Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek türkmen, iňlis hem-de rus dillerinde neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» atly ylmy-amaly žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 25-nji sentýabrynda Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşy bilen açylýar.
Milli Liderimiz öz maksatnamalaýyn çykyşynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýylynda dürli ugurlarda gazanylan üstünliklere aýratyn üns berdi. Şol döwürde türkmen halkynyň jemgyýetçilik-syýasy hem-de medeni durmuşynda uly özgerişlikler bolup, täze jemgyýetçilik gatnaşyklary kemala geldi. Döwlet Garaşsyzlygy milletimiziň nesilden-nesle geçirip gelýän maddy-ruhy gymmatlyklaryny, ynsanperwerlik ýörelgelerini gaýtadan dikeltdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşynda Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň gysga taryhy döwründe tutuş dünýäde belent at-abraýa we mertebä eýe bolan özbaşdak döwlete öwrülendigi bellenilýär. Geçen döwürde raýatlarymyzyň durmuşynyň derejesini we hilini ýokarlandyrmak, bäsdeşlige ukyply milli ykdysadyýeti döretmek boýunça hemmetaraplaýyn oýlanyşykly, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegi göz öňünde tutýan maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirildi. Milli Liderimiz halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen oňyn özgertmeleri ilerletmek üçin Garaşsyz, Bitarap Watanymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň esasy wezipelerini kesgitledi.
Okyjylara hödürlenen “Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksiniň umumy häsiýetnamasy we aýratynlyklary” atly makalada kodeksi döwrüň talaplaryna laýyklykda, döwletimiziň we jemgyýetimiziň islegine kybap getirmek boýunça geçirilýän işler barada gürrüň berilýär. Žurnalda çap edilen “Ýaşlar: bilim almaga bolan hukugyň amala aşyrylyşy” hem-de “Türkmenistanda çaganyň hukuklarynyň amala aşyrylmagy” atly makalalarda bolsa ýaş nesillere bilim bermek, hemmetaraplaýyn ösdürmek baradaky meseleler gozgalýar, çaganyň hukuklaryny goramaga we ilerletmäge gönükdirilen milli maksatnamalara garalýar.
“Türkmenistanyň kanunçylygynyň halkara hukuk kadalary bilen sazlaşygy” atly makalada bu ugurda oňyn dünýä tejribesiniň öwrenilmegine uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda ýurdumyzyň öz üstüne alan halkara borçnamalaryny we şertnamalaryny berjaý etmäge mäkäm eýerýändigi nygtalýar, munuň özi döwletimiziň BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň agzasy bolmagy bilen şertlendirilendir.
“Energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde alternatiw energiýa çeşmeleriniň ähmiýetli orny” atly makalada ekologiýa hem-de daşky gurşawy goramak meselelerini çözmek bilen baglylykda bu ugurda hyzmatdaşlygyň möhümdigi nygtalýar. Alternatiw energetikany ösdürmek Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Munuň özi degişli maksatnamalarda we strategiýalarda, şol sanda ýöriteleşdirilen halkara guramalar bilen özara gatnaşyklarda beýanyny tapdy. Şunda ýurdumyzda kabul edilen “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda” Kanunyň ähmiýeti bellenilýär.
Energiýanyň alternatiw çeşmelerini netijeli ulanmak ýurdumyzyň energetika howpsuzlygyny we energiýa tygşytlylygyny üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar. Türkmenistanyň tebigy-howa şertleri ýurdumyzyň Gün we ýel energiýasyny giňden ulanmak üçin amatly mümkinçilik döredýär. Makalada şol maksatlary amala aşyrmak babatda ýurdumyzyň demirgazyk-günbatar böleginde, şol sanda Hazarýaka sebitde bar bolan şertleriň barlaglary muňa mysal hökmünde görkezilýär. Şol ýerlerde ýel energiýasyny öndüriji desgalary gurnamak merkezi elektrik üpjünçilik ulgamyndan uzakda ýerleşýän oba ilatynyň hojalyklaryny hem-de oba hojalyk önümçiligini elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik döreder.
“Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklarynyň kanunçylyk kepillikleri” atly makala hem okyjylaryň ünsüni çekse gerek. Onda Türkmenistanyň raýatyň we adamyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň esasy ugurlary açylyp görkezilýär. Diýarymyzda hereket edýän we täze kabul edilýän kanunlar, kadalaşdyryjy hukuk namalary hem-de amala aşyrylýan giň gerimli durmuş ugurly maksatnamalar şolary üpjün etmäge gönükdirilendir. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda toplumlaýyn syýasat yzygiderli durmuşa geçirilip, “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelge onuň özenini düzýär.
Neşiriň nobatdaky sanyny “Senenama” bölümi jemläp, onda duşuşyklar, maslahatlar, mejlisler, şol sanda onlaýn görnüşde halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyklar beýan edilýär.