Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Pagta ýygymynyň öňdebaryjylary
Ykdysadyýet
Pagta ýygymynyň öňdebaryjylary
Çap edildi 08.11.2021
1017

«Ak altynyň» bol hasylyny ösdürip ýetişdiren edermen daýhanlaryň öndürijilikli zähmeti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda pagta taýýarlamak baradaky öňde goýan beýik maksatlarynyň durmuşa geçirilmeginiň barha ýakynlaşmagyny şertlendirýär. Şu günler bu wajyp möwsüm tamamlaýjy tapgyra gadam goýdy. Ahal, Lebap, Daşoguz we Mary welaýatlarynyň käbir etraplarynyň pagta taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri baradaky hasabatlary öňdebaryjylaryň zähmet depginleriniň ýokarydygyny äşgär edýär.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň pagtaçylary Watan harmanyna 12 müň 500 tonnadan gowrak, Ak bugdaý etrabynyň hasyl ussatlary 43 müň 300 tonnadan gowrak pagta tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý etdiler.

Lebap welaýatynyň Çärjew we Darganata etraplarynyň daýhanlary degişlilikde 61 müň 600 tonnadan gowrak we 6 müň 500 tonnadan gowrak gymmatly çig maly ýygnap aldylar.

Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň ekerançylary hem döwlete 40 müň 500 tonnadan gowrak “ak altyn” tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirdiler.

Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň pagtaçylary 49 müň 900 tonnadan gowrak gowaça hasylyny ýygnap alyp, gymmatly çig maly taýýarlamak baradaky meýilnamanyň ýerine ýetirilmegine mynasyp goşantlaryny goşdular.

Ýurdumyzyň daýhanlary obasenagat toplumynyň ösdürilmegine, zähmetkeşleriň netijeli işi üçin zerur şertleriň döredilmegine, obalaryň gülläp ösmegine yzygiderli üns berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aladasyna öndürijilikli zähmet bilen jogap berýärler.

Möwsümiň öňdebaryjylarynyň göreldesine eýerip, daýhanlar pagta ýygymynyň depginlerini barha ýokarlandyrýarlar we bellenen sepgide üstünlikli ýetmek ugrunda öndürijilikli işlerini dowam edýärler.

Soňky habarlar
03.12
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
03.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
02.12
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
02.12
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýanynda Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdiriýetini döretmek bellenildi
02.12
Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň mejlisi
02.12
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hat