana bolan saparynyň çäklerinde geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň bu toparyň işine hil taýdan täze itergi berendigi bellenildi.

Dürli pudaklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak we giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, 2021-nji ýylyň 2-nji dekabrynda sanly ulgam arkaly bu toparyň 5-nji mejlisini geçirmek teklip edilýär. Onuň jemleri boýunça degişli Teswirnamany kabul etmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, elektrik energetikasynyň milli ykdysadyýetiň geljegi uly pudaklarynyň biridigini nygtady. Bu ulgamda durmuşa geçirilýän strategiýa laýyklykda, pudagyň ösdürilmegi ýurdumyzyň elektrik energiýasyna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmaga hem-de onuň eksportyny artdyrmaga gönükdirilendir.

Innowasiýalary we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň esasynda pudagyň düzümini düýpli döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreleriň netijesinde onuň önümçilik kuwwaty artýar. Munuň özi elektrik energiýasynyň goňşy döwletlere iberilýän mukdaryny artdyrmaga hem-de onuň eksport ugurlaryny giňeltmäge mümkinçilik berýär diýip, milli Liderimiz aýtdy we bu ugurda degişli işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermek babatda şertnamalar baglaşylanda, Türkmenistanyň ykdysady bähbitlerinden ugur alynmagynyň zerurdygyny belläp, wise-premýer Ç.Purçekowa hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowa anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz dostlukly türkmen-gyrgyz gatnaşyklary barada aýdyp, özara bähbitli söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy, ysnyşykly işewür gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady. Munuň özi iki doganlyk ýurduň we halklaryň abadançylygynyň bähbidine laýyk gelýär.

Netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy uzak möhletleýin esasda ösdürmekde, ony hil taýdan täze derejä çykarmakda Bilelikdäki hökümetara topara möhüm orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toparyň 5-nji mejlisini geçirmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere guramaçylyk meseleleriniň talabalaýyk çözülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän düzümleriniň alyp barýan işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän, eksport ugurly önümçilikleri giňeltmek boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy.

Ýurdumyzda telekeçileriň we senagatçylaryň netijeli işlemegi üçin zerur şertler döredilýär, hususy ulgamy ösdürmek boýunça döwlet derejesinde maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Munuň özi iň täze tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak arkaly döwrebap önümçilikleri döretmek üçin mümkinçilikleri şertlendirýär. Bu kärhanalar tarapyndan çykarylýan ýokary hilli önümler diňe bir içerki bazarlarda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem uly islegden peýdalanýar.

Hasabatyň çäklerinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilýän «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisinde “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda milli serginiň işiniň dowam edýändigi habar berildi. Onda ägirt uly senagat we aň-paýhas kuwwatyna eýe bolan Garaşsyz türkmen döwletiniň durmuş-ykdysady ulgamda gazanýan üstünlikleri görkezilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, söwda toplumynyň gaýragoýulmasyz wezipelerini, hususan-da, özümizde öndürilýän harytlaryň hasabyna içerki bazarda azyk bolçulygyny üpjün etmek baradaky wezipäni kesgitläp, wise-premýere ýurdumyzda telekeçiligi mundan beýläk-de ösdürmek, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, daşary söwda gatnaşyklaryny giňeltmek we işjeňleşdirmek üçin ähli şertleri döretmek babatda tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki zaman bazar ykdysadyýetiniň gurallaryndan netijeli peýdalanyp, ýurdumyzyň önümlerini daşarky bazarda işjeň ilerletmegiň zerurdygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işini güýçlendirmegiň möhümdigine ünsi çekip, döwletimiz tarapyndan hususy ulgama mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldaw beriljekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz degişli taslamalaryň öz wagtynda we ýokary hilli amala aşyrylmagynyň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler hem-de «Medeniýet we syýahat» žurnalyny döretmek hakynda» Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Täze neşir bu ulgamlarda gazanylýan üstünlikleri tutuş dünýäde giňden beýan etmek we mahabatlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine degişli bolan «Medeniýet» we «Syýahat» žurnallarynyň binýadynda döredilýär. Žurnaly üç aýda bir gezek türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir etmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen taryhyna hem-de medeniýetine, ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerine, syýahatçylyk mümkinçiliklerine uly gyzyklanma bildirýänler üçin niýetlenen «Medeniýet we syýahat» žurnalynyň döredilmeginiň örän wajypdygyny belläp, täze neşiriň, ilkinji nobatda bolsa, onda çap edilýän makalalaryň ýokary hilini üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady.

Milli Liderimiz žurnalyň makalalarynyň biziň eýýamymyzyň belent ruhuny, döredijilikli başlangyçlaryny beýan etmelidigini aýdyp, täze neşiri döretmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz «Medeniýet we syýahat» žurnalyny döretmek hakynda» Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we resminamanyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek babatda degişli görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde şu ýyl sanly ulgam arkaly halkara olimpiadalaryny geçirmek meselesi barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasynda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, ugurdaş ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik guramalary, ýokary okuw mekdepleri tarapyndan meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň talyp ýaşlarynyň abraýly halkara olimpiadalara we bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, uly üstünliklere, ýokary sylaglara mynasyp bolýandyklaryny belledi. Munuň özi bilim we ylym ulgamynda durmuşa geçirilýän, innowasion esasda, sanlylaşdyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalary, usullary ornaşdyrmak arkaly ugurdaş ulgamy mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň netijesidir.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň halkara maslahatlary, bäsleşikleri, sergileri guramak babatda uly tejribe toplandygyny belledi. Bu çäreler daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam edýär.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklipleri makullap, wise-premýere olary ýokary derejede guramak boýunça ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew demir ýollaryň sowma zolaklarynyň bellenilmeginiň we peýdalanylmagynyň Tertibiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Demir ýollarda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, bu taslamada demir ýollara ýanaşýan, demir ýollaryň tutýan ýa-da şeýle ýollaryň ýerleşdirilmegi üçin niýetlenilen, demir ýol beketleriniň, suw sowujy we berkidiji gurluşlaryň, demir ýollaryň ugrundaky gorag zolaklarynyň, aragatnaşyk geçirijileriniň, elektrik üpjünçilik enjamlarynyň, önümçilik we başga jaýlaryň, gurluşlaryň, desgalaryň, demir ýol ulagynyň beýleki desgalarynyň ýerleşdirilmegi üçin niýetlenilen ýer bölekleriniň bellenilmegi hem-de peýdalanylmagy bilen bagly gatnaşyklar düzgünleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini ösdürmek üçin demir ýol düzüminiň döwrebap desgalarynyň kuwwatyndan doly peýdalanmagyň hem-de demir ýol boýunça daşalýan ýükleriň mukdarynyň mundan beýläk-de artdyrylmagyny gazanmagyň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz pudaklaýyn düzümi döwrebaplaşdyrmagyň, iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, demir ýol hereketiniň howpsuzlygyny we bökdençsizligini üpjün etmegiň, ýolagçy gatnatmak we ýük daşamak boýunça hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagyň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow maliýe-ykdysady toplumyň edaralarynyň işi hem-de karz serişdelerini we maýa goýumlary çekmek, telekeçiligi goldamak üçin halkara maliýe guramalary we banklar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek boýunça amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän taslamalary maliýeleşdirmek üçin Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Aziýa ösüş bankynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama we maliýe şertlerine gol çekişmek baradaky teklip hödürlenildi. Maliýeleşdirmäge degişli eksport ugurly taslamalara milli Liderimiziň Kararyna laýyklykda döredilen degişli döwlet toparynda seretmek we seljermek göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, soňky ýyllarda ýurdumyzyň kompaniýalarynyň we hususy kärhanalarynyň gatnaşmagynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmäge hem-de eksport ugurly önümçilikleri döretmäge aýratyn üns berilýändigini belledi. Häzirki wagtda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bazaryň täze ugurlarynda üstünlikli işleýärler, pudaklaýyn maksatnamalary, dürli taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar, daşarky bazarlara bäsdeşlige ukyply önümleriň köp görnüşlerini çykarýarlar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen işewürliginiň wekilleriniň taslamalaryny maliýeleşdirmek maksady bilen, netijeli çäreleri görmegi dowam etdirmegiň wajypdygyny aýtdy.

Ýurdumyz parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy strategiýany yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi, şol sanda iri sebit we halkara maliýe guramalary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Şolaryň hatarynda Türkmenistan bilen öňden bäri hyzmatdaşlyk edýän Aziýa ösüş banky hem bar. Dürli ugurlar boýunça bilelikdäki taslamalaryň onlarçasynyň amala aşyrylmagy netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr. Milli Liderimiz wise-premýeriň hödürlän tekliplerini makullap, bellenen işleriň ýerine ýetirilmegine berk gözegçiligi üpjün etmek babatda degişli tabşyryklary berdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
23.12
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 320 müň dollaryna deň boldy
22.12
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
21.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
21.12
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işler geçirmäge ygtyýar berildi
21.12
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
top-arrow