Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň çäginde gurlan täze dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Mälim bolşy ýaly, Babadaýhan etrabyndaky täze dokma toplumynyň gurluşygyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2018-nji ýylyň maýynda gol çeken Kararyna laýyklykda başlanyldy we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde guruldy. Babadaýhan dokma toplumynyň düýbüni tutmak dabarasyna wise-premýer Serdar Berdimuhamedow gatnaşyp, gatnaşyjylary täze kärhananyň gurluşygyna başlanylmagy bilen gutlady we bu toplumyň sebitiň ykdysadyýetini döwrebap derejede ösdürmäge, halkyň durmuş taýdan üpjünçiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen iri taslamadygyny aýtdy.
Mähriban Watanymyzyň dürli künjeklerinde gurulýan, milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly bolan eksport ugurly pudaklarynyň ýokary tehnologiýaly kärhanalary ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň hem-de dünýä bileleşigi bilen utgaşykly gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulýandygynyň aýdyň beýanydyr.
Gaýtadan işleýän senagatyň täze desgasynyň ulanmaga berilmegi dokma pudagynyň ösüş strategiýasyny durmuşa geçirmegiň, ony ösüşiň täze belentligine çykarmagyň, ýokary hil görkezijilerine laýyk gelýän ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri köpeltmegiň hasabyna, alynýan girdejileri artdyrmak ugrundaky nobatdaky möhüm ädime öwrüldi.
Mälim bolşy ýaly, Ahal welaýaty pagtadan we ýüpekden öndürilýän önümçilik üçin ägirt uly mümkinçilikleri bolan iri senagat sebitleriniň biri bolup durýar. Bu ýerde tehnologik kuwwaty boýunça ýokary hilli önümleri öndürmäge ukyply Gökdepe, Gypjak, Ruhabat dokma toplumlary hem-de birnäçe täzeçil usulda işleýän egirme we dokma kärhanalary bar.
Şu ýylyň awgust aýynda Kaka etrabynda dokma toplumy ulanmaga berildi. Şu gün açylýan önümçilik desgasy öňdebaryjy tehnologiýalaryň häzirki zaman derejesini hasaba almak bilen, bar bolan mümkinçilikleri doly derejede durmuşa geçirmäge, bazar bäsleşigi şertlerinde ýokary hili üpjün etmäge ýardam berer. Ahal welaýatynyň dokma kärhanalarynyň üstüni ýetiren täze senagat toplumynyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän 2021-nji ýylda işe girizilýändigini bellemek ýakymlydyr.
Birnäçe döwletleriň hem-de daşary ýurt maýadarlarynyň gatnaşmagynda täze dokma kärhanalarynyň gurulmagy içerki bazarda ýokary hilli dokma önümleriniň bolçulygyny üpjün etmäge mümkinçilik berdi. Daşary ýurtlaryň önüm öndürijileri bilen mynasyp bäsdeşlik etmäge ukyply bu toplumyň kärhanalarynda öndürilýän önümleriň görnüşleri ýyl-ýyldan artýar. Ýeri gelende aýtsak, önümçiligiň ähli ugurlaryny öz içine alýan döwrebap dokma toplumlarynyň birnäçesiniň gurulmagy netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetinde ägirt uly özgertmeler bolup geçdi we Türkmenistan pagta çig malyndan taýýarlanan önümleri daşary ýurtlara eksport edýän iri ýurtlaryň birine öwrüldi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Diýarymyzyň dokma pudagy häzirki döwrüň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de dünýäniň ykdysady giňişligine goşulmak meýillerini nazara almak bilen, milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüş ýoluna düşendigini äşgär edýär. Soňky ýyllarda pudagyň düzümine tebigy çig maldan bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge niýetlenen onlarça täze kärhanalar goşuldy. Şeýlelikde, milli dokma senagaty halkara bazarlarda eýeleýän ornuny pugtalandyrdy. Mundan başga-da, ýüpek önümçiliginde, aýakgap we deri işläp taýýarlamakda işjeňlik görkezýän kärhanalaryň sany artýar.
Ýaponiýanyň we Ýewropa ýurtlarynyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň enjamlarynyň kärhanalarda işjeň ulanylmagy uly üstünliklere giň ýol açýar. Hususan-da, ýurdumyzyň dokma toplumlarynda Şweýsariýanyň «Rieter», «Benninger», Germaniýanyň «Trützsсhler», «Sсhlafhorst», «Zinser», “Monforst”, “Küsters”, Italiýanyň “Marzoli”, “Mario Сrosta”, “Reggiani”, “Arioli”, “Savio”, Belgiýanyň “Picanol”, Ýaponiýanyň “Tsudakoma”, “Juki”, “Muratec” kompaniýalarynyň enjamlary ornaşdyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, öndürilýän önümleriň halkara hil görkezijilerine we ekologik howpsuzlyga laýyk gelmegine möhüm üns berilmelidir. Pudagyň kärhanalarynyň önümleri “Önümçiligi dolandyryş ulgamy we hil gözegçiligi” ISO 9001, “Daşky gurşawy goramak” ISO 14001, “Zähmeti goramak we önümçilik howpsuzlygy” OHSAS 18001 güwänamalaryna mynasyp boldy.
Gaýtadan işleýän kuwwatly senagatyň döredilmegi Türkmenistanyň dünýäniň iri dokma öndürijileriniň hatarynda mynasyp orun eýelemegine ýardam berdi. Harytlaryň ýokary hil derejesine mynasyp bolmagy ýurdumyzyň abraýyny has-da belende göterdi.
...Täze dokma toplumynyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerinde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Köp sanly dabara gatnaşyjylar ýurdumyzyň täze taryhyna möhüm sahypa bolup ýazyljak şanly wakalaryň başlamagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dikuçary täze toplumyň ýanyndaky meýdança gondy. Bu ýere ýygnananlar milli Liderimizi uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.
Dokma pudagynyň elleri baýdakly, dürli şarly işgärleriniň, ýaşlaryň hatara düzülen haly düşelen ýodajygy boýunça döwlet Baştutanymyz dabaranyň geçiriljek ýerine geldi.
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň “Dokmaçylar” medeni merkeziniň folklor-etnografiýa tans toparynyň aýdymçylarynyň hoş owazly çykyşlary we joşgunly tanslary dabaranyň şowhunyny artdyrdy.
Hormatly Prezidentimiz ajaýyp çykyşlary üçin sungat ussatlaryna minnetdarlyk bildirip, toparyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň halk artisti Jemal Saparowa bilen söhbetdeş boldy.
Döwlet Baştutanymyz söhbetdeşligiň dowamynda häzirki döwürde ähli ugurlarda bolşy ýaly, medeniýet we sungat ulgamyna hem täzeçil usullaryň, häzirki zaman tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagynyň zerurdygyny belläp, täze saz eserleri, tanslar döredilende, döwrebap tehnologiýalardan netijeli peýdalanmalydygyna ünsi çekdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz toparyň milli medeniýeti, aýdym we tans sungatyny ösdürmekde zerur işleri alyp barmalydygyny, häzirki döwrüň ruhuna laýyk gelýän, milli sungatymyzyň nusgalyk ýörelgelerini öz içine alýan çykyşlary taýýarlamak ugrunda ähli tagallalary etmelidiklerini belledi. Milli Liderimiz döwletimiziň medeniýet we sungat işgärleriniň has-da döredijilikli işlemekleri ugrunda mundan beýläk-de zerur şertleri döretjekdigini aýdyp, sungat işgärlerine täze, döwrebap eserleri döretmegi arzuw etdi.
“Dokmaçylar” folklor-etnografiýa tans toparynyň çeper ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň ruhy mirasynyň baýlaşdyrylmagyna, doly derejeli döredijilik bilen meşgullanmak üçin ähli şertleriň döredilmegi ugrunda ýadawsyz alada edýändigi hem-de yzygiderli üns berýändigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, geljekde-de öz zehinlerini we ylhamyny eziz Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine bagyş etjekdiklerine ynandyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz esasy dabaranyň geçirilýän ýerine tarap ugrady. Bu ýere Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, wise-premýerler, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary, Ahal welaýatynyň häkimi, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar. Hemmeler ör turup milli Liderimizi garşyladylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki çärä gatnaşyjylara ýüzlenip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda beýik işleriň bitirilýändigini, durmuşyň ähli ulgamlarynda düýpli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyny, ýokary netijeleriň gazanylýandygyny belledi. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän şu ýylda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli onlarça döwrebap desgalar ulanylmaga berildi.
Bu ajaýyp üstünlikler, taryhy sepgitler bagtyýar halkymyzyň abadan hem-de eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün etjek belent maksatlara gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Biziň baş wezipämiz ata Watanymyzy dünýäniň senagat taýdan ösen, öňdebaryjy döwletleriniň hataryna çykarmakdan, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ösüşine uly itergi berjek iri desgalary yzygiderli gurup ulanmaga berýäris. Şunuň ýaly täze, döwrebap kärhanalardyr desgalar bolsa eziz Diýarymyzyň ösüşleriň ak ýoly bilen öňe barýandygynyň, ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülýändiginiň aýdyň mysalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.
Mälim bolşy ýaly, ýakynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda iri dokma toplumy işe girizildi. Şu gün bolsa welaýatyň Babadaýhan etrabynda hem ýyllyk önümçilik kuwwaty 5 müň tonna inçe süýümli pagtany gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýän täze dokma toplumy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilýär. Bu bolsa Garaşsyzlyk eýýamynda düýbünden täzeden döredilip, milli ykdysadyýetimiziň esasy sütünleriniň birine öwrülen dokma senagatynyň uly ösüşlere beslenýändigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Häzirki döwürde ykdysadyýetimiziň iň bir girdejili pudagyna öwrülen dokma senagatynda uly önümçilik kärhanalarynyň ençemesi bar. Olarda köp sanly adam iş bilen durnukly üpjün edilýär. Pudakda ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlary ornaşdyrylan, häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýän täze kärhanalar yzygiderli gurlup işe girizilýär. Şolarda zähmet çekýän işgärleriň köpüsi daşary ýurtlarda hünär tejribesini ýokarlandyryp geldi. Munuň özi pudagyň döwrebap ösmegini, dokma önümçiliginiň barha giňelmegini, netijede bolsa milli harytlaryň hiliniň ýokary bolup, içerki hem-de dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanmagyny üpjün edýär.
Garaşsyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň kabul edilen döwlet we milli maksatnamalarynda dokma senagatyny ösdürmek boýunça hem giň möçberli çäreler göz öňünde tutulýar. Pudagy ösdürmäge köp möçberde maýa goýumlary gönükdirilýär.
Bereketli türkmen topragynyň gymmatly baýlygy, halkymyzyň altyna deňeýän milli guwanjy bolan ak pagtamyz indi dolulygyna öz ýurdumyzda gaýtadan işlenip, şondan ilatyň ösen isleglerini kanagatlandyrýan ýokary hilli, köp görnüşli taýýar önümler öndürilýär. Ekologik taýdan arassa bu harytlar dünýä bazarlarynda hem uly islegden peýdalanýar. Netijede, gymmatly çig maldan taýýarlanan önümleriň bahasy birnäçe esse ýokarlanyp, olar gyzyl pulda döwletimize köp möçberde girdeji getirýär, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny has-da artdyrýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Häzirki döwrüň iri we döwrebap kärhanalarynyň biri bolan Babadaýhan dokma toplumy dört sany önümçilik birligini özünde jemleýär. Umumy bahasy 151 million 800 müň amerikan dollary bolan täze toplumyň düzümine ýüplük, boýag, tikinçilik hem-de mata fabrikleri girýär. Tutýan meýdany 20 gektar bolan döwrebap kärhanada işleri talabalaýyk ýola goýmak üçin önümçilik binalaryndan başga-da, iki gatly edara binasy, dürli ammarlar, transformator bekedi, ussahana, ýangyn howpsuzlyk desgalary bar. Şeýle hem bu ýerde işgärlere amatly iş we dynç alyş şertlerini döretmek üçin 450 orunlyk naharhana, sport meýdançasy, iki gatly, 16 orunlyk myhmanhanalaryň ikisi ýerleşýär.
Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga mynasyp goşant goşjak bu toplumda Şweýsariýa, Ýaponiýa, Belgiýa, Italiýa, Germaniýa we Türkiýe ýaly ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň kämil enjamlary ornaşdyryldy diýip, döwlet Baştutanymyz toplumyň ýylda 3 müň 300 tonna ýokary hilli ýüplük, 20 million inedördül metr dürli görnüşli, şol sanda 18 million metr boýalan mata hem-de 3 million 500 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmäge niýetlenendigini aýtdy.
Täze kärhananyň önümleri içerki bazarda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutmak bilen, köp möçberde serişdeleri tygşytlamaga mümkinçilik berer. Şonuň bilen birlikde özümizden artýan taýýar önümleri beýleki döwletlere-de ibermäge şert döreder. Bu bolsa pudagyň eksport mümkinçiligini, gelip gowuşýan maliýe serişdelerini artdyrmaga uly goşant goşar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Döwrebap toplumyň işe girizilmegi bilen, ýurdumyzda 1 müň 150 sany täze iş orny dörär. Bu bolsa golaýdaky etraplardyr şäherleriň ilatyny hem iş bilen üpjün etmekde, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmakda uly ähmiýete eýedir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Biz mundan beýläk-de ýurdumyzyň geljegi uly bolan dokma senagatyny depginli ösdürmäge, onuň önümçilik kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen maýa goýum taslamalaryny amala aşyrarys. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän iri innowasion önümçilikleri döretmek, hereket edýän kärhanalaryň durkuny toplumlaýyn täzelemek boýunça işleri dowam ederis. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatymyzdan ugur alyp, işgärleriň iş we durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga aýratyn üns bereris diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda hemmeleri Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda iri önümçilik kärhanalarynyň biri bolan, häzirki zamanyň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen täze dokma toplumynyň işe girizilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady we hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, bu döwrebap kärhanada zähmet çekjek işgärlere bolsa Garaşsyz Watanymyzyň dokma senagaty pudagyny ösdürmek ugrunda alyp barjak işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Belgiýanyň, Ýaponiýanyň, Germaniýanyň, Şweýsariýanyň we Standartlaşdyrmak boýunça halkara guramasynyň (ISO) bu günki dabara sanly ulgam arkaly goşulan wekilleriniň çykyşlaryny diňledi.
Ilki bilen, Şweýsariýanyň “Rieter Management AG” kompaniýasynyň enjamlar we ulgamlar boýunça işewür toparlarynyň ýolbaşçysy Rojer Albreht çykyş edip, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabyndaky täze dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara iň gowy arzuwlaryny beýan etmek mümkinçiligine şatdygyny aýdyp, kompaniýanyň Türkmenistan bilen 30 ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edýändigini hem-de şeýle hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirjekdigini belledi.
Türkmenistanyň dokma önümleri hemişe dünýä bazarynda özüniň ýokary hili bilen meşhur bolup, uly islegden peýdalanýar. Şu gün dabara bilen açylýan kärhanada oturdylan enjamlar önümi ekologik taýdan arassa, az möçberli çykgytly çig maly tygşytlamagyň hasabyna öndürmäge mümkinçilik berýär.
Biziň kompaniýamyz munuň üçin bu toplumda ýüplügi gaplamak üçin enjamlary ornaşdyrdy. Pudagyň hünärmenleriniň tagallasy netijesinde häzirki wagtda Türkmenistanda ýokary hilli önümler öndürilýär diýip, işewür nygtady.
Işewür Babadaýhan etrabyndaky dokma kärhanasynyň öndüren önümleriniň dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanjakdygyna ynam bildirip, toplumyň kompaniýanyň enjamlary bilen üpjün edilendigi hakyndaky ýörite güwänamanyň gowşurylýandygyny yglan etdi.
Jenap Rojer Albreht sözüniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa kompaniýanyň üstünlikli işlemegi babatynda döredilen şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize berk jan saglyk, türkmen halkyna bolsa rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdi.
Soňra Belgiýanyň “Piсanol” kompaniýasynyň direktory, Şweýsariýanyň “Rieter” kompaniýasynyň paýdary Luk Tak Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda gurlan täze dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagyň özi üçin uly mertebedigini nygtady. Türkmenistan bilen ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň arasynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny belläp, işewür “Piсanol” kompaniýasynyň 2014-nji ýylda ýurdumyzyň kärhanalaryna dokma enjamlarynyň 276-syny, 2021-nji ýylda bolsa Kaka we Babadaýhan dokma toplumlarynda, degişlilikde, 100 we 110 sany önümçilik enjamlaryny ornaşdyrandygyny aýtdy.
Kompaniýanyň Türkmenistana getirilýän tehnologik enjamlary ýokary hilli önümleri çykarmak üçin niýetlenendir we olar çig maly tygşytly ulanmaga mümkinçilik berýän özboluşly öndürijiligi bilen tapawutlanýar. Türkmen daýhanlarynyň ýokary hilli pagta ösdürip ýetişdirýändigini nygtap, Luk Tak gaýtadan işlenen pagtanyň ýokary baha mynasyp boljakdygyny, ondan öndürilen önümleriň dünýä bazarlarynda geçginli harytlara öwrüljekdigini nygtady.
Biz Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigine şatdyrys we kompaniýamyzyň enjamlarynyň ýurduň ykdysady ösüşinde giňden peýdalanylýandygyna buýsanýarys diýip, işewür belledi hem-de “Piсanol” kompaniýasynyň netijeli işi ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin milli Liderimize hoşallyk sözlerini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Luk Tak täze dokma toplumyna kompaniýanyň degişli güwänamasynyň gowşurylýandygyny yglan etdi.
Sözüniň ahyrynda jenap Luk Tak hemmeleri bu günki dabara bilen gutlady we mundan beýläk-de ösüş arzuw etdi.
Soňra Türkiýäniň «Alberk QA» halkara tehniki gözegçilik we güwälendiriş kompaniýasynyň daşary ýurtlar boýunça dolandyryjysy hanym Begüm Atakan Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabyndaky dokma toplumynyň açylyşyna gatnaşmak mümkinçiligine şatdygyny belläp, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde ägirt uly ykdysady ösüşe eýe bolandygyny, dünýäniň iri kompaniýalarynyň enjamlary bilen enjamlaşdyrylan dokma senagaty kärhanalarynyň işe girizilýändigini nygtady. Şunuň bilen birlikde, bu ýerde ekologik taýdan arassa önümleri öndürmäge aýratyn üns berlip, daşky gurşawa zyýan ýetirmezden, alyjylaryň islegleri kanagatlandyrylýar.
Durmuşa geçirilen ägirt uly işleriň netijesinde Türkmenistanyň dokma senagaty bütin dünýäde ykrar edilip, ýokary sylaglara hem-de güwänamalara eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda, kompaniýanyň wekili Babadaýhan etrabyndaky dokma toplumyna ISO 9001, ISO 14001, SA 8000, ISO 45001 we ISO 10002 hil güwänamalaryny gowşurmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi.
Soňra Germaniýanyň Hohenştaýn dokma barlag institutynyň güwänamalaşdyryş bölüminiň inženeri hanym Ursula Seibitin Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistanyň ykdysadyýetinde ägirt uly üstünlikleriň gazanylandygyny, dürli dokma önümleriniň önümçiligi boýunça birnäçe kärhanalardyr toplumlaryň gurlup ulanmaga berlendigini nygtady. Ol önümçilik toplumlary dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň täze enjamlary bilen üpjün edildi.
Häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen birlikde, öndürilýän önümleriň ýokary hil derejesinde bolmagyna, ekologik howpsuzlygyň talaplarynyň berjaý edilmegine aýratyn üns berilýär.
Babadaýhan dokma toplumy Germaniýanyň “Monforst” kompaniýasynyň güwänamasyna we guramalaryň hem-de kärhanalaryň hil menejment ulgamynyň ISO 9001 güwänamasyna, jemgyýet jogapkärçiligi menejment ulgamynyň SA 8000 güwanamasyna, şeýle hem Oeko-Teх Standard güwänamasyna mynasyp boldy. Munuň özi toplumyň önümleriniň ýokary ekologik talaplara we dünýä ölçeglerine laýyk gelýändigini aňladýar. Türkmenistanyň dokma senagaty köp ýyllaryň dowamynda önümleriniň ýokary hil derejesine mynasyp bolýandygy bilen giňden ykrar edilip, ISO 9001, ISO 14001 we OHSAS 18001 güwänamalaryna eýe boldy.
Şonuň ýaly-da, hanym Ursula Seibitin Babadaýhan dokma toplumyna önümçiligiň islendik tapgyrynda howpsuzlygy we zyýanly himiki maddalaryň ýokdugyny tassyklaýan Oeko-Teх Standart güwänamasynyň gowşurylýandygyny yglan etdi we kärhananyň öz işini üstünlikli alyp barjakdygyna ynam bildirip, Türkmenistana mundan beýläk-de ägirt uly üstünlikleri, ýurduň halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.
Şeýle hem täze dokma toplumyna “Monforized” kompaniýasynyň güwänamasy gowşuryldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylaryna we wekillerine ýüzlenip, täze toplumyň milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagynda, eksport mümkinçilikleriniň artmagynda möhüm orun eýelejekdigini, täze taryhy eýýamda ýerine ýetirilýän işleriň aýratyn ähmiýetlidigini belledi.
Täze toplumy bina etmek ýerli gurluşykçylara tabşyryldy. Olar iri möçberli we halkara ähmiýetli taslamalaryň ýerine ýetirilmegine örän jogapkärçilikli, toplumlaýyn esasda çemeleşýärler diýip, milli Liderimiz täze taryhy eýýamda amala aşyrylýan işleriň asyrlara barabar ähmiýetini nygtap, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeleriň mynasyp derejede beýan edilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde dünýäde deňi-taýy bolmadyk önümçilik kuwwatlyklarynyň, şol sanda täze dokma toplumynyň halkymyz üçin şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna sowgatdygyny, edermen daýhanlaryň yhlasly zähmeti bilen ösdürilip ýetişdirilen pagtanyň gymmatly çig mala we dünýäde uly islegden peýdalanylýan harytlara öwrülýändigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň many-mazmunyny açyp görkezmek babatda anyk görkezmeleri berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz dokma toplumynyň baş girelgesine geldi.
Dabaraly pursat gelip ýetdi. Döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesdi. Dokma senagatynyň täze desgasy açyldy!
Özüniň tehniki hem-de tehnologik üpjünçiligi, şonuň ýaly-da, bu ýerde gurnalan awtomatlaşdyrylan täze önümçilik ulgamy bilen bu toplum Ahal welaýatynda iň döwrebap dokma kärhanalarynyň birine öwrüler. Bu ýerde pagta süýümini gaýtadan işlemekden başlap, ahyrky önümi öndürmäge çenli ähli tehnologik tapgyrlary guramak göz öňünde tutuldy hem-de toplum ýüplük, dokma, boýag we tikin fabriklerini özünde jemleýär. Bu milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň pudagy giň möçberlerde diwersifikasiýalaşdyrmaga, sebitleri senagat taýdan ösdürmäge, ýerlerdäki tebigy serişdeleri doly ulanmaga gönükdirilen strategiýasyny durmuşa geçirmekde nobatdaky möhüm ädim boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýörite awtoulagda ýüplük fabrigine tarap ugrady.
Milli Liderimiz kärhananyň esasy önümhanalarynda pagta süýüminden ýüplügi taýýarlamagyň tapgyrlaryny synlaýar. Hünärmenler döwlet Baştutanymyzy oturdylan enjamlaryň tehniki aýratynlyklary hem-de artykmaçlyklary bilen jikme-jik tanyşdyrýarlar. Bu ýerde Şweýsariýanyň “Rieter AG” hem-de Ýaponiýanyň “Murata Manufacturing Ltd.” kompaniýalarynyň örän tygşytly hem-de ýokary öndürijilikli iň täze enjamlary oturdyldy. Ekologik taýdan howpsuz tehnologiýalar tebigy serişdeleri tygşytlamaga hem-de önümçilik galyndylaryny azaltmaga ýardam eder. Şu kysymly enjamlar nou-haulary ulanmagyň hasabyna birnäçe artykmaçlyklara eýedir — ýüplük üçin çykdajylar kadalaşdyrylýar, ýokary hil üpjün edilýär hem-de energiýa az sarp edilýär.
Ýurdumyzda pagta egriji önümçilik üçin maşynlary hem-de enjamlary esasy iberijiler bolup durýan bu şereketler özlerini ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde görkezdiler. Dürli halkara güwänamalar bu önüm öndürijileriň enjamlary arkaly tebigy çig maldan taýýarlanylýan önümleriň ýokary hiliniň hem-de ekologik taýdan arassalygynyň girewi bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyz önümçilik tapgyry bilen tanyşdy. Fabrikde ýylda 5 müň tonna inçe süýümli pagtany gaýtadan işlemek, 3 müň 300 tonna ýokary hilli “kompakt-penýe” kysymly ýüplük öndürmek hem-de garyşyk ýüplük çykarmak üçin mümkinçilikler döredildi. Ýüplügiň bu görnüşi erkek adamlaryň köýneklerini, ýokary hilli trikotaž önümlerini, ýorgan-düşek daşlaryny we jorap önümlerini öndürmekde ulanylyp bilner.
Önümiň kysymyny kesgitlemek üçin ýüplük ýörite dolaýjy enjamda dolanýar, soňra elektron terezilerde taýýar önümiň kysymy kesgitlenýär. Mundan başga-da, şu enjamyň kömegi arkaly ýüplügiň çeýeligi, berkligi, pagta süýüminiň ýogynlygy, uzynlygy we beýleki görkezijileri anyklanylýar hem-de degişli netijeler alynýar.
Ýokary takyk enjam diňe bir fabrige gelip gowuşýan pagta süýümine doly seljerme we baha bermän, eýsem, mundan beýläk-de ulanylmagyny göz öňünde tutmak bilen, öndürilýän ýüplügiň hiline baha bermäge, önüm öndürmegiň amala aşyrylýan möçberlerini düýpli seljermäge hem mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, önümhanada çykarylýan önümiň daşky görnüşlerini gowulandyrmak üçin ýörite çyglandyryjy ulgam işleýär.
Döwlet Baştutanymyz bu ýerde ýüplük fabriginiň işgäri bilen bolan söhbetdeşliginde onuň maşgala durmuşy hem-de iş şertleri bilen gyzyklandy. Milli Liderimiz önümçilik bölümlerinde zähmetiň guralyşy bilen baglanyşykly meseleler barada aýdyp, işgärleriň saglygy üçin howpsuzlyk talaplarynyň berk berjaý edilmeginiň, netijeli zähmet üçin şertleriň döredilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Hünärmen netijeli işlemek, häzirki zaman talaplaryna we hil görkezijilerine laýyk gelýän önümleri öndürmek, dynç almak babatda bu ýerde ähli zerur şertleriň hem-de mümkinçilikleriň döredilendigi üçin milli Liderimize hoşallyk sözlerini aýtdy.
Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dokma fabrigine bardy. Bu ýerde döwrebap tehnologiýalar esasynda işleýän innowasion enjamlar oturdyldy. Olaryň kömegi bilen süýümiň, ýüplügiň häsiýetli aýratynlyklary kesgitlenýär, öndürilýän önüm bolsa halkara ülňülere doly laýyk gelip, matalaryň berkligini, olaryň ekologik taýdan arassalygyny üpjün edýär.
Dokma önümçiliginiň hünärmeni döwlet Baştutanymyza kärhananyň Belgiýanyň “Piсanol” kompaniýasynyň innowasion enjamlary bilen üpjün edilendigini habar berdi. Ol ýylda ýokary hilli dürli matalaryň 20 million inedördül metrini öndürmäge mümkinçilik berýär.
Bu ýerde öndürilýän matalar reňk öwüşginleriniň köpdürlüligi, iň esasysy bolsa, ekologik taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Toplumyň önümleriniň ýokary halkara ülňülere laýyk gelmegi ýurdumyzyň dokma pudagynyň kärhanalaryna bildirilýän häzirki zaman talaplarynyň berjaý edilýändigine güwä geçýär.
Ýeri gelende, matalaryň türkmen topragynda öndürilen inçe süýümli pagtany senagat taýdan gaýtadan işlemegiň netijesinde çykarylýandygyny aýtmak gerek. Dünýäniň iri önüm öndürijileriniň häzirki zaman enjamlarynyň ulanylmagy olaryň ýokary hil derejesine eýe bolmagyna getirýär.
Bu ýerde döwlet Baştutanymyz hünärmen bilen söhbetdeş bolup, türkmen halkynyň zähmete aýratyn gadyr goýýandygyny, bu gün işiň usullarynyň kämilleşdirilýändigini, döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygyny belledi we hünärmenleriň häzirki zaman enjamlarynda netijeli işlemekleri üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini belledi.
Hünärmen bu ýerde döredilen mümkinçilikler barada aýdyp, işden boş wagtlary el işleri bilen meşgullanýandygyny gürrüň berdi we netijeli işlemek, dynç almak ugrunda üpjün edilen şertler üçin milli Liderimize hoşallyk sözlerini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dürli reňkli top matalaryň birnäçe görnüşini synlap, olaryň hili hem-de boýaglarynyň durumlylygy bilen gyzyklandy.
Soňra döwlet Baştutanymyz boýag bölümine bardy. Ol ýerde umumy meýdanda doly awtomatlaşdyrylan aklanan, ýylmanak görnüşde boýalan we basyjy materiallary öndürmäge mümkinçilik berýän akym ulgamlarydyr enjamlar ykjam ýerleşdirilipdir. Bu bölümiň işgäri milli Liderimize matalaryň deslapky tehnologik gözegçilikden geçirilýändigini, özi-de matanyň her bir görnüşi üçin bezeg hem-de boýag usullarynyň bardygyny gürrüň berdi.
Milli Liderimiz boýag fabriginiň iş usuly, bu ýerde oturdylan enjamlaryň aýratynlyklary bilen jikme-jik tanşyp, ulanylýan reňkleriň durnuklylyk derejesini ýokarlandyrmak, olaryň görnüşlerini artdyrmak hem-de häzirki zaman usullaryny we milli däpleri utgaşdyryp, reňkleri işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly meselelere jogapkärli, ylmy esasda çemeleşmegiň wajypdygyny belledi.
Öňdebaryjy ýörite usullaryň ulanylmagy reňkleriň berkligini, Gün şöhlesine durnuklylygyny ýokarlandyrýar. Ýöriteleşdirilen enjamlaryň köp sanlysy materiallaryň uzak möhletleýinligini, ýumşaklygyny hem-de az ýygyrt atmagyny üpjün edýär. Reňkleri garmak bellenen tertibe laýyklykda, ýörite enjamlarda amala aşyrylýar. Şolaryň hatarynda Germaniýanyň “Monforts”, Türkiýäniň “Eliar”, “Mumnun”, “Beneks” kompaniýalarynyň boýag enjamlary bar. Şolaryň kömegi bilen awtomatik usulda himiki hem-de boýag serişdeleri zerur möçberlerde alynýar we dürli boýaglar taýýarlanylýar.
Toplumyň işgäri ähli dokmaçylaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa netijeli zähmet çekmekleri üçin giň mümkinçilikleriň döredilendigine hoşallyk bildirdi.
Boýag bölüminde taýýar mata önümleri uly top edilip ýygnalýar hem-de tikin bölümine ugradylýar. Döwlet Baştutanymyz taýýar önümleriň gaplanylyşynyň hili, bellenilen ölçegler boýunça dürli önümleri taýýarlamak, enjamlarda zerur tikinçilik işleriniň ýerine ýetirilişi bilen gyzyklandy.
Soňra döwlet Baştutanymyz tikinçilik fabriginiň binasyna tarap ugrady hem-de bu ýerden dünýä belli taýýar önüm öndürijiler bolan “Juki” (Ýaponiýa), “BAYSONIС” (Türkiýe) “TEХPA” (Germaniýa) tarapyndan oturdylan enjamlar we önümçilik tapgyry bilen gyzyklandy.
Önümhananyň hünärmeniniň habar berşi ýaly, bu ýerde ýylda taýýar tikin önümleriniň 3 million 500 müňüsini çykarmak meýilleşdirilýär.
Tikinçilik fabriginiň düzüminde modelirleme bölümi bar. Ol ýerde ýaş gyzlar kompýuterlerde degişli reňkleri saýlap, özleriniň döredijilik zehinine hem-de milli çeperçilik mekdebiniň däplerine laýyklykda, keşpleridir şekilleri döredýärler. Taýýarlanan matalar ýörite ülňüler esasynda ýerine ýetirilip, ol matanyň uzynlygyny, inini, biçimleriň arasyndaky galyndylaryň möçberini kesgitleýär.
Bu ýerde mata, esasy çig mal, sapakdyr iliklere we beýlekilere harçlanýan çykdajylar, gaplamagyň görnüşi, gaplar baradaky ähli zerur maglumatlar jemlenýär. Bölümiň synag önümhanasynda enjamlaryň görnüşleri boýunça sarp edilýän ýüplük hem-de önüm öndürmäge sarp edilýän wagt hasaplanylýar. Şeýle hem bu ýerde awtomatlaşdyrylan biçüw bölümi bar. Ýöriteleşdirilen enjamlar önümi tikmegiň tehnologik yzygiderliligine laýyklykda ýerleşdirilipdir.
Ähli önümçilik tehnologiýasy toplamak we gaplamak bölüminde tamamlanýar. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çalt hereket edýän enjamyň taýýar önümi ilki polietilen gaplaýşy, soňra bolsa buýrujynyň islegine laýyklykda ýörite gaplara ýerleşdirilişi görkezildi.
Kärhanada önümçilik öňdebaryjy, ekologik taýdan arassa tehnologiýalara esaslanandyr. Häzirki wagtda ol ýurdumyzda gurulýan ähli senagat kärhanalaryna bildirilýän baş talapdyr. Iş ýüzünde bu çykgytsyz önümçilikdir. Sebäbi pagta süýümi gaýtadan işlenenden soň galýan galyndy süzgüçler arkaly arassalanylýar.
Awtomatik ulgamlar kärhananyň işgärleriniň oňaýly zähmet şertlerini üpjün edýär. Toplumyň çäginde işgärler üçin niýetlenen edara binasy, öňdebaryjy enjamlar we ýörite mümkinçilikler bilen üpjün edilen döwrebap naharhana bar. Ýagty, oňaýly ýerleşdirilen otaglar häzirki zaman mebelleri hem-de durmuş tehnikalary bilen doly üpjün edildi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýörite bellenilen ýerde ýaýbaňlandyrylan sergini synlady. Onda dokma pudagynyň kärhanalarynyň, şol sanda täze toplumyň taýýar önümleriniň giň görnüşleri ýerleşdirilipdir. Ekologik taýdan arassa ýüplükden taýýarlanan çagalar, erkek adamlar hem-de zenanlar üçin eşikler, sport lybaslary, ýorgan-düşek daşlary, dürli süpürgiçler, joraplaryň dürli görnüşleri we beýleki önümler ýurdumyzyň dokma pudagynyň milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde täze ösüş derejesine çykandygyny aýdyň görkezýär.
Bu ýerde soňky ýyllarda meşhurlyga eýe bolan milli önüm öndürijileriň harytlaryny görmek bolýar. Olaryň hatarynda Gökdepäniň dokma toplumynyň “Gala”, Aşgabat dokma toplumynyň “Goza”, Gypjak dokma toplumynyň “Bürgüt” nyşanly sport eşikleri, Türkmenbaşy jins toplumynyň “Bedew” nyşanly tikin-trikotaž önümleri, Marynyň “Ýeňiş” tikin fabriginiň önümleri we beýlekiler bar. Munuň özi häzirki döwürde ýurdumyzyň dokma senagatynyň innowasion usullary işjeň ulanmak arkaly ösüşiň täze belentliklerine çykandygyny alamatlandyrýar.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň dokma senagaty pudagynyň ähli kärhanalarynyň we täze toplumlarynyň häzirki zamanyň ösen talaplaryna, ylmyň iň soňky gazananlaryna laýyk derejede enjamlaşdyrylyp, milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşýandyklaryny kanagatlanma bilen belledi.
Ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň hödürleýän döwrebap eşikleriniň göze gelüwliligini aýratyn bellemek gerek. Häzirki zaman ýörelgeleri özünde milli öwüşginleri hem-de ýokary amatlylygy sazlaşykly jemleýär. Ýurdumyzyň dokma toplumlarynda öndürilýän ululardyr çagalar üçin niýetlenen sport lybaslaryndaky, ýyly eşiklerdäki hem-de köýneklerdäki milli nagyşlar olara özboluşly bezeg berýär.
Hormatly Prezidentimiz sergide görkezilýän önümleri synlap, olaryň berkligi, amatlylyk derejesi hem-de taýýarlanyş aýratynlyklary bilen gyzyklandy. Milli Liderimiz ýurdumyzda ekologik taýdan arassa çig maldan öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmaga, şol bir wagtyň özünde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmaga aýratyn üns bermegiň häzirki döwrüň möhüm talabydygyny belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Ekologik taýdan arassa pagta çig malyndan we ýurdumyzda öndürilýän ýüpekden dokalýan matalar, taýýarlanýan lybaslar ýokary ýakymlylyk derejesi bilen bir hatarda, berkligi we reňkleriniň sazlaşyklylygy bilen tapawutlanýar.
Milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli dowam etdirilmelidigini, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna täzeçil usullary, sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmak we bu ugur boýunça hünärmenleri taýýarlamak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belläp, degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy we binanyň daşyna çykdy.
Bu ýerde milli Liderimiz täze dokma toplumyna täze awtobuslaryň, ýeňil awtoulagyň hem-de ýük awtoulagynyň açarlaryny gowşurdy.
Toplumyň işgärleri hormatly Prezidentimize işlemek üçin ähli şertler döredilen döwrebap dokma önümçiliginiň işe girizilmegi mynasybetli tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de Diýarymyzyň abadançylygynyň bähbidine ak ýürekden zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.
Dabaralar tamamlanandan soň, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, dikuçara mündi we Aşgabada ugrady.