Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly maslahat geçirdi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly maslahat geçirdi
Çap edildi 11.11.2021
3076

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň agzalarynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly maslahat geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler girizildi hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň pagtaçylarynyň “ak altyn” tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzy gazanylan üstünlik bilen gutlady. Şeýle hem wise-premýer Hasyl toýy mynasybetli geçiriljek dabaralara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Meýilleşdirilen çäreleriň dowamynda has tapawutlanan kärendeçilere döwlet sylaglary, obasenagat toplumynyň işgärlerine, bugdaýdan, pagtadan we beýleki ekinlerden bol hasyl ösdürip ýetişdirýän kärendeçilere, mehanizatorlara, pudagyň tejribeli daýhanlaryna döwlet Baştutanymyzyň adyndan gymmatbahaly sowgatlar gowşurylar we baýramçylyk konserti bolar. 14-nji noýabrda Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň ýeten derejesine bagyşlanan sergini we ylmy-amaly maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi bilen ýurdumyzyň merdana “ak altyn” ussatlaryny, şeýle hem ähli oba hojalyk işgärlerini tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmek ugrunda alyp barýan tutanýerli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Milli Liderimiz zähmetde tapawutlanyp, ýokary netijeleri gazanan oba hojalyk işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak baradaky Permanlara gol çekdi we resminamalary sanly ulgam arkaly wise-premýere hem-de Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygyna iberdi.

Döwlet Baştutanymyz Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa, wise-premýer E.Orazgeldiýewe, Agrar partiýanyň Merkezi geňeşiniň başlygy B.Annagurbanowa şu ýyl ýerden ýokary hasyl alyp, gowy netijeleri gazanan daýhanlary 13-nji noýabrda “Mekan” köşgünde sylaglamak çäresini ýokary derejede geçirmegi we oba hojalyk işgärlerine döwlet sylaglaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmagy, şeýle hem häkimler bilen bilelikde Hasyl toýuna bagyşlanan ähli çäreleri ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Täze kanunçylyk taslamalaryny işläp taýýarlamak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlaryny we milli Liderimiziň ýurdumyzyň deputatlarynyň öňünde goýan gaýragoýulmasyz wezipelerini nazara almak arkaly ýerine ýetirilýär. Häzir Mejlisde ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleriniň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda döredijilik birleşmeleriniň işine degişli, energiýany netijeli peýdalanmak, aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek, ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek, durmuş hyzmatlary, ýerli öz-özüňi dolandyryş hakynda täze kanunçylyk taslamalaryny taýýarlamak işleri dowam edýär.

Mejlisiň 2021-nji ýyl üçin iş meýilnamasynyň ýerine ýetirilişine, dürli pudaklaryň işini düzgünleşdirýän kanunlarda göz öňünde tutulan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taýýarlanylyşyna seljermeler geçirilip, bu ugurda degişli işler alnyp barylýar. Halkara hyzmatdaşlygy we parlamentara gatnaşyklary ösdürmek arkaly Mejlisde birnäçe duşuşyklar geçirildi, şeýle hem deputatlar sanly ulgam arkaly guralýan köp sanly halkara maslahatlara gatnaşdylar.

Mejlisiň wekilleri Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda ýetilen sepgitleri wagyz etmek, milli Liderimiziň içeri we daşary syýasatynyň, öňe sürýän başlangyçlarynyň, ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleriň, kabul edilýän kanunlaryň ähmiýetini açyp görkezmek boýunça zerur işleri alyp barýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, kanun çykaryjylyk işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmelidigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Mejlisiň halkara guramalar we daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürmek boýunça zerur işleri geçirmelidigini, milli kanunçylygy Türkmenistanyň goşulan halkara konwensiýalarynyň kadalaryna laýyk getirmek maksady bilen, bu ugurda degişli işleriň dowam etdirilmeginiň möhümdigini belledi we kabul edilýän kanunlaryň we beýleki kanunçylyk namalarynyň mazmunyny ilata düşündirmek boýunça Mejlisiň ähli zerur çäreleri görmeginiň wajypdygyny nygtady.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew döwletimiziň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Halk Maslahatynyň agzalary Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri bilen bilelikde ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hukuk üpjünçiligine işjeň gatnaşýarlar.

Häzir Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň üçünji mejlisine taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Komitetlerde Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň şu ýylyň 30-njy oktýabrynda geçirilen 15-nji maslahatynda kabul edilen täze kanunlar, şeýle hem hereket edýän kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda kanunlar boýunça seljermeler geçirilip, netijenamalar taýýarlanylýar.

Üçünji mejlisi geçirmek bilen baglanyşykly guramaçylyk işleri ýerine ýetirildi we onuň gün tertibi taýýarlanyldy. Oňa “Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanuny hakynda, şeýle hem ýurdumyzyň raýatlarynyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmek, döwlet emlägini, ýer serişdelerini netijeli peýdalanmak, hyzmatlar ulgamyny ösdürmek, daşky gurşawy goramak, hojalyk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, telekeçilik başlangyçlaryny we ýurdumyzyň halkara ähmiýetli başlangyçlaryny kanunçylyk taýdan goldamak meselelerini öz içine alýan kanunlar girizildi.

Halk Maslahatynyň agzalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ynsanperwer ýörelgä esaslanýan içeri we daşary syýasatyny, kanunçylygyň many-mazmunyny halk köpçüligine ýetirmek maksady bilen, pudaklaýyn edaralarda, jemgyýetçilik guramalarynda, okuw mekdeplerinde, ilat arasynda, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edip, wagyz-nesihat işlerine gatnaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň 12-nji noýabrda geçiriljek üçünji mejlisine gowy taýýarlyk görmek we ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynyň agzalarynyň döwletimiziň hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, milli kanunçylygy kämilleşdirmek, Halk Maslahatynyň öňünde goýlan wezipeleri çözmek boýunça zerur işleri geçirmelidigine ünsi çekdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi bilen täze kanun taslamalaryny taýýarlamak we hereket edýän kanunlara üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek işlerini dowam etmegiň wajypdygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz ýaş nesilleriň giň dünýägaraýyşly, edepli, beden taýdan sagdyn bolmagy, olary watançylyk ruhunda terbiýelemek, ýaşlaryň hukuklaryny üpjün etmek, hakyky watançy nesiller bolup ýetişmekleri ugrunda döwlet derejesinde alnyp barylýan işleri düşündirmek, wagyz-nesihat etmek işleriniň güýçlendirilmelidigini nygtady.

Milli Liderimiz Halk Maslahatynyň milli kanunçylygy kämilleşdirmek işinde halkara tejribäniň giňden öwrenilmegini ýola goýmagyň möhümdigini belledi.

Soňra Agrar partiýanyň Merkezi geňeşiniň başlygy B.Annagurbanow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Hasyl baýramy bilen gutlady we döwlet syýasatynyň maksatlaryny we onuň wezipelerini ilatyň arasynda düşündirmek maksady bilen, alnyp barylýan wagyz-nesihat işleri barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň ösüşine gönükdirilen düýpli özgertmeler ýurdumyzyň obasenagat toplumynda hem üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda pudagyň bazar gatnaşyklaryna geçirilmegine, ýerleriň hususy eýeçilige berilmegine, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň önümçilik mukdarynyň artdyrylmagyna, azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Obasenagat toplumynda pudagyň ägirt uly mümkinçilikleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde ägirt uly üstünlikler gazanyldy. Ýurdumyzyň obalarynyň durmuşy özgerdi, sebitleriň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleri gowulandyryldy. Şunuň ýaly giň gerimli we köpugurly işleriň amala aşyrylmagyna Agrar partiýa işjeň gatnaşýar. Onuň agzalary Watanymyzy ösüşiň täze derejesine çykarmaga gönükdirilen «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýarlar.

Milli Liderimiz öňde durýan wezipeler barada aýtmak bilen, oba hojalyk toplumynyň partiýasy bolup durýan Agrar partiýanyň Merkezi geňeşiniň başlygy B.Annagurbanowa Hasyl toýuny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli tagallalary etmek barada anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň, Ministrler Kabinetiniň agzalaryna we ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, bu günki maslahatda döwlet durmuşyna degişli wajyp meselelere garalandygyny, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösüşine gönükdirilen birnäçe resminamalaryň kabul edilendigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilen maslahaty jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlik arzuw etdi.

Soňky habarlar
29.03
Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi
28.03
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
28.03
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli geçirilýän maslahata gatnaşyjylara
28.03
Aşgabatda halkara metbugat maslahaty geçirildi
28.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri bilen duşuşdy
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara we Aziýanyň tennis federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy
top-arrow