Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň ösüşine goşant goşanlara Watanyň sylaglary
Jemgyýet
Ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň ösüşine goşant goşanlara Watanyň sylaglary
Çap edildi 26.09.2021
2668

Şu gün paýtagtymyzda Garaşsyz Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, onuň halkara abraýyny artdyrmaga uly goşant goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynda tapawutlanan işgärlere, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň düzümleriniň işgärlerine, döredijilik işgärlerine, zähmet weteranlaryna ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Permanlaryna laýyklykda, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň şanyna, döwletimiziň hem-de halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, milli däp-dessurlarymyzy aýawly saklamaga we baýlaşdyrmaga goşan goşantlary, köp ýyllaryň dowamynda çeken päk ýürekli zähmetleri, ýokary hünär ussatlyklary üçin ýurdumyzyň raýatlarynyň uly topary “Altyn asyr”, “Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” diýen ordenleri, “Gaýrat”, “Watana bolan söýgüsi üçin” medallary hem-de “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna” ýubileý medaly bilen sylaglanyldylar.

Halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini berkitmäge ýardam edýän netijeli jemgyýetçilik işleri, ýaşlary milli gymmatlyklarymyzy, taryhy mirasymyzy hormatlamak, watançylyk, zähmetsöýerlik, edermenlik we gahrymançylyk ruhunda terbiýelemek hem-de bilim bermek işine goşan şahsy goşantlary üçin “Zenan kalby” ordenine mynasyp bolan aýal-gyzlaryň hem-de “Hormatly il ýaşulusy” diýen at dakylan ýaşuly nesliň wekilleriniň bitiren işleri aýratyn bellenildi.

Ýokary döwlet sylaglaryna we hormatly atlara mynasyp bolan watandaşlarymyzyň sylaglanylmagy ýurdumyzda öz işiniň ussatlaryna, tejribe bilimlerini hem-de zehinlerini Watana çäksiz gulluk etmek işine bagyşlaýan adamlara aýratyn hormat bilen garalýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Hut şeýle adamlar — maksada okgunly, zehinli, wezipe borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirýän, ata Watanymyza peýda getirmäge çalyşýan adamlar ýaşlar üçin göreldedir.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça geçirilen dabaralara ruhubelentlik ýagdaýy mahsus boldy. Şol dabaralara Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gatnaşyp, ýygnananlary beýik baýramçylyk — Garaşsyzlygyň şanly 30 ýyllygy bilen mähirli gutladylar hem-de bagt, abadançylyk, ata Watanymyzy ösdürmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde döredijilik üstünliklerini arzuw etdiler.

Zähmet ýeňişleri we döredijilik üstünlikleri dürli ugurlarda — ykdysadyýetde, durmuş wezipelerini çözmekde, ylym, medeniýet ulgamlarynda, döwlet gurluşynda hem-de raýatlaryň abadan durmuşyny, azyk garaşsyzlygyny üpjün etmekde, senagatyň kuwwatyny artdyrmakda çekilen halal zähmetiň netijeleridir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda belleýşi ýaly, umumy tagallalar bilen örän uly işler ýerine ýetirildi, emma bize entek has uly işler we beýik maksatlar garaşýar.

Şu günki dabaralara gatnaşyjylar mähriban halkymyzyň abadan we bagtly durmuşynyň hem-de ata Watanymyzyň kuwwatyny we şöhratyny artdyrmagyň bähbidine amala aşyran işlerine berlen ýokary baha üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Dabaralarda Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny garşylaýan döwletimiziň ajaýyp geljegi üçin tüýs ýürekden hoşallyk duýgularyny beýan edýän tolgundyryjy sözler aýdyldy. Çykyş edenleriň aýratyn belleýşi ýaly, olar mynasyp bolan sylaglaryny häzirki bagtly güni we nurana geljegi döredýän ähli watandaşlary bilen paýlaşýarlar.

Dabaralara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ähli güýç-gaýratlaryny, ukyp-başarnyklaryny döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan, milletiň agzybirligini hem-de jebisligini, jemgyýetde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga, ata Watanymyzy ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmaga sarp etjekdiklerine ynandyrdylar.

***

Şu gün paýtagtymyzda döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerini hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, ýaş aýdymçylaryň we zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Şu ýyl bu möhüm çäre ýurdumyzda giňden bellenilýän baýramçylyga — Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna gabat geldi, bu bolsa dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

Bu dabara milli Liderimiziň halkymyzyň ruhy genji-hazynasy hasaplanylýan medeniýeti hem-de sungaty ösdürmek, döredijilik işgärlerini goldamak we höweslendirmek barada edýän ýadawsyz aladasynyň aýdyň subutnamasydyr.

Dabaraly çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigiň ýeňijilerine iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.

Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda bäsleşigiň ýeňijilerini şu günki waka bilen gutlap, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda ýetilýän belent sepgitleriň geljekde-de döredijilik işgärlerini täze döwrebap eserleri döretmäge ruhlandyrjakdygyna ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda her ýyl geçirilýän, täze zehinleri ýüze çykarýan hem-de maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy gorap saklamaga uly ýardam berýän “Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ähmiýetini belledi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet sylaglaryny bermek hakynda Permanlary hem-de «Türkmeniň Altyn asyry» atly umumymilli bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak hakynda gol çeken Karary okalýar.

Döredijilik işgärleri, şahyrlar hem-de ýazyjylar, aýdymçylar we sazandalar, şekillendiriş sungatynyň ussatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de beýlekiler yzly-yzyna sahna çykýarlar. Sylaglananlar milli Liderimize döredijilikli zähmet çekmek, hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak üçin ähli şertleriň döredilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan edýärler.

Olar mynasyp bolan sylaglaryny diňe ýokary hormat we jogapkärçilik hökmünde däl-de, eýsem, sungatyň dörediji we birleşdiriji güýjüniň subutnamasy hökmünde kabul edýärler. Şol güýç özboluşly milli aýratynlyklar bilen bir hatarda, umumadamzat häsiýetine eýedir. Ýeňijiler bu gün ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň täze döredijilik sepgitlerini açýandygyny, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ajaýyp, asylly başlangyçlaryna mynasyp bolmak höwesini has-da artdyrýandygyny bellediler.

Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Olar zähmetlerine berlen ýokary baha, özleri barada edilýän alada, döwlet Baştutanymyzyň halkymyzyň ruhy mirasyny baýlaşdyrmaga, döredijilikli zähmet çekmek üçin zerur şertleri döretmäge berýän üns-aladasy üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, geljekde hem ukyp-başarnyklaryny, bilimlerini, tejribelerini, ussatlyklaryny we ylham joşgunlaryny ata Watanymyzy ösdürmäge bagyşlajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňra sungat ussatlarynyň we ýaş aýdymçylaryň, ýurdumyzyň iň gowy döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti boldy.

Ata Watanymyza, ýurdumyzyň medeniýetini ösdürmek üçin täze sepgitleri açan döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk dörediji başlangyçlaryna bagyşlanan edebi-sazly çykyş konsertiň özenini düzdi.

Baý mazmunly konsert maksatnamasynda häzirki zaman türkmen sungatynyň baýlygy hem-de žanrlarynyň ugurlary öz beýanyny tapdy. Çykyşlaryň her biri döredijilik ylhamyna eýe boldy.

Milli Liderimize bagyşlanan aýdymlar konsertiň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Bu dabara gatnaşyjylaryň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa parahatçylygyň we agzybirligiň ýurdunda bagtly durmuş hem-de döredijilik üçin hoşallyklarynyň beýanyna öwrüldi.

Soňky habarlar
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
26.11
“Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
26.11
Türkmenistan — Hytaý: innowasion ösüşiň ýoly bilen
26.11
Paýtagtymyzda halkara maslahat we sergi geçirilýär
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi
top-arrow