Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerine
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerine
Çap edildi 09.10.2021
2404

Hormatly saglygy goraýyş we
derman senagaty ulgamynyň
işgärleri!

Gadyrly lukmanlar!

Sizi Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Ynsan saglygyny goramak, saglygyň gadyryny bilmek halkymyzyň gadymdan gelýän ýörelgesidir. Baş Kanunymyz bolan Konstitusiýamyzda hem jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygy bellenilýär. Şoňa görä-de, biz berkarar döwletimizde ilatymyzyň saglygyny goramak, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny düýpli kämilleşdirmek babatda giň gerimli we tutumly işleri amala aşyrdyk. Ynsan saglygyny goramagy, adamlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmagy biz döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledik.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasyny kabul etmek bilen, biz saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek we halkara ölçeglere laýyk getirmek babatda düýpli özgertmeleri durmuşa geçirdik. Şonuň netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda uly we täze sepgitlere ýetildi. Paýtagtymyz Aşgabatda, welaýat merkezlerinde öňdebaryjy innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan saglyk merkezleri, şypahanalar, ýöriteleşdirilen hassahanalar, derman senagaty kärhanalary, sport desgalary yzygiderli gurlup ulanmaga berildi. Ýurdumyzda ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliligi, hili we elýeterliligi ýokarlandyryldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryna laýyklykda, saglyk we saglygy goramak bilen bagly durmuşa geçirilmeli anyk wezipeler kesgitlenildi. Keselleriň öňüni almakda, olary ýok etmekde ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikler halkara derejede ykrar edildi. Bu ugurda gazanylan üstünliklere Türkmenistana gowşurylan güwänamalar, sylaglar we beýleki resminamalar aýdyň şaýatlyk edýär.

Ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak hem-de ösdürmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli bolan, ilaty ilkinji lukmançylyk, hassahana, şypahana, saglygy goraýyş kömegi bilen üpjün edýän edaralarda, şol sanda dermanhanalarda elektron maglumat ulgamy yzygiderli ornaşdyrylýar. Elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny döretmek hem-de ony Aşgabat şäherindäki we welaýatlardaky saglygy goraýyş edaralarynda işe girizmek ýola goýuldy. Bu ulgam bejeriş-anyklaýyş işleriniň netijeli guralmagyna, lukmanlaryň zähmet netijeliliginiň ýokarlanmagyna, lukmançylyk gullugynyň we bölümleriniň özara aragatnaşygynyň pugtalanmagyna ýardam berdi.

Häzirki döwürde ýurdumyzda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ölçeglerine laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamyny döretmek hem-de kämilleşdirmek boýunça işler üstünlikli amala aşyryldy. Aýratyn-da, eneleriň we çagalaryň saglygy goralyp, birnäçe ýokanç keseller düýbünden ýok edilip, sagdyn durmuş ýörelgeleri durmuşa ornaşdyryldy. Ilatymyz ýerli ösümliklerden hem-de çig mallardan özümizde öndürilýän dermanlar, saglyk maksatly serişdeler bilen üpjün edildi. Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa hem-de Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama kabul edildi.

Ösüp gelýän ýaş nesliň saglygy baradaky hemmetaraplaýyn alada biziň baş aladamyz bolup durýar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan welaýatlardaky her bir etrabyň hassahanalarynyň çagalar bölümine täze «Tiz kömek» awtoulaglarynyň berilmegi munuň aýdyň mysalydyr.

Hormatly saglygy goraýyş we
derman senagaty ulgamynyň
işgärleri!

Saglygy goraýyş ulgamynda dünýäniň ösen döwletleri bilen giň gerimli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Bitarap döwletimizde halkara maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Ösen ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde telelukmançylyk, telemaslahatlar arkaly tejribe alyşmak we näsaglara degişli maslahatlary bermek hyzmatlary ýola goýuldy. Biz ýokanç kesellere garşy göreşmäge hem-de köptaraplaýyn ylmy-lukmançylyk gatnaşyklaryny berkitmäge möhüm ähmiýet berýäris. Bu ulgamda halkara başlangyçlary öňe sürüp, Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleri, şol sanda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy ösdürýäris.

«Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa» hem tassyklanyldy. Halkymyzy bolelin durmuşda ýaşatmak, ilat arasynda sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak, nesillerimizi sagdyn ruhda terbiýelemek maksady bilen kabul edilen milli maksatnamalar biziň baş maksadymyzyň adam we onuň bagtyýar durmuşda ýaşamagy bolup durýandygyny ýene-de bir gezek subut edýär.

Gadyrly lukmanlar!

Sizi Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt hem-de maşgala abadançylygyny, ynsan saglygyny goramak ýaly asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
16.09
Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde täze, döwrebap Bagtly zamana obasynyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň saýlanan Baştutanyny gutlady
16.09
Türkmenistanda zähmet bazaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
15.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Häzirki döwürde amala aşyrylýan köpugurly maksatnamalaryň, özgertmeleriň ählisi her bir adamyň we tutuş jemgyýetiň bähbitlerini göz öňünde tutýar
15.09
Türkmenistanda Bahreýn Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
15.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 10 million 409 müň dollaryndan gowrak boldy
14.09
Halk Maslahaty: özgertmeleriň baş maksady Türkmenistanyň ilaty üçin eşretli durmuşy üpjün etmekdir
13.09
Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahaty geçirildi
13.09
«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy
top-arrow